11:39
Bir gün
BIR GÜN

Bir gün çyn dostum geler-de,
Emaý bilen gapym açar.
Ruhum galar belende,
Gözümden damjalar gaçar.

Gam-gussa zym-zyýat bolar,
Giren ýaly buluda Gün.
Şonda bigäneleň eden
Minnetini unudaryn.

Şat ýaşlygym düşer ýada
Hoş günler yza dolanar.
Bil bagtsyz däldir dünýäde,
Birje çyn dosty bolanam.

Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: