07:51
Gara dälmi

GARA DÄLMI

Gelin, maňa gara diýme,
Gaşlaryň gara dälmidir?
Dal gerdene düşer saçyň,
Saçlaryň gara dälmidir?

Hany Isa, hany Musa,
Şerbedi ezerer tasa,
Musadaky zeýtun hasa,
Destesi gara dälmidir?

Guzaý saçyň burma-burma,
Öldürdiň garşymda durma,
Gara göze gara sürme,
Çekilen gara dälmidir?

Garajaoglan, biýr salamy,
Goýnunda Hakyň kelamy,
Ak kagyz üste galamy,
Ýöreden gara dälmidir?

Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: