07:52
Tapyşyk

TAPYŞYK

Goşun bölüminden enäň adyna
Habar geldi: "Ogluň dereksiz ýitdi…!"
Ene diýdi: "O nähili dereksiz?
Gidend-ä ol derek tutjak ýigitdi!…"

Ötdi urşuň gutaranna ençe ýyl,
Derek tapylmady oglundan onuň.
Garaşdy ogluna Ene şonça ýyl…
Bir gün ýola saldy bir körpe oglun.

Nowbaharyň söweş guran ýerlerne
Hem garaşdy derek bilip gelerne.

Aýlandy inisi gözläp agasyn,
Berýozalaň, sosnalaryň aradyn,
Agasyndan ýaşy uly inisi
Köp ýer gezdi,
Sökdi ili-ulusy.

Ýekän-ýekän barlap gubur arasyn,
Idäp
ahyr…
Zordan tapdy agasyn —
Doganlyk mazaryndan tapdy agasyn…
Tapdy…
Indi begensinmi?
Aglasyn?!

Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Kasym Nurbadow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: