07:54
Gadyr

GADYR

"Gowynyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Erbetlik diýen zat döränmiş kem-kem.
Hemmeler gowynyň gadyryn bilse —
Erbetlik äleme inmejek eken.

"Ýaşlygyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Gojalyk ýerinden turanmyş kem-kem.
Hemmeler ýaşlygyň gadyryn bilse —
Gojalyk gojalyp öljegem eken.

"Söýginiň gadyryn bilsinler!" diýip,
Hasrat gözlerini açanmyş kem-kem.
Hemmeler söýginiň gadyryn bilse —
Hasrat ukudanam turmajak eken.

"Saglygyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Kesel diýilýän zat döränmiş kem-kem.
— Hemmeler saglygyň gadyryn bilse,
Äleme inmezdim — diýýärmiş — kesel.

"Adamyň gadyryn bilsinler!" diýip,
Gaharlanyp ölüm inenmiş Ýere.
Her kim bir-biregiň gadyryn bilse —
Ölüm gelen ýerne gitjekmiş ýene.

Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Kerim Gurbannepesow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: