07:56
Dileglerim kabul bolmaz

DILEGLERIM KABUL BOLMAZ

Gam-gussalar gitmez boldy başymdan,
Şat bolup-da kalbym gülmez, nedendir?
Gije-gündiz ýalbararam Möwlama,
Dileglerem kabul bolmaz, nedendir?

Garşymyzda garly daglar dag bolar,
Çewre ýany reýhan güli bag bolar,
Eýi günde dosty-ýarlar çoh bolar,
Gamly günde dost tapylmaz nedendir?

Bu gezdigim Urummydyr, Şammydyr?
Başymdaky gussamydyr, gammydyr?
Kime eýgilik etsem, soňy kemmidir?
Bu gün salama-da gelmez nedendir?

Garajaoglan diýr, belaly başym,
Akdyrdym didämden gan bile ýaşym,
Gurbata çykamda ýamandyr işim,
Bu ömre gahr edip bolmaz, nedendir?

Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: