20:29
Goşgular
GOŞGULAR

1

Sähranyň gutaryp, şoruň başlanýan
Ýerinde gögeren ýalňyz toraňňy,

Gözleri eýjejik, peri eýjejik
Gök lorsuň öňünde duran serçejik,

Doldurlyp, gulagy gaýtarlyp goýlan
Goşanyň öňünde duran towşanjyk,

Öňi çuň uçurym, yzy kert gaýa
Çölden gaýdyp, daga düşen ak maýa,

Ummanda gämiden suwa oklanan
Kiçijek güjüjek

Maňa meňzeýär.

2

Diňe azap üçin dörän
Adamy gördüňizmi?!
Juda-juda, örän-örän
Ýadawy gördüňizmi?!

Gamyň gadymy gabyndan,
Yşkyň şirin şerabyndan,
Durmuşyň zeýli ýabyndan,
Dadany gördüňizmi?!

Kesek oklaýar öňýeten,
Bagbany gödek hem gedem,
Akmagyň bagynda biten,
Badamy gördüňizmi?!

Duşduňyzmy gözi möle, çal kellä,
Ýol bilen küýkerlip barýan şol men-dä.

3

Ýaşyl ýaýlalaň içinde
Ýagty çagalygym galdy.

Ýagty çagalygym ýaşyl
Ýaýlalaň içinde galdy.

Ýaýlalaň içinde ýagty,
Ýaşyl çagalygym galdy.

Çagalygym ýagty, ýaşyl
Ýaýlalaň içinde galdy.

4

Iň gazaply duşman seniň wyždanyň,
Şu sözümi hergiz ýadyňda sakla.
Seniň ömrüň şeýle uzyn erteki,
Onuň seni juda köseýşi hakda.

Iň gadyrdan dostuň seniň wyždanyň,
Şu sözümi hergiz ýadyňda sakla.
Seniň ömrüň şeýle ýowuz erteki
Seň oňa ikilik edişiň hakda.

5

Bu biparhlyk bize nirden ýolukdy,
Geleňsizlik nirden ýolukdy bize?!
Ýapraklar jyrk sary bolup solupdyr,
Güýz meňiz ykbaly, gözýaşy bile.

Gurbaty gutaryp öçüp barýan Gün,
Bulutlara giň asmanda awara.
Baldagnyň ysgyny gaçyp barýan gül
Biparh biz şulara, ýürek awanok.

Eneler aglasa piňimize däl,
Köşeşdirmän olaň süýt saçyn ysgap,
Diýýäs “Garrylaryň ýüregi ýuka”
Eneler aglasa, diňe bize däl,
Ene ýeriň ýüregine ýaradyr,
Zemin öňküdenem garrap baradyr.

Dünýäň özi ýaly geçirimli biz,
Entek kämil dälmi,
Uçurummy biz?!

6

Ýalbarma, gözleri pyýala dilber,
Seni söýmeklige bermän ygtyýar,
Bir gözel garaşýar türkmen ilinde
Saçlary zerewşan, gözi intizar.

Unudyp bilemok şol gyzyň keşbin
Ýalbarma.
Barybir öňünde möwç urýan yşgyň
Ýan bermen.

Bilýän sen ömürden berilen bir ýaz,
Biziň söýgimiz kän, ömrümiz gysga.
Ýogsa meň özümem gynanýan biraz
Bilmänime tylla saçlaryň ysgap.

Meniň ýalanym ýok çyna berimsiz,
Men näme diýeýin şulardan başga.
Tokaý gözleriňe gözel görünsin,
Hem şat başyn şemal oýnap romaşka.


7

Gün.
Ajaýyp Gün.
Nähili ajaýyp Gün.

Görmediler Güni,
Ajaýyp Güni,
Nähili ajaýyp Güni.

Gün öçdi.
Ajaýyp Gün.
Nähili ajaýyp Gün.

8

Bolar gögüň ýyldyzlary,
Solar ömrün döke-döke.
Ak gijede gök leýlisaç
Zülpün ýaýar, galar ýeke.

Agras asmanyň agysy –
Ter bulutlardan gül galar.
Hiç kim seljermez tabydy,
Meňzeder äpet güldana.

Ýaşyl ýel ýapyşyp ýerden
Ýas örter baglaň boýnuna.
Ir dälmidi düşünerden
Çarhy pelegiň oýnuna?!

Gije bakylyga döner,
Sazlaryndan Durdy körüň.
…Aý, açyk penjire
ýöne
Men başga bir ýerde borun.

9— GOJA

Duýgur ýaşlygym geçipdir,
Söýgür ýaşlygym geçipdir.
Bar baryn berdi baharym,
Bilmen geljegim niçikdir?!

Şem duýgymdan bir yş galdy,
Çyn söýgümden ýalňyş galdy.
Ýazym ýag ýaly eräpdir,
Öňümde gara gyş galdy.

10

Garagum!
Gözýaş dökdüm, ejiz saýyp ýadyňdan
Hakyň bar adymy öçürmäge-de.
Seniň dertleriňi egismek üçin,
Taýýar ömrüm aglap geçirmäge-de.

Gurbandurdy ORAZOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
0
2 Dunyagozel   [Материал]
Ummanda gämiden suwa oklanan 
Kiçijek güjüjek 

Maňa meňzeýär. 
_______________________________

Duşduňyzmy gözi möle, çal kellä, 
Ýol bilen küýkerlip barýan şol men-dä. 
_______________________________
Çagalygym ýagty, ýaşyl 
Ýaýlalaň içinde galdy. 

Şahyr näme diýjek bolduka?

0
1 Nowgül   [Материал]
Dünýäň özi ýaly geçirimli biz,
Entek kämil dälmi,
Uçurummy biz?!
Ýürege ýakyn setirler

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: