20:14
Jüneýt han we Enwer paşa
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

JÜNEÝT HAN WE ENWER PAŞA

1922-nji ýylyň awgustynda gündogar Buharadaky söweşde Enwer paşa GPU agenti, ermeni asylly Georgi Agabekow tarapyndan öldürilýär. Buhara basmaçylarynyň beýleki serdarlary Owganystana geçýärler. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Ferganada, Zerefşanda hem “basmaçylyk” hereketi gutarnykly suratda derbi-dagyn edilýär.
Bolşewiklere garşy göreşde Jüneýt han we Türkmen topary bilen bile hereket etmegi maksat edinen Enwer paşa, 1921-nji ýylyň 25-nji noýaberinde “Türkmen beraderlermiziň olugllaryna” diýen ýüzlenme bilen bir hat ýollapdyr.[1]
«Yşbu hat bilen siz mohterem beraderlerimiza beýan olur ki bizler munda, ýagny Duşenbe etrabynda Lakaý, Täjikde, hulase umum ähli muslam bir bolup, mujahdin ordasy bilen ruslarny ormakdamyz we hudaý kerimiň lutfi we merhemti bilen ruslardan myltyk (tüpeň) pulemýot we patron/ok we beýleki harby hem golumyza düşüpdir. Uşbu hatimizi siz beraderlerimize görkziji kumandan mir Alaý Alireza bge islamiýeti we şerigat Muhemmediýei mahafezesi ugrunda gollaryňyzdan gelinje ýardam bermeňiz salamt umumi islam adyna haýyş edilýär diýip gol goýdum.

24 rebi alaher 1340 / 25 desember 1921-damad halifhe mumenin
möher: Enwer paşa


----------------------------------------
[1] Abdulla Rejep Baýsun: Türküstan Milli Herekatleri. Istanbul. Zaman kitabevi 1945. s.132

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 79 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
SÖZBAŞY:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-31-12049

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: