19:53
Jüneýt hanyň "Horezm sowet" düzgünine garşy göreşi
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BASYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

JÜNEÝT HANYŇ "HOREZM SOWET DÜZGÜNINE GARŞY GÖREŞI" [1]

1918-nji ýylyň ortalarynda Hywada öňki Özbek-Türkmen dawasy gaýtadan möwç alýar. Munuň döremginde bolşewikleriň esasy rolunyň bolandygy çaklanýar. Bolşewikler bu iş bilen Jüneýt hany ýeňmegi planlaşdyrypdylar. Şol ýylyň 20-nji sentýaberynda Jüneýt hanyň topary Raheman begiň ýolbaşçylygynda Ürgenç şäherine hüjüm edip, “Rus-Aziýa banky”nyň bölümini, anbarlaryny, söwda edaralaryny dargadýarlar. 1873-de Hywa hanlygyny basyp alanlaryndan soňra ruslar Amyderýanyň sag kenarynda uly razwetka/jasuslyk gullugyny dördip, Türküstany gol astyna geçirmäge synaşyp gelipdirler. Bölümiň merkezi “Dörtgül”de ýerleşýärdi. Ol ýerde ummasyz ok-ýarag we däri saklanýardy. 25-nji noýaberda Jüneýt han “Dörtgüle” hüjüm edýär, ýöne onuň bu hüjümi şowsuzlyga uçraýar. 1919-njy ýylyň dowamynda “Gyzyl” goşunyň agyr zarbalary netijesinde Jüneýt han ýeňilýär. Hywada, bolşewikler tarapyndan «Ýaş Hywalaylar» ady bilen wagtlaýyn hökümet esaslandyrylýar.[2]
Jüneýt hanyň şan-şöheraty güýçlenip başlananda, Moskwanyň “G.P.U”-sy (GPU[3]- soňraky KGB) Türkmenistanyň “GPU” edarasyna ýüzlenip, Jüneýt hakda özlerine maglumat berilmegini soraýar. Türkmenstandaky GPU edarasynyň başlygy Kutski 1924-nji ýylda Han barada Moskwa şeýle maglumat beripdir:
“Çyn ady—Muhammet Kurban (Gurbanmämet bolmaly. A.G) serdar, Hojabaýogly. Milleti Türkmen, ýomut taýpasynyň Ursukçy tiresinden. Rewelusiýadan/oktiýabr ynkylapy /ozal Hywanyň özbek ilatynyň üstüne çozuşlar geçiripdir, ol suw çeşmeleriniň ugrunda Türkmenlere, Özbeklere we Täjiklere garşy edilen hemişelik göreşlere ýolbaşçylyk edipdir. 1917-nji ýyldaHywany basyp alypdyr, Hywa hanyny tagtyndan agdarypdyr. Täze hanyň ýanynda ilkinji wezir-minister bolup, hakykat ýüzünde Hywa hanlygyny özi dolandyrypdyr. 1919-njy ýylda Hywa halk Sowet respublikasyna garşy gozgalaňa baştutanlyk edipdir. 1920-nji ýylyň ýanwar aýynda Gyzyl goşun bölümlerinden ýeňlip, Guma çekilip, ol ýerden 1924-nji ýyla çenli çozuşlar edip durdy. 1924-nji ýylda Sowet hökümtine garşy söweş hereketlerini bes edendigini yglan etdi, ýöne Garagumda galdy.[4]"
1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde parahatçylykda ýaşamak barada, Jüneýt han bilen bolşewikleriň arasynda bir şertnama gol çekilýar. Şertnama Hywa hökümtiniň adyndan Jüneýt han, Türküstan Sowet hökümti tarapyndan Daşkentden ýörite gelen toparyň wekili A.N.Heristowrow[5] gol çekýär.[6] F A.Nuryýew 1919―1921-nji ýyllar aralgyndaky wakalara göz aýlap, ýene-de Jüneýt hanyň gizlinlikde bir tarapdan Buhara emiri, aýry tarapdan Eýran hem Owganystanda ýerleşen iňlisler bilen aragatanaşyk saklandygyny öňe sürýär. Ol, rus taryhçysy Karpowyň eserine salgylanyp, iňlisleriň kömegi bilen Türküstan, ruslardan halas bolandan soň, 55 ýyllap iňlisleriň gol asytyna geçmelidigini gaýtalaýar.[7] Bu ýagdaýlardan soň bolşewikleriň häkimiýeti Türküstanda barha güýçlenýär, Türkmenleriň partizanlyk söweşleri-de onçakly netije bermeýär.
Jüneýt han öz atlylary bilen garaguma tarap çekilmäge mejbur bolýar. Ol “Akja guýuň” töwerginde düşleýär. 1921-nji ýylyň fewralynda, “Han işany” Owganystana, “Şyhym Sülgüni” bolsa Eýran Türkmenlerine Jüneýet han ýörite wekil edip iberip, ol ýerde ýaşaýan Türkmenleriň söweşe bolan ukybyny barladýar. Şol bir wagtyň özünde Jüneýt han daşardan köp mukdarda ok-ýarag satyn alyp, amatly pursata garaşýar. Edil şol ýylyň aprelinde 3 müň tüpeň, 54 müň ok we birnäçe pulemýot ýüklenen kerwen gelip ýetýär.[8]
1920-nji ýylyň ýanwarynda Jüneýt hanyň Hywadan Garaguma çykmagy bilen Bolşewik dikmelerine garşy göreş has möwç alýar. Bu hereketi garalamak we ony basyp ýatyrmak üçin rus gazet-jurnallarynda we umuman edebiýatynda oňa “basmaçylyk” diýlip at berilýär. Türkmenleriň beýle hereketleri yzgiderli dowam edip, ol uly syýasy häsýete eýe bolup başlaýar.
Eýýam şol ýylyň güýzünde hanyň müňe gulaý atly-ýaragly adamsy bardy. Onsaňam bir bellemli zat, Jüneýt hanyň goşunynda diňe Türkmenler däl, Özbeklerm, Gazaklaram, Garagalpaklaram bardy. Şol ýyllarda hana daşary ýurtdan ýarag, ok-däri gelip durýardy.
1921-nji ýylyň 21-nji aprelinde Jüneýt hanyň atlylary Gyzyl esgeriň kiçeňräk otrýadyny /toparyny gylyçdan geçirip “Ýylanly»ny eýeleýär. 17-nji iýulda /julaý olar “Akdepe”de duran topar bilen söweşe girýärler, ýöne Gyzyl esger tarapyndan berk gaýtawul görensoňlar yýzlaryna çekilmäge mejbur bolupdylar.
Şol ýylyň tomsunda “Daşhowuz” etrabynda Jüneýt han öz goşunyna söweşiji toplaýar. Oňa ilatdan ýene-de 250 atly gelip goşulýar. Soňra söweşijiler “Tagta”, “Ýylanly”, “Könürgenç”, ”Goňrat”, “Hoja ili” raýonlaryň merkezlerine hüjüm edip başlaýarlar.
1921-nji ýylyň iýunynda/june aýynda Osmanly general Enwer paşa, Atatürk bilen arasyny açyp, SSSR-e sygynýar. Soňra ol Leniniň görkezmesi boýunça Türküstana gidýär we bolşewiklere garşy bu ýerdäky gozgalaňa baştutanlyk edýär. Enwer paşanyň liderliginde gündogar Buharada 20 müň ýaragly esgeriň gatnaşmagynda uly gozgalaň turýar. Şol ýylyň ahyrynda Hywa halk Sowet respublikasynyň merkezi ijraiýe komitetiniň başlygy Ata Magsimow tarapyndan ýolbaşçylyk edilen şura düzgünine garşy dildüwşigiň üsti açylýar. Daşary işler halk komissary Molla_niýaz hem-de başga birnäçe ýokary wezipeli jogapkär işgärler onuň bilen bile hereket edipdirler. Derňew barýarka Ata Magsimow, Molla_niýaz we olaryň egindeşleri basmaçylaryň ýanyna gaçyp barýarlar. “Dildüwşijiler” bolşewikler bilen, olaryň Moskwa tarapyndan gönükdirilýän milli-(Türküstanlylar hakdaky milli bölünşik) syýasaty bilen ylalaşmaýan “Ýaş Hywalylar” partiýasynyň ozalky agzalarydy. Şu daşary işler halk komissary Molla_Niýaz, ýagny, Türkmenleriň Maşryk taýpasynyň serdary Molla Oraz Hojamämmedow baryp 1920-nji ýylyň tomsunda Hywa respublikasynyň delgatsiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde Moskwa gidýär, SSSR bilen birleşik baradaky şertnama gol çekýär, olar Lenin bilenem duşuşýarlar. Taryh ylymlaryň doktory, horzmiň we Buharanyň taryhy boýunça bilermen K.B. Muhammetberdiýewiň aýtmagana göra, Molla Oraz, Jüneýt hanyň şahsy mürzesi-katibi bolupdyr hem-de tä, han 1928-nji ýylda daşary ýurda gidýänçä oňa gulluk edipdir[9].
1921-nji ýylyň 5-nji noýaberinde Könürgençde “Horezm halk Sowet respublikasynyň” wekili, Jüneýt han bilen ýaraşyga gol çekýär. Ýaraşygyň şertlerine görä, Jüneýt hanyň Hywa Türkmenleriniň meýletin Türkmen toparyny dargadýar hem-de beýleki talaplar berjaý edilýär. Şunuň bilen birlikde Horezm respublikasynyň hökümtiniň düzümine Jüneýt handan iki adam girizmek, onsoňam hanyň ýaşajak ýerine Könürgenjiň 40 km günbatarynda” Garasaç” diýlen ýere Amyderýadan ýap çekip bermek barada ylalaşyga gelinýär. Başgaça aýdylanda, Horezm respublikasy Jüneýt hanyň ähli talaplarynyň berjaý edilmegine razylyk beripdir. Munuň özi, bir tarapdan respublikanyň baştutanlary bolan Ýaş Hywalylaryň Sowet-Şurewi Türküstan bilen “jynynyň jyňkyryşmaýandygyny” görkzse, ikinji tarapdan, Jüneýt hanyň kiçi-gerim güýç däldigini alamatlandyrdy.
Buhara halk Sowet-Şurewi respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hem käbiriniň Türküstan hökümeti bilen “mäşi bişişenokdy”. Olar respublikadan rus goşunlarynyň çykarylmagyny talap edýärdiler. Gündogar Buharada,” Kerki” we “Çärjew” welaýatlarynda gozgalaňçy toparlarpeýda bolup, ýagdaý has-da ýitileşýär. 1922-nji ýylyň baharynda gündogar Buharadaky hereketlere, Türkiýeden bu ýere gelen general Enwer paşa ýolbaşçylyk edip başlapdyr. Onuň täsiri bilen gozgalaňçylaryň sany gün-günden artyp, tiz wagtyň içinde 16 müň adama ýetipdir.
Rus agalygyna garşy hereket indi diňe demirgazyk Türkmenistanda däl-de, eýsem beýleki raýonlara-da ýaýrap ugraýar. 1921-nji ýylyň awgustynda Murgap we Tejen drýalarynyň aşaky akymlarynda basmaçy toparlary peýda bolýar. Mysal üçin, Hojaguly Niýazgulyýewiň (Hojaguly hanyň) ýolbaşçylygynda Tejen we Saragys etraplarynda hereket edýän basmaçylar toparynda 600 atly dagy bolupdyr. Ýeri gelende aýtsak, Hojaguly han 1918-1920―nji ýyllarda Jüneýt han Hywada hanlyk sürende onuň ýanynda bolup, gullugyny edipdir.
Elbetde, Jüneýt han Kerki, Çärjew taraplarynda hereket edýän “basmaçy” toparlarynyň dördilmginden hem habarsyz däldi. Şeýlelikde, dürli regýonlarda dörän “basmaçy” toparlary göräýmäge dagynyk ýaly bolsa-da, hakykatda olar Jüneýt han bilen baglanşyklydy. Ol mümekin boldugyça, ähli Türkmen taýpalaryny “kapyrlara”, ýagny Sowet häkimiýetine garşy aýaga galdyrmaga çalyşýardy. Onuň pikiriçe eziji patyşa ruslary bilen Bolşewik ruslarynyň arasynda tapawut ýokdy. Olaryň ikisem Türkmeni özüne boýun egdirmäge, has dogrusu, Türkmen halkyny öz günine goýman, onuň boýnuna boýunturyk salmaga gelipdi. Şonuň üçinem Jüneýt han Türkmeniň eli ýarag tutanyň ata çykmagyny talap edýärdi. Kimde kim söweşden ýüz öwürse, has beteri Bolşewiklere goşulsa, ol Jüneýt üçin ganym duşmandy. Ýöne Bolşewiklerem dek ýatmady. Olar Jüneýt hanyň daýanýan güýçlerini pudap başladylar. 1922-nji ýylyň noýaberinde Hywa Türkmenlerinden we Özbeklerden düzülen milletçiler topary döredilip, toply, pulýemutly, samolýotly Gyzyl goşun bölümleri bilen bilelikde Jüneýt hanyň üstüne iberildi. 1923-nji ýylyň ortalaryna çenli Gaplaňgyr, Ak_baýyr, Okly_süzek diýlen ýerlerde, Balykly, Ak_ nabat, Gök_ nabat, Ygde diýlen guýularyň ýanynda, Orta guýuda (Jüneýt hanyň merkezi goşunynyň duran ýeri) uly söweşler bolup, “basmaçylaryň” esasy güýçleri paýhyn edilýär, ençeme çarwa obalar ýakylyp ýandyrylýar. Gyzyl esger müňlerçe düýe, on müňlerçe goýun olja alýar. Jüneýt han Garagumyň has jümmüşine yýza çekilmäge mejbur bolýar.

----------------------------------------
[1] Horezm Halk Respublikasy 1920-nji ýylyň 26-nji fewralynda Hywa hanlygynyñ ýerne döredildi. Bu respublika 1923-nji ýylyñ 20-nji oktiýabrinde Horezm Sosýalistik respublikasy ady bilen yglan edildi we ol 1925-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli dowam edip soňra Özbegistana birikdirildi.
[2] Ýaş Türküstan. şol ýer.
[3] Государственное политическое управление= Döwlet Syýasy Dolandyryş.
[4] R.Esenow: «Jüneýt han-Türkmen gozgalaňçylarynyň serdary» makala.
[5] А.Н.Христофоров.
[6] Ýaşlyk žurnaly.
[7] Ýaşlyk.
[8] Ýaşlyk.
[9] R.Esenow: «Jüneýt han... şol ýerde.

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 73 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!
SÖZBAŞY:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi:
http://kitapcy.com/news/2020-07-30-12047

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: