07:13
Goşgular

GUŞ

Guşy tutup gaýtdylar,
Ekdi bolar öýtdüler:

— Indi şu öý seniňki,
Al, dänejik çokaý-da!
— Ýok, bu siziň öýüňiz,
Meniň öýüm tokaýda!

***TOTYGUŞUŇ TEKLIBI***

"R" harpyny aýdyp bilmän,
Horlanýnňyz bardyr, bilýän!
Isleseňiz, ap-aňsatja
Öwredeýin size "R"-i,
Isleýäňiz gerek, ýeri?!

Käýäp ýa-da iki goýup,
Hiç wagt ýüregňize düşmen.
Sebäbi, mugallym däl-de,
Bir şadyýan toty guş men!

***GARAGOL OWLAK***

Garagollyk edýärsiň,
Gabamasak agyla.
Boşatmarys barybir,
Mäläp, nalasaň-nala!

Käte jaýyň üstüne,
Kä haýata çykjak sen.
Eger günüňe goýsak,
Bir obany ýykjak sen!

***IKI ITIŇ GÜRRÜŇI***

Gabat gelşip iki it
Şeýleräk gürrüň etdi:
Biri guýrukly, biri
Gulak-guýruksyz itdi:
— Aýtsana, gulagyňy
Näme üçin kesdiler?!
— Garpyşmaly bolamda,
Möjekler ýolar diýip!
— Aýtsana guýrugyňy
Näme üçin kesdiler?!
— Ýersiz-ýere bulaýlap,
Ýaranjaň bolar diýip!

***TÄSIN PIŞIK***

Örän-örän üýtgeşik,
Murtlary syh-syh pişik,
Goňşy öýde ýaşaýar:
Bedreläp suw daşaýar,
Pol ýuwýar, ýuwýar eşik.
Halanok görse, deşik,
Bilýär syçan çykjagyn,
Ogurlap zat çekjegin.
Bir bölejik et iltäp,
Derrew gapan guraýar.
Şeýdip ogry-jümrüden
Öýlerini goraýar,
Örän-örän üýtgeşik,
Murtlary syh-syh pişik.

***AÝDYŞYK***

— Agam ogly nirä gitdi?!
— Çopan bolup örä gitdi!
— Haçan geler?!
— Ýaz geler!
Güýz geler!
Çopançylyk eýgertmese,
Ýüzün sallap tiz geler!

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 104 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 11
0
11 Dunyagozel   [Материал]
@pou edil täze-de däl bir hepde bäri saýtyň garaguly men smile
@Nurdan işiňde üstünlik, jan saglyk arzuw edýän!!! smile

0
10 Nurdan   [Материал]
Salam! Gurbanlyklaryñyz kabul bolsun ähliñiziñ.
Dünýa jigimjan, gutlagyña minnetdar, sagbol, men-a gije-gündiz işde diýen ýaly, adamlañ saglygyny gorajak bolup başagaý. Frontda diýen ýalyrak bir zat-da biziñem ýagdaýymyz, keseller bilen söweşýäris bu günlerem.)) Saýta sen üçin geldim şu wagtam ýörüte. Esasy siz goşgulardan, gowja hekaýalardan, makalalardan ýetirip duruñ, menem käte käte gelipp giderin seniñ üçin doctor

0
9 Dunyagozel   [Материал]
Ulular-kiçiler, ýaşlar-garrylar, oglanlar-gyzlar, jigiler-doganlar, daýylar-daýzalar, şu haty okaýanlar-okamaýanlar
HEMMÄŇIZI ÝETIP GELEN GURBAN BAÝRAMYŇYZ BILEN GUTLAÝAN, ÝAGŞY ARZUW-DILEGLERIŇIZIŇ HASYL BOLMAGYNY ARZUW EDÝÄN.
GURBANLYGYŇYZ KABUL BOLSUN smile

0
8 puo   [Материал]
тазе агзамы сиз дунягозел?

0
7 Dunyagozel   [Материал]
Diňe men işsiz öýdýän

0
5 Dunyagozel   [Материал]
Salam @pou, tapan-tupanymy ýazýan. smile

0
4 puo   [Материал]
Молодец автор..Дине чагалар учин язянызмы?

0
3 Dunyagozel   [Материал]
Salam siziň birinji gezek tesbir ýazanyňyzy görýän. smile
Nämüçin beýle bolduka?

0
1 Dunyagozel   [Материал]
Bärde näme boldy. Adam garasy görnenok sad
Hany @Gumlygelin gelnejem, @Nurdan, @Mylaýym, @Bagabat, @AtaýewaBägül, @Gökböri, @Gürgençli, @Palitra, @Garaýolly, @Pegas,
@Akjemal başga-da birgiden agza nirede siz???!!!

0
2 ezizh764   [Материал]
Käte şeýle-de bolaýýar.. smile

0
6 Akjemal   [Материал]
Dunyagozel hemmeje agzalar gurbanlyk bilen basagaydyr smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: