14:21
Jüneýt hanyň Hywa hanyna garşy göreşi
DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BAŞYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Jüneýt hanyň 60 ýyllyk göreş ýoluna syn!

Gurbanmämmt serdar
(Jüneýt han 1861-1937)

JÜNEÝT HANYŇ HYWA HANYNA GARŞY GÖREŞI

Baryp 16-njy asyrdan bäri Türküstanda başlanan syýasy gapma-garşylyklar, 19-njy asyrda Orsýet emperýasynyň we Britanýanyň bu topraklara aralaşmagy bilen gaýtadan möwç alyp başlaýar, ylaýta-da, Buhara emiriniň we Hywa hanynyň arasyndaki ganly çaknyşyklar bu prosessesi tizleşdirýär. Bu ýagdaýa demirgazykda ýaşaýan Gazaklaryň we Hazar ýakasyndaky hem-de Köpetdagyň eteklerindäky Türkmenleriň gozgalaňy güýçli täsir edýär. Eýran döwleti bolsa Etrek-Gürgn Türkmenlerini ezip, olary zulum astynda saklamak üçin kämahal Hywa hany, kä-mahal bolsa Buhara emiri bilen şertnama baglaşýardy. Bu ýagdaý azat-erkin ýaşap gelýän Türkmenlere gaty agyr degýär. Hywa ýomutlary hiç haçan düýpgöter hana boýun bolmany, tersine, hana garşy birnäçe gezek gozgalaň turzuýarlar.
Hywa hany Ahaldaky Türkmenlerden salgyt ýygnamak üçin, goşun ýygyp, HywadakyTürkmen serdaryny olaryň üstüne ibermekçi bolýar, ýöne, serdar öz doganalaryny horlamaga razy bolmaýar, gazaba çykan Hywa hany, ýomut serdaryny öldürýär. Bu jenaýt Türkmen-Özbek arasyndaky kine-öçleri artdyrýar. Biraz wagt gçip-geçmänkä Türkmenler aýaga galyp, hanyň başyny alýarlar. Beýle çaknyşyklar 1870―1880-nji ýyllara çenli dowam edýär. Şular ýaly ýagdaýda ýaňy 25-ini dolduran Gurbanmämmet, Jüneýt han ady bilen Hywa Türkmenleriniň gozgalaňyna ýolbaşçylyk edýär. Hojabaýyň ogly Gurbanmämmet 1862-nji ýylda Daşhowzuň “Tagta” etrabynyň “Bedirkent” obasynda dogulýar. Ol ýomutlaryň Ursokçy urugynyň Jüneýt tiresindendir.[1] Başga bir maglumatda onuň Salar urugyndan bolan Hajy baýyň ogludygy agzalýar.[2] Jüneýt han köp ýyllaryň dowamynda öz obasynda kazy we mirap ýaly wezipelerde işläp, halkyň doly ynamyny gazanyp bilipdir. Türkmenlere sözüni ýöretmgi başarmadyk Hywa hany Ysfendýar han, ata-babalarynyň ýoluna eýerip, Orsýetiň goldawyna daýanyp, Türkmenleriň üstünden agalygyny berkitmek isläpdir, ýöne onunuň bu synanşygy başa barmandyr.
Gurbanmämmet 1912-nji ýylda öz dogany Hajymyratdan arasyny açyp, Hywa hany Seýid Ysfendýara garşy göreş alyp barýan “Şammy kel”iň toparyna goşulýar. Jüneýt hanyň başarjaňlygy, batyrlygy we ugur tapyjylygy hem şol ýyllardan ýüze çykýar. Özbek [Goňrat] urugyndan bolan Hywa hanlary, Türkmenlere we Özbeklere garşy aýry-aýry syýasat ýördýärdiler. Bu syýasat olaryň arasynda yýzgiderli çaknaşyklara we agzalyklara sebäp bolupdyr. Orsýet bolsa Hywa hanynyň bu syýasatyny goldaýardy. Bu düzgüne garşy baş göterenleriň birisi-de Ysfendýar hanyň gaýyn atasy Seýid Yslam hoja bolupdy. Türkmen-Özbekleri milli goşunda birleşdirmek syýasatyny talap eden bu adam 1912-nji ýylda bir gün öýleden soň hanyň köşgünden çykyp, öz öýüne barýarka ýolda öldürilýär.[3] Ruhy taýdan keselli
Ysfendýar han, Yslam hojanyň ýerine geçen, paň kelle “Mäd_wafiniň” täsirine düşýär we onuň diýeninden çykmaýar. Şeýlelikde ýene-de gadymy Özbek-Türkmen agzalalygy güýçlenýär. Bu ýagdaýdan nägile bolan Türkmenleriň serkerdeligine Gurbanmämmet geçýär, Hywa hanynyň arkasynda bolsa orsýet durýardy. Hywa garşy bolan söweşler, Türkmenlere agyr düşýärdi. Edil şeýle ýagdaýda birinji jahan urşy başlanýar. Urşda ruslar agyr ýitgä uçraýarlar, bu ýagdaýadan habarly bolan Gurbanmämmet pursatdan peýdalanyp,Hywa galasyny gabap başlaýar. Onuň bu işi Hywa Türkmenlerini galkyndyrýar, halk ony Jüneýt nesili bilen atlandyryýar, şondan soň Gurbanmämmediň ýerine Jüneýt han ady ýörgünli bolýar. Ol garyp ýa-da baýdygyna garamazdan Türkmenleriň ar-namysyny goramagy başarypdyr.[4]
Jüneýt hany diňe Türkmenler däl, eýsem Hywa hanyndan nä_razy özbekler hem goldapdyr. 1913-nji ýylda Türkmenleriň ýaraglanan toparlarynyň sany 15.000-e ýetipdir. Türküstanda rus patyşasynyň goşunlaryny gysyp, çykarmakda Jüneýt hanyň uly güýç boljagy bilen daşary ýurt döwletleri hem gyzyklanyp başlaýar.
1916-njy ýylda birinji jahan urşunda orsýet agyr ýeňlişlere uçraýar, muny eşiden Türküstanlylar, ruslara garşy baş göterýärler. Hywa Türkmenleri hem rus dikmesi, hana garşy açyk baş götrip ugraýarlar, Türküstan häkimi, Syrderýa welaýatynyň harby gubernatory genral Galkin, bu ýerdäky Türkmenlere garşy jezaberijy topary iberýär. Söweş her iki tarapa hem biçak agyr düşýär, Türkmenler ok-ýaragyň ýetmezçiligiň, ruslar bolsa yssy çöllerde suwsuzlygyň pydasy bolýar. Jüneýt han açyk söweşe girmän, “degdim-gaçdym” taktikasyndan peýdalanyp, ruslary Gumuň içine çekip, başlaryna inýärdi. Jezalaýjy topar bolsa rehimsizlik bilen Türkmenlerden öç alýardy, rus esgerleri guýulary gömüp, obalary talap, mallary haýdap gidýärdiler. Jüneýt han bolsa, irmän-arman olar bilen söweşýärdi. Şol ýyllarda Hywa hanynyň eden-etdiliklerini barlap, halk gozgalaňynyň esasy sebäplerini anyklamak üçin Türküstan genral gubernatorynyň görkezemsi boýunça Daşkentden ýörite iberilen general Geppner gozgalaňy Hywa hanynyň atlylarynyň prowokasiýasy diýip bellemäge mejbur bolýar.[5]
Jüneýt hanyň baştutanlygyndaky gozgalaň giň häsýete eýe bolup, Türküstanda ony goldanlaryň sany günsaýyn köpelýärdi. «Hoja ili» obasynyň ýaşulylary hanyň atlylaryndan öz närazyçylygyny aýtmak üçin Ysfendýar hanyň ýanyna baranlarynda, han olary tussag edýär. Muny eşiden Jüneýt han üç müň atlysy bilen Hywa galasyny gabap, tussaglar bir gije-gündiziň içinde boşadylmasa, gala girip, galany hanyň başyna ýumurjakdygyny duýdurýar.
Gepleşikler netije bermänsoň, ol galany alýar, onuň bilen hem çäklenmän, “Gürlen”, “Şabat”, “Kyýat”, Daşhowuz şäherlerini hem alýar. Ele düşen Ysfendýar han, Jüneýt hanyň merhemtine duş gelýär, onuň gany geçilýär we gaýtadan tagtynda oturdylýar.
Jüneýt hanyňHywa tagtyna bäsdeşlik etmgi orsýeti binjalyk edýär, şoňa göra gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin, general Galkiniň[6] ýolbaşçylygynda jeza beriji topar bütin Türkmen obalarynyň içinden “gylyçly” geçýär, ýüzlerçe Türkmen öldürilýär. Halkyň arasynda häli-şindilerem bu wakanyň “Galkin ýyly” diýip, ýatlanmagy ýöne ýerden däldir.[7] Bu wakadan soň Jüneýt han goşunyny
Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda ýaşaýan ildeşleriniň arasyna
çekýär. Türkmenistanly ýazyjy Ata Nuryýew “Ýaşlyk” jurnalyndaky makalasynda hiç bir fakt, delil görközmeden Owganystanda bolan döwürnde Jüneýt hanyň iňlisler bilen ylalaşyga gelendigini ýazyp, ony satylan nöker hökmünde garalamaga syýnanşýar[8]. Hanyň abraýyny kemsitmek we ony iňlisleriň içalysy hökmünde görkezmek maksady bilen Özbegistanyň kinoçylary/sinematograflary 1980-nji ýyllarda iki sany filmi surata düşürdiler.
1917-nji ýylyň sentýaberinde Jüneýt han Owganystandan dolanyp gelýär. Türküstanda rus patyşasynyň tarapdarlary “aklar” henizem bolşewiklere (gyzyllara) ýol bermän, ýerli häkimler bilen aralaryny berk saklamagy başarypdyrlar.
Tagtynda galmak üçin, Buhara emiri ýaly, Hywa hany-da “reform” wadasyny berýär, söweş tolkuny köşeşýär, emma Jüneýt han öz atlylaryny mydam taýýar saklaýar. 1918-nji ýylda Türküstanda bolşewikleriň döwri başlanýar, olar Buharany “Sowetleşdirip” bilmeýärler, Hywa bolsa bir çetde galypdy, bolşewikleriň Hywadaky hereketlerine Jüneýt han böwet dördýärdi. ol Hywa hanynyň baryşmaz duşmany bolsa-da, hana garşy bolşewiklerden ýardam soramady. 1918-nji ýylyň güýzünde Jüneýt han Hywany gol astyna gçirýär. Han hem bu aralykda öldürilýär, ýerine bolsa köpden bäri işden çetleşdirilen hanyň dogan_oglany Seýid Abdulla geçýär, ýöne hakykatdan hanlygy dolandyrýan Jüneýt handy. Onuň akyl-paýhasy şol ýerde mälim boldy. Ol hany ýeňdi, emma hanlyk düzgünini bolşewik düzgüni bilen çalyşmady. Jüneýt hanyň Hywada hökümdarlygy 1920-nji ýyla çenli dowam edýär.
Ata Nuryýewiň ýazmagyna göra, Eziz han bilen Jüneýt han iňlisleriň buýrugy esasynda wagtlaýyn hökümtiň wekili bilen harby komissar polkownik Zaýtsew [9] tarapyndan goldanyp, Sowet-Şurewi häkimiýetine garşy söweşe giremli ekenler.

--------------------------------------------------------------
[1] Ýaşlyk žurnaly, Aşgabat, 10/91
[2] Ýaş Türkistan žurnaly, Istanbul, 92,93-nji san 1937 ý.
[3] Ýaş Türküstan žurnaly. 68-nji san
[4] Ýaşlyk žurnaly. Şol ýer.
[5] Turkmenovedeniye žurnaly. Aşgabat.1/1930
[6] Алексей Семёнович Галкин.
[7] Ýaşlyk. şol ýer.
[8] Ýaşlyk...
[9] Иван Матвеевич Зайцев

Arne GOLI
Taryh ylymlarynyň kandidaty
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 93 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Материал]
Kitabyň mundan öňki saýtymyza goýulan bölümleri (sary linke basyp okap bilersiňiz!):
SÖZ BAŞY:
http://kitapcy.com/news/2020-07-29-12042

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: