01:18
"Kakam gelermikä?"

GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik makalalar

«KAKAM GELERMIKÄ?»

Her hili ykbally adamlar bolýar. Olaryň käbiri bütin durmuşynda burny ganamazdan ähli zady ýerbe-ýer bolup dünýäden ötýär. Emma ykbal käbir adamlara ömür ýolunda her dürli synaglary taýýarlap goýýar. Olaryň biri-de Izjan Baýmuhammedow. Ol 1907-nji ýylda doglan, Personal pensioner, öňräk aradan çykdy. Izjan aganyň kakasy Horezmde halk häkimiýetiniň berkarar edilmegine işeňňir gatnaşan eken. Şonuň üçinem Izjan aga özüniň düşünjeli ömrüni oblastymyzyň ösüşine bagyşlapdyr. Daşhowuz raýonynda goşçular Soýuzynyň ýolbaşçysy bolupdyr, daýhanlara ýer alyp beripdir. 1926-njy ýylda Tagta raýonynda ilkinji internady açmaga gatnaşypdyr. Şonda onuň kärdeşleri, mugallymlar B.Saparow, Ç.Ysmailow, Hasanow, Kaka bagşy, Gazizow, Aşyr Ateke, Şakirow, Aman hoja dagylar bilen internata daýhanlaryň çagalaryny çekip, sowatsyzlara sowat öwretmek üçin köp zähmet çekipdirler.
1931-nji ýylda Aşgabatdaky ýuridiki mekdebi okap gutarýar. Ony Daşhowuz okrug suduna işe iberýärler. Ol şu ýerde okrug sudunyň çleni bolup işleýär. Izjan aga özüniň ýatlamasynda şeýle ýazgylar galdyrypdyr: «1937-nji ýylyň köpçülikleýin repressiýa ýyly bolandygyny bilmeýän az bolsa gerek. Şol ýyl meni okrug NKWD-siniň naçalnigi Fotçenkonyň buýrugy bilen tussag etdiler». Soňra bolsa Izjan aga repressiýanyň beýleki pidalary ýaly, töhmetçilikli soraglary diňlemegi, «Türkmen azatlygy» diýen rewolýusiýa garşy milletçi guramany bilmeýändigini subut etmek üçin ejir baryny çekmeli bolýar. Ol ýedi aýa golaý wagtlap türmede horluk baryny çekýär. Soňra ony hiç hilň günäsi bolmasa-da NKWD-niň üçlüginiň karary bilen on ýyl tussag edýärler. Şonça wagtlap Izjan Baýmuhammedow Kolymyn altyn çykýan känlerinde, Sibiriň tokaýlarynda dürli agyr işleri ýerine ýetirmeli bolýar. 1947-nji ýylda ol öz Daşhowuzdaky maşgalasyna dolanyp gelýär. Ýöneotuz ýedide sürgün edilen, möhleti dolup yzyna gelen sanlyja adamlary indi Sibire ikinji gezek, özünem möhletsiz «göçürýärler», «Syýasy duşman» diýen töhmetleriň pidasy bolanlaryň her biri hut şeýle «göçürlişe» garaşýardylar. «Ahyry partiýanyň XX gurultaýy boldy. Ähli zat aýyl-saýyl edildi. Hiç hili günämiň ýokdugyna göz ýetirdiler. Meni akladylar. Ýöne, onuň üçin ýigrimi ýyla golaý wagt garaşmaly boldum» diýip, Izjan aga soňra ýazypdyr.
Hawa, Izjan Baýmuhammedowyň ýatlamalaryny üns berip okasaň, şol uzak geçmişiň wakalaryna, ak ýürekli adamlary ýok etmäge aktiw gatnaşan aýry-aýry şahslaryň atlaryna ýygy-ýygydan duş gelýärsiň. «1937-nji ýylyň köpçülikleýin tutha-tutlugy döwründe päk ýürekli adamlaryň köpüsi ýok edildi. Ol işi Daşhowuz okrugynda NKWD-nyň okrug naçalnigi Fotçenko, upolnomoçennylar Işbekow. Zakrepnoý, Daňilow ýalylaryň toparlary rehimsizlik bilen amala aşyrdylar»–diýip, Izjan aga öz ýatlamasynda nygtaýar.
Izjan Baýmuhammedow barada gürrüň gozganymda meniňkärdeşim, merhum Orazdurdy Annaýew öz ýakyn adamsyny ýatlan dek gürrüňe goşuldy oturyberdi.
–Men Izjan agany oňat tanaýaryn. Asyl ol biziň ähli dogan-garyndaşlarymyzy gowy tanaýar eken. Men onuň bilen 1963-nji ýylda tanyşdym. Ol partiýanyň Daşhowuz şäherkomynda işleýärdi. Men partiýa hataryna geçmek üçin arza beripdim. Şäherkomyň býurosy bolsa «Kakaň sud edilipdir. Babaň Sapar depmeçi bütin Daşhowuzy tüwi bilen üpjün eden uly baý, ýer eýesi bolupdyr» – diýip, meni partiýa hataryna kabul etmedi. Men örän öýkeledim. Soňra eşidip otursam maňa partiýa hataryna geçmäge rekomendasiýa beren Batyr Garataýew ýokardaky mazmunly arza bilen şäherkoma ýüzlenipdir. Gaty närazy halda býurodan çykyp, şäherkomyň daşky, gapysynda durdum. Bir gazak ýaşulysy ýanyma geldi. Sagdyk-amanlyk soraşdy. Özüniň Izjan Baýmuhammedowdygyny aýtdy. «Seniň babaňy tanaýaryn. Kakaň sud edilendiginden hem habarly»–diýdi. Men bolsam özümiň kakamyň sud edilendigi üçin partiýa hataryna kabul edilmändigimi aýtdym.
–Göwni çökgünlik etme. Sen entek ýaş. Merkezi Komitete ýaz, ýokary suda ýaz, seniň kakaňda hiç hili günä ýokdy. Men ony gowy bilýärin–diýip, Izjan aga meni öz kabinetine alyp bardy. Ödüme çaý goýdy. Göwünlik berdi. Soňra men şol gazak ýaşulysynyň aýdanyny edip SSKP Merkezi Komitetiniň Baş sekretaryna, Ýokary suda arza ýazdym. Köw wagt geçmänkä arzama jogap geldi. Kakam Anna 1937-nji ýylda on ýyla tussag edilipdir. Arhangelsk oblastyndaky lagerleriň birinde 1943-nji ýylda agyr keselden aradan çykypdyr. Ýokary sud onuň işine seredipdir, hiç hili günäsi bolmandygy üçin aklapdyr. Şondan soň meni partiýa hataryna kabul etdiler–diýip, Orazdurdyaga gürrüň beripdi.
Ýetimligiň agyr hasratyny başdan geçiren, Orazdurdy Annaýew ýalylaryň ataly-eneli oglanlary görenlerinde özlerini nähili duýandyklaryny göz öňüne getirip görüň. Kakaň bolsa, ejeň bolsa oňa ýetesi näme bar. Olar seniň üçin ähli zady ednärler. Gerek bolsa oda, suwa-da girýärler. Eneň-ataň arkadagyň –diýip, Orazdurdy aga gürrüň beripdi.
Ýetimligiň agyr hasratyny başdan geçiren, Orazdurdy Annaýew ýalylaryň ataly-eneli oglanlary görenlerinde özlerini nähili duýandyklaryny göz ödüne getirip görüň. Kakaň bolsa, ejeň. bolsa oňa ýetesi näme bar. Olar seniň üçin ähli zady edýärler. Gerek bolsa oda, suwa-da girýärler. Eneň-ataň arkadagyň–diýip, Orazdurdy aga gürrüň beripdi.
Anna Saparow tussag edilende Orazdurdy 5 ýaşynda eken. Gyz dogany Oguljan bilen ikisi galypdyr. Maşgalanyňähli aladasy Ogulbikeejäniň boýnuna düşüpdir. Köp kynçylyklar görüpdir. Olarys hemmesine döz gelse-de, Ogulbike eje çagalarynyň «Eje, hany biziň kakamyz, ol nirä gitdi?. «Ol haçan geler?» diýen zaryn soraglaryna çydap bilmän, bokurdagy ençeme gezek dolupdy. Gözlerinden akan ýaşy görkezmezlik üçin beýlesine öwrülerdi. «Kakan bazara gitdi, ertir geler», «kakaňyz Daşsaka gazuwa gitdi, basym geler»–diýip, çaga ýüregini näçe gezek aldapdy. Başga alaç ýokdy. Üstesine-de «baýyň nebereleri, halk duşmanynyň çagalary»–diýen ezýetli gürrüňleri eşitmeli bolýardy. Çagalar ulalandan soň hem olara gyýa göz bilen seretmek galmandy. «Gurt çagasy, ekdi bolmaz» diýen teýeneli sözleri gulagy bilen eşidipdi.
Oguljan Respublikamyzyň Ýokary Sowetine deputatlyga kandidat görkezildi. Şonda hem «atasy tussag edildi, halk duşmanynyň gyzy» diýip, arza üstüne arza ýazdylar. Hernä hakykat hakykatlygyna galdy. Oguljany halk deputatlygyna saýlapdy.
Doganlar Saparowlaryň repressiýa ýyllarynda görmedik görgüsi, çekmedik azary ýok. Olaryň ulusy Baba Saparow oblastymyzyň ilkinji mugallymlarynyň biridir. Ol 1925-nji ýyldan mugallymçylyk işine başlapdyr. Bu kyn we hormatly kärde Baba aga kyrk ýyldan hem köpräk işläp pensiýa çykdy. Ol togsana golaýlap 1991-nji ýylyň tomsunda ýogaldy. Baba aganyň çagalarynyň her biri spesialist bolup, halka hyzmat edip ýör. Baba aga respublikamyzyň tanymal adamlary Balyş Öwezowyň, Beki Seýtäkowyň, Hudaýguly Täçgulyýewiň, Baba Garaýewiň hem ilkinji mugallymlary eken. Baba aga sag-salamat gezip ýörkä onuň ýatlamalaryny ogly žurnalist Akmyrat magnitofon lentasyna ýazyp alan eken. Şol ýatlamany tolgunman diňlemek mümkin däl. Baba aga şeýle gürrüň beripdir:
–1933-nji ýylda mugallymçylyk edip ýördüm. Özümiziň ikinji Kelleli obasyndaky mekdepde işleýärdim. Bir gün bizi Tagta NKWD-si çagyrdy. Ol ýerde ilki anket doldurtdylar. Meni, Annany, Begjany türmä gabadylar. Soň Begjany ýaş bolany üçin goýberdiler. Bize bolsa kakaňyz Sapar baý bolupdyr diýen günä ýüklenýärdi. Men özümiziň kakamyzdan örän ýaş galanlygymyzy aýtdym. Şeýdip bizi ýedi aý 20 gün saklap, ahyryn hiç bir günä tapmandan soň öýe goýberdiler. Şonda Tagta NKWD-synda Wolkow diýen bir gowy adam bardy. Ol meni goldady. Öýe gaýdyp gelýärkäm kolhozymyzyň başlygy Dädebaý Babaýewi gördüm. Ol biziň atymyzy münüp ýören eken. Onuň ýanynda ýene biri bardy. Ony tanamadym. Familiýasy ýadymda galmandyr. Şolaryň gepi bilen biz ençeme gezek NKWD-ä çagyryldyk.Dädebaýyň özüni kolhozyň emlägini dargadanlygy üçin türmä basdylar. Ony okrug upolnomoçennisi Şajan Myradow gabatdy. Dädebaý, ýene Gazak kör diýen birini 1933-nji ýylyň 29-nji maýyňda sud edip atdylar. Şolaryň şugulçylyk etmegi bilen köp adam azar gördi. Kelleli obasynda gurlan kolhoz dargady. Onuň adamlary başga ýere göçüp gitdiler. Köneürgenç raýonynyň Telman adyndaky kolhozynda ýaşaýan uşaklar biziň obamyzdan şol ýyllar göçüp gaýdan bolmaly.
Men özümize biderek azar berilýändigini aýdyp, okrug ispolkomynyň başlygy Muhammet Gajarowyň ýanyna hem bardym. Çary Wellekow bilen duşuşan wagtym hem aýtdym. Ýöne, şugullar bizi erkimize goýmadylar. 1934-nji ýylda biz dogduk obamyzy taşlap Darganata göçüp gitdik. Soňra Dörtgüle göçüp bardyk. Ýöne NKWD-niň eli yzymyzdan galmady. Mugallymçylyk etdik. Anna oba gaýdyp geldi. Gelen badyna hem ony tussag edipdirler. Aman Beýik Watançylyk urşuna gidip dolanmady. Biz 1941-nji ýylda Köneürgenje dolanyp geldik– diýip, Baba aga gürrüň beripdir.
Stalinçilik repressiýanyň penjesine düşen köpçüligiň biri Abdulla Moldaşbaýewdir. Ol Sowet hökümetiniň kömegi, goldawy bilen öz döwrüniň sowatly, bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişipdi. Çagalar öýünde terbiýelendi. Hywa şäherindäki pedtehnikumy gutardy. Gyzylorda şäherindäki gazak magaryf institutynda okady. Komsomol organlarynda işledi. Otuzynjy ýylda partiýa hataryna giripdir.
Kalinin raýonynda ýer işleri bölüminiň müdiri bolup işläp ýörkä, 1937-nji ýylyň iýulynda tussag edilýär. Oňa rewolýusiýa garşy gurama gatnaşdyň diýlen günä ýüklenilýärdi. Ol otuz sekizinji ýylyň fewralynda bolsa NKWD-niň üçlüginiň karary bilen on ýyl zähmet-düzediş lagerinde bolmaly–diýlip, GULAG-yň lagerlerine ugradylýar. Abdylla aga on ýyllap Arhengelsk oblastynda lagerde bolup, 1947-nji ýylda Daşhowuz şäherine dolanyp gelýär. Ýöne, 1950-nji ýylyň fewralynda ol ýene tussag edilýär. Şol öňki heňňam bilen Krasnoýarsk ülkesine möhletsiz sürgün edilýär. Sürgünden 1954-nji ýylda boşap gelipdir. Emma, ol özüniň ýigrimi ýyllap horluk çekmegine nämäniň sebäp bolandygyny bilenokdy. Ýaşuly 1979-njy ýylda aradan çykdy. Ol özüniň ýaşlyk ýyllaryndan başlap ykbalyny baglan Lenin partiýasynyň çleni diýen adyny dikeldip bilmedi. Ýogsam ol SSKP MK-nyň şol wagtky birinji sekretary N.S.Hruşewa arza bilen ýüz tutan eken. Ol arzasynda şeýle ýazypdyr: «Meniň partiýa meselämi seljermegiňizi sizden haýyş edýärin. Partiýa hataryna dikeltmegiňizi soraýaryn. Soňky demime çenli partiýanyň ideýalaryna ynamlydygymy hem-de onuň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyma söz berýärin».
...Geň ykballar. Keç ykbally adamlar. Olar näçekä? Ony bilýän ýok. Wagt geler. Olaryň näçedigini, kimlerdigini adamlar bilerler.

Orunbasar ALYMANOW.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orunbasar Alymanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: