01:17
Siz Janmämmedowy tanaýarmysyñyz?

GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik makalalar

SIZ JANMÄMMEDOWY TANAÝARMYSYŇYZ?

Wagt geçdigiçe adamlar özleriniň bir wagtky bile işleşen, bile okan ýoldaşlary barada oňat sözleri aýtmagy gowy görýärler. Aýratyn-da halk üçin, adamlar üçin iň oňat iş bitirýän adamlar hakynda ýakymly gürrüň eşitmek özbaşyna bir lezzet ahyryn. Men okružkomyň başlygy bolup işlän Öwezgeldi Janmämmedow barada bir zatlar ýazmak üçin arhiw materiallaryny agtarmaly boldum. Ençeme adamlar bilen duşuşdym. Olaryň hemmesi-de öz döwrüniň sowatly we guramaçy ýolbaşçylarynyň biri bolan Öwezgeldini diňe oňat sözler bilen dile aldylar.
Eýsem Janmämmedow kim? Ol 1904-nji ýylda Ýylanly raýonynyň Gyzyl obasynda daýhan maşgalasnda doguldy. Öz döwürdeşlerine mahsus ol hem ýaşlykdan zähmet bilen ösdi. Garyplyk, üstesine-de ata-enesinden 9 ýaşynda ýetim galmak oňa zähmete ir aralaşmaga, öz güzerany barada özüniň alada etmegine sebäp boldy. Obanyň malyny bakdy, birneme ulalansoň barlylaryň gapysynda batrakçylyk etdi.
Ýigriminji ýyllarda Garadaşly iki şuralygyna bölündi. Birinji Garadaşla Bagty, Omar, Päkize, Eýerik obalary girýärdi. Ikinji Garadaşla Kürt, Arap, Gyzyl obalarynyň territoriýasy degişli bolupdy. Şol döwürde oba Sowetiniň öz milisionerleri bolardy. Ol tertip-düzgüne seretmekden başga-da poçtalonlyk wezipesini hem alyp barardy. Ine şol wezipä Gyzyl obasynda batrak bolup ýören Öwezgeldi Janmämmedow bellenildi. Ol gündiz işleýärdi. Gijesine öz sowadyny artdyrmak üçinçalasowatlylaryň mekdebinde okaýardy. 1930-njy ýylyň başlarynda obalar ýene bölündi. Ikinji Garadaşly oba şurasy Kürt, Arap, Gyzyl obalaryna bölünip, Gyzyl oba şuralygyna Allaberdi akja diýen adam başlyk saýlandy. Emma ol iş başarmansoň wezipesinden boşadyldy. Obanyň garyp daýhanlary oba şurasynyň başlyklygyna milisioner, ak ýürekli, adalatly, sowatly Öwezgeldi Janmämmedowy bir agyzdan saýladylar. Şonda oba baýlarynyň käbiri «Öwezgeldidenem bir oba şura başlygy bolarmy? Adamlar, siziň kelläňiz üýtgäpdir. «Iti bolmadygyň ýalagy bolmaz» diýen köneleriň sözi bar. Heniz öýi- öwzary bolmadyk, binika adamy başlyk saýlap bolarmy?» –diýip, ýaňsa alypdyr. Emma daýhanlar welin Öwezgeldiniň dogry sözlüligine hem-de onuň adalatlylygyna bil baglapdyrlar.

ÖWEZGELDI JANMÄMMEDOW AÝALY AÝJAN BILEN

– Öwezgeldi adamlaryň hem, ýeriň hem ýagdaýyny bilýär. Janyny aýaman işleýär. Paýhasly, şonuň üçinem ol oba şura başlygy bolup biler. Öýli-işiklem bolar. Ol adamyň kemçiligi däl–diýip öz aýdanlaryny gögerdipdirler. Şeýdip Öwezgeldi Gyzyl oba şurasyna başlyk saýlanyldy. Soňra ony Daşhowuz şäherindäki sowet-partiýa mekdebine iki aýlyk okuwa goýberdiler. Ol ýerden bolsa goňşy obadan bolan Aýjan Orazmyradowa diýen gyz bilen söýüşip, oba dolanyp geldi. Toý etdiler, Öwezgeldiniň öz öýi, öý goşy ýokdy. Kursda bile okan Arap oba şurasynyň başlygy Öwezgylyç ogly Molla Juma toýy öz öýünde geçirmegi teklip etdi. Gündiz bagşy Sopy çildir aýdym aýtdy. Gije bolsa meşhur bagşy Magtymguly Garly aýdym-dessan aýdyp, adamlara hezil berdi. Toýa düşen puly ýaşlara bagş etdi. Ine, şeýdip Öwezgeldi Janmämmedow, öýli-işikli, deňli-derejeli adam boldy. Onuň tagallasy bilen obada Kaganowiç adyndaky kolhoz raýonda ilkinji kolhozlaryň hatarynda guraldy. Oňa çlen bolup daýhanlaryň 20-si birleşdi. Ýer sürmäge öküz, künde, ýer, demir gerekdi. Emma olar ýokdy. Daýhanlar ýeri kätmendir pil bilen bejerdiler. Pagta, bugdaý ekildi. Şo ýyl hasyl oňat boldy. Girdejiden öküz, beýleki iş gurallaryny aldylar. Şeýdip iş ugrugyp ötägitdi. Soň «Bolşewik» kolhozy guraldy.
Gujurly we guramaçy ýaş Öwezgeldiniň başarjaňlygy raýon ýolbaşçylarynyň gözüne düşdi. Ony bir gün raýkoma çagyryp, Sizi Daşhowuzdaky iki ýyllyk sowet-partiýa mekdebine okuwa ibermekçi, nähili görýärsiňiz? diýdiler. Öwezgeldi bolsa özüniň razydygyny aýtdy. Şeýdip ol 1931-nji ýylda Daşhowuzdaky Sowet-partiýa mekdebine okuwa girdi. Ol wagtlar sowet-partiýa mekdebi häzirki kolhoz bazarynyň ýanyndaky iki etažly jaýda ýerleşýärdi.
1933-njiýylyň baharynda açlygyň üstüne ekin-dikiniň ýetip gelen wagty çekirtge diýen bela geldi. Ol gözüne görnen zadyň hemmesini ýok edip barýardy. Ine, şol ýagdaýlarda hem Öwezgeldi özüniň oňat guramaçylygyny görkezdi. Ol okuwy gutarandan soň Ýylanly raýispolkomynyň başlyklygyna saýlanypdy. Raýispolkomyň başlygynyň iş-aladalary diýseň köpdi. Emma ýaş Öwezgeldi oba aktiwlerine daýanmak bilen olara ýetişýärdi. Soňraky ýylyň hasyly gowy boldy, Halk birneme galkyndy. Raýonyň adamlarynyň gazanan üstünlikleri respublika mälim boldy, 1934-nji ýylyň ahyrynda Öwezgeldi Janmämmedow Daşhowuz okrug ispolkomynyň başlyklygyna saýlanyldy. Şonda okrug ispolkomynyň ýygnagyna Gaýgysyz Atabaýew hem gatnaşdy. Ýylanlyda ZAGS bölüminiň müdiri bolup işleýän Aýjan Orazmyradowa bolsa Daşhowuza gelip, oblast saglygy saklaýyş bölüminde kadrlar bölüminiň müdiri bolup işe başlady.
Soňra agyr hem kynçylykly döwür başlandy. Halk duşmany diýlen at bilen respublikamyzyň tanymal ýolbaşçylary Atabaýew, Aýtakow, Wellekow, Sähetmyradow ýaly ýolbaşçylar tussag edildiler. Soň olaryň guýrugy diýlen at bilen oblast ýolbaşçylary hem tussag edildi. Şolaryň biri Öwezgeldi Janmämmedowdy. Ony 1937-njiýylyň 8-nji sentýabrynda TK(b)P MK-nyň býurosynda «ýykgynçylykly, zyýankeşligi üçin» diýen töhmet bilen partiýa hataryndan çykardylar. Ilki ony Aşgabada çagyrdylar. Şondan hem ol yzyna dolanyp gelmedi.
Bize Janmämmedowy jogapkärçilige çekmek üçin oýlanyp tapylan 8705-nji diýen iş bilen tanyşmak miýesser etdi. Ol DHK-niň arhiwinde saklanylýar. Şol işde bir kagyz bar. Onda şeýle diýilýär: «Men TSSR NKWD-siniň dördünji bölüminiň naçalnigi Gulýak graždanin Janmämmedowyň işindäki materiallara seretmek bilen, onuň troskiçi meýilli guramanyň çlenidigini, partiýanyň we hökümetiň syýasatyna garşy iş alyp barandygy üçin tussag etmeli diýip hasap edýärin. 1937-nji ýyl 8-nji sentýabr»,
Şondan soň maşgalanyň başyna has hasratly günler indi. Olaryň öýlerindäki barja zatlary aldylar. Aýjany işden boşatdylar. Soňra bolsa 3 ýaşly ogly bilen göwreli halyna ony tussag etdiler. Gynadylar. Olaryň öýlerine kimiň gelip gidýänini, kimler bilen aragatnaşyk edýändigini soradylar. Atabaýew, Aýtakowbilen adamsynyň näme hakda gürrüň edendikleri barada soralýardy. Aýjan soragdan gelýärkä türmäniň koridorynda çaga dogurdy. Türmede bolan çaga uzak ýaşamady. Türmäniň ölmez-ödi nahary bilen oňýan Aýjanyň göwsünden süýt çykmady. 3 ýaşly Atageldä mamasy hossar çykdy. Aýjana on ýyl kesildi. Swerdlowskä ugradyldy. Şonda 3 ýaşly Atageldini çagalar öýüne bermelimi ýa-da saklamak üçin adam barmy diýlende, mamasy Täç garry öz ýanyna aljagyny aýtdy. Galanja öý-goşlary bilen Atageldini alyp mamasy oba göçdi...
Öwezgeldi Janmämmedowy ilkinji gezek Aşgabat türmesinde 1937-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda sorag edipdirler. Biz oňa ýüklenilýän günä barada okyjylara has düşnükliräk bolar ýaly sülçüniň Öwezgeldäberen soraglaryny, şol soraglara berlen jogaplary doly getirmegi makul gördük.
Sorag:–Derňewde siziň rewolýusiýa garşy guramanyň çlenidigiňizi tassyklaýan materiallar bar.
Jogap: –Men hiç wagt rewolýusiýa garşy guramanyň çleni bolmadym.
Sorag: –Siziň Sädu Oňgalbaýew bilen kolhozlara aýlanmaga gitmeginizi näme bilen düşündirmek bolar? Sebäbi Oňgalbaýewe gowaçanyň hasyllylygyny barlamaklyga hiç kim ygtyýar bermändir.
Jogap: –Men partiýanyň okrug komitetiniň sekretary Gurban Oňgalbaýewiň tabşyrygyny ýerine ýetirdim.
Sorag:–Kolhozlarda bolan wagtyňyz kimlere duşduňyz? Säduw Oňgalbaýew näme hakda gürleşdi?
Jogap:–«Ikinji bäşýyllyk» kolhozynyň başlygy Durdy Gylyç, brigadirler bilen duşuşdyk.
Sorag: –Sädu Oňgalbaýew siziň bilen nämeler hakda gürrüňleşdi?
Jogap: –Pagtanyň hasyllylygy barada. Başga gürrüň bolmady.
Sorag: –Siz Gurban Oňgalbaýewiň öýlerine baran wagtyňyz kimlere duşýardyňyz?
Jogap: –Mungulbaýew, Babaýew (Daşhowuz raýkomynyň sekretary), Porsy raýispolkomynyň başlygy Pürliýew dagylara sataşdyk.
Sorag: –Säduw Oňgalbaýew 1936-njy ýylda Daşhowuzagelen wagty kimler bilen duşuşdy?
Jogap: – Gurban Odgalbaýewiň aýtmagyna görä, Sädu Oňgalbaýew ejesini görmäge gelipdir.
Öwezgeldi Janmämmedowy şondan soň köp wagtlap sorag etmändirler. Sülçi bilen Öwezgeldiniň arasyndaky bolan ýokardaky sorag-jogap alyşmalardan soň ähli zat aýdyň ýaly. Hiç hili jenaýat edilmändir. Hökümetiň, partiýanyň syýasatynyň garşysyna wagyz edendigini, «Türkmen azatlygy» diýen milletçilikli guramanyň çlenidigini subut edýän fakt ýok. Emma Janmämmedow şondan göni iki aýdan soň–1937-nji ýylyň 15-nji dekabrynda bir günde iki gezek sorag edilýär. Şonda ol özüniň «Türkmen azatlygy» diýen milletçilikli guramanyň çlenidigini «boýun alýar». Onuň «boýun almagyna» görä, özüni «Türkmen azatlygy» diýen milletçilik gurama Gurban Oňgalbaýew «çekipdir». Sülçi Janmämmedowdaň 1936-njy ýylda Daşhowuz okrugynda partiýanyň Merkezi komitetiniň putýowkasy bilen gelen rus milletinden bolan kadrlaryň çetleşdirilen fakty bolupdyr, şoňa siz nähili garaýarsyňyz?» –diýip soraýar.
Emma faktlardan görnüşi ýaly, repressiýa ýyllarynda okrugda işlän rus, milletinden bolan ýolbaşçy kadrlar barada, ýagşydan-ýamandan hiç zat aýdylmaýar. Partiýanyň okrug komitetiniň ikinji sekretary Zuýew, okrug ispolkomynyň başlygynyň orunbasary Žukow, okrug NKWD-siniň naçalnigi Fotçenko dagylar sag-salamat işländirler.
Ak ýürekli, oňat ýoldaş Öwezgeldiniň özüniň oňat görýän ýoldaşy Gurban Oňgalbaýew barada ýokardaky sözleri aýtmagyna haýsydyr bir daşky fiziki güýjüň täsir eden bolmagy mümkin diýip çak edesiň gelýär, Çünki Öwezgeldi Janmämmedowyň, Gurban Oňgalbaýewiň adresine partiýanyň okrug guramasynyň 1937-nji ýylyň 16-20-nji iýulynda bolan ikinji konferensiýasynda ýiti tankyt aýdylypdy. Ol wagtlar Gurban Oňgalbaýew tussaglykda otyrdy. Şonda doklad boýunça çykyp geplän Habibulin diýen biri partiýanyň Köneürgenç raýkomynyň sekretary Gulamow kadrlar meselesine üns berenok. Ol Gurban Oňgalbaýew bilen ýakyn aragatnaşykda boldy. Býuro çleni Janmämmedow az okaýar –diýipdir.
Soňra çykyş eden Öwezgeldi Janmämmedow şeýle diýýär: «Habibulin dogry aýdýar, men öz üstümde ýeterlik işlemeýärin. Ony düzederin. Gulamowyň Oňgalbaýewbilen ýakyn aragatnaşykda boldy diýýäni dogry. Biziň hemmämiz Oňgalbaýew bilen oňat gatnaşykdadyk».
Tussaglykda oturan, özüne-de uly aýyp ýüklenýän öňki işdeş ýoldaşyny açykdan-açyk goramaklyga çekinmedik Öwezgeldi näme üçin 15-nji dekabr güni öz etmedik işini etdim–diýip, etmedik günäsini boýun aldyka? Ony näme mejbur etdikä?
Derňew işiniň kagyzlaryny agtaryp otyrkak başga bir kagyza duş geldik. Ol saralyp gidipdir. Onda Sülçi Nikolaýew şeýle ýazgy galdyrypdyr. «Men TSSR NKWD-siniň 4-nji bölüminiň sülçüsi Döwlet howpsuzlygynyň kiçi leýtenanty Nikolaýew derňewiň gutarandygyny yglan etdim. Ol (Janmämmedow) hiç zat goşup biljek däldigini aýtdy».
1938-njiýylyň 17-nji iýulynda Aşgabatda türmede Öwezgeldi Janmämmedow bilen Gurban Oňgalbaýew iki çäk ýüzleşdirilýär. Olar özleriniň milletçi guramanyň çlenidigini «boýun alýarlar». Işdäki şapbat ýaljak kagyza taraplaryň aýdan sözleri sülçüniň goly bilen ýazylypdyr. Şol kagyzyň ortasynda Oňgalbaýewiň, ahyrynda bolsa Janmämmedowyň goly bar. Olar özlerini garalaýan kagyza gol çekipdirler. Ýöne ýazgy ýazylmanka şol ak kagyza gol çekdirilen bolmagy-da mümkin. Bu ýerde, elbetde, anyk bir zat aýtmak kyn,
1938-nji ýylyň 28-nji oktýabry. SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasynyň göçme sessiýasynyň mejlisi. Oňa Alekseýew başlyklyk edýär. Çlenleri Zaýsew, Boldyrew, Watner, Mejlis gündiz sagat 15-den 25 minut geçende başlanýar. Şaýatlar çagyrylmandyr. Janmämmedow özüni günäli hasaplamaýar. Öňki görkezmelerinden boýun gaçyrýar. Sagat 15-den 45 minut geçende höküm oklaýar. Öwezgeldi Janmämmedow atuwa höküm edilýär. SSSR MIK-nyň 1934-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky kararyna laýyklykda höküm şol gün haýal edilmän 28-nji oktýabrda ýerine ýetirilýär.
Munuň özi sud däl-de, galplaşdyrylan, öňünden taýýarlanylan teatr sahnasy ýaly bir zat. Ýogsam Kanunyň talaplaryny bilýän sudýa, ýurist, sud edilýän Janmämmedowy tussag etmek barada prokuroryň hatynyň ýokdugyna garamazdan derňew geçirilip, bary-ýogy üç gezek sülçi tarapyndan sorag edilen, işde bolsa maddy subutnama ýok diýlen jenaýat işini öz önümçiligine alarmy? Näme üçin şaýatlar çagyrylmandyr? Näme üçin öz günäsini boýun almadyk adama ýokary jeza çäresi bellendikä? Elbetde, bu soraglara jogap beräýmek kyn. Diňe bir zat anyk. Halka, onuň merdana ogullaryna garşy guralan terror şeýle bolup biler diýesiň gelýär.
Okyjylaryň dykgatyna aşakdaky faktlary hem ýetirmegi makul gördük. Janmämmedowy tussag etmeklige onuň işini derňemeklige gatnaşan TSSR NKWD-siniň öňki işgärleri: Öňki halk komissary Nodew, onuň orunbasary Ýewgraşkin, dördünji bölümiň naçalnigi Gulýak, onuň orunbasary Penner dagylar jogapkärçilige çekildiler. Nodew we Penner atyldy. Gulýak on ýyla tussag edildi. Ýewgraşkin türmede ölüpdir. Tussag edilenlere horluk baryny beren Nikolaýew 1957-nji ýylda ölüpdir.
GULAG-yň aýallar kolonniýasynda bolup, Aýjan Orazmyradowa 1946-njy ýylda Swerdlowskiden gaýdyp geldi, tä aradan çykýança mugallymçylyk etdi. Ol 1956-njy ýylda aklandy.
1959-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasy Öwezgeldi Janmämmedow baradaky 1938-nji ýylyň oktýabrynda çykarylan hökümi ýatyrdy, hem-de onda jenaýatyň alamatlary bolmandygy üçin Janmämmedowy aklady. Öwezgeldiniň partiýalylygy hem dikeldildi. Ýöne, bir wagt bagty ýatyrylan maşgalany dikeldip bolmady. Türmelerde görlen görgüleriň, ýetimçilikde çekilen horluklaryň öwezini kim dolup biler? Bu soraglar Öwezgeldiniň ýalňyz ogly Atageldini häzirem oýlandyrýar. Agtykly bolan maşgalabaşy käte gözüne ýaş aýlaýar. Bizem oňa «Mert bol, Atageldi. Döwür şeýle bolupdyr!» diýesimiz gelýär.

Orunbasar ALYMANOW.

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 74 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orunbasar Alymanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: