23:14
Demirgazyk Türkmenistanda Jüneýt hanyň ýolbaşçylygynda rus basybalyjylaryna garşy göreşler

DEMIRGAZYK TÜRKMENISTANDA JÜNEÝT HANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA RUS BAŞYBALYJYLARYNA GARŞY GÖREŞLER

Bu işiň zähmeti, Türkmenleriň erkinligi ugrunda bütin ömrüni güýjüni hem gaýratyny gaýgyrmadyk, milli serdarymyz Jüneýt hanyň ýagty hatyrasyna bagyşlanýar.

Taryhçy alym Arne Goli bu ylmy-barlag işinde, Jüneýt hanyň göreş ýoluna syn edip, hanyň erkinlik ugrundaky söweşleri bilen bagly dürli döwletleriň arşiwlerinde, kitaphanalarynda we ylmy merkezlerinde saklanýan dokumentleri, ýazylan
monografiýalary, makalalary ýygnap, ilkinji gezek bu göreşler dogrusynda analiz esasynda, dolurak hem kämilräk maglumat bermäge synanyşýar. Bu eseriň göwnüňizden turjagyna ynanýarys.


“Daglarymyzda köpdür şir u peleňler,
Zarbymyzy barha görendir ganymlar,
Ýazandyrys taryhda şan u şöheratlar,
Ýene haýkyryp, haýbatlanjak bolamen.”

■ Sözbaşy


Taryh Türkmenlere gazaply bakdy. Her bir taryhy döwürde, her bir ösüş tapgyrda, Türkmen halky birleşip, kesgitli ösüş formasyna eýe bolup başlanda, daşky güýçler, uly wakalar ony başlangyjynda bogdy. Bu diňe1917-nji ýyldan ozalky döwürde, Türkmenleriň rus patyşasyna garşy göreşler we 30-40 ýyllap koloniýal zulumy astynda galmagyna we Türkmenistanda 1917-nji ýyldan soňky wakalara degişli bolman, şonuň ýaly-da 1929-njy ýylda başlanan mejbury kollektiwleşdiriş/kolhoz gurluşygy bilen baglanşykly wakalara hem degişlidir. Türkmenler, ynkylap ugrundaky göreşler we grajdanlyk /içerki urşy ýyllarynda, açlyk we bosa-bosluklardan dyýnyp, ýaňja gurlan Türkmenistan döwletine birigip we parahatçylykly gurluşyk döwrüne geçip başlan bir wagtynda, bu gezek oba hojalygy mejbury kollektiwleşdiriş we şonuň esasynda baý-kulaklary synpy göreş esasynda ýok etmek syýasaty, tutuş durmuşyny we ýurdunyň ykdysadyýetini düýpli çaýkady, şol sanda Türkmen jemgiýetçilik-syýasy ösüşini 40-50 ýyl gaýra saldy. Emma beýle ýagdaýa boýun egmedikler, oňa garşy göreşenlerem az bolmandy. Şolardan Jüneýt hanyň ýolbaşçylygyndaky umumy demirgazyk Türkmenistandaky gozgalaňa nazar aýlaýarys.
Hala patyşa hökümeti bolsun ýa-da boleşewizm bolsun, olaryň koloniýal, ezijilik syýasatyna garşy Jüneýt han ýaly göreşen başga bir görnükli şahsyýeti agzamak ýeňil däldir. Häzir bu güne çenli Sowet-şurewi döwrüniň resmi ylmy ol barada köpsanly işleri ýazmak bilen, ony ganhor, jellat, Britan emprializminiň dikmesi, öz halkynyň ganym duşmany hasaplap geldi, bularyň bary halkyň Jüneýt han baradaky pikirine çapraz gelýärdi. Totalitar hem proletariýat diktaturasy ýyllarynda kemala gelen Sowet taryh ýazgysy oňa synpy taglymatyň nuktaý nazaryndan garaýardy, onuň patyşa gudratyna, rus basybaljylyk syýasatyna garşy eden erjel göreşleri hem çykyşlaryny progressiw, ösüş hasaplasa-da, Sowet häkimiýetine garşy göreşini jenaýatçylykly herekti saýýardy. Hut şol resmi propaganda hem halkyň iňlis interwentlerine we rus ak_guwardyýaçylaryna (tagtdan agdarylan patyşa emeldarlaryna) garşy alyp baran göreşine watançylyk, partizançylyk hereketi hökmünde baha berýärdi, haçanda şol halk, bolşewikleri keseden gelen basybalyjylar hasaplap, olara garşy baş galdyranlarynda bolsa, muny “basmaçylyk”, “banditçilik” (galtamançylyk) diýip, häsýetlendirýärdi, ýogsam, şol ideologiýadan azat bolan Eziz han, Hojaguly han, Jüneýt han we milli garşylyk görkezişiň beýleki liderleri, ýolbaşçylary üçin “ak” orsmy, “gyzyl” orsmy ýa-da deňziň aňyrsyndan ýurt aşyp gelen iňlismi tapawudy ýokdy. Olaryň hemmesi gelmişklerdi, başga maksatly adamlardy, basybalyjylardy, niýet-pälleri düzüw däldi. Jüneýt han halkyň erkini aňladyp, gozgalaňçylaryň hereketine ýolbaşçylyk edýär. şol herekete bolsa rus kolonizatorlaryndan, basybaljylaryndan, rus patyşasyndan garaşsyz bolmaga ymtylmakdan, oktiýaber ynkylapyndan soň bolsa Türkmen daýhanlaryny zorluk bilen kollektiwleşmäge çekmeklige bildirilen garşylykdan gelip çykypdy, sebäbi kollektiw hojalyga geçmek olaryň durmuşyna, milli gylyk-häsiýetine mahsus bolan köp asyrlyk däp-dessuryny we edim-gylymlaryny depgileýän keseki ýaşaýyş sistemasyny daýhanlaryň boýnuna dakýardy. Ynsnyň tebigaty şeýle: ol ideologiýadan, maddylaşdyrylmadyk ideýalardan öz ojagyny, ene topragyny, watanyny has gowy görýar. Jüneýt han hem şeýle adam bolupdyr, üstesine-de ol häkimlik etmgi-de halapdyr hem-de her edip, hesip edip ony ele aljak bolup dyrjaşypdyr. Sowet nesilleriniň birnäçesiniň aňynda Jüneýt han “Garagumuň ýowuz ýyrtyjysy”, awanturist, talaňçy, ganhor we iňlis jansyzy/jasusy, Hywanyň ozalky hökümdary, ýeňlişini boýun alyp bilmän, “täze durmuşy” kabul etmän, ar almak duýgusy bilen Sowet hökümtine garşy göreşen, ol sebäpli-de talaňçylyk etmek hem-de öldürmek üçin “basmaçy toparlary” jemlän adam hökmünde galandyr. Jüneýt hanyň Türkmenistanyň erkinligi ugrundaky göreşlerine elbette rus Bolşewikleri gara tegmil edip görkezdiler, bu geň bir zat däl, ýöne şularyň ideologiýasyna eýeren Türkmenistanyň belli ýazyjylary, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşigi guramasyna ýolbaşçylyk eden Rahym Esenowlariň [1], Beki Seýtäkowlaryň, Gylyç Kulyýewleriň... bu milli göreşleriň üstünden atanak çekmekleri we ony ýazgarmaklary diýseň geň.Diýmek, bular “telpek diýseler, baş getirýänlerden” bolup çykdylar.
Han Jüneýdiň göreş alyp baran döwri hem gaty çylşyrymly bolupdy. Bir tarapdan heniz “ak patyşanyň” goşunlarynyň jeza_beriji ekespetdisýasynyň döken ganlary guramanka, Fon_Kaufman’yň, Skoblew’iň, Kurupatkin ýaly rus generallarynyň külliTürkmen topragyny gana çaýkanyndan salym geçmänkä bu gezek Türkmen ülkesi “aklar”(patyşnyň tarapdarlary) bilen “gyzyllaryň” (bolşewik komunistleriniň) özara çaknaşyklaryna (grajdanlyk urşa) şaýat boldy. Bu göreşde haýsy tarapda dursaňam eýýäm sen öz halkyň ganym duşmany bolup çykýardyň. Edil çaşyň gözüne ser edilişi ýaly, edil ümrüň içinde ýörän ýaly, edil salgyma suw diýip ylgaşylşy ýaly... şeýle gapma-garşylykly döwrde hak ýoluny saýlap almaga ner kibi kükräp duran batyrlar gerekdi, Jüneýt han bolsa dogry ýoly, il ýoluny saýlap almagy başarypdy. Eliňizdäki bu iş, şu mahala çenli demirgazyk Türkmenistanda han Jüneýdiň göreşi dogrusynda ýazylan esrleriň jemleýjisi diýsek, ýalňyş bolmaz. Biz bu işimiz üçin, Türkmenistanyň döwlet taryh arşiwinden, Orsýetdäki, Türkiýedäki, Ýewropadaky we Eýrandaky kitaphanalardan matriallar ýygnadyk, halkyň arasynda Jüneýt hany tanaýanlar bilen söhbtdeş bolup, gören-eşidenlerini, bar bolan rowaýatlary ýygnap, olary doly analiz galbyryndan geçirnimizden soň peýdalandyk. Esasanam professor Gaýyp Nepesowiň ýazan gymmatly eseri― şol işi üçin hem Staliniň repressiýasyna duçar bolan― kitapyndaky faktlardan peýdalandyk[2]. Soňky döwürde Türkmenistanly ýaş taryhçylarymyz Sowet döwrürindäki wakalary täzeden analiz edip oňat netijeler çykarmagy başaryp gelýärler. Olaryň işleri dürli internet saýtlarda ýerleşdirilýär. Şolardan birisi hem “Gollanma”[3] saýty’dyr. Onda diýseň gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Ol ýerdäki makalar toplumy; “Garagumdaky göreşler” ýygyndysyndanam gerekli maglumatlary aldyk. 1925-nji ýyllardan soňra Türküstandan daşary ýurtlara bosa-boslyk eden weTürkiýäniň Ystanbul şäherinde gazet neşir eden Türküstanly bosgunlar tarapyndan―Mustafa Çokaý oglunyň―çykarylan “Ýeňi Türkestan” we ýene-de Paris’de neşir edilen “Ýaş Türkestan” jurnallaryndan peýdalandyk. Han, Eýrana geçende, Türkmensähraly doganlary tarapyndan ýagşy garşy alynypdyr we myhmana gerekli kömegi beripdirler. Ol, ýerdaky han-begleriň ýatlamary, Astrabadyň harby häkiminiň şeýle-de mejlis deputaty Mämet ahun Gorgani’niň ýatlamlary, Eýranyň gazet-jurnallarynda çap edilen habardyr maglumatlar, neşir edilen kitaplar, işimiziň kämilleşmeginde köp peýdaly boldy. Ýöne gynansagam hanyň Heratda ýaşan döwri hakynda onçakly diýen ýaly maglumat ýazga geçirilmändir. Owganystandaky urşlar zerarly hanyň ogullary, agtyk-çowluklary Eýrana, Türkiýa we Ýewropanyň dürli döwletlerine göçüp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Bu bolsa biziň derňew işimizi kynlaşdyrdy. Hernä elimizden gelen işi yhlas bilen okyjylara hödürleýäris.
 

■ Jüneýt hanyň göreşi hakynda ýazylan kitaplardan birnäçesi:

1-Beki Seýtakow: Doganlar romany.
2-Rahym Esenow: “Sähardaky salgymlar” we “Sary domenýonyň kölgeleri”
3 -Gylyç Kulyýew: Gara kerwen.
4-Gaýyp Nepesow: Demirgazyk Türkmenistanda Sowet gurluşynyň ýeňişi.
5 -Junaid Han. Buris Çeperonow-Борис Чепрунов(1938-nji ýylda atyldy).
خوارزم رسخ؛ جنیدخان، بلشویک ها و سقوط خانات خیوه )1924-1910( – دوب یاروشوسیک - 6
Horerzm-e sorh; Jüneyit hanyň, Bolşewiklere garşy göreşi- farsça terjime edilen (1910-1924) –Dub Ýaruşewski
(Bu kitapdan bölekleri goşmaça bölümde getirdik)

-------------------------------------------------
[1] Rahym Esenow: «Sary dominýonyň» kölgeleri. Aşgabat. «Magaryf» 1985
[2] G.Nepesow: Demirgazyk Türkmenistanda Sowet gurluşygynyñ ýeňişi. Aşgabat 1956
[3] gollanma.com/

Arne GOLI,
Taryh ylymlaryň kandidaty

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 101 | Добавил: Gurgencli | Теги: Arne Goli | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 5
0
5 Jeksparro   [Материал]
■ kopyalap goyaymaly!

0
4 Gurgencli   [Материал]
Has uly gara nokady nädip goýýaň? Meň klawemde olar ýaly şekil ýok, belki saýtyň özünden goýulýandyr diýip soraýaryn.

0
3 Gurgencli   [Материал]
Has ekedenem berekella eşidip boljak ekena:)

0
2 Kitapcy   [Материал]
Äl, berekella!

0
1 Gurgencli   [Материал]
Işallah kitabyň mazmunyna görä birçetden kitaby dolulygyna saýtymyza ýerleşdireris.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: