22:39
Kesmäň meniň goşgularmy

KESMÄŇ MENIŇ GOŞGULARMY

Kesmäň meniň goşgularmy,
Kesmäň, almaň badyny.
Sizden uly towakga.
Olar – gözi bakylyk
Söýen gyzlarym hakda.

Olar meniň ilki söýgim,
Gamgyn söýgim paşmadyk,
Men özgäniň sözi bilen
Ýüregimi açmadym.

Kesmäň meniň goşgularmy,
Pyşyrdaşyp, kikirdeşip.
(Öz sözüň näçe az bolsa,
Şonça kän bor pikirdeşiň).

Ýoýmaň durkun bölüp-biçip,
Bilýän size edere iş kän.
Haýyş sizden bölüm müdir,
Haýyş sizden edebi işgär.

Olar meniň hoş gylygym,
Göwnümde beslänlerim.
Kesmäň meniň goşgularymy,
Ömrümi kesmäň meniň!

Gurbandurdy ORAZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Gurgencli   [Материал]
Siziň diýýän şahyryňyzyň (R.Mejik) goşgulary mende ýokda.

0
3 Ogulgerek   [Материал]
Eger mümkin bolsa?

0
2 Ogulgerek   [Материал]
Şonuñ goşgularyndan yetirip bilmermisiñiz Gurgençli dogan?

0
1 Ogulgerek   [Материал]
Rejepgeldi Mejikow diýen gowy şahyr bolmaly.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: