18:16
Aýbym ýok

AÝBYM ÝOK

Men bir göni gelen jeren,
Gözümden başga aýbym ýok.
Ile aýdyp bilmän ýören
Sözümden başga aýbym ýok.

Üstüne zat goýulmadyk,
Kül boluban sowrulmadyk,
Köräp oda öwrülmedik,
Közümden başga aýbym ýok.

Akar suwda sep bolarmy?
Warsakydan gep bolarmy?
Ajaýyp zat köp bolarmy?
Azymdan başga aýbym ýok.

Içim hümletdim, il eşitdi,
Syrymy pişme dek seçdi,
Ömrüm-ýagmyr ýaşyn saçdy –
Ýazymdan başga aýbym ýok.

Ýaş sahyr men, ýetdim ellä,
Meşhur boljakdym şu pillä,
Nä ýazygy bar mähelläň?!
Özümden başga aýbym ýok.

Men bir göni gelen keýik
Gözümden başga aýbym ýok.
Aýdyp ýetişmejek beýik
Sözümden başga aýbym ýok.

Gurbandurdy ORAZOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Gurgencli | Теги: Gurbandurdy Orazow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 11
0
11 Ogulgerek   [Материал]
Bize-de diñledersiñ-dä Aşgabada baranymyzda Sapa dogan smile

0
10 Palitra   [Материал]
Gowy goşgy.

0
4 Gurgencli   [Материал]
Gurbandurdy agaň özem ussatlarça ýazýar, ýöne nämüçindir arzuw edýän meşhurlygyna ýetip bilmändir. Köp goşgusy gynançly

0
3 Gurgencli   [Материал]
Men diňläp görmändirin. Internetden tapyp bolarmyka Sapa dost?

0
5 Pegas   [Материал]
Tapyp bolmaz. Meň diktofonymdan tapyp bolar smile

0
6 Gurgencli   [Материал]
Özüň ýazdyrdyňmy? tüweleme Gurbandurdy agany tanaýaňda diýmek. Nete ýükleda diňlejek köp bolar

0
7 Pegas   [Материал]
Hawa, gatnaşýan ýaşulymyz. 1-2 gezek öýe hem myhman bolupdy. Aşgabada barsam, diňe anekdotlaryny eşitmek üçinem gumdaky öýüne baryp gaýdýas. Goşmaça maglumat: ýaşulyň eli hem süýji)))

0
8 Gurgencli   [Материал]
Sataşsaň meň adymdan salam aýdarsyňda, "Köneürgençli okyjyň salam aýtdy" diý haýyş. Goşgularyny örän halaýan

0
9 Pegas   [Материал]
Nesip bolsa)

0
2 Pegas   [Материал]
Gurbandurdy agaň "Halymga" goşgusyny okaýşyny diňlän bolsa, Magtymgulynyň özi hem haýran galardy. smile Owadan okaýar.

0
1 Gurgencli   [Материал]
Hudaýa şükür goýuldy smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: