18:15
Ol gylyç - parol

OL GYLYÇ - PAROL

Din işleri ministri Aly Erbaş Çandarly Halyl paşa boljak bolýarmy?
Erdogan munuñ parhyndamyka?
Başlalyñ onda:
Aýasofýa meselesi - hem yslam taryhyny, hem osmanly taryhyny öwrenmek üçin gowy mümkinçilikleri döretdi.
Mysal üçin…
Köşkdäki dindar gatlaklaryñ lideri baş wezir Çandarly Halyl Stambuluñ alynmagyna hemişe garşy çykdy. Gowşak we ýerliksiz hüjüm edijilikli syýasat ýöredýär diýip, eger Mämmet II Stambuly alsa “Fatih” bolup, häkimiýeti doly ele alar öýtdi. Şonuñ üçin ol Mämmet II-niñ güýçsüzligine galyp, aýdan-diýeninden çykmazlygy we şeýmekligiñ hasabyna öz ygtyýarlyklarynyñ mizemezligini saklamagy isledi.
Çandarlynyñ kes-kelläm garşy çykandygyna garamazdan, 1453-nji ýylyñ 6-njy aprelinde Stambul gabawa alyndy. Emma... näçe gün geçse-de, Stambuluñ belent diwarlaryny aşyp bolmady.
Çandarly Diwan toplanşygynda aýak diräp, gabawyñ bes edilse gowy boljakdygyny aýtdy durdy. Şol sanda ol psihologik söweş tilsimini-de ulandy, haçparaz flotiliýasynyñ ýola çykandygy barada myş-myş ýaýratdy. Goşunyñ sussuny basmak üçin elinden gelen pyssy-pyjurlygy gaýgyrmady.
Gapma-garşylyk häkimiýetdäki fraksiýa çekişmesini has-da ýitileşdirdi. Biriniñ başynda Çandarly paşa, beýlekisiniñ başynda Köreken Zaganos paşa bardy.
Stambuluñ alynjakdygyna bolan ynam sarsmaga başlady.
Mämmet II 26-njy maý güni ymykly karara gelmek üçin harby geñeşi toplady. Çandarly ýene pikiriniñ arkasynda durdy. Fetihiñ tarapdary Zaganos paşa bolsa operasiýanyñ dowam etdirilmegini dogry hasaplady.
Ine... Bu toplanşykda Mämmet II (Akşemsetdiniñ hatyna görä) özi göwünjeñ bolmasa-da, esgerleriñ şäheri üç günläp talamagyna rugsat berdi.
Ertesi gün dellallar habary goşuna mälim etdi. Iki günden soñam Stambul alyndy.
Çandarla soñ näme bolandyr öýdýäñiz?

HÄKIMIÝET GARPYŞYGY

Stambul eýelenenden soñ Çandarly Halyl paşa wezipesinden boşadyldy. Ýedikule Altyngapy zyndanynda kyrk gün saklandy.
1453-nji ýylyñ 10-njy iýunynda gözlerine mil çekilip, ölüm bilen jezalandyryldy, mal-mülki, bar baýlygy döwletiñ hasabyna geçirildi.
Çandarlynyñ wagşylarça öldürilmegi boýunça dürli düşündirişler bar:
Birinjisi, Mämmet II-niñ häkimiýeti ele alandygyny Gapyguly esgerleridir we ulamalaryñ arasyndaky Çandarly tarapdarlaryna göz görkezmek islegi. Bu pikiri öñe sürýänleriñ pikiriçe, Aýasofýanyñ metjide öwrülmeginiñ düýp sebäbinde-de dindar gatlagyñ arasyndaky Çandarly tarapdarlarynyñ göwnüni hoş etmek ýaly meýiller bardy. (Şeýle-de Baýezit II kakasy Fatihiñ "öwrülişikçi" tarapdarlaryna garşy dindar gatlagy öz tarapyna çekmek üçin Stambuldaky birgiden buthanany metjide öwürdi, metjit bolan ýerleri halwetiler ýaly tarykatlaryñ ygtyýaryna berdi. Şonuñ üçin oña “Weli” lakamy berildi. Baýezit II Çandarlynyñ ogly Ybraýym paşany-da baş wezirlige belledi!)
Ikinjisi, Stambuluñ eýelenenden soñ Çandarlynyñ Wizantiýa hökümetine (we onuñ emri astyndaky Şazada Orhan Çelebä) ugradan hatlarynyñ orta çykmagydy. Häkimiýetdäki ornunyñ peselmegini islemedik Çandarly duşman bilen ýaranlyk etmek ýaly ikiýüzli hyýanata-da ýüz urmakdan çekinmändi!
Dillerinde dowamly “eždat” sözüni düşürmeýänleriñ osmanlynyñ syýasy taryhyny gowy bilýändigine onçakly ynamym ýok. Ýogsam bolmasa olar Aýasofýada Atatürke dil uzadan Aly Erbaşyñ haýsy taryhy şahsyñ tüýsüne girip hereket edendigini añşyrarlardy!
Ýagdaý şeýle:

AKLA NÄMELER GELÝÄR

Bu gün Türkiýäniñ üns merkezinde näme bar?
Aýasofýanyñ metjide öwrülmegimi?
Yogsa-da… Din işleri ministri Aly Erbaşyñ Aýasofýa münberinden Atatürke nälet okamasymy? Gürrüñsiz ikinjisi.
AKP häkimiýeti özüne şu sowaly bermeli:
Professor Aly Erbaş ýaly bir alym adam Aýasofýa metjidiniñ açylyş dabarasyna sözlän sözleri bilen näme üçin tegmil sürtdi? Özem:
FETÖ-nyñ Abant toplanşyklarynyñ barsyna diýen ýaly gatnaşan we "Dinlerara dialog" maksatnamasynyñ iñ esasy ýolbaşçylaryndan professor Aly Erbaş münbere gylyçly çykyp, kimlere subliminal yşarat etdi?
“Hristianlykda reforma we protestant taryhy”, “Hristianlykda ybadat” ýaly kitaplaryñ awtory Erbaş Aýasofýanyñ metjide öwrülmesiniñ hristian dünýä üçin nämäni añladýandygyny bilmeýändir öýdýäñizmi?.. Muny gaty gowy bilýän we dinler taryhy boýunça ökde taryhçy Erbaşyñ eli gylyçly münbere çykmagyny nähili düşündirse bolar? Dünýäniñ we aýratynam Russiýanyñ gözüne türk döwletiniñ fetih meýillidigini somlajak bolýarmy?
Häkimiýet sowukganly beýannamalar bilen çykyş edip durka, Erbaş näme üçin içerki we daşarky jemgyýetçilige meçew berjek bolýar?
AKP bu soraglar bilen ýüzleşenok.
Şonuñ üçin olar FETÖ-nyñ ýetişdirip, aralaryna oklan kriptolarynyñ gelejekde gaýyrjak işleri başlaryna iner durar, iner durar...
Gylyçly gürrüñiñ özüne aýratyn söhbet gerek: Nämäniñ paroly? Meselem:
FETÖ esgerleriniñ tabynlygyny görkezmek üçin Fethullah Gülene uçurym gylyçlaryny sowgat edendikleri eýýäm ýatdan çykdymy?
FETÖ üçin “gylyç” 15-nji iýul agdarlyşygynyñ paroly däldimi näme?
Bularyñ hemmesi tötänlikmi?
Erbaş ol gylyjy nireden aldy?
Netijede:
Mämmet II-Çandarly gatnaşygyny duýgular bilen däl-de, akyl bilen analiz etmek gerek.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.

Категория: Publisistika | Просмотров: 68 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 5
0
5 Kitapcy   [Материал]
Belkäm, AKP hökümeti Erbaşyñ hutbasynda beyle sozleri ulanjagyndan bihabardyr. Eger şeyle bolyan bolsa, hökümet derhal ony wezipesinden boşatmalydyr, ya-da ozi oz islegi bilen wezipesinden ep çekmelidir. Diñe şeydilende halk AKP-niñ beyle hapalygyñ arkasynda däldigine ynanar. Başga hili yagdayda bu çekişmeleriñ yzy gutarmaz...
FETÖ-nyñ hasabyna 1:0. Türkiye hakykatdanam hazir "nälet" sebapli ikä bölündi.

0
4 Kitapcy   [Материал]
Diñe "nälet" çekişmesiniñ özi eýýäm alty gün bäri syyasatyñ üns merkezinden düşenok. Otuz-kyrk milliondan gowrak türkiýeli Din işleri ministri A.Erbaşyñ bu şübheli çykyşyndan doly nägile...

0
3 Kitapcy   [Материал]
AKP-ni häkimiýet başyna getiren FETTOŞ-lar ýene AKP-niñ başyny iymän dek yatmahaga meñzeýär...
FETÖ yene iş başynda...
Türkiýe hökümeti Egeý deñzinde Gresiya b.n, Ortayer deñzinde Kipriñ ustunde Kipr Rum dowleti bilen çäk dawasyna tutluşan wagty, Siriya, Liwiya, Yrak yurtlarynda geçiryan harby operasiyalaryny ABŞ, Angliýa, Fransiya, Ysraýyl, il yuzune dost gorunip ýeñ aşagyndan Türkiya garşy yaragly toparlary goldayan Russiýa... yaly yurtlaryñ doredyan durli bokdençliklerije garamazdan amala aşyryarka - orta atylan Aýasofýa meselesi, onuñ metjit edilmegi, ilkinji juma namazynyñ hutbasynda münbere eli gylyçly çykmak, Atatürke nalet okamak, yzysüre halyflyfyñ dikeldilmelidigi barada pikiri orta oklamak...
Bularyñ barsy Türkiýäniñ içerki we daşarky gapma-garşylyklaryny yitileşdirmek, ony Egey we Ortayer deñzindäki çäk dawasyndan sowaşdyrmakdyr...

0
2 Kitapcy   [Материал]
Eger Atatürke kakdyryp nälet okamadyk bolsa: "Atatürk - biziñ hemmämiziñ, halkymyzyñ gahrymanydyr, heý oña-da nälet okalarmy, heý menem oña nalet okarynmy..." diyen bolsa has gowy, has ynandyryjy bolardy...
"Birwagt ölen adam..." diymegiñ ozunde eýýäm içki şahsy ýigrençlerinu basyp bilmezligiñ alamaty bar... Bir halkyñ halasgärine köçede gezip ýören ýönekeý birine aydylyan sozler yaly sozler ulanylarmy hey?

0
1 Kitapcy   [Материал]
Eli gylyçly hutba çykmak, Atatürke kakdyryp nälet okamak, yzyndanam "Atatürk 82 ýyl mundan öñ ölüp giden adam, öleniñ yzyndan doga okalýar, betdoga däl..." diýmek, hutbasynda respublikan režimiñ taryhyna gönükdirip fetret sözüni ulanmak...
Bu zatlaryñ düýbünde modern Türkiýäni guran Atatûrke bolan ýigrenç, hakyky dini ýobazlyk, dini gatlagyñ ulamasyna gelişmejek ikiýüzlilik bar...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: