20:12
Taryhdan biziñ günlerimize çenli Gurbanlyk dessury

TARYHDAN BIZIÑ GÜNLERIMIZE ÇENLI GURBANLYK DESSURY

Men bu makalamda ýetip gelen mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Gurbanlyk desssury barada ýazmagy müwessa bildim.
Gurban sözi biziñ dilimize ibrany (gadymy ýewreý) dilinde gabat gelýän "korban" sözünden gelip çykyp, ol "sowgat bermek", "hudaýýoly aýtmak" diýen ýaly manylary añladýar. Adamzat dünýä döräli bäri, heniz dinler döremänkä wulkanlaryñ, ýer yranmalaryñ, ýyldyrymlaryñ, silleriñ, ýangynlaryñ garşysynda ejiz ýagdaýa düşüp, özlerini tebigatyñ gahar-gazabyndan goramak üçin çokunýan hudaýlaryna dürli gurbanlyklary beripdirler. Ondan soñrakky döwürlerde paganistik ynançly birnäçe jemgyýetler we medeniýetler hudaýlaryñ gazabyndan goranmak, kämahal bolsa olara minnetdarlyklaryny bildirmek üçin gurbanlyk däbini dowam etdiripdirler.
Gadymy grek, arap, pers medeniýetlerinde gurbanlyklar halkyñ çokunýan butlaryna, hudaýlara ýörite ybadathanalara äkidilip berlipdir.
Türkmenleriñ gadymy ata-babalary bolsa Tañra öz minnetdarlyklaryny we hormat-sylaglaryny görkezmek maksady bilen ganly ýa-da gansyz gurbanlyk beripdirler. Bu tradision dessuryñ semawy dinlere gelip ýetmesi Ybraýym pygamberiñ başyndan geçen waka bilen baglanyşyklydyr. Üç ylahy kitapda (Töwrat, Injil, Gurhan) gürrüñ berilýän hekaýatda-da Hezreti Ybraýym pygamber ogul perzent diläp Hudaýa doga-dileg edýär. Bir gün Jebraýyl perişde gelip, oña ogul perzendiniñ dünýä injekligini buşlaýar. Muña uçursyz begenen Hezreti Ybraýym (a.s) ilkinji çagasyny Hudaýa gurban etjekdigini aýdýar. Çaga ulalyp ese-boýa galýança pygamberiñ beren sözi ýadyndan çykyp gidýär. Şeýle-de bolsa, Ybraýym Halylulla haj ybadaty gutarandan soñ Zülhijje aýynyñ sekizinji gününiñ agşamy düýşüne Jebraýyl aleýhyssalam girýär we oña eden ähdini ýerine ýetirmekligi ýatladýar. Allanyñ perişdesi ondan nowbahar ogluny gurban etmegi talap edýär. Pygamber bu ýagdaýy ogly Ysmaýyl bilen maslahatlaşýar. Ysmaýyl "Kakajan, buýrulan işi et, enşalla meni sabyr edenleriñ arasyndan taparsyñ" diýýär. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylyñ bogazyna pyçagy birnäçe gezek sürtse-de pyçak oña tär etmeýär. Şol wagtam Mina dagy tarapdan bir goç inýär we Jebraýylyñ sesi eşdilýär. Allanyñ perişdesi ondan gelen goçy gurban etmesini talap edýär. Bu däp Hezreti Ybraýymyñ ogly Ysmaýylyñ we agtygy Ýakubyñ üsti bilen dowam edipdir hem-de ýewreýleriñ başlangyç taryhyndan ikinji ybadathanalarynyñ ýykylyşyna çenli Hudaý Ýahwä minnetdarlyklaryny bildirmekde uly ähmiýeti bolupdyr. Hristianlykda Hudaýyñ ýoluna hiç hili gurbanlyk kesilmeýär. Çünki hristianlaryñ ynanjyna görä "gurban" - Isa pygamberiñ özüdir. Hristian ynanjynda haça çüýlenen Isanyñ külli adamzadyñ günäleri üçin özüni gurban edendigine ynanylýar. Hristian buthanalarynda taýýarlanylýan çörek we şerap hut şol gurbanyñ añlatmasydyr. Şoña görä hem olara gurbanlyk etmegiñ hiç hili hajaty galmaýar.
Yslam ynanjynda bolsa, gurban - Allatagala ýakynlaşmak maksady bilen we Onuñ razylygyny gazanmak üçin hudaýýoly niýetli kesilen haýwandyr.
Gurbanlyk etmek hijretiñ ikinji ýylynda musulmanlara wajyp kylynypdyr. Pygamberimiz (s.a.w): "Wagty we mümkinçiligi bar bolubam gurbanlyk etmedikler biziñ metjitlerimize gelmesin" diýipdir. Alladan başgasynyñ adyna gurbanlyk etmek haramdyr. Gurbanlygyñ ýörite wagty bardyr: gurban baýramy diýip bellenen üç günüñ birinji güni irden baýram namazyndan soñ başlaýar we üçünji güni ikindin namazyna çenli dowam edýär. Şol wagtdan soñ gurbanlyk etmek bolanok. Gurbanlyk mal hökmünde iri şahly we ownuk mallardan erkegi we iñ sagdyny saýlanyp alynmalydyr. Gurbanlyk berlen malyñ etini gurbanlyk edeniñ maşgalasy-da iýip bilerler, emma etiñ üçden bir bölegi hökmany suratda sadaka paýlanmalydyr. Gurban baýramynyñ dost-ýarlarymyz, tanyş-bilişlerimiz, dogan-garyndaşlarymyz bilen barşyp-gelişmekde ähmiýeti uludyr. Bu mübärek baýram bahanasy bilen eklenç we durmuş alada-gaýgylary bilen biri-birinden daşlaşyp barýan adamlar gaýtadan didarlaşýarlar, bir saçagyñ başynda duz iýişýärler...
Men bu gysgajyk ýazgym arkaly, makalamy okan ähli okyjylarymyñ mukaddes Gurban baýramyny tüýs ýüregimden mübärekleýärin we olaryñ hemmesine il-günümiz bilen bile nijeme baýramlary bilelikde gutlamagy arzuw edýärin.

Jemaly ÖZBEK.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 174 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jemaly Özbek | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: