20:36
Ganly erteki

GANLY ERTEKI

Akylym, paýhasym,
Dogry kararym.
Yzyña garama, gaç bu taýlardan!
Sypaladyñ,
                     soñam ogşadyñ meni
Gozgadyñ ýerinden, çykardyñ daşa
Içimde düýrlenip ýatan jynymy.
Sen näme üçin meniñ ölmüm dilediñ?
Şol betpygyl, netikaza a:llardan?!.
Hernä maý aýydy...
Hut şoñ üçinem
Geçdim seniñ eden barça günäñi!
Men suwy has köp içýärin maý aýy
Çuñlugymda şypyrdaşýar balyklar
Çuñlugymda ganym lasyrdap akýar.
Men maýda has köp egýärin başymy,
Gursagymda ysmaz bolan göçegçi
hyýallar asmana delmuryp bakýar.
Aýamda ýaraly kebelekleri
Eglemegi maý aýynda bilipdim.
Dynç alynýan telärleriñ astynda
Saz diñlemäñ ajaplygyn duýupdym.
Belkäm, maý aýynda idollaryña
Akja reñkli gysby eşik geýinip
Aýaklañ ýalañaç, ýüzüñ şemala
tutup, başyñ öñe egik ýagdaýda
Ýyllar boýy şol teläriñ astynda
Dursañ, gowy bolaýjak ýaly hamala!
Hat bukjanyñ ýüzündäki şäheriñ
Ýatyrkañam ismin bilişiñ ýaly.
Bir kesmeklän giden iriñli ýarañ
Ýüzüniñ gabygy boluşyñ ýaly.
Hemme zat biderek
Nädeli, ýarym...
Tapawudy bilmezlige salynyp
Dek tomsa girmeli çagy gelende
Tomsuñ gerdenine münmeli wagty
Gaçyp giden şol näzijek aýaklañ
teýinden iñ soñky gaçybatalga
teläri-de, gaýgy-gamlañ ir-agşam
Müşderisi bolan aýdym-sazy-da,
Ýegsan edip gitdi.
Düşýäñmi, maña...
Şolam maý aýynda bolupdy, eýsem!..
Hut şonuñ üçinem geçdim günäñi!
Sesim bardy, señ kölgäñe dowamat,
Bilýän, çagalardan enaýy däldi
Biziñ bir-birmizi söýen bolşumyz,
Hem dälilik!
                      hem iñ uly garamat!
Gorkunç söýgimiziñ hatalaryny
Birlaý gözden geçirensoñ täzeden
Ýalñyzlygyñ el degmedik künjüne
Ymtylşymyz görülmedik keramat!
Sen ýokkañ men başyboşdym, sallahdym.
Ýadyña sal:
Sypjyrylan dyzymy
Bilegimi, gapak ýaly döşümi
Senden gaýgyrmadym, saña bagş etdim.
Aýdym-saz.
Galmagal.
Klassyky yşk.
Nejasat.
Demiñ gysýan petişlik.
Ýadyña sal, gözleriñ bir ummandy.
Şol günäsiz gözler birje garasa
Dünýäniñ bar şowhunyndan geçerdim.
Agza salyp getiren gar suwumy
Şol gözlere,
Ýüregiñe gaçyrdym.
Owkaladyñ,
                     soñam ogşadyñ meni
Çykardyñ içimde ýatan jynymy.
Düşegme döküldi
Düşegme döküldiñ
Düşegñe döküldim.
Bu soñy gelmejek gijäñ tümünde
Ähli öñki gezen oýnaşlarymdan
Aýrylyşdym,
                      ilik-düwme söküldim!
Señki boldum!
Biwepalyk edip hapalan ýerñe
Gan bilen garaldan gabaklaryña
Magşar gyratyna atlanan lebñe
Gözüm dañlan ýaly mäkäm sokuldym!
Üşeýädim,
                    maña tarap sürünýän
pişik dodaklarña ymsynýan, göýä
Taýçanagyñ ene baýtala tarap
Dyzaýyşy ýaly batly dyzaýan.
Soñam ymyzgaýan didäñe garap...
Düşünýäñmi maña...
Duýýañmy meni...
Meýdime täzeden jan bermek üçin
Ömrüñ ortasynda garradym göni...
Ikibaşdan şowsuz gutaran yşklañ
Ortasynda men özüme kast etdim!
Ylgadym, yzyma garaman gaçdym
Gamdan gaçyp, düşdüm gussañ eline
Kimler söýüp akyl-huşun ýitirer,
Elem çeker, agram berer diline.
Aglar,
           ölen pederini ideglär.
Bilmez nirde ýaşap, gezip ýörenni
Añkaw bolup günün-aýyn ötürer.
Edil maý aýyny ortalaberse
Bir galar,
                 bir çöker. Ýa-da kalbyña
Togap eden ar alyşyñ hyjuwy
Dek tomsa girmeli çagy gelende
Tomsa aşpyçagyn dürtmeli wagty
Sapy emelsizje ýasalan pyçak
Yza döner...
Döner gerek? Bilýän-ä...
Üzlem-saplam birnäçe söz...
Bulaşyk...
- Onda öldüreýin, dynaýyn... - diýip,
Dymarsyñ.
Soñ gaçar giderin, idänem bolmaz...
Diýip, okdurlarsyñ göýäki suwda
Ýüzüp barýan gaýyk ýaly aprelden
Iýunyñ çetinden gireninde maý,
Ah, ýene şol saz!..
Wah, meñ kengurulañ ýantorbasynda
Gizläp goýan jigerbendim, zürýadym!
Talañym!
Artygym!
Ýetmän galanym!
Ýarpy galanym!
Men nädip ýuwdardym biwepalygñy?
Şol duýgy seni-de, meni-de birden
Hemme zady maý aýyna öwürden.
Hut şonuñ üçinem geçdim günäñi!
Syrygyp, toprakdan çykardyñ meni
Çañymy süpürdiñ,
Üflediñ jana.
Tozana garylyp ýatan dünýämi
Ýalpyldadyp goýduñ, sen, allanäme.
Sypaladyñ,
                     soñam ogşadyñ meni,
Çykardyñ içimde ýatan jynymy.
Gitmekçidiñ,
                       makul bildiñ galmagy.
Öñki gidenler deý ötünç soradyñ.
Şonda maý aýydy....
Tüýs aýny wagty!
Ötünç soramaly wagtyny bildiñ.
Şoñ üçinem bagyşladym men seni!

Küçük ISGENDER.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 178 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Küçük Isgender | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 2
0
2 Kitapcy   [Материал]
Minnetdar, Şyhmyrat aga!

0
1 Garaýolly   [Материал]
Gochgynyñ asyl nusgasyndan bihabar. Emma, terjime hut Has Turkmeniñ oz stili bolupdyr. Adatca, poetik eserleri bashga dilden terjime edende terjime edilyan chahyryñ oz stilini, shygyr stilini saklamaly diyyarler. Bu gowy zat. Yone, bashga milletiñ chahyrynyñ goshgysy milli turkmen aheñinde yañlansa turkmen shahyrynyñ oz añyna siñip, endige owrulen stilinde okalsa oña soz barmy! Ine., shu terjimani, asyl nusganyñ awtorynyñ ady goyulmadyk bolanda, Has Turkmeniñ oz goshgysy diyip oylardyk. Cunki, shygyrda terjimeciniñ ozune has stil, guycli pafos mesaña duyulyar. Bir-de Mammet Seyidiñ terjimelerini gowy goryan. Meselem, onuñ Pushkinden eden terjimelerinde rusca mazmun turkmen dilinde Mammet Seyitce yañlanyar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: