00:15
Bir çarlagy agladypsyñ...

BIR ÇARLAGY AGLADYPSYÑ...

Soñ bir jeren öler ir-säher çagy...

Ýangyç beketlerne giden ulagdan
Akyp barýan ýaşylröwüş gözýaşlar
Sarkýar haýsydyr bir yşkyñ gözünden...
Suwuñ ukysy ýok!
Suw düýşi bilmez!
Düşürsinler meni seniñ ýüzüñden.

Arzanja peýnirdir porsy meý bilen
Gaýgy-gam, ýakymsyz ýatlama bilen
Öýlänçi deý geçip gitdi ömrümiz.
Ýogsa, kesip taşlaýsammy goşarmy,
Arzan päki bilen,
Ger oñlasañyz?...
Şol wagt iñlärin çaga mysaly
Arzan düşen söýgülere bulaşyp
Poha batyp galan hokgabaz ýaly
Yşkbazlañ iriñli ýaralaryndan
Jerhet akar, şöhwet akar pörsüldäp
Jerhet garym-gatym bolar şöhwete
Ikiýüzli hyýanata ulaşyp...
Aýrylşan aşyklar tapar gijäni
Garpyşaryn ýene köçeme-köçe.
Dyrnaklarmy böwse-böwse çykarlar
Meniñ aýgyrlygym ýene, gör, nije...

Sen ýüregme batan aýna gyýçagy
Barha çümüp barýañ ynjy paýradyp.
Ne bar bolup bar biz,
                            ne ýok bolup ýok.
Ne salama duşýas,
                            ne ýitip gidýäs,
Ýagyş ýagdy, ikimizem duýmadyk!
Sen-ä maña tarap,
Men saña tarap,
gaçaýmasak. Irde-giçde barybir
Garyşarys seniñ bilen durmuşa.
Señ aýañda mahmal tutyñ külkesi
Meñ saçyma güýz şapagy garyşa...

Bir nätanyş zenan aýdym aýdanda,
Biziñ adymyzy ýat eder geçer
Kimler şanymyza içer, lül bolar.
Soñra... soñra bir gün ýatdan çykarys
Ornumyzda agyr argynlyk galar...

Bir çarlagy agladypsyñ,
dur, indi...
Bu bolşumyz çagañkydan gowy däl,
Olam öz janyna eder kast indi.

Küçük ISGENDER.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 208 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Küçük Isgender | Рейтинг: 4.5/4
Всего комментариев: 7
1
7 Bagabat   [Материал]
Äý, onsoňam, düýbünden paýyş hasaplanmaýan, diňe "medeniýetli" sözleri ulanyp, şeýlebir göwnedegiji sögüp bolýar. Beýle kemsidiji sögünji hatda paýyş sözleri ulanybam düzüp bolmaz. Onsoňam islendik söz onuň aýdylyş äheňine we ulanylýan kontekstine baglymyka diýýärin. Mysal üçin: gaharlanyp, gazap bilen: "Sen doňuz!" diýseň, musulman bendesi üçin bu juda erbet sögünç. Oýun eden bolup: "Haý doňuz-a!" diýilse, bu eýýäm başgaça kabul edilýär. Bezzat çagajyga durmuşda: "Haý doňuzjyk!" diýip guwanylýan ýagdaýlaryna-da duş gelmek bolýar. Hakykat-da bolsa "doňuz" diýen söz bu haýwanlaryň bir görnüşiniň atlandyrylyşy, ýene-de oňa oba hojalygynyň maldarçylyk pudagynda önüm birliginiň aňlatmasy hökmünde garalyp bolnar. Şygryýetde ýa-da kyssada, umuman edebiýatda medeniýetlilik barada aýdylanda bolsa, öz tejribämden bilýärin, käbir ýagdaýlarda nähili gödegem bolsa, hut şeýle aýtmasaň göwnüňe jaý bolmaýan ýerleri bolýar. Ýöne, meniň pikirimçe, döredijilikde çakdan aşa tebigylygy hem ulanmaly dälmikä diýýärin. Mysal üçin, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň birinde-de (haýsydyg-a anyk ýadyma düşmeýär) "Pylan zat etseň, märekede çermegiňi çekip s...n ýalydyr" diýen setirlere gabat gelenimde özüme birhili täsir etdi. Dogry, ýöne ol ýerde korrektor hut şol sözüň deregine köp nokat goýupdyr. Ýa-da başga bir mysal, XVI-XVII asyrlarda ýaşap geçen iňlis şahyry hem dramaturgy Ben Jonson özüniň sahna eserlerinde "hakyky durmuşylyga" we "gödeksi tebigylyga" ýykgyn edipdir. Onsoň onuň drama eserleri sahnalaşdyrylanda artistler, hamana hajathanada ýaly, göni sahnada, tomaşaçylaryň gözüniň alnynda öz tebigy zerurlyklaryny kanagatlandyrypdyrlar... Şonuň üçinem, meniň pikirimç-ä islendik eserde-de duýguňy hem-de pikiriňi ýiti beýan etmeklige gönükdirilen gödeklik bilen şol gödekligiň wejeralyga geçmeginiň arasyndaky altyn ortalygy tapjak bolmalymyka diýýärin. Ýöne, bu şygyr barada ýene-de bir gezek belleýärin: Meniň pikirimç-ä güýçli ýazylypdyr. Deňiz kenarynda ýerleşýän mähnet, alagaraňky, darajyk köçeli, diňe daş bilen kerpiçden gurlan şäherde, sowuk hem mährewsiz durmuşda, sowuk ýagşyň astynda ýalňyzlykdan ezýet çekýän köňül barada ýaly bolup dur...Barokko stiline ýakyn...

1
6 Hаwеrаn   [Материал]
"Akar durar, üsti-başyñ poh eder" (Magtymguly "Nas atan"), "Ýoldaşyñ garga bolsa iýeniñ poh bolar" we ş.m.. türkmende-de "gödek" hasap edip boljak söz düzümleri az däl. Gaýtam şeýle söz düzümleriniñ täsir edijilik güýji beýlekilerden bir ädim öñdemikä diýýän.
Onsoñam siz gödek sözler bilen hapa (wulgar) sözleri bulaşdyrýañyz. Gödek sözleri ýerini bilip ulansa bolarmyka diýýänşygyrda. A tersine hapa we paýyş sözler ulanylsa dogrudanam sizi ynjalyksyzlandyran gelşiksizlikdenem beter, edepsizlik bolar.
Sözler asyl nusgasynda-da şeýle.
@Bagabat gowy düşündiren eken.

0
5 Мylayym   [Материал]
Bagabat, düşündiriş üçin sag boluň, dogan!

0
4 Bagabat   [Материал]
Ýöne, suwuň ukusy bilen suwuň düýşi hakyndaky setirleri bolsa, üýtgeşik ekeni. Ýene-de bir ýerine düşen setirler: "Sen maňa tarap, men saňa tarap".

1
3 Bagabat   [Материал]
Şygyryň gödeksiligi bolsa onda beýan edilýän duýgularyň çykgynsyzlygyndan hem-de ýiti garaňkylygyndanmyka diýýärin...

1
2 Bagabat   [Материал]
Öz pikirlerine okyjynyň ünsüni çekmek üçin her kim birhili usul saýlap alýar. Okyjylar, kitap okaýan adamlaryň aglaba köpüsi edepli-terbiýeli adamlar bolýar. Elbetde olaram hapa-paýyş sögünmegi başarman durmaýarlar. Sebäbi öňde biriniň aýdyşy ýaly: "Gowy alkyşlamany başarýan adam, gowy edip gargyşlamany hem başarýandyr". Köpçülikde aýdylan paýyş söz bolsa edepli adamyň ünsüni çekýär. Elbetde, bu şygyrda ulanylýan "poh, ýara-para" ýaly sözler paýyş sözleriň hataryna girmeýär. Hasam şu şygyrdaky ulanylýan kontekstinde. Ýöne, olar şahyryň okyja ýetirmekçi bolýan duýgularyny has ýiti beýan edýändigi üçin şahyram, terjimeçem hut şol sözleri saýlap alan bolmaly. Meniň pikirimçe prof

0
1 Мylayym   [Материал]
Okyjy hökmünde halypalardan bir zat sorasym gelýä. Goşgy görsek, topulyp okaýas. Ýöne, kämahal, nebir okap otyrsyň welin, goşgynyň gidişinde gödeňsiräk ýerine gabat geleňde, alyňy çytanyňy duýman galýaň. Soňky döwürde "P... batyp galan hokgabaz ýaly..." ýa-da "Yşkbazlaň iriňli ýaralaryndan..." Ýaly gelşiksiziräk setirler ulanylyp başlandy. Meniň pikirimçe, şonuň ýaly sözler nebir goşgynyň görküni alaýan ýaly?! Oýlanyp, başgaçarak söz ulanylanda bolmadymyka? Meselem, laýa batmak, guma batmak, hapa batmak w.ş.m. Gönümelligiňem öz ugry-ýodasy bolmalymyka diýýän-dä...)
Belki men ýalňyşýandyrn.
Şu goşga bäşlik baha goýulany bilen, göz öňüňize getirip görüň, radioda, ýa telewidenýede "oka" diýilse, bolşy ýaly okap bolarmy şu golgyny?! Internet üçin bolsa, bu başga gürrüň.
Goşga analiz bermekden özümiň ejiz gelýänimi bilýän. Ýöne muny siz sorag hökmünde kabul edersiňiz diýip, tamam bar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: