00:31
Ýer ýüzüniñ aýatlary

ÝER ÝÜZÜNIÑ AÝATLARY

Oşol wagt,
Gün sowady, nur gitdi.
Hem bereket uçdy ene toprakdan.
Ýer goýnuna öli kabul etmedi,
Suwsuz galdy deñizlerde balyklar,
Galmady başga zat guran ýaprakdan.
Solgun penjireler gijäñ ýarynda
Depäñde düýrügip pelesañ kakýan,
Bulam-bujar bolan pikirler deýin.
Hem ýollaram alaowarra siñdiler
Ahyrky pellede tümlüge çykýan...
Hiç kim düşünmedi hakyky söýgä
Hiç kim ymtylmady göreşe, ýeñşe,
Paýhas ýok ýerinde orun ýok duýga...
Terslik çykdy gowagynda täkligiñ
Tirýegiñ ysyna eýlenip gana
Göwreli aýallar çygylyp zordan
Başsyz bäbekleri inderdi dünýä.
Gabrystana sary ylgaşyp barýan
Çagajyklar öz bolşundan utanýa...
Ýowuz günler geldi, 
                                garañkylygyñ 
Iniñ tisgindirýän gorkuly güýji
Ýeñilensoñ güzeranyñ gamyna.
Tañryñ saýlap-seçen pygamberleri,
Tüwmaýak düşensoñ gaçyp gitdiler,
Taşlap Haka çagyrylan ýerleri.
Öñi-ardy görünmeýän örüde
Halkyñ gaýyp bolan owlaklaryna
Tär etmeýär çopan sesi, haý-küşler.
Göýä aýnalaryñ bäbeneginde
Tersine öwüşgin atýardy reñkler,
Gyrpyldy, ikiýan gaýmalaşmalar...
Depesinden ot ýagdyrdy şatyrlañ
Utanç-haýasy ýok arsyz jelepleñ
Ýyldyrym mysaly zemine inen,
Hudaýyñ mukaddes ýagty halkasy.
Spirtli içgileñ batgalyklary
Serleri sämedip sordy içine.
Tekjeleri, şkaflary dolduran
Kitaplaryñ altyn sahypalarny
Gemrip taşladylar açgöz syçanlar.
Güneşiñ kazasy doldy,
                                     ertesi,
Kiçijik çagalañ hakydasynda
Ýitip giden gümp-samp uçgun mysaly.
Depdere dökülen goýy gap-gara
Syýanyñ ullakan tegmili ýaly
Gür berýärdi many bilmez çagalar
Täsinligni bu könelşen adalgañ.
Biçäre halk
Kem-kem ýüregi ölen, 
Daljygan, iñ soñky deminde duran
Maslyk daşap barýan aç eşek kimin
Bir eýlä, bir beýlä yrgyldap barýar
Hem bökdäp bolmajak etmişiñ pygly
Gollarynda pyntyk ýarýar, boý alýar.
Käte ýylpyldaýan kiçijik uçgun
Bu jansyz, sedasyz jemendäñ için
Parran dilip taşlaýardy birdenkä
Adamlar topulşyp bir-birlerine
Biri kütek pyçak alyp eline
Aýalynyñ damagyny çalýardy.
Bir ene öz dogran balalaryny
Lowlap duran tamdyr içre salýardy.
Hatda gorky-ürki gark bolup barýar
Tisgindirji duýgusynda etmişiñ
Öldürýär,
               öldürýär kör ruhlaryny
Hem çagalarny.
Haçan-da bir bendi dardan asylsa
Dar agajyñ ýagly ýüpi hallanlap
Gorkudan ýygrylýan göreçlerini
ýumup ýapyşanda kekirtlewükden
Saññyl-saññyl edip şöhwetden ýaña
Olar diñ salardy böwürlerine
Yza serpikdirip ýadawlyklaryn.
Ýöne her wagtam açyk meýdanda
Şu girdenek jellatlary görersiñ.
Seredýärler meñzäp doñan gurşuna,
Fontanlaryñ çürnüginden şillirdäp
Suwuñ şo-ol üznüksiz akyp durşuna.
Hernäme-de bolsa,
Näme-de bolsa,
Sykylşan gözlerniñ çuñluklarynda
Kinniwanja,
                        buýr-bulaşyk,
                                                   düşnüksiz
Ýarym-ýarpy janly bir zat galypdyr.
Mejalsyz çyrpynyp hyýal edýärdi
Ynanmagy suw sesiniñ çyndygna.
Hernäme-de bolsa...
Näme-de bolsa...
Boşlugyñ ne öñi, ne soñudygna...
Güneşiñ kazasy dolupdy, 
indi,
Kim aýdyp bilerkä gursagymyzdan
Uçup giden o lapykeç kepderiñ
Ynançdygyny...
Ah, bendiniñ sesi,
Bendiniñ sesi...
Ululygy çäksiz umytsyzlygnyñ
Bu ugursyz gijäñ bir künjeginden,
Ýagtylyga kiçijik yş açmazmy?
Ah, bendiniñ sesi,

Bendiniñ sesi...

Fürug FERRUHZAD.

Terjime eden: Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 405 | Добавил: НаS | Теги: Fürug Ferrugzad | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 13
0
13 Dunyagozel   [Материал]
Aýylgançmy? Ajaýypmy?
Bir karara geliň hany biggrin
Meň pikrim: terjime ajaýyp+sözleri aýylganç=oýlandyryjy.

0
12 Palitra   [Материал]
Dogrudanam ahyrzamany kyýamat gününi göz öñüne getirýän goşgy eken

0
11 Şahymerdan   [Материал]
Aýylganç

0
10 Garaýolly   [Материал]
Ahyrzamanyñ juda yowuzdan-yowuz keshbi.Ynsan bashyna dushenmusallat. Agyr kesapat. Cagalar we cagalardunyasi.Ahmyr hem armanlar. Her jumlesi. durmushuñ garañky suduruny aydyñlashdyryar. Oñat goshgy,gowy terjime.

0
9 Garaýolly   [Материал]
Ajayyp eser

0
8 Мylayym   [Материал]
Çopanlañ hay-küşüni diñlemyan owlaklar. - diyen setiriñem manysy çuñ

0
7 Мylayym   [Материал]
Juda yerine düşen metaforalar

0
6 Мylayym   [Материал]
Kim aýdyp bilerkä gursagymyzdan,
Uçup giden o lapykeç kepderiñ
Ynançdygyny...

0
5 Мylayym   [Материал]
Gabrystana sary ylgaşyp baryan,
Çagajyklar bolşundan utanya..

1
4 Zerinaý   [Материал]
näme ûçin terjimeçiñ sesi bar-da ady ýok?!

0
3 Мylayym   [Материал]
Kimiñ terjimesikä?

1
2 Zerinaý   [Материал]
Türkçe okadym bu goşgysyny. Ýõne meñ üçin şahyryn aytjak bolyan zadyny türkmence açyk berilipdir.

Bu şahyryñ goşgylaryny rusćada kõp terjime edilen. Meñ bir arzuwym original õz asyl nusgasyny okap gõrmek. Terjimä gõwnim yetdi

1
1 Zerinaý   [Материал]
Šu şahyry diyseñ halayan

Eyranyn yigriminji asyr edebiyatynyn gõrnukli şahyry ssenarist ajayyp zenan

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: