00:35
Derwüş ýapynjasy / hekaýa

DERWÜŞ ÝAPYNJASY

Ho-ol aňyrdan hellewläp Paryzdepe görünýär. Depäniň ýokarsynda pessejik asman – türkmen asmany asyl-asyl bolup dur. Göwnüňe, ökjäňe galyp, goluňy galdyrsaň eliň ýetäýjek ýaly bolup görünýär. Asmanyň ýüzünde asman soltany – bürgüt guş ganatlaryny ýaýyp, hökmürowanlyk bilen gaýyp ýör. Bürgüdiň göwresi Günüň öňüni tutan mahaly, äpet ganatlaryň kölegesi Oguz ilinde toý-toýlap ýören adamlaryň üstüne düşýär. Üstlerine bürgüt guşuň kölegesi – ruhy düşen oguzlar şowhunlaryny hasam artdyryp, söweşjeň ruh bilen gylyçdyr galkanlaryny depelerinde şakyrdadýarlar.
Bu gün Oguz ili toý toýlaýar. Toý sünnet ýa galpak toýy däl. Üýtgeşik toý – derwüşleriň nika toýy. Paryzdepäniň üstünde çadyrlar sanardan has köp. Olar at guýrugyndan işilen ýüpler bilen teblä berkidilipdir. Çadyryň depesine tawus guşuň ýelegi, ýuwanyň çagasy ýaly edilip oturdylypdyr. Ol gyz gupbasyny ýadyňa salýar. Her çadryň gapdalynda, goşa kelleli bürgüdiň kümüşden ýasalan şekili bar. Çig ýüpekden gurnalan ýaşyl çadyryň ortasynda, sandal agajyndan ýasalan kürsüniň üstünde ýene bir bürgüt – Oguz soltany otyr. Soltanyň arkasyndaky halynyň ýüzünde goragçy hem ýol görkeziji gök börüniň gäbi asylgy dur.
Sazyň hem oguz oýunlarynyň içinde, masgarabazlar towsuşýar, pälwanlar göreş tutýar. Süňksizdir diýdirýän, ýüpüň üstündäki darbazlar öz sungatyny güjeňleýär. Söweşijiler gylyçlaşmak, naýza sançmak sungatlary bilen biri-birinden çalasyn hereket edýär.
Käte şol şady-horramlygyň içinden, bulutlaryň böwsen ýyldyrym ýaly owazly, gamgyn sesi eşidilýär.
– A-a-a-a...
Ses käte batlanyp, käte-de ýuwaşap, tä sähranyň içinde ýitip gidinçä ýürekleri elendirýär.

* * *

Şu gün Gadyr gijesi. Derwüşler üçin ýeke-täk nika düşýän ýalňyz gije. Şol gije olara ten azatlygy buýrulýar. Derwüş kowmy üç ýüz altmyş dört gün parz üçin ýaşaýar, bir günem özi üçin. Şol gün derwüşleriň ýadyndan çykmajak güne öwrülýär. Olar şol gün hem-ä akyl synagdan geçýär hemem zenanyň ysyny alýar. Şonuň üçin arly ýyllap ýola çykan derwüş ömrüni şol güne taýýarlaýar.
Oguz ilinde şeýle närseler bolup geçýärkä, gara daşlaryň arasynda ilki çalaja şygyrdy, yz ýanyndanam seresap eýlenýän aýak sesleri eşidildi. Soňam hortap göwre göründi.
Bi kimkä? Onuň eginbaşyna, hasam hortap göwresini örtüp duran hyrkasyna seretseň, ol derwüşdi. Ýöne onuň keşbi, bir göreňde hemişe ýadyňda galýan ýüz – oguz iliniň ýüzüdi. Dünýäniň tozuny özüne siňdiren uzyn ýapynjasy ötegçiniň kendir matadan berk edip dikilen giň balagyny hemem saçy bilen reňkdeş çalymtyk köýnegini görkezmän, diňe gara ýeri basgylaýan aýaklaryny görkezýärdi.
Onuň çal saçlarynyň ujuna, sähralaryň bitginli çöpi bolan seliniň bişen darylary eýýäm ýelmeşip ýetişipdir. Darynyň tozgalary ötegçiniň döşüni ýapyp duran sakgalynda-da görünýärdi. Süýri-solgun ýüzüni çaganyňky ýaly dury gözleri ýagtyldýar. Ol birneme ýaşapdyr, ýöne gözüni ýumup uly dünýäni hyýalynda görýän mahaly, öňküsinden ýaş görünýär.
Garry derwüş çöküne düşüp, dogup gelýän Güni ýüzüne syldy. Bir wagtlar oglan aýak yzlaryny goýup giden gumaksy topraga seretdi. Seretdigiçe gaty köp wagtdan bäri ýylgyrma diýlen zat ýat bolan ýüzünde begençmi, gynançmy ýene bir düşnüksiz zat peýda boldy. Ol dünýäniň gözi ýaly, allowarradan seredýän goşa garagyna begenç gözýaşlary çaýyldy.
Hiç zat üýtgemändir. Hemme zat onuň şol birwagtky oglanlykda gözünde galan zatlary. Hanha, owazasy dünýä ýaýran, öz gözelligi bilen müňde bir ötegçiniň kalbyny gozgan Paryzdepe. Gör ol, näçe derwüşe pata berendir. Gör, ol näçe derwüşi hyrkasyndan jyda düşürendir. Hanha-da, bedew atlary saýlaýan Kesearkajyň haý-haýly düzi. Bir mahallar onuň bossançylygynda behişdi bedewler kişňeşerdi.
O-da, müň bir ýaşly gojaman agaç – Çaraman agajy. Geň zat, ol entegem öz mähriban dilinde gepleýär. Olam örümli guýy. Ol henizem düýbüne Gün düşürmän, il-ulsuna teşneligini gandyrýar. Guýynyň taýak salym gapdalynda öçügsilenip ýanýan oduň yşygynda, bir döwürler oňa dünýäden iň eziz bolan mähriban adam garaşardy...

* * *

Ortarada gübürdäp ot ýanýardy. Oduň gapdalynda iki adam – zenan hem hebeş durdy. Alawlap ýanýan oduň yşygy, günäli diýlip öňe çykarylan zenanyň ýüzüni kölegeledip görkezýärdi. Zenanyň gözleri owadandy hemem iňňän manylydy. Onuň timar berlen ýüzi lapykeçlik alamatyny berýärdi. Ýaşyryn ruhy ejir baryny gören adama delalat soraýan ýaly töweregine seredip delmurýardy. Käte-de onuň nazarynda ýowuzlyk peýda bolýardy.
Garry derwüşden başga ýene iki derwüş bardy. Olaryň ulusy gözleri batyl gojady, beýlekisi ýaňy eňegine atasakgal dürteren ýaş oglandy. Olaram Gadyr gijesi mynasybetli tutulýan toýa – derwüşleriň nika toýuna gelipdir. Ýöne ur-tut nika gyýdyrabermeli däl. Nikadan öň sen synagdan, onda-da uly paýhas synagyndan geçip, Paryzdepä etegiňi dökmeli. Eger sende derwüşlere mynasyp agram, akyl-paýhas bar bolsa, sen egniňdäki hyrka-derwüş ýapynjasyna ikilik etmedigiň.
Garry derwüş gözlerini ýumdy. Ol Paryzdepä çenli gör näçe ýol söküpdi. Kä ýerde begenipdi, kä ýerde haýranlar galypdy, kä ýerde-de...
... Garagulak düýe ýaňyja botlapdy. Babyr bilek gelin onuň süýdüni könege saçýardy. Könege düşýän süýdüň sesi, garry derwüşiň ýüregine dökülýärdi. Süýdüni saçan gelin täze küýze tutýardy. Ýöne onda çal etmäge ne gönezlik bardy, ne-de gorluk. Gelin külembike ýaly, ak sazagyň gabygyny aýryp, süýt guýlan gorküýzäniň içine atdy. Soňam taýak ýeterdäki guýudan buz ýaly suw getirip küýzä guýdy. Bu zatlaryň barysy uly dünýäniň inçeden-inçe syrlaryny tirip ýören garry derwüşiň gözüniň öňünde bolup geçýärdi. Şonuň üçin ol, gelniň ýekeje hereketinem sypdyrman onuň küýze tutuşyny synlaýardy.
Sähel salymyň içinde küýzede köpürjikläp duran çal emele geldi. Düýe ikinji ýola idirende, oguz gelin küýzäniň ýüzüni alyp, ymyrdyklap duran gatygy garry derwüşe hödürleýärdi. Gaňşyrawugyňy tütedip duran çala eňegini basan garry derwüş, gelniň akylyna guwanyp begençli pyşyrdady.
– Aperin...
...Geçmişiň ýiteňkirläp barýan taryhyny okaýan ýaly garry derwüş ýene gözlerini ýumdy. Ol şirmaýy diýlip atlandyrylýan täsin sungatyň, hindi ilinde piliň dişinden ýasalýanyny bilýärdi. Häzir onuň ýol azaby siňen gözleri, adaty düýäniň injik süňkünden şeýle nepis sungatyň – şirmaýynyň dünýä gelşini görýärdi.
Işine yhlasly oguz ýigidi gübürdäp ýanýan oduň üstüne gara gandymyň guran töňňelerini atýardy. Gury odun alawlap bahym kömre öwrülmek bilendi. Ýigit soň ýene oduň odunyny köpeldýärdi. Ýene ot bahymjak ýanyp kömre öwrülýärdi. Oduň ýanýan ýerinde indi esli kömür emele gelipdi. Ýigit oduň goruny bir gyra çekip, çakyr süňki oňa gorsady. Soň ony çykaryp, najaklanyp duran ak çägä sürtdi. Soň ýene gora gömdi. Ýene ony çäge bilen mazaly ýuwdy. Süňk barha ýylmanmak bilendi. Şeýdip ol esli salym iş edinensoň, taplanan süňk ýukalyp sürpek daşa çalym etdi. Öz işinden hoşal ýigit, azabynyň ýerine gowşanyna begenip, ýülmenen süňki Güne tutanda, onuň gözelligini – şirmaýa öwrülenine garry derwüş begendi. Ýene onuň salparan dodaklary öz-özünden ýylgyrdy.
– Aperin...
Haýsydyr bir ýagty yşdan çykan owaz, garry derwüşi ukudan oýaran ýaly etdi. Owaz geň heňi ýaňlandyryp, ýürek awudajy hesret bilen kalba siňýärdi. Ol garry derwüşiň gursagynda süýji arzuwlardyr galagoplugy döredip, barha özüne çekýärdi. Garry derwüş göze görünmeýän sapaga dakylan ýaly boldy. Saz peselen pursady, zenanyň gamgyn sesi eşidildi.
– A-a-a-a...
Oguz kethudasy batyl derwüşe şeýle sowal bilen ýüzlendi:
– Bi zenan, biziň din-ykdykadymyza ters gelýän iş edip, köp adamyň ýanynda ýüzüni açypdyr. Ol günäli bilinmelimi ýa?..
Baýyl derwüş ilki Alla sygyndy, soň uzak wagtlap oňa salawat aýtdy.
– Zenan nikabyny aýranam bolsa, ol kör bende, meniň ýagty dünýäni görüp bilmeýşim ýaly, aýalyň ýüzüni görüp bilen däldir. Melikede günä ýok.
Gaýtgyn alyp duran märeke tolgunyp, kör derwüşi makullady.
– Derwüş dogry diýýär...
– Melikede günä ýok...
– Ol nikabyny aýranam bolsa, kör kişi ony gören däldir...
Kör derwüşiň jogaby kethudany kanagatlandyrmadyk borly, ol ikinji derwüşe, ýaş oglana ýene şol sowaly berdi. Ýaş derwüşem, kör derwüşem jogabynyň hakykata laýykdygyny aýtdy.
Gezek garry derwüşe geldi.
– Hakykaty öz Taňrysy hasaplaýan derwüş biçäre, şuny aýtmalydyr. Melike günäkär. Kör bende ony görmedigem bolsa, zenan-a batyly görüpdir.
Jogap kethudany kanagatlandyran borly, ol garry derwüşe sypaýy bakyp, ýene bir sowal berdi.
– Eý, Beýik Hudanyň ýerdäki ýegi, hakykaty Taňry saýýanyň üçin ýene bir hakykaty sözle. Hol, goly bagly hebeş, onuň etmişi sanardan juda çökder. Ýöne, sen oňa iň ýagşy dilegi dile!
Hakykatyň dosty garry derwüş, ýüzi bürünç ýaly gula seretmän şeýle sözleri aýdýar:
– Iň ýagşy dilegi, onuň dünýäden çaltyrak gitmegidir. Ol näçe köp ýaşasa şonça-da günäni köp gazanar...
Kethuda ýerinden turup, garry derwüşiň akylyna başyny egdi. Soňam onuň hümmet hasasyndan tutup bezemen çadyra alyp bardy. Çadyryň içindäki ýanyp duran şemler hemişe garaňkylygy höwür edinip ýören biçäre derwüşiň gözüni gamaşdyrdy. Onda-da ol, sary tutynyň aňyrsynda oturan gözeli görüp ýetişdi.
Gyz owadandy, hoşroýdy, şonuň ýalam gözleri gamgyndy. Ol garry derwüşi görüp, gapdalynda duran saz guralyny goluna aldy. Gyzyň tämizlenen dyrnaklarynyň arasyndan çykýan ýaly süýji mukam ýaňlanyp başlady. Saz şirindi, diňläsiňi getirýärdi. Gyz burnuna salyp, nähilidir gamgyn aýdyma hiňlenýärdi. Goşa taram has aýdyň edip ony gaýtalaýardy.
Gaty köp wagtdan bäri beýle ýakymlylygy görmedik derwüşiň süňňi gowşap ugrady. Saz bilen birlikde, tas ýiteňkirleme derejesine baran zenan ysam burnuna uran ýaly boldy. Bu onuň niçeme ýol azabyna hötde gelen derwüş ýüregini ýerinden gozgady...
Saz bolsa entegem çalnyp otyrdy. Kalbyňa ornaşdygyça ol, garry dünýä-de, özüne-de, günäli zenana-da, bet ýüzli adama-da nebsiňi agyrdýardy. Gözel indi sazyň gapdaly bilen ýüregiňi elendirýän gamgyn ses edýärdi. Taryň kirişleri ony düşnükli edip gaýtalaýardy.
– A-a-a-a...
Owaz kä peselýärdi, käte-de beýgelýärdi. Ol şeýdip garry derwüşiň barha ejizleýän ýüregini ýene ejizledýärdi. Soň ol nämäniň näme bolanyny bilmedi. Hakydasynda galan ýalňyz zat, bir döwürler ejesi pahyr bilen hoşlaşanda, onuň dözümsiz ýüregi bilen maňlaýyndan ogşaşy ýaly, gyzyň maňlaýyndan ogşanyny bilýär, birem gyzyň hökmürowan nazaryny...

* * *

Ertekilerdenem ajaýyp bolan öz geçmişini aýawly saklap, Paryzdepe henizem parasatly dymýar. Ýöne, alabaharda göze görünmeýän torgaý guşlaryň sesi eşidilende garry derwüşiňem sesi eşidilýär diýýärler.

Paryzdepäm, pyntyk depäm,
Kyssaň seniň şeýle ýowuz,
Sen hakynda gürrüň berýär,
Gadym türkmen, agyr Oguz...
Paryzdepäm goltugynda,
Gamgyn gözli, ýüzler galdy,
Ak çägäniň ürpeginde,
Hiç öçmejek yzlar galdy...

Öwezmyrat ÝERBENDI.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 342 | Добавил: НаS | Теги: Öwezmyrat Ýerbendi | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Ogulgerek   [Материал]
Ýerbendi aga Amerikada-da ýaşady öýdýän arasynda..

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: