00:34
Derwüş

DERWÜŞ

Il-gün üýşer.
Ýakyn geler.
Ýat geler.
Süýji-süýji arzuw besläp toýuña.
Çagyrylyp, soñam ýatdan çykarlan
Meñzäp alyslardan gelen derwüşe
Menem bir gyrada ümsüm oturyp
Gözlerimi ajy ýaşa dolduryp
Sereder duraryn derek boýuña...
Aýyp.
Diýseñ aýyp!
Geçeni ýatlap
Seni öwran-öwran guçanym ýatlap
Goşgy ýazan bolmak,
Şol ajap günde.
Wyždanym teselli bermekden geçen
Ýazgarar taşlanyp umytdan düşen
Senli geçen günlerime baglanyp
Aýralyga ýugrup iñ soñky gezek
Ýüregmiñ damarny üzüp goýberen
Hijran bilen tamamlanan gününi
Hakydamdan pozman,
Unudyp bilmän
Hasratyña döz gelşini ömürlik...
Hem ýaraly gursagymy syzladyp
Gargalara şam bolşuny gunçamyñ
Goltugy maññally ajal melegne
Çakylyk ugradyp öz ölmi üçin
Soñam öz agysyn aglap oturan
"Iñ soñky demimde bir gezek görsem
Gözüm açyk gitmez ýalan panydan"
Diýýän bir namyrat görgüli ýaly
Kükregimi ýaryp çykan bentlerde
Aýtmasyz sözlerem içine goşup
Ölýänçäm pyşyrdar aýdar gezerin.
Hak öñünde müýnli tawus mysaly
Aýaklarma tiñkelermi gözledip
Soñudagda,
                   Hasarlarda,
                                       Süntlerde
Şibli babañ demi düşen ýerlerde
Tebsirän çagymda içerin diýip
Goşawujym bilen ýagyş-ýagmyryñ
Suwundan dolduryp goýan golçamyñ
Erñegine eñek basyp guş bilen
Börüleri höwür saýyp özüme
Ilden daşlaşaryn Kaýs mysaly
Giderin ýoklukdan seniñ keşbiñi
tapjak bolýan däli-diwana ýaly...
Gülüşerler, gybat kakar görenler
Albassyny kowýan porhanlar kimin
Tegelenşip küşt deperler daşymda
Orramsylar şatlygyndan pyrlansa
Tüweleý pyrlanar meniñ başymda.
Sabyr-takat galmaz ýaşamaklyga
Maña hemme zadyñ gutaran güni.
Meni bagtsyzlygyñ derwüşi kylyp
Seni bagt ýoluna ataran güni.
Täleýime müñ mertebe gargynyp
Milýon jöwlan ursam,
Peýdasy bolmaz.
Dahan içre dilleriñde bal ezlen
Günler deñimizden geçip gidensoñ
Keç pelek etjegin edip dynansoñ
Bilbilinden jyda düşen lälämiñ
Waspyny ýetirjek şeýdasy bolmaz...

Has TÜRKMEN.

Категория: Goşgular | Просмотров: 483 | Добавил: НаS | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 3.0/4
Всего комментариев: 6
0
6 Palitra   [Материал]
Menem okamandym öñ gowy goşgy eken

0
5 Nowgül   [Материал]
Ajaýyp goşgy sad

0
4 Selena   [Материал]
Aglatyanniskiy guycli legendar goshgy. Elinne saglyk

0
3 Aky Porsy   [Материал]
Gowy goşgy. Nesil gazetinde-de okapdym şuny

0
2 Amantäç Hemidowa   [Материал]
Hasrata yugrulan tragiki lirika

0
1 Raziýe_Soltan   [Материал]
Su gosgyny okamokdym hic...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: