17:55
Azajyk patriotizm :)

AZAJYK PATRIOTIZM :)

Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassyka — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz. Şu topraklarda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Namazlygym — keçe, dinim — mertebäm. Sähram — bahar ýaýlasy, ummanym — Hazar. Teşnäm — Jeýhun, penam — Garagum. Kitabym — Merw, Köneürgenç, diregim — Gökdepe. Heýkelim — Köpetdag, joşgunym — Sumbar.
Men — milleti üçin galam tutan Magtymguly, gylyç oýnadan — Jüneýit han. Men — köpi gören Kerim şahyr, men — güýze aşyk Gurbannazar. Men — milleti üçin pida bolan Gaýgysyz Atabaýew, men — soldat papak geýen Aýdogdy Tahyrow. Meniň baýlygym — Garaşsyzlyk, syýasatym — Bitaraplyk. Asmanym asuda, göwnüm päk. Düýnüm — dessuryny goran aksakgallar, ertirim — milliligini saklaýan altyn nesil. Baýdagym — haly, edebim — salam, haýam — keteni, gussam — gopuz. Yşkym — Aşgabat, şapagym — Awaza. Kölegäm — arçalar, ganatym — bedew, wepalylygym — alabaý. Palaw — hödür-keremim, çaýym — sazak. Nygmatym — ak altyn, mirasym — ene dilim. 
Men sada adam, men "-owiç" däl, men — türkmen ogly!

Категория: Sözler | Просмотров: 76 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Dunyagozel   [Материал]
Berekella, söz ýok. biggrin

0
1 Kitapcy   [Материал]
Berekella!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: