16:37
Täze Aýasofýa
TÄZE AÝASOFÝA

Söýgüli okyjylarym, bu gün 24-nji iýul, Lozan şertnamasynyñ baglaşylanyna tegelek togsan ýedi ýyl dolýar…
Birentek kişiniñ piñine-de däl adaty günleriñ biri…
Emma biz ol gün Lozanda garaşsyzlygymyzy resmi ýagdaýda jar edip, Osmanlydan miras kapitulýasiýa belasyny-da başymyzdan dep edipdik.
Eger biziñ günlerimizde metjitlerimizde azana gygyrylýan bolsa, ol Lozan şertnamasynyñ saýasyndadyr.
Meselem, bu gün Aýasofýada jumga namazyny okaýan bolsak, onuñam Lozan şertnamasynyñ saýasynda bolýandygyny unutmalyñ.
Tersine bolanda kim, nirede we haýsy azany okadyp bilerdi?
Düýn uly haly zawodynyñ hojaýyny bilen garşylaşdyk...
Ol şeýle diýýärdi:
“Men eýýäm näçe ýyl bäri haly we kilim söwdasynyñ içinde. Hem öndürýäris, hem satýarys. Şindi habar beriş serişdelerine syn edýärin welin, Aýasofýa üçin ýüzlerçe metr kwadrat ýörite haly dokalypdyr we bulary ýere ýazma işleri başlapdyr.
Maña mälim bolşy ýaly, Döwlet sowetiniñ bu karary alanyndan bäri iki hepde-de geçmedi. Şeýle bolýan bolsa şuny pikir edýärin…
Diýmek hökümet sud organynyñ şeýle karara geljekdigini öñünden bilýärdi we haly dokamagy has öñünden buýrupdy...
Başgaça bolanda ýüzlerçe metr kw halyny, hem-de şeýlekin ýöriteläp dokalandygy aýdylýan bu halylary şular ýaly az wagtyñ içinde taýýarlap biljek edenli firma diñe Türkiýede däl, dünýäde-de ýok.”

★★★

Aýasofýa bütindünya mirasydy…
1934-nji ýylda muzeýe öwrüpdiler…
Hem munyñ hiç kime zyýany degmändi!..
Aý geçdi, gün geçdi, çykdylar orta, ady-sory eşdilmedik birine Döwlet sowetine derñew işinu açdyrdylar…
Hem muny öz haýyrlaryna çözdürdiler. Ol kararnamany güýçsüzleşdiler.
Şindi ýerlerine halylar ýazylýar.
Biraz wagt geçensoñ, esasanam daşary ýurtly turistlere gadagançylyklar başlajagy köre hasa…
“Hanym, bäri metjit. Beýle gysga ýubkaly, şortili girmek gadagan.”
“Göwsüñ görünýär. Bir şarf tapyp, oran.”
“Içerik köwüşli girmek bolanok.”

★★★

Aýasofýada bu gün “Iññän möhüm kişilere mahsus VIP namazy” okalmaly.
Çakym çak bolsa, köşkdäki ähli sülsady bilen bile Rejep beýem gatnaşaýmaly.
Onuñ "mellek ýeriniñ" wekili bolan Din işleri ministri haý-haýly çakylyklary bireýýäm paýlap gutardy.
Bütin halaýyk, Soltanahmet hem häzirden polisiýanyñ janly koridorynyñ halkasyna girdi.
Tä namaz okalyp gutarýança asmanda polisiýanyñ wertolýotlary patrulçylyk çekmeli.
Soñra nutuklar atylar, tarapgöý metbugatda sesler çykar:
“Sag bol, "özygtyýarly" türk sudunyñ wekili bolan Döwlet sowetiniñ 10-njy uprawleniýesi! Siziñ saýañyzda hut Atatürküñ gol çeken kararnamasyny ýatyrmagy başardyk. Haýyrly bolsun! Atatürkden galan näme bar bolsa, olaryñam kem-kemden ýok edilmegi üçin öñe!”

★★★

Hawa, bu gün aýratyn ähmiýetli namaz okalýar.
Wideokameralaryñ öñünde VIP namaz... Protokol namazy.
Emma munçasy olara eýgertmez, alan-aldy şowhun has täsirli bolsun.
Stambuldan we oña ýakyn etraplardan meýdany doldursyn diýip getirilen Ak partiýalylar!

★★★

Bulara iñ jaýdar jogaby Kemal Kylyçdarogly berdi.
“Namaz Alla üçin okalýar. Wideokameralaryñ öñünde namaz okalmaýar. Men gatnaşyp bilmen.”
Hak aýdýar... Hakykatdanam şeýle.
Namaz okama bahanasy bilen wideokameralaryñ we habar beriş serişdeleriniñ öñünde bir topar şow turuzmagyñ haýsydyr bir peýdasynyñ ýokdugyna iñ bolmanda Stambulda öñ gördük ahwetin.
Eger peýda bolýan bolsady, meselem Ekrem Ymamogly Stambulda 800 müñ ses tapawudy bilen saýlawlarda üstün çykyp bilermidi?!
Diýmek, bularyñ dine duwlanyp oýnaýan şunça şowlary kän bir derege ýaramaýar!
Mundan soñam ýarajagyna ynamym ýok.
Aýasofýa bütindünýä mirasyñ iñ saýlama muzeýlerindwn biridi.
Giriş biletinin bahasy 100 lira…
Hem indi pikir ediñ, bu işi alyp barmagy-da daşary ýurt firmalarynyñ birine beripdirler. Gelýän girdejiniñ ep-esli bölegi mugtjak ýere şol daşary ýurt firmasynyñ holtumyna gitmeli.
Din-imany pul bolan biziñkiler häzirlikçe tölegli girişi ýatyrypdyrlar.
Munça puldan ýüz dönderendiklerine görä, diýmek Aýasofýany metjide öwürmek bulara has köp girdejiler getirýän bolmaly, meselem saýlawlarda ses sany artmaly!
Bir ýerlerden bir zatlar gelmeli welin, ýöne nämedigini häzir bizem bilemzok.
Belkäm dörän maddy boşlugy Katar emiri doldurar!

★★★

Aýasofýada we onuñ töwereginde bolup geçjek wakalary üns berip ynlañ…
Gulluk awtoulaglary, janpenalar, müñlerçe polisiýa işgärleri…
Hamana hiç zatdan habary ýok ýaly wideokameralaryñ öñüne geçip takal okamaly kişiler…
Ýörite çakylyk bilen çagyrylan VIP myhmanlar…
Allanyn huzurynda geçerli kylnan protokol sanawlary…
Polisiýanyñ janly koridoryna ýaramadyk we we namaz okamaga goýberilmedik mömin ildeşler…

★★★

Nämedi ol?..
Aýasofýany metjit etdiler!
Ýüzlerce ýyllyk daş plitalaryñ we mermerleriñ üstüne halylar ýazyldy.
Walla, diýseñ gowy boldy, bizem muña birnäçe ýyllap garaşyp ýördüg-ä!
Hernäme-de bolsa, ýurtda hemme zat ýerbe-ýer, hemme zat dört dörtlük…
Ýeke kemimiz - Aýasofýany metjide öwürmekdi, onu-da gördük!
Ol kemimizem düzetdik, maşalla!

Emin ÇÖLAŞAN.

"SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Категория: Publisistika | Просмотров: 62 | Добавил: Gökböri | Теги: Emin Çölaşan | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: