11:37
Gowy garpyz / satiriki hekaýa

«GOWY» GARPYZ

Añyrdan diýseñ keýplije gelen Sähet Seýidowiç şlýapasyny ýokary galdyrdy-da:
- O-ho-ho-ow, bazar-a tamdyr ýaly gyzan eken. Öñürti içimizi bir sowatsak öýdýän - diýip, çöwürmeli ýigidiñ ýanyna ýöneldi.
Garpyz satyjynyñ öz işi özüne ýetik bolarly. Ol ýalñyşman şol bir diýen sözlerini yzly-yzyna gygyryp gaýtalaýardy:
- Garpyza geliñ, garpyza! Sladkiý arbuz! Dadanam armanly, datmadygam...
Ýok, bu dünýeden armanly gitmek bolmaz. Ondan hökman dadyp görmeli diýen pikir bilen, Sähet Seýidowiç satyjynyñ alkymyna dykylyp bardy.
- Garpyzyñyz süýjümi? Näçeden diýýäñiz...
- Agam, agzyñyz ýanyñyzda bolsa dadyp göräýiñ. Bahasynam oñşarys - diýdi-de, ol biline gysdyrylgy uly gezlik bilen bir garpyzyñ böwründen tümmül aldy. Özüne tarap uzan köz ýaly garpyzyñ bölegi Sähet Seýidowiçiñ agzyny suwartdy. Ol derrew symyşlap başlady. Ine, birdenem, onuñ ýüzi-gözi agardy-da, gaýtdy arkanlygyna, şarpyldap.
Bazaryñ ortarasynda üýşen garpyzyñ gapdalynda serlip ýatan syrkawyñ ýanynda pelesañ kakýan ak ýektaýly gelin Sähet Seýidowiçi görenden:
- Zäherlenipdir - diýip, başyny ýaýkady. Ony çaltrak keselhana äkitmeklik bilen boldy.
Şo wakadan soñ geçse ýarym sagat geçendir-dä, ýañky çöwürmeli ýigidiñ ähli garpyzlaryny seresaplylyk bilen maşyna basdylar-da, özünem nirädir bir ýerik alyp gitdiler.
- Be-e, o ýigidiñ garpyzyny aýratyn gowy gördüler öýdýän, hemmesini alyp ötäýitdiler - diýip, bu başagaýlykdan bihabar bir adam içini gepletdi.

Täçmämmet JÜRDEKOW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 374 | Добавил: НаS | Теги: Täçmämmet JÜRDEKOW | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: