14:58
"Gijelerme hemradyň..."
"GIJELERME HEMRADYÑ..."

Gijelerme hemradyň,
Gündizlerme daldadyň.
Yşkym bilen gümradyň,
Aýt, näm üçin aldadyň?

Dag ýalydy ynamym,
Kir-kimirden uzakdy.
Aglap-aglap ýananyň,
Ýa duýgyma duzakmy?

"Haýp...haýp..." diýdiren
Armanlaryň astynda
Oda beren dideleň
Nikapmydy aslynda?

Göwnüm asman deýindi,
Bu gün sygýar owuja.
Näme diýseň – diý indi!
Goý, ýanaýyn gowuja...

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 13
0
13 Dunyagozel   [Материал]
Ata dözümlije ekeniňizaý, onda biz beýle goşgulary okamamyzy bes edäýeli.
@Akjemala goşulýan, ýöne taşlap giden bolsa betbagt görgüli ekeni.

0
12 Kitapcy   [Материал]
Bolubam biler, bolmanam biler..

0
10 Kitapcy   [Материал]
@Akjemal, aý ýog-aa?!.

0
11 Akjemal   [Материал]
kitapcy, howwa dagy name yalanmy

0
9 Akjemal   [Материал]
Mence seyle gosgulara eye bolup soylen gyz dunyan in bagtly gyzy bolmaly

0
8 Kitapcy   [Материал]
Yşk gynamasa beýle goşgular ýazylmaýa, Dünýägözel, goý gynasyn, gynaldygyça Sapadab has gowy goşgulary okap bolýar...

0
7 Dunyagozel   [Материал]
Onda sen özüňi beýdip gynama agam, o gyz seni oda berjek bolan däldir koronadan goranýandyr smile Belki…

0
5 Dunyagozel   [Материал]
Göwnüm asman deýindi, 
Bu gün sygýar owuja. 
Näme diýseň – diý indi! 
Goý, ýanaýyn gowuja... 

Söýgi belasy erbet ekeni, iň soňunda aglasym gelip gitdi. sad

Nikap näme bolýanyny düşündiräýiňdä maňa-da haýyş

0
6 Pegas   [Материал]
nikap (nykap) - wirusdan goranmak üçin ýüze dakylýan örtgi, маска. :))))

0
4 Gumlygelin   [Материал]
Goşgyñ içine şeýle bir siñip gitdim...Ylhamyñ egsilmesin jigim.
@Nurdan uýamyñ aýdyşy ýaly bagta ýetip,bagtyña guwanyp ýazan goşgularyñy hem okamak nesip etsin bize Sapa.

0
3 Gumlygelin   [Материал]
Wahhhh Sapa....

0
2 Akjemal   [Материал]
gynancly yone yurege yakyn gosgy.

0
1 Nurdan   [Материал]
Dag ýalydy ynamym,
Kir-kimirden uzakdy.
Aglap-aglap ýananyň,
Ýa duýgyma duzakmy?

Dag ýaly ynamyñ ýykylmagy elhenç duýgy

Öñem bir goşgyñyz bar siziñ
"Garlar ýagdy ynam eden dagyma"
Şu setirñizem ýat beklap alypdyryn. Elbetde sarsmazlykda daga deñän ynamyñ eremegi Men bir zada göz ýetirdim şu durmuşda, iñ agyr ýagdaý ynamyñ döwülmegi. uly stress adam añyna, ruhyna. Dogrusy şondan añyrda ölümem adamyñ boýnuna bolansoñ ölümem edil ynamyñ döwülmegi ýaly elhenç dälmika diýýan. Emma bu dünýani mertler göterýar gerdninde.
Siz juda gamgyn ýazýañyz. Diýmek ýanyp ýanyp ýazýañyz. Men siz bilen tanyşlygym bolmasa-da goşgulañyzdan çen tutup bir zady bu ýerik öñ ýazmadygam bolsam siziñ goşgulañyz bilen Çary Ýegenmyrafowyñ goşgularyndaky duýgularda ýakynlyk görýan.
Durmyş nähili agyr bolsa-da sen oña ýylgyryp bakmaly...
Size döredijilikde egsilmez ylham arzuwlaýan. Bagtly ýazan goşgylarñyzam okajagymyza umyt edýarin.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: