10:53
Tejenli daýhan Pürli aganyñ alym nebereleri
GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik oçerkler

TEJENLI DAÝHAN PÜRLI AGANYŇ
ALYM NEBERELERI


– Siz Oňgalbaýewleri tanaýarsyňyzmy?
..Meniň bu soragyma Aýna eje köp oýlanyp oturmady. Özüne mahsus ýuwaş äheňde:
– Gurbany diýýäňizmi? Hawa, tanaýaryn. Gurban neresse oňat ýigitdi. Olar bilen biz oglanlaryň kakasy Daşhowuzdan Porsa işe geçende goňşy ýaşadyk. Gelniniň ady Zübeýda bolaýmasyn şoň. Ýadymdan çykaýypdyr, köp wagt geç-dä ondan bäri. Gelni bilen Gurban ikisi irden işe giderdiler. Agşam gelerdiler. Diýseň gowy adamlardy. Zübeýda çagany şeýle bir gowy görerdi, hi goýaý. Özleriniň çagasy ýokdy. Olaryň öýlenenlerine hem köp wagt geçmedik ýalydy...
Aýna eje bilen esli wagt gürrüňleşip oturdyk, Aýna ejede aýdara gürrüň köpdi. Ol özüniň ömründe örän köp kynçylyklary görüpdir. «Halk duşmanynyň maşgalasy» adyny hem göteripdir. Çagalaryny özi terbiýeledi. Olaryň kakaly çagalardan kem bolmazlygy üçin elinde baryny etdi. Gijesini gündiz edip işledi. Ine, indi olaryň gol doly maşgalasy bar. Aýna eje özüni bagtly ene hasaplaýar. «Hudaýa şükür» diýýär. Ene özüniň bu işlerini adamsy Berkeliniň hatyrasyna ýadygärlik saýýar. Men bolsam galyň depderlerdäki ýazgylara göz aýlap otyryn.
«Men bütin ömrümi öz kakam Pürliýew Berkeliniň obrazyny döredip, şoňa elmydama özümi terbiýeledip gezdim. Käwagtlar ota ýa-da oduna giden wagtlarym gözümi ýumup, kellämi ýalaňaçlardym-da, kakama kellämi «sypalatdyrardym», şonda endamymda emele gelen jümşüldileri köp wagtlap saklajak bolup, gymyldaman, gözümi açman oturardym, her bir eden işimi onuň bilen «maslahatlaşardym». Gödek eden işim bolsa «kakam gelip eşitmänkä» düzetmäge çalyşardym. Meniň düşünişime görä, meniň neslim näçe dowam etse, şonça-da Berkeli Pürliýewiň ady hem maşgalada iň gudratly at hökmünde ýatlanmalydyr. Şonda maşgalada agzybirlik we bagt boljagyna şek-şübhe bolup bilmez». Bu sözleri biz stalinçilik eden-etdilik zerarly kakasynyň mährinden ganmadyk Marks Berkeliýewiň gündeliginden aldyk.
Marksyň kakasy Berkeli Pürliýew stalinçilik repressiýasynyň gurbany bolan kommunistleriň biri. Ol 1905-nji ýylda Tejen raýonynyň 2-nji babadaýhan obasynda doglupdyr. Onuň kakasy Pürli aga öz döwrüniň, düşünjeli adamlaryndan biri eken. Pürli 1921-nji ýyldan partiýa hataryna giripdir. Tejen töweregindäki öňde baryjy işçiler bilen, aýratyn-da rus işçileri bilen aragatnaşykda bolupdyr. Berkelini ýaş wagty Tejen şäherindäki Kropatkin adyndaky başlangyç uçilişä okuwa beripdirler. Berkeli bolsa onuň iki klasyny gutarypdyr. Ýazmagy, okamagy, rus dilinde geplemegi mazaly öwrenipdir. 1920-nji ýylda komsomol hataryna girip, ýaçeýkanyň sekretary bolupdyr. 1926-28-nji ýyllarda 2-nji Babadaýhan oba Sowetine ýolbaşçylyk edipdir. Daýhanlary täze durmuş gurmaga çagyrypdyr we olara ýolbaşçylyk edipdir. 1921-njy ýylda Berkeli Pürliýew Gaýgysyz Atabaýewiň tabşyrygy boýunça Tejeniňgolaýynda 2-nji Babadaýhan obasynyň adamlaryndan ilkinji «Görelde» atly kolhozy gurapdyr. Tejen şäherinde kooperasiýa ýolbaşçylyk edipdir. Guramaçy, ak göwünli, özünden, ýoldaşlaryndan berk talap etmegi başarýan Berkeli Pürliýew 1930-njy ýylda «Aziýahleb» diýen respublikan guramanyň uprawlýaýuşisi, soňra «Soýuzmuk» diýen edaranyň, «Zagotzerno» respublikan birleşmesiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işleýär. Özüniň iş başarjaňlygyny görkezen Berkelini Daşhowuz okrugyna raýonara «Zagotzerno», soňra, okrugyň «Zagotzernosynyň» başlygy wezipesine belläpdirler. 30-njy ýyllaryň başynda başlanan açlykdan adamlaryň heniz özüne gelip bilmedik wagtlarydy. Her kilo un, galla hasapdady. Ony tygşytlamaly, hemmä ýetirmelidi. Bu kyn işde Berkeli özüniň oňat işgär we ýolbaşçydygyny subut edipdir.
Soňra Berkeli Pürliýew Kalinin raýispolkomynyň başlygy wezipesine saýlanýar. Şu döwürde ol kolhoz gurluşygyny dogry alyp barmaklyga işeňňir gatnaşýar. Hemişe obalara aýlanyp, daýhanlara kolhoz gurluşygynyň ähmiýeti barada gürrüň berýär, olara kömek berýär. Şonuň üçinem onuň oba adamlarynyň arasynda abraýy uly eken. 1936-njy ýylyň tomusynda Amyderýa joşup, onuň suwy häzirki Telman raýonynyň Garaýylgyn obasyny we başga-da köp ýerleri basypdyr. Berkeli özüniň guramaçylygyny şu ýerde has-da görkezipdir. Ol hemişe işiň kyn uçastoklaryna barar ekeni. Adamlary ruhlandyrar ekeni. Işiň nä derejede kyn bolandygyny göz öňüne getirmek üçin şeýle mysaly getirmegiň özi hem ýeterlik bolsa gerek. Derýanyň joşan wagty bu ýere respublikamyzyň ýolbaşçylary hem gelipdirler. Ýykgyny beklemek üçin örän köp adam güýji bölünipdir. Hatda dükanlardaky gaply unlary hem basardyk–diýip, pensioner Baba Ýomutowgürrüň berýär.
–Ýaşuly adamlaryň aýtmagyna görä, Berkeli Pürliýew döwlet bähbidini il bähbidi bilen bile çözmekligeçalşypdyr. Adamlara boş, ýalan wada berip aldamandyr. Halkyň ynamyny, umydyny öz şahsy bähbidi üçin peýdalanmandyr. Oňa Berkeliniň aýaly Aýna ejäniň berýän gürrüňlerini diňleseň hem göz ýetirmek bolýar. Uly wezipede işleýän şol adamlaryň öýlerinde artykmaç zat bolmandyr. «Ojaga ýakylýan oduny bazardan satyn alyp, arkalap gaýdardym» –diýip, Aýna eje gürrüň berýär. Üstesine-de Berkeli örän sypaýy adam eken. Ol çilim çekmändir, içgi inmändir. 1934-nji ýylda partiýa hataryny arassalaýyş bolýar. Şonda Berkeli ynama eýe, barlagdan doly geçen kommunist hökmünde häsiýetlendirilýär.
Berkeli Pürliýew 1937-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Kalinin raýispolkomynyň başlygy wezipesinde işleýär. Soňra ol ýene «Zagotzernonyň» Daşhowuzokrug kontorasynyň başlygy wezipesine bellenilýär. Ol döwürde giň ýaýran tutha-tutluk zerarly men diýen ýolbaşçy işgärler ýok edilipdi, türmä gabalypdy. «Türkmen azatlygy» diýen milletçi guramanyň çleni, baý-kulaklary goldadyň, Gylyçbaýarna gazylan wagty bilgeşleýin çuň gazdyrmadyň. Netijede derýa joşan wagty oňa suw sygman, ilat heläk boldy», diýen bahanalar bilen 1937-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda ony partiýa hataryndan çykarýarlar. Ertesi bolsa ony «Zagotzernonyň» Gypjakdaky skladyny suw alypdyr diýen bahana bilen Gypjaga iberýärler. Berkeli bolsa öz öýleriniň ýanynda getirip goýan kerpijini maşyna ýükläp, Gypjaga ugraýar, Barsa ähli zat ýerbe-ýer eken. Yzyna dolanyp gelýärkä, NKWD-nyň iki işgäri ony tussag edipdir. Berkeli maşgalasyny Tejene haýal etmän ugratmak barada aýdyp ýetişipdir.
Soňra derňew başlanýar. Derňewiň materiallary bilen Berkeli Pürliýewiň ogly Marks jikme-jik tanşypdyr. Şondan soň ol öz gündeligine köp faktlary belläp alypdyr. Şol faktlardan käbirini biz hem aldyk. Olaryň öýleri 1937-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda dökülipdir. Ony NKWD-niň işgäri ýerine ýetiripdirler.
Ilkinji sorag 1937-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda geçirilipdir. Ony sülçi Danilow alyp barypdyr. 24-nji sentýabr güni ýene sorag edilipdir. Sülçi Danilowyň şol bir surnukdyryjy, ýürek bulaýan soraglary. Eger bu soraglara göz aýlasaň, onda Berkelä ýüklenen aýyp oňa on ýyl sürgün edilmegini göz öňünde tutýan eken. ýöne, 11-nji oktýabrda oňa ýüklenen günä birden üýtgeýär duruberýär. Partiýanyň okrug komitetiniň şol wagt, tussaglykda oturan birinji sekretary Gurban Oňgalbaýew hamala Berkelini «Öz tarapyna geçirdim» diýip, boýun alanmyş. Sülçi şol ýerde işe aldym diýen sözi üýtgedip Berkelä ýüklenilýän günäni agyrlaşdyrypdyr. Berkeli özüne ýüklenilýän günäniň galplaşdyrylandygyny aýdypdyr. Ony 1937-nji ýylyň 29-njy noýabrynda soňky gezek sorag edipdirler. Şonda Berkeli şeýle diýýär: «Diwersiýa babatynda özümi günäli hasaplamaýaryn. Kalinin raýonynda işlän döwrümde diwersiýa babatynda hiç hili görkezme bolmady. Seredilýän işde ady agzalýan adamlar maňa nätanyş».
Sülçi Mrazewskiý öz netijelerini ýazýar we 1938-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda 7910-njy iş NKWD-niň naçalnigi Fotçenko tarapyndan tassyklanylýar. Ony Aşgabada NKWD-niň üçlüginiň garamagyna iberýärler. Üçlük bolsa şol ýylyň 5-nji fewralynda Berkeli Pürliýewi atuwa höküm edýär. Höküm 1938-nji ýylyň 22-nji fewralynda gije sagat 1-lerde ýerine ýetirilipdir...
Marks öz kakasy, ony tanaýan adamlar bilen duşuşyp kakasy barada örän köp maglumatlar toplapdyr. Marks Berkeliýewiç şeýle bir fakty gürrüň berdi. Arhiwde saklanýan dokumentleriň birinde 32 adamyň ady, familiýasy, işlän wezipeleri we olaryň nähili jeza alandygy ýazylypdyr. Olar esasan hem Kalinin raýonyndan. «Türkmen azatlygy» diýen guramanyň täsiri Kalinin raýonynda güýçli bolanmyşyn, şonuň üçinem şu raýondan gaty köp adam jezalandyrylypdyr. Hatda onuň Öküzýap bölümi hem döredilipmişin. Şol spisokdaky 32 adamyň 8-si NKWD-niň üçlüginiň karary bilen atuwa höküm edilipdir. Olar Tagan Döwletow, Berkeli Pürliýew, Mädaly molla Bekçanow, Abdyrahman Atamyradow, Nury Berdiýew, Sary Seýidow, Esen Hangeldiýew, Nusrat Formanow dagylar bolmaly. Galanlaryna on ýyl iş kesilipdir. Soňra şol adamlaryň 4-si Abdylla Moldaşbaýew, Seýitjan Seýitgulyýew, Guljan Kerimow we Nepes Ýusupow gaýdyp gelipdirler. Olar hem häzirki wagtda aýatda ýok. Galanlarynyň hemmesi sürgünedilen ýerlerinde asylyp öldürilipdir...
«Türkmen azatlygy» diýen milletçilik guramanyň, troskiçi sözüniň manysyna düşünmedik, ýöne özlerine tabşyrylan işleri ak ýürek bilen berjaý eden, otuzynjy ýyllaryň eden-etdiliginden wepat bolan birtopar adamlaryň atlaryny doly getirmegi makul gördük. Olaryň ogul-gyzlary, dogan-garyndaşlary, agtyklary bu ýazgylary okap özleriniň ýakyn adamlarynyň kyn ykbalyny bilerler we olaryň atlaryny ýatlarynda saklarlar–diýip, tama edýäris.

- Formanow Musrat Alikberowiç 1903-nji ýylda doglan, partiýa hataryndan çykarylan, öň partiýanyň Kalinin raýkomynyň sekretary bolup işlän, atuwa höküm edilen.
- Berkeli Pürliýew 1905-nji ýylda doglan Daşhowuz «Zagatzernosynyň» direktory bolup işlän, ondan öň Kalinin raýispolkomynyň başlygy, partiýa hataryndan çykarylan, atuwa höküm edilen.
- Sary Seýidow 1905-nji ýylda doglan, Kalinin raýispolkomynyň başlygy atuwa höküm edilen.
- Esen Hangeldiýew 1895-nji ýylda doglan, partiýadan öçürilen, Öküzýap oba Sowetiniň başlygy bolup işlän, atuwa höküm edilen.
- Mädaly molla Begjik 1881-nji ýylda doglan, Kalinin raýonyndan, kolhozçy bolup işlän, atuwa höküm edilen.
- Abdyrahman Atamyradow, 1881-nji ýylda doglan, Kalinin raýonyndan, kolhozçy bolup işlän, atuwa höküm edilen.
- Nury Berdiýew 1890-njy ýylda Kalinin raýonynda doglan, kolhozçy bolup işlän atuwa höküm edilen.
- Nazar Saryýew, 1891-nji ýylda doglan, partiýadan çykarylan, tussag edilýänçä kolhoz başlygy bolup işlän, on ýyl berlen.
- Seýitjan Seýitgulyýew, 1909-njy ýylda doglan, Kalinin raýonyndan, partiýadan çykarylan, on ýyl berlen.
- Miýerbek Janalyýew, 1902-nji ýylda Baýramaly raýonynda doglan, sowatly, tussag edilýänçä Özbegistan SSR-niň Mangyt şäherindäki pagta bazasynyň  müdiri bolup işlän. On ýyl berlen.
- Guljan Kerimow, 1902-nji ýylda doglan, Kalinin raýonyndan. Çalasowatly. 1932-nji ýylda partiýa hataryndan çykarylan, Tussag edilýänçä «Sosializm» kolhozynyň kolhozçysy bolup işlän, 10 ýyl berlen.
- Juma Nyýaz Öde Myrat 1916-njy ýylda doglan, sowatly, tussag edilýänçä «Sosializm» kolhozynyň hasapçysy bolupdyr. 10 ýyl berlen.
- Gylyç Derýabaýew, 1908-nji ýylda doglan, Köneürgenç raýonynyň 8-nji obasyndan, sowatly, tussag edilýänçä Kalinin adyndaky kolhozda hasapçy bolup işläpdir. On ýyl azatlykdan kesilen.
- Abdy Durdyýew, 1908-nji ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Täzegala obasyndan, Gromow adyndaky kolhozyň kolhozçysy bolup işlän, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Nurykaka Jumaýew, 1913-nji ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Täzegala obasyndan. Tussag edilýänçä şu obada okalga müdiri bolup işlän, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Garajan Atabaýew, 1907-nji ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Täzegala obasyndan, tussagedilýänçä şu oba Sowetiniñ, sekretary bolup işläpdir, on ýyl berlen.
- Juma Myrat Seýitkulyýew, 1889-njy ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Täzegala obasyndan. Kalinin adyndaky kolhozda kolhozçy, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Aşyr Toýlyýew, 1904-nji ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Öküzýap obasyndan, tussag edilýänçä «Internasional» kolhozynda kolhozçy bolup işlän, on ýyl berlen.
- Jamil Naýzaýew, 1904-nji ýylda doglan. 10-njy pagta bazasynda müdir bolup işlän. On ýyl azatlykdan kesilen.
- Nepes Ýusubow, 1909-njy ýylda doglan, Tagta raýonynyň Nazarguly obasyndan. Pagta bazasynda kassir bolup işlän, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Täji Geldiýew, 1916-njy ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Öküzýap obasyndan, Pagta-galla söwdasynda sklad müdiri bolup işlän. On ýyl berlen.
- Syraç Muhatdinow 1914-nji ýylda doglan, Tagta raýonynyň Nazarguly obasyndan, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Halk Otuzow, 1908-nji ýylda doglan, Kalininraýonynyň Öküzýap obasyndan. On ýyl azatlykdan kesilen.
- Tagan Döwletow, 1912-nji ýylda doglan, Kalinin raýonnyň Öküzýap obasyndan. Tussag edilýänçä «Internasional» kolhozynda işlän, atuwa höküm edilen.
- Aýmurat Polýakaýew, 1917-nji ýylda Garagalpagystan ASSR-inde doglan, «Internasional» kolhozynyň kolhozçysy, on ýyl tussag edilen.
- Han Durdyýew Ýazbasar 1919-njy ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Öküzýap obasyndan. Öküzýap oba Sowetiniň ýol gurluşygy bölüminde işlän, on ýyl berlen.
- Oraz Ataberdiýew (Uraýew), 1910-njy ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Öküzýap obasyndan, «Internasional» kolhozynyň kolhozçysy, on ýyl berlen.
- Kömek Kömekow Orazmyrat 1908-nji ýylda doglan, Kalinin raýonynyň Öküzýap obasyndan. «Internasional» kolhozynyň başlygynyň orunbasary bolup işlän, on ýylberlen.
- Ýazmyrat Altybaýew 1901-nji ýylda doglan, Tagta raýonynyň Nazarguly obasyndan. «Internasional» kolhozynda işlän, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Anna Kuly Geldiýew 1910-njy ýylda Gyzylarbat şäherinde doglan, tussagedilýänçä Kalinin raýonynda upolkomgaz bolup işlän. Partiýadan çykarylan, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Abdulla Moldaşbaýew, 1907-nji ýylda doglan. Partiýadan öçürilen, Kalinin raýzosynyň naçalnigi bolup işlän, on ýyl azatlykdan kesilen.
- Halmyrat Temirgalyýew, 1907-nji ýylda Garagalpagystanda doglan, partiýadan çykarylan, tussag edilýänçä Kalinin raýispolkomynyň instruktory bolup işlän.

Marks Berkeliýewiç öz kakasynyň durmuş ýoluny onuň bilen bile işleşen adamlaryndan sorap, jikme-jik öwrenipdir. Arhiwlerde oturyp, kakasynyň tussag edilmegi bilen bagly dokumentleri hem öwrenipdir. Onuň üçin ol özüniň zähmet rugsadyny, dynç alyş günlerini sarp edipdir. Ençeme gijeleri ukusyz geçiripdir. Kakasynyň ýadygärligini gözüniň göreji ýaly görýän bu maşgalabaşy, Aşgabatda ýaşaýar. Ol fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, «Gün» ylmy-önümçilik birleşiginiň, uly ylmy işgäri bolup işleýär. Onuň aýaly Sülgün Çaryýewna Berkeliýewa türkmen döwlet medisina institutynyň kafedra müdiri, medisina ylymlarynyň doktory, professor. Olaryň iki çagasy bar. Oglunyň adyna Marks öz kakasynyň adyky dakypdyr. Kiçi Berkeli Moskwanyň fizika-tehniki institutyny tamamlap, şol ýerde aspiranturada okap ony gutaryp barýar. Özem lazer tehnikasy boýunça ylmy iş ýazýar, kandidatlyk dissertasiýasyny goramakçy. Öz kakasy ýaly fizik. Gyzy Maýa ejesiniň ýoluny dowam etdirmekçi. Ol medisina institutynda okaýar. Aýna eje bolsa maşgalabaşy, ähli meseleleri özi çözýän ene. Özem respublikan ähmiýetli personal pensioner. Balalaryna guwanyp otyr. Tejenli daýhan Pürli Rzaýewiň nebereleri ine şeýle ýaşaýar.
Marks Berkelýewiç jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýar. Onuň işjeň gatýaşmagynda 30-40-njy we 50-nji ýyllarda administratiw hökmürowan sistemanyň repressiýasynyň pidasy bolanlara bagyşlap, olaryňçagalary bilen ýörite duşuşyk guraldy. Olar ýörite ýüzlenme kabul etdiler. Onda şeýle diýilýär:

–Biz türkmen medeniýet hazynasynyň 30-njy we 40-njy, 50-nji ýyllar başynda repressiýanyň pidasy bolanlara bagyşlap geçirýän birinji duşuşyga gatnaşýanlar Türkmenistan ülkäni öwreniş jemgyýetiniň çäginde «Hatyra» jemgyýetini döretdik diýip, yglan edýäris. Biz onuň hataryna şol agyr günleri başdan geçirenleri, dogan-garyndaşlarynyň, tanyşlarynyň, totalitar düzgüne girew alnanlaryň, taryhy adalatyň dikeldilmegini we günäsiz pidalaryň Staliniň propagandasy bilen abraýdan düşürilenleriň we repressiýanyň maşyny bilen rehimsiz ýok edilenleriň päk atlarynyň gaýdyp berilmegini isleýänleri çagyrýarys.
Biz hemmelere ýüzlenýäris, eger siz Türkmenistanyň çäginde syýasy tussaglaryň köpçülikleýin atylan ýerleri, ýa-da olaryň jesetleriniň gizlin jaýlanan ýerlerini bilýän bolsaňyz, Türkmenistan medeniýet hazynasyna habar bermegiňizi haýyş edýäris.
Biziň adresimiz: 744000, Aşgabat şäheri, Şewçenko köçesiniň 12-nji jaýy, telefonlarymyz: 29-54-69, 25-57-25 ýa-da onuň oblast bölümlerine habar berip bilersiňiz.
Çünki biz olaryň adam şekilli täzeden jaýlanmagyny gazanmaklygy we olaryň hatyrasyna din-däp dessurlaryny ýerine ýetirmekligi we Aşgabatda Gynanç memorial kompleksini, muzeýini we parkyny dikeltmegi özümiziň borjumyz diýip hasap edýäris. Biz bu maksadymyzy amala aşyrmak üçin meýletin serişde ýygnamagy yglan edýäris.
«Hatyra» jemgyýetiniň Aşgabat ýaşaýyş jaý-sosial bankyndaky hasaplaşyk sçýotynyň № 702101».


Kakasynyň söwer ogly Marks Berkeliýewiç şeýle diýýär: – Men kakamyň we kakam ýaly repressiýa edilenleriň hatyrasyna mermerden, ýene-de haýsydyr bir gymmat daşdan belent ýadygärlik gurulsyn diýip ylgap ýöremok. Men repressiýanyň gurbany bolan kakamyň, onuň döwürdeşleriniň jesetleriniň bir ýere ýygnalyp hakyky merhum ýaly jaýlanylmagyny isleýärin. Sebäbi olaryň jesediniň nirede galandygy belli däl. Ol adamkärçilige, adam ahlagyna gelişýän zatmy? Günäsiz adamlaryň müňlerçesi repressiýanyň pidasy boldular. Olaryň çagalary biz öz atalarymyzyň, doganlarymyzyň jesediniň nirede galandygyny bilemizok. Ilki bilen-ä şol tutha-tutlygyň, atyp ýok edilmeleriň häkimiýet organlarynyň şol geçmişde ýalňyş hereketleri bilen bolan iş diýeli. Diýmek, öldürilen, atylyp ýok edilenleriň jesedini gözlemek, ýygnap jaýlamak häkimiýet organlarynyň borjy diýip düşünýäris. Bu diýseň adamkärçilikli işe partiýa, sowet, komsomol organlary, dini birikmeleriň wekilleri-de, DHK-niň işgärleri-de uly goşant goşup bilerler. Ýeri gelende öz kakalaryny, atalaryny, agalaryny repressiýa ýyllarynda ýitirenleriň hem gol gowşuryp oturmazlygy gerek. Biz kä halatda daşary ýurtlardan bir wagtlar aradan çykan öz garyndaşlarynyň jaýlanan ýerlerini gözläp, biziň ýurdumyza adamlaryň gelýänini eşidýäris. Eýsem näme üçin biz şeýle etmeli däl? Geliň, duşuşalyň, gözleg illerini özlerimiz başlalyň diýjek bolýaryn. Ýöne näme, has gönüläp, aýtsam, öz atalary heläk bolan şu günki hatly-sowatly bir topar abraýly işleşip ýören ildeşlerimiz bu meselä sowuk-sala garap, işiň ilerlemegiňe kömek etmän, päsgel berýär diýjek bolýaryn, Belki, men ýalňyşýandyryn...
Ýok, Marks Berkeliýewiç, Siz ýalňyşaňyzok. Ata-babalarymyz «Ölüsini sylan beg bolar», «Ölüsini sylamadyk, dirisini sylamaz» diýipdirler. Repressiýa edilip, ýok edilenleriň jesedini tapmak, bir ýere jemlemek barada az gürrüň edilenok. Ýöne sözden işe geçmäge wagt boldy öýdýän.

Orunbasar ALYMANOW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 67 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orunbasar Alymanow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Kitapcy   [Материал]
Marks Berkeliýew 1936-njy ýylda doglan we häzir aýatda diri, ýaşuly Bekrewede ýaşaýar. Aýaly Sülgün Çaryýewna belli ýazyjymyz Çary Aşyrowyñ 48-iñ ýer titremesinde oguljygy bilen bile ýogalan aýalyndan bolan gyzy. Birki günlükde ýaşulyñ aýagy döwlen eken...
Marks aganyñ aýaly bilen bile ýazan "Gipertoniýa keseli" diýen kitabyny okapdym, ylla pudaklaýyn ylmy iş däl-de, çeper eser ýaly, diýseñ ýeñil okalýar, kitapda gozgalýan mesele bilen baglanyşykly halk döredijiligi, nakyllar, klassyk şahyrlarymyzdan mysallar diýseñ ýerlikli ulanylypdyr.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: