10:40
Durmuşmy!?
DURMUŞMY?!

Muña gelip hemmeleñ,
Bagty çüwüp durmyşmy!?
Bolsañ-da geda, pahyr.
Durmuş täsin gurluşly.
Ol maña ýüzün öwrüp,
Gyýa-gyýa baksa-da.
Aşyk bolan dilberin,
Wepa bermän ýaksa-da,
Diýmedim owal-ahyr,
Oña ýygryp señrigim,
"Ah, sen ýowuz durmuşmy?"
Çünki, munda pelek maña,
Örkümi ýere baglap,
Il üçin bagrym daglap,
Mydam gezmeli aglap,
Otly dünýä gurmuşmy?
Guran bolsa kaýyl men,
Pelek beren permana.
Ot içinde şirin jan,
Ýanar, misli perwana.
Ot içunde ýansam-da,
Doga edip dakynjak,
Dogryny dagda:n ýaly.
Galyp hakydalarda,
Ajaýyp aýdym ýaly,
Bu dünýäden gaýdamda,
Gaýdaýyn gaýdan ýaly.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 66 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 21
0
21 Dunyagozel   [Материал]
Gelneje, Nurdan dogry aýdýaňyz çyndanam 1 hepdede eýýäm maşgalam ýaly bolduňyz smile

0
20 Gumlygelin   [Материал]
Öz göwnümizi özümiz halkyndyrmasak kim gelip galkyndyrsyn...
Mydam sübsegär ýaly,
Syryp kalplañ kerebin.
Çözledim köñülleriñ,
Ujy ýiten kelebin.

0
19 Kitapcy   [Материал]
Ruhumyzy galkyndyran Gumlygelneje smile

0
18 Gumlygelin   [Материал]
@Nurdan uýam dogry aýtýañ.Biz hakykatdanam kitapçy saýdynyñ üsti bilen biri-birimiziñ hakydamyza baky ornaşdyk.
@Dünýägözel jigimiziñ aramyza gelmegi biziñ şu wagtky galagoply dünýämize nur çaýdy.Ol täze doglan perzent şadyýanja teswirler bilen ýüzümizi güldürdi.Diýmek biziñ barymyz KITAPÇY-lar atly bir maşgalañ agzasy.

0
17 Nurdan   [Материал]
Gumlygelin, gaty gowy goşgy bolupdyr. Şu saýtdakylañ baram meniñ-a hakydamda baky galar.)) Ylhamyñyz kemelmesin. Ajaýyp!

0
16 Dunyagozel   [Материал]
Nirä ugradanymam bilemok adyňyzy meňzeş görüp aýdaýdym

0
15 Kitapcy   [Материал]
Aaaaaa... ))

0
14 Dunyagozel   [Материал]
Ýalňyş pikir etmäň öň gmail nähili işleýänini barlamak ün "A" ýazyp ugratdym tongue yzyna "A?" diýip jogap geldi şondan (@Kitapcy gaty gören dälsiňä? sad

0
13 Dunyagozel   [Материал]
Palitra düşünmedim wacko

0
12 Palitra   [Материал]
Dûnýägözel ýûrek ýaly zatlar ogrynça ugradylýar biggrin

0
11 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy siziň adyňyz Wepa my?
Siziň hasturkmen gmailiňiz bamy?

0
10 Dunyagozel   [Материал]
@Gumlygelin goşgyň içinde duýgy döretmegi başarypsyň başga näme gerek bize

Aşyk bolan dilberin, 
Wepa bermän ýaksa-da, 
Şu setirini halamadyk ýokdur görseň smile

0
9 Gumlygelin   [Материал]
@Akjemal minnetdar uýam.

0
8 Gumlygelin   [Материал]
@Kitapçy...sag bol Wepa.

0
7 Gumlygelin   [Материал]
@Dünýäm diñe señ halanyñ gör,nämä degmeýär uýajygym...

0
6 Akjemal   [Материал]
mena haladym. gumlygelin gelnejade sagbol aydasym gelya basgalara bilemak welin men ucina sizin gosgylarynyz yurege yakyn. tuys men ucin duzulen yaly smile

0
5 Kitapcy   [Материал]
Goşgy welin gowy.

0
4 Kitapcy   [Материал]
"Durmuş täsin gurlyşly" setiriñde gurlyşly - "gurluşly" bolmaly. Şeýle-de "Täsirli aýdym ýaly" diýen setiriñizde "täsirli" sözi "aýdyma" ýanaşyk goýlanda törpüräk eşdilýär. "Şirin aýdym" we has şirinleşdiriji söz goýsañ has gowy bolaýjak ýaly. Bilmedim, bu meñ öz pikirim, ylalaşmanam bilersiñ ikinji belligim b.n, gumlygelneje.

0
3 Dunyagozel   [Материал]
Hmm… Duýguly…
Menä haladyň smile

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Ýadan bolsañyz okaman geçip gidiberiñ.Men-ä durmuş hakdaky pelsepeleri öwürip-çöwürip ýörmekden ýadamok...diýip ýene-de Gumlygelin öz-özi bilen gepleşmegini dowam etdi tongue

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Tankydy bellikler edäýseñiz minnetdar bolardym smile
Belki,halys Gumlygelniñ durmuşly gürrüñin ýadansyñyz sad

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: