20:37
Doganlaryñ keç ykbaly
GPU-nyñ GARA IŞI ýa-da HAJY IŞANYÑ HELÄK BOLMAGY / taryhy-publisistik oçerkler

DOGANLARYÑ KEÇ YKBALY

I.

Agaýdar eje indi ençeme wagtdan bäri Daşhowuzda, ogly Gurbanlarda ýaşaýardy. Ol öz ýany bilen agtygy Hamzany hem alyp gelipdi. Çünki Sädu öz maşgalasy bilen Moskwa göçüp gidipdi. Hamza mekdebe gatnaýardy. Ony Daşhowuzda okatmak amatlydy. Şowhunly, nätanyş şäher bolan Moskwa Agaýdar eje gidip biljek däldi. Üstesine-de, Gurbanyň özi hemişe işde, raýonlara gidip, öýüne myhman, Gelni Yzbaý-da bolsa medtehnikumda okaýardy. Öýe adam gerekdi. «Daulbaýyň öýi gulply bolsa gelen-giden näme diýer? Daşhowuz etrapynda garyndaşlar örän köp. Üstesine, bu ýerde Säduwyň işlän döwründe hem örän köp dostlary we ýoldaşlary bardy. Indi näçe wagtdyr Gurban hem şu töwerekde işleýär. Onuň hem tanyş-bilişleri, ýoldaşlary az däl. Daşhowuza gelse, Ongalbaýewleriň Gogol köçesindäki öýüne olary sowulman geçjegi az-a. «Men şol ýerde bolmaly» diýip, Agaýdar eje şu ýere gelipdi. Goňşular bilen, özi ýaly kempirler bilen tanyşlyk açdy. Ogullary uly işde işleýän bu döwletli zenan bilen tanyşlyk açmak, gatnaşmak isleýänler az däldi. Ýöne, ene olaryň gep alşyna, özlerini alyp barşyna garap gatnaşyk açardy.
Bir gezek sal-sal geýnen iki oglan bilen bir gyz olaryň gapysyny açdy. Daşyndan seretseň olaryň ýaşy 10-12-den uly däldi. Olaryň ekabyrragy «Ongalbaýewleriň öýi şumy?» diýdi.
– Hawa, balam. Gel, näme işlije geldiňmi? – diýip, Agaýdar eje olary içeri goýberdi.
– Biz şol Mangystaudan göçüp gelenlerden. Atamyz-ejemiz açlykdan öldi. Hywa tarapda. Indem gapy-gapy aýlanyp gedaýçylyk edip ýörüs. Bir ýaşuly «Ongalbaýewyň ýanyna baryň, ol Daşhowzuň iň uly adamsy» diýipdi. «Kömek eder» diýipdi. Şonuň üçin geldik – diýip, oglanlaryň ulusy dillendi.
Olaryň köp horluk çekeni görnüp durdy. Gyzjagaz ýarym-ýalaňaçdy. Aýagynyň ujuna bakyp durdy. Gözleri ýaşdan doludy.
Agaýdar eje çagyrylmadyk «myhmanlary» içeri goýberdi, ýuwundyrdy, naharlady. Olar şolbada uklap galdy. Gurban günorta arakesmä gelipdi. Ýagdaýy eşidip:
–Şeýle açlar, hossarsyzlar heniz azalanok. Kömek edilýär. Eje, men bulary çagalar öýüne ýerleşdirerin. Öňräk Ýylanlydaky çagalar öýünden bir topar çaga gaçyp, gitdi. Nirededigi belli däl diýýärler. Belkem şolardyr. Garaz çagalar öýündäki ýagdaýlaram o diýen gowy däl. Dura-bara düzeler-dä–diýip, Gurban elini ýuwup saçagyň başyna geçdi. Öýlän bolsa Gurban ýetimleri çagalar öýüne ugratdy.
Beýle ýagdaýlar köp bolardy. Täze durmuş ugrugyp gidenokdy. Ogly Sädunyň öňräk bir aýdan gürrüňi Agaýdar ejäniň ýadyndan çykanokdy. Otuzynjy ýyl bolsa gerek. O döwürde Sädu Daşhowuz okružkomynyň sekretary bolup işleýärdi. Daşhowuz, Ýylanly, Köneürgenç töwereklerine Mangystaudan gelen gazaklar köpdi. Täze ýurda gelen gazaklar örän hor ýaşaýardylar. Olary ýerleşdirmek, täze ýurda uýgunlaşdyrmaga kömek we goldaw bermelidi. Respublikanyň hökümeti bu işi Sädu Ongalbaýewe tabşyrypdy. Kolhoz bolup, şonda jan başyna bir batmandan däne berdirjek diýip, ol gazak ýaşululary bilen gürleşeňde aýdypdy. Adamlar diýleni bilen boldy. Okrugyň ýolbaşçylary kynçylyklara garamazdan, şeýle karary goldadylar. Şeýdip göçüp gelen gazaklar hem kolhozlara birleşdiler. Dogry edipsiň, balam, halkyň ahy-zaryny özüňki diýip düşün. Şeýle etseň hudaýyň özi ýalkar – diýip, Agaýdar eje oglundan minnetdar bolupdy...
Agaýdar eje ogly Säduwyň bitiren işleri barada köp oňat zatlar eşidipdi. Sädu 1928-nji ýylyň baharynda Daşhowza partiýanyň okrug komitetiniň sekretar wezipesine işe gelipdi. Okrugda ýagdaý asuda däldi. Basmaçylar häli-şindi çozup, ilaty talardy. Sädu Ongalbaýow şeýle ýagdaýyň öňüni almak barada köp pikir edipdir. Soňra guma gidip, Jüneýit han, bilen duşuşmagy ýüregine düwüpdir. Hawa ol Jüneýit han bilen duşuşypdyr. Ýöne, näme barada gürleşipdir ol belli däldi. Köp wagt geçmänkä Jüneýit han öz bandasy bilen serhetden, aňry geçdi. Adamlar bu wakany rowaýat edip aýdardylar.
...Agaýdar eje süýji ukuda ýatyrdy. Ol tisginip oýandy, Erbet düýş görüpdir. Öýleriniň öňündäki iki düýp derek apy-tupana çydap bilmän, bilinden jorta döwülipdir. Gowy düýş däl. Ol ýerinden turdy. Düşeginde ep-esli oturyp, ýakasyna tüýkürdi. «Toba, ýagşysyna ýoraweri» diýip, äpişgä baryp daşary äňetdi. Gije tüm ýaly garaňky. Ýagyş bedreden dökülýän ýaly guýup durdy. Ol ýerine geçip ýene gyşardy. Gözlerine çiş kakylan ýaly uky gelmedi. Goňşy otagda gelni Yzbaýda uklap ýatyrdy. Horazlaryň ilkinji gygyran sesi gelýärdi. Gurban öýde ýokdy. Ol Aşgabada gidipdi. Geler wagt-a boldy. Näme üçin eglenýärkä–diýip, ene ýüregi teselli tapanokdy.
Ertirlik wagty gaýyn ene bilen gelin ümsüm otyrdylar. Agaýdar eje gören düýşüni gelnine aýtmady. «Gurbanjan gelsiň, özüne ýorduraryn, gören düýşümi. Ol pähimli oglan, Gözlerimiň garalary çagalarymyň hemmesi şeýle. «Hudaýa şükür» diýip, ene öz ýanyndan aýtdy-da goýdy. Gelni-de, agtygy-da okuwlaryna gitdiler. Öýlän Gurban geldi. Ýüzi-gözi gamlydy, ýadawdy. Ene ýüregi bir zady syzan dek ogluny aladaly garşylady. Aşgabatdaky, Moskwadaky, Şagadamdaky ogludyr-gyzlaryny, agtyklaryny soraşdyrdy.
–Eje, hemmesi hem gurgun. Meň kelläm agyrýar. Eger çaýyň bolsa çaý içip, ýatyp dem-dynjymy alaýyn–diýip, Gurban daşky geýimlerini çykarmaga durdy.
–Oglum, Nowruz aýynyň ýagyşydyr. Daşary sowuk, şondan bolaýmasyn. Ýagyş dynanok–diýip, ene kuhnýa girip gitdi.
Eneli-ogul ümsüm oturyp çaý içdiler, naharlandylar. Gurbanyň hemişeki keýpi ýokdy. Ene ýüregi bolsa gursagyna syganokdy. Ol özüniň gören gorkuly düýşüni ogluna aýdyp bilmedi. Şondan soň hem ençeme gussaly günler geçdi. Ahyry bir gün Agaýdar eje:
– Gurban, meni Aşgabada ugrat. Soňam Garabogaza. Men gyzymy görüp geljek, Nowruz geçdi, ýyl täzelendi. Gyzymyň eli degenok. Ol kolhoz başlygy. «Özüm baryp görüşerin»–diýip, aýdyp goýberipdim. Özüňem habarly-la– diýip, ogludyr gelnine ýüzlendi.
Ahyry Gurban ejesine bolan agyr ýagdaýy aýtmaly boldy. Ony indi gizläp boljak däldi.
Hawa, arada ol Aşgabatda bolanda, Türkmenistan Merkezi ispolnitel komitetiniň Prezidiumynyň Säduny komitetiň çlenliginden çykarandygyny eşidipdi. Merkezi Komitet hem ony partiýa hataryndan çykarypdyr. Säduwa kontrrewolýusion milletçilikli guramanyň işine gatnaşýan, ýapon we iňlis razwedkasy bilen aragatnaşyk saklaýan diýlen günä ýüklenýärdi. Ynanyp bolmajak zatdy. Emma Agaýdar eje iki gözde bir ýaş bolup, näme bolanyny janygyp soraýardy.
–Eje, bir ýalňyşlyk bolan bolmaly. Hiý, Oňgalbaýew şeýle iş eder diýip, kim oýlar. Gaýgysyz Serdarowiç, Nedirbaý dagy ýagdaýy hut şu gün-erte anyklamakçy. Arkaýyn işiňe gidiber diýdiler–diýip, Gurban ejesine göwünlik berdi...
...Hawa, Sädu Oňgalbaýewe «Türkmen azatlygy» diýen kontrrewolýusion milletçilikligurama gatnaşypsyň. Daşhowuzda işlän döwrüňde şol ýerde onuň işine ýolbaşçylyk edipsiň. Moskwadakaň iňlis, ýapon razwedkasynyň peýdasyna iş alyp bardyň» diýen günäler ýüklenilýärdi. Emma, «Türkmen azatlygy» diýilýän guramanyň bolandygyny taryhçylar şu güne çenli bilenoklar. Ýöne NKWD-nyň sülçüsi Saryçew şeýle günäleri onuň boýnuna dakjak bolýardy.
Eýsem, Sädu Oňgalbaýew kim? Sädu Oňgalbaýew 1903-nji ýylda doglan, Krasnowdsk şäherinden, milleti gazak. 1920-nji ýylda Krasnowodskide zähmet we sosial bölüminde işledi. Az wagtlap metbugatda hem işläpdir. Şol döwürde komsomol hataryna giripdir. Komsomolyň Krasnowdsk uýezd guramasynyň döredilmegine işjeň gatnaşypdyr. 1921-22-nji ýyllarda şol komitetiň bölüm müdiri boldy. Jebelde komsomol ýaçeýkasyny gurmaga işjeň gatnaşdy. 1924- nji ýylda partiýa hataryna geçdi. Türkmenistan komsomolynyň MK-nyň Býuro çleni, agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri, 1925-nji-1930-njy ýyllarda bolsa partiýanyň Kerki okrug komitetiniň propaganda we agitasiýa bölüminiň müdiri, partiýanyň Krasnowidsk raýon komitetiniň sekretary, partiýanyň Daşhowuz okrug komitetiniň jogapkär sekretarlygy wezipelerinde işledi. Ol 1930-njy ýylda TK(b)P MK-nyň Býuro çlenligine we MK-nyň agitasiýa, propaganda bölüminiň müdirligine çekilýär. Bu ýerde ol 1931-nji ýylyň aýagyna çenli işleýär. Şondan soň ony TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň ikinji orunbasary, soňra Türkmenistan hökümetiniň SSR Soýuzynyň hökümetiniň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine belleýärler.
Bulary biz Sädu Oňgalbaýewiň öz eli bilen ýazan terjimehalyndan aldyk. Ol Aşgabada partiýa arhiwinde saklanýar. Şol ýerde beýleki dokumentleri, wagtyň geçmegi bilen saralyp giden kagyzlary agdaryşdyrdyk. Köp zatlara göz ýetirdik. Giň gözýetimli, parasatly agamyzyň tagallasy bilen halkyň bähbidi üçin bitirilen işler sanardan köp. Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasyny arassalaýyş wagtynda 1935-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Merkezi Ispolnitel Komitet bilen Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji partiýa guramasynyň ýygnagy bolupdyr. Onda Sädu Oňgalbaýewiň hasabaty diňlenipdir. Şol ýygnakda oňa berlen soraglar hem gödek, hem ary köýüp barýan, ondan jany ýangynly bolan adamyň sesini eşitmek bolýardy. Her hili töhmetler ýüklenýärdi. Esassyz sürünýärdiler. Çydar ýaly däldi, ýäne ol döwrüň täsiri şeýledi. Şonda Sädu aga berlen soraglaryň käbirini okyjylara bolşy ýaly hödürlemegi makul bildik.

«Sorag: – Sen öz agaň Saky hakynda hiç zat aýtmadyň. Bizdäki bar bolan maglumatlara görä, ol Gazagystanyň Mangystau ýarym adasyndaky adaýlaryň gozgalaňyna gatnaşypdyr.
Jogap: –Onuň bu günki gürrüňe hiç hili dahyly ýok. Meniň gazakdygym dogry. Ýöne iş köp bolup, köp wagtdan bäri Gazagystan bilen, aragatnaşyk edemok. Adaý uýezdindäki wakalary adaýlaryň özünden soraň.
Sorag: – Siz Krasnowodsk raýon komitetiniň sekretary bolup işleýän wagtyňyz Hoja atly gazak baýynyň gyzyny partiýa hataryna kabul edipsiňiz, oňa nähili düşünmeli?
Jogap: –Onuň näme aýby bar?
Sorag: –Ol baý gyzy, üstesine komsomol çleni däl.
Jogap: –Bolanda näme? Eger baý gyzy biziň partiýamyza girjek diýse, oňa ilkinji partiýa guramasyndaky ýoldaşlar ynam etse, onda munuň özi oňat zat dälmi?
Sorag: – Barybir siz 1930-njy ýyldaky adaýlaryň gozgalany barada hiç zat aýtmadyňyz. Siziň daýyňyz Konarbaý we onuň ogly Lepes Fort–Aleksandrowsk şäherinde rewolýusiýa garşy gozgalaňçylara ýolbaşçylyk etdi, Hökümeti öz ellerine almaga çalyşdy. Ol patyşa döwründe hem atly baý bolan, Konarbaý atuwa höküm edildi. Ogluna on ýyl berildi. Biz bularyň baryny bilýäris. Bulara näme diýjek?
Jogap: – Olary gozgalaňa çagyran men däl. Aýbym garyndaşlygym. Men hiç zat bilemok. O döwürde men TK(b)P MK-da işleýärdim».


Oňgalbaýewleri Nedirbaý Aýtakow oňat bilýän ekeni. Nedirbaýyň özi Gazagystanyň fort–Alksandrowsk şäherinde doglan. Gazaklaryň arasynda önüp-ösen. Gazaklaryň dilini, urp-adatlaryny oňat bilýän ekeni. 1924-nji ýylda Orta Aziýada milli respublikalar döredilende Nedirbaý Daşkentden Aşgabada gelip, Türkmenistan MIK-niň, başlygy bolýar. Şondan soň özüniň gazak dostlary Oňgalbaýewlere jogapkärli postlary ynanypdyr. Olary işiň jogapkärli hem agyr uçastoklaryna iberipdir. Oňgalbaýewler hem öz gezeginde Nedirbaýyň, Türkmenistan hökümetiniň, partiýa guramasynyň ynamyny ödemek üçin ak ýürekli işläpdirler. Ýokarda agzalan ýygnak wagtynda, soňra bolsa NKWD-nyň derňewleri wagtynda Nedirbaý Aýtakow öz gazak inilerini töhmetden gorapdyr...
NKWD-niň sülçüleri özleriniň göwnünden turýan görkezmelerini almak üçin ellerine düşen pidalary nähili gynandygy barada belli bir zat aýdyp bolmaz. Ýöne düýnki dostlarynyň, oňat gören ýoldaşlarynyň sorag edilen wagtynda biri-birine töhmet atyşmalary welin, gynamalaryň, zorlamalaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Sädu Oňgalbaýew «Türkmen azatlygy» diýen guramanyň Daşhowuz bölümine ýolbaşçylyk etdi diýen görkezmeler R.Babajanow, Ýa.Ýusubow, K.Abdyrahmanow, O.Saparow diýen şaýatlara degişli. Ýöne, ýokarda belleýşimiz ýaly şeýle gurama hiç wagtda bolmandyr. Onsoň näme aýdyp, näme diýjek? Emma türmede oturan ilkinji sekiz aýynyň dowamynda Sädu Oňgalbaýew özüne ýüklenilýän günäleriň hiç birini boýun almandyr. Özüni günäli hasaplamandyr.
1937-nji ýylyň 13-nji noýabry. Ähli zat özgerdi. Ol Aşgabadyň türmesinde şeýle görkezme beripdir:

Sorag: – Siz sekiz aýyň dowamynda derňewe hiç zat aýtmadyňyz, derňewi aldadyňyz. «Türkmen azatlygy», «Alaş orda» guramalaryna degişlidigiňizi boýun almadyňyz. Emma derňewdewelin anyk faktlar bar. Siz hakykaty aýtmakçymy?
Jogap: – Hiç hili gizlin guramada bolmandygymy ýene-de tassyklaýaryn.
Sorag:– Derňew size ynanmaýar.
Oňgalbaýew şu ýerde özgerdi oturyberdi. Oda öz ýoldaşlarynyň görkezmelerini okap berdiler. TSSR MIK-nyň başlygy, öz dosty Nedirbaý Aýtakow: «Sädu Oňgalbaýewiň ýaponlar bilen gatnaşyk edendigini soň bildim». TK(b)MK-nyňsekretary H.Sähetmyradow: «Sädu Oňgalbaýewi bu hereketlere men çekipdim». TSSR sosial üpjünçilik ministri A.Kulyýew: «Özüm-ä rewolýusiýa garşy guramanyň şu aşakdaky işjeň çlenlerini... Sädu Oňgalbaýew...» I.Mädeminow: «Oňgalbaýew ähli baýlary, kulaklary boşatdyryp goýberdi».


Şeýdip Sädu Oňgalbaýewi garalaýan 500-nji iş emele geldi. Işe SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasy tarapyndan, Ýapyk sud mejlisinde seredildi. Şaýat, aklawjy bolmady. 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabry. Sagat 12-den 50 minut geçende, sud mejlisi başlanyp ol 13 sagat 20 minut-da tamamlanýar. Bary-ýogy 30 minut. Sädu Oňgalbaýew özüni günäkär hasaplamady. Ol özüniň soňky sözünde «Men hiç wagt halk duşmany bolmandym. Indem bolman» diýýär.
Ol ýokary jeza-atuwa höküm edilýär. Höküm şol gün, 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ýerine ýetirildi diýlip ýazylan sprawka işe çatylypdyr...

«Tussag edilýänçä, 1937-nji ýylyň l-nji martyna çenli Türkmenistan SSR-niň Soýuz hökümetiniň ýanyndaky hemişelik wekili Sädu Oňgalbaýew baradaky iş SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasynda 1958-nji ýylyň 20-nji maýynda täzeden seredildi. Harby kollegiýanyň 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabryndaky Sädu Oňgalbaýew baradaky hökümi emele gelen täze ýagdaýa görä hem-de jenaýat alamatlarynyň ýoklugy üçin togtadyldy. Oňgalbaýew S. aradan çykandan soň aklandy».
SSSR Ýokary Sudunyň harby kollegiýasynyň sekretardatynyň naçalnigi ýustisiýanyň polkownigi I.Polýuskyý. 1958-nji ýylyň 16-njy awgusty».

Türkmenistan Kompartiýasyiyň MK-nyň Býurosy 1988-nji ýylyň iýunynda Sädu Oňgalbaýewiň partiýalylygyny dikeltdi.
«Hiçden giç ýagşy» diýenleri ýaly ahyry hakykat dabaralandy. Ýöne köp garaşdyryldy.
Sädu Oňgalbaýewiň gyzy Nina Aşgabatda ýaşaýar. Ogly Hamza öňräk ýogalypdyr. Aýaly Şarkat bolsa 1948-nji ýylda Aşgabatda ýer titrän wagty wepat bolupdyr.

II.

Onuň türmede oturanyna köp wagt geçdi. Ilki ony TK(b)P MK-nyň býurosyna çagyrdylar. Partiýa hataryndan çykardylar. Soňra MIK-iň çlenliginden çykarylýanlygyny aýtdylar. Oňa agyr günä ýüklenilýärdi. Milletçilik guramanyň çlenimişin, kontrrewolýusion elementleri goldaýarmyşyn diýýärdiler. Ýöne ol näçe pikirlense-de hiç bir zadyň ujuny tapyp bilenokdy, işde bilmezlikden säwlikleriň goýberilmegi mümkindi. Hiç kim perişde däl-ä. Kamerada onuň ýeke özi. Oňa pikirlenmäge, geçen ýoluna göz aýlamaga, öz eden işlerine baha bermäge mümkinçilik bardy.
Gurbanyň ýadyna agasy Sädu bilen bolan duşuşyk düşdi. Gurban ol wagtlar partiýanyň Porsy raýkomynyň birinji sekretarydy. Aşgabatda bolan respublikan maslahata gatnaşdylar. Doganlar maşgala durmuşy, iş-alada barada pikir alyşdylar.
–Seni okružkomyň birinjisekretarlygyna teklip etjek bolýarlar–diýip, eşitdim. Güýjüň ýetermi?–diýip, ara düşen dymyşlygy doganlaryň ulusy bozdy.
Agasynyň uzyn boýy, owadan keşbi, sada we gelşikli geýnişi oňa diýseňýaraşyp durdy. Agasynyň bu sada keşbine Gurbanyň gözi giderdi. Ol bu gezegem özüniň süýtdeş doganynyň daşky keşbine ýene-de bir gezek göz aýlady. Dogrudan hem ýolbaşçy wezipede işleseň sada geýinmek gerek, sebäbi ýaşy, wezipesi boýunça der dürli adamlara duşýarsyň. Mesele çözýärsiň, juda bir moda boýunça geýinibermek ýolbaşçylara gelişmeýär. Onuň ýanyna gelýän adamlar özlerini oňaýsyz duýýar–diýip, Säduwyň özi aýdardy.
Agasynyň beren soragyna jogap bermek üçin Gurban ep-esli oýlandy. Soňra:
– Teklip etseler, ynanyp wezipä saýlasalar, ýok diýip boýun gaçyrmak gelşiksiz bolar–diýip, jogap berdi.
– Dogry, «Il oňlasa atyňy soý» diýenleri. Ýöne ynama hötde gelmek üçin gaýrat etmeli. Daşhowuz okrugynyň respublikamyzyň beýleki ýerlerine garanda ykdysady, sosial taýdan yzda galmagy respublikamyzyň partiýa we hökümet organlaryny ynjalyksyzlandyrýar. Meni Moskwa işe iberenlerinde-de Daşhowzuň hajatlaryna aýratyn üns bermegi sargadylar. Sebäbi okrug demir ýoldan daş. Okrugyň ilaty esasanam, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýar. Senagat ösmedik, oňat ýollar hem ýok diýen ýaly. Umma, zähmetsöýer,agazybir halky bar. Işeňňir kadrlar ösüpýetişýär. Men ol ýerde, özüň bilýäň, köp boldum-a. Oňat kadrlar ösüp ýetişýär, olara daýansaň bitmejek iş ýok– diýip, agasy onuň pikirini oňlady.
Gurban kameranyňiçinde gezmeledi. Agasynyň aýdan sözlerini ýene-de bir gezek hakydasyna getirdi. Sädu uzakdan görüjilik bilen oýlanmagy, öz pikirlerini real pikirler bilen düşündirmegi-de başarýar. Şonuň üçinem ony ýolbaşçylar-da, ýönekeý adamlar-da gowy görýärler.
Maňa tankydy gysypsyň, seniň döwrüňde tankyt bilen çykyş etmek kyn bolupdyr diýip, günä ýüklejek bolýarlar. Eýsem şeýle diýilmegi dogrumy?
Gurban şu soraglara jogap gözlemek üçin okružkomyň birinji sekretary bolup işe başlan döwründe bolan bir wakany göz öňüne getirdi. Okrugyň ýüpekçilik edarasynyň işgärleri özleriniň ýygnagynda edaranyň naçalnigi Güseýinowy gödekligi üçin berk tankytlapdylar. Güseýinow bolsa ýaňky işçileri işden kowup, tankytüçin ar alyndyr. Işçiler partiýanyň okrug komitetine ýüz tutdular. Býuro çlenleri Güseýinowdan ýagdaýy soradylar. Güseýinow öz günäsini boýun almajak boldy. Ýöne işçiler mamlady. Býuro-da kimde nähili teklip bar? diýdip soralanda her kim bir pikiri orta atdy. Iň soňunda Gurban şeýle diýdi:
–Biz ýolbaşçylar ýönekeý işçileriň, daýhanlaryň tekliplerini goldap, ony ýerine ýetirmesek, arka durmasak, olary ýanasak, şeýle ýolbaşçyny halk goldap bilermi? Elbet-de, goldamaz. Halkyň goldawyna eýe bolmadyk ýolbaşçy hiç kime-de derkar däl. Öz adyna aýdylan adalatly tankydy kabul etmänligi, sap ýürekli adamlary ýananlygy üçin Güseýinowy wezipesinden boşatmaklygy teklip edýärin– diýen teklibi orta atdy. Güseýinow bolsa şondan soň närazy bolup çykyp gitdi. Adalatyň dikeldilendigi üçin işçileriň depesi göge ýetdi.
Kommunist Mämmedow partiýa ýygnagynda öz adyna aýdylan tankyt bilen ylalaşmandyr, şol ýygnaga gatnaşyp oturan okružkomyň ikinji sekretary Zuýew bolsa Mämmedowy goldap çykyş etmändir. Şonuň üçin Mämmedow okružkomyň býurosyna arza bilen ýüz tutdy. Şol gezek okružkomyň birinji sekretary hökmünde hut Gurbanyň özüniň pikri zerur boldy.
– Biz kommunistleri, aýratyn-da ýolbaşçylary adalatsyz tankytdan goramaly. Ýoldaş Zuýew, siz şol ýygnakda bolup ýagdaýy görüpsiňiz. Meseläni ýerinde aýyl-saýyl etmeli ekenisiz. Adamlara düşündirmek gerekdi. Ýolbaşçylary, kommunistleri sähel zatlar üçin ýanamagyň soňuna çykmak gerek, olaryňabraýyny goramaly. Mämmedowyň arzasyny barlamak üçin ýörite komissiýa düzmegi teklip edýärin diýdi.
Býuro çlenleri-de, arza beren kommunist Mämmedow hem bu teklip bilen razylaşdylar. Býurodan soň Mämmedow birinjiniň ýanyna gelip:–Gurban Daulbaýewiç, sag bolsun, minnetdar–diýip, gidipdi.
Kameranyň içi dymykdy. Gapydaky gözenekden düşýän yşyk bolaýmasa, daşary bilen hiç hili aragatnaşyk ýokdy. Koridordan nadziratelin aýak sesi eşidilýärdi. Gurban gezmeläp başlady. Aýaklary gurşupdy, onuň ýöräsi gelýär. Sorag etmäge çagyranokdylar. Öňräk «Sowet Türkmenistany» gazetinde okrugda gowaça bejergisiniň ýaramazlygy barada tankydy material çap edildi. Makala barada býuro mejlisinde Gurbanyň özi-de çykyş etdi.
–Gazet bizi dogry tankyt edipdir. Biziň gündelik işimizde gözden salýan kemçiliklerimizi-de ýazypdyr. Görkezilen kemçilikleri haýal etmän düzetmek gerek– diýip, olbýuroda nygtapdy. Soňra öz goly bilen redaksiýa hat arkaly jogap beripdi. Şol tankytdan soň kolhozlarda örän köp işler durmuşa geçirilipdi.
Maňa «Halk duşmany» diýjek bolýarlar. Şeýle ýarlyk nireden tapyldyka. Pagta arassalaýjy zawodda bolan kommunistleriň ýygnagynda çykyş edenimde «Adamlara gyýa göz bilen garap, olary halkyň duşmany görkezjek bolmak akyla sygjak zat däl. Näme üçin ertirden agşama çenli atyzda zähmet çekip pagta ýetişdirýän, mal bakýan adama halk duşmany diýmeli?» – diýipdim. Şondan soň NKWD-niň naçalnigi Fotçenko ýygnak gutarandan soň, meni öýe ugratjak boldy. Men ony sakladym-da: «Ýoldaş Fotçenko, meni ugradyp heläk bolma, özüm giderin»–diýdim. Ol bolsa «ýaňky oturanlaryň arasynda dürli adamlar bar-a sen olardan gorkaňokmy?» diýipdi.
– Ýok, ýoldaş Fotçenko, men hiç kimden gorkamok. Men hiç kime ýamanlyk edemok. Eger-de biz töweregimizdäki adamlardan gorksak, olary duşman hasaplasak onda işläp bolarmy? Biz kim bilen işleşmeli? – diýdim.
Şondan soň Fotçenkonyň reňki ýuwlan esgä döndi. Ep-esli dymyşlykdan soň «Hoş, ýoldaş Oňgalbaýew» diýip, öz ýoluna gitdi. Gurban NKWD-niň naçalniginiň ýuwaş, emma gaharly çykan sesine şol wagt ähmiýet bermändi. Indi oýlap otursa, özüniň daşyna toruň öňräkden gurlup başlanan- dygyny bilip galdy. Soňky döwürlerde raýon guramalarynyň ýolbaşçylaryndan NKWD-niň ýerli organlarynyň üstünden ençeme gezek arz edilipdi. Raýon ýolbaşçylary adamlaryň tussag edilendigi baradaky habary ertesi eşidýärdiler. Olaryň hemmesine «halk duşmany» diýlen günä ýüklenilýärdi. Oba Sowetleriniň, kolhoz başlyklarynyň tussag edilendigini ertesi raýispolkoma getirilip berlen möhürler boýunça bilýäris–diýip, raýon ýolbaşçylarynyň biri.gürrüň beripdi.
TK(b)P Daşhowuz okrug komitetiniň birinji sekretary Gurban Oňgalbaýewiň halk duşmanydygyny subut etdik – diýseler, Fotçenko ýalylaryň abraýy artjak, wezipesi, çini ulaljak. Onsoň häzire çenli şeýle günä bilen ýok edilen adamlar babatda olar günäsiz boljak. Hatda Ongalbaýewiň özi hem «Türkmen azatlygy» diýen gizlin guramanyň çleni ekeni diýjekler. Gör, olara näme gerek. Men halk duşmany bolmandym. «Indem bolman». Ol şu sözleri aýdan da özüniň sesiniň batly çykanyny duýman galdy.
Ýatlamalar... ýatlamalar.., Hawa, adaty iş günleriniň biridi. Telefon jyňňyrdady. NKWD-niň naçalnigi ekeni. Ol özüniň kabul edilmegini sorady. Fotçenko köp garaşdyrmady. Salamlaşdylar. Bu ýerde okrug ispolkomynyň başlygy Öwezgeldi Janmämmedow hem bar ekeni. Ara dymyşlyk aralaşdy. Ony kabinetiň eýesi bozdy.
–Timofeý, näme hyzmat! Aýdyber–diýip, Gurban Fotçenko ýüzlendi. Janmämmedow bolsa birneme gaýrarak süýşüp oturdy. Diýmek naçalnigiň diýjek zatlaryny diňlemeklige ol hem taýýar. Oňgalbaýew Fotçenkony tanaýardy. Ol Gurbandan ýaşy boýunça uludy. 1924-nji ýyldan partiýa çlenidi. Köp geplemezdi. Ýöne soňky döwürde ol özüni düşnüksiz alyp barýardy. Ähli zady onuň özi bilýän ýaly, akyl satjak bolýardy. Beýle ýagdaý okrugyň ýolbalşçylaryna ýaranokdy. Bu barada Aşgabada hem habar edildi. Netije ýokdy. Bu ýagdaý okrugyň ýolbaşçylaryny örän ynjalyksyzlandyrýardy.
–Gurban Daulbaýewiç, size bir informasiýa barada habar etjek bolýan. .Siz ýakynda Kalinin raýonynda bolanyňyzda Stalin adyndaky kolhozyň kolhozçylaryny oba hojalyk salgydyndan boşatmaly diýipsiňiz. Muňa biz-ä düşünen däldiris. Her kim şeýdip özbaşdaklyk ediberse, biz bäşýyllyk plany dolup bilerismi? Onsoň okrugyň käbir ýolbaşçylary oba toýlaryna baryp milletçilikli äheňde aýdylan aýdymlaryň köpçülik bolup diňlenilmegini, milletçilikli däp-dessurlaryň ýerine ýetirilmegini gurapdyrlar. Ine, şular barada Aşgabada habar bermänkäm Sizi habardar edäýeýin diýipdim. Ol sözüne dyngy berdi.
Bu adamyň oňly habar bilen gelmejekdigini telefon edende hem, aňan okružkomyň birinji sekretary ep-esli oýlandy. Gyssanmady. Onuň garşysynda oturan adam örän hilegärdi. Her sözünden many ogurlajak bolýardy. Mümkin bolsa ýagdaýa hojaýyn boljak bolup dyrjaşýardy. Okrugyň ýolbaşçylary bolsa bu ýerdäki ähli ýagdaýa ilkinji nobatda jogap bermeli adamlardy. Şonuň üçinem olar özlerine ýüklenilen jogapkärçiligi bir minut hem unudanokdylar.
– Ýoldaş Fotçenko, –birinji bu gezek NKWD-nin naçalniginiň adyny däl-de, familiýasyny tutdy, gürrüň resmi ýagdaýa geçdi. – Siziň informasiýalaryňyz dogry. Biz kolhozçylary salgytdan boşadanda iki maksady göz öňünde tutduk. Birinjiden-ä kolhozçy hojalygy birneme aýaga galsyn, özüni dürsesin, onuň kolhoza bolan ynamy artsyn diýdik. Ikinjiden bolsa syýasy maksat-kolhoz eýeçiliginiň, Sowet döwletiniň diňe halka hyzmat etmelidigini daýhanlara düşündirjek bolduk. Munuň özi dogrumyka diýýärin. Onsoň toý baradaky aýdylýan gürrüňler hem dogry. Biz bolşewikler, zähmetkeş halkyň ruhy ýaşaýşy bilenem gyzyklanmaly. Onuň ösmegi üçin ýardam etmeli. Hemişe halkyň arasynda bolmaly. Toý bolsa halkyň öz depleri boýunça geçýär. Okrugyň ýolbaşçylary toý edýänlere halkyň belent duýgusyna, diline, medeniýetine ters, gelýän zatlary etmeli– diýip, buýrup bilmez. Her halkyň gadymdan gelýän däp-dessury bar. Biz olary hormatlamaly.
Milli tapawutlary, aýratynlyklary ýatdan çykarmak bolmaz. Geljekki kommunistik jemgyýetde biri-birine goşuljak köp sanly milli dil, medeni aýratynlyklar biri-biri bilen bilelikde ýaşap bilerler.–diýip, Marksizm öwredýär. Milli aýratynlyklaryň örän köp wagtlap ýaşajakdygyny W.I.Lenin öwretdi. Milli aýratynlygy ýok etmek häzirki pursatda boş hyýaldyr. Okan bolsaňyz ýadyňyzdadyr Fotçenko. Wladimir Iliç partiýanyň VIII gurultaýynda milletleriň umumylaşdyrylmagy diýen pikire nähili gaýtawul beripdi. Leniniň pikiriçe ol kommunistik gurluşygyň beýleki basgançagynda bolmaly. Şonuň üçinem biz kommunistler her bir halkyň milli aýratynlyklaryna hormat goýmaly. Onuň däp-dessurlarynyň ösmegi barada alada etmeli. –Oňgalbaýew şulary diýdi-de, çäýnekdäki çaýdan käsä guýup owurtlady, endigine görä ýaglygyny alyp maňlaýyna ýetirdi. Kabinete agyr ümsümlik aralaşdy. Şu pille Gurbanyň gulagyna kakasy Daulbaý aganyň sesi eşidilen ýaly boldy. Ol: «Balalarym, başga halkyň arasyndadygyňy ýadyňda pugta sakla, olar saňa seredip, seniň eziz halkyň sahabatlydygyna, onda iman-namys ýaly häsiýetleriniň näderejededigiňe baha berýärler. Öz ene diliňi sylaýşyň ýaly, dostuň dilini hem syla, oňa hormat goý. Sen hiç kimden kemem däl, artygam». Gapdalda oturan Janmämmedow welin, Gurbanyň rus dilinde gepleýşine, hüjüm edijilikli, ynamly jogaplaryna haýran galyp otyrdy. Okružkomyň birinji sekretarynyň şeýle gyzyp gepleýşini onuň ilkinji gezek görşüdi. Ep-esli wagtdan soň Fotçenko hoşlaşyp çykyp gitdi.
Okružkomyň ýolbaşçylary dymýardylar. Olar näme hakda pikir edýärkäler? Bu dymyşlyk uzaga çekmedi. Ony özüniň mylaýym sesi bilen Gurban Oňgalbaýew bozdy:
–Ynam, birek-birege ynanmak gowy zat. Ýöne onuň hem çägi bolmaly. Doktoryň beren dermanyny, wraçyň aýdanyndan köp ulansaň, ol zähere öwrülýär. Edil ynam şeýle bolmaly. Onuň çägi bar. Emma, merkezde, Aşgabatda-da NKWD-niň işgärlerine köp ynam edilýär. Indi, olar partiýanyň, Sowet organlarynyň üstünden kontrollyk etjek bolýarlar. Öz-ä düzeler–diýip, ol sözüne dyngy berdi. Emma, birinji sekretar organyň halkyň hyzmatyna belli-külli goýuljak wagtyna çenli olaryň entek has agyr işleri etjekdigi baradaky pikir kellesine gelende ol tisginip gitdi.
–Biziň Daşhowuz–Çärjew aralygyna awtomobil şosse ýoluny gurmak baradaky teklibimizi Halk Komissarlar Sowetine aýtdyňyzmy? Men Merkezi Komitet bilen gepleşdim. Olar iki elläp goldaýarlar–diýip, okružkomyň birinji sekretary Janmämmedowa ýüzlendi.
–Hawa, olar hem makullaýarlar. ýöne, köp serişde gerek bolar diýýärler. Men awtomobil ýolunyň zerurdygyny subut etmek üçin köp deliller getirmeli boldum. Amyderýa ýylyň dowamynda 3-4 aý doňýar, gatnaw kesilýär. Biz bolsak zerur ýükleri Çärjewden alyp bilemizok, ýoluň gurluşygynyň proýektini düzer ýaly gurama tapdym–diýip, Janmämmedow jogap berdi.
Janmämmedow gidenden soň Gurban kabinetinde ep-esli wagtlap oturdy. Ýol gurluşygynyň meselesiniň oňyn çözülmegi oňa hyjuw beren ýaly boldy. Hawa, Amyderýanyň gyş aýlarynda doňmagy zerarly okrugyň adresine gelýän ýükleri wagtynda almak bökdelýär. Çärjewden Daşhowuza awtomobil ýoly çekiläýse, gör nähili oňat bolardy. Ýogsam derýanyň boýundaky Lawakdan, Gypjakdan ýük daşamak üçin kolhozlardan araba sorap azar baryny berýäris. Öňräk okružkomyň býurosynda Lawakdan, Gypjakdan galla daşamak üçin Daşhowuz raýony 150 araba, Ýylanly raýony 200 araba, Tagta raýony hem 100 araba ibermeklige borçly edildi. Başga alaç ýokdy. Gallany daşamak gerekdi.
Gurbana özüniň ýatkeşligi diýseň kömek edýärdi. Şonuň üçinem ol häzir özüniň başyndan geçen wakalary birin-birin ýatlaýardy. Kamerada wagty şeýdipgeçirýärdi. Ol özüniň Porsy MTS-nde, partiýanyň Porsy raýkomynda hem-de partiýanyň Daşhowuz okrug komitetinde işlän döwründe sowatsyzlyga garşy alnyp barlan işleri hakydasyna getirdi. Sowatsyzlar köpdi. Üstesine mekdep ýaşyndaky çagalaryň hemmesini mekdebe çekmeklige mümkinçilik ýokdy. Emma, bu ugurda köp işler durmuşa geçirilýärdi. 1936-njy ýylda 15 mekdep guruldy. Ondan öňki ýyl bolsa 3 mekdep gurlan eken. Halk magaryfyna köp serişde goýberilip başlandy. Otuz dördünji ýyla garanda geçen ýyl bu maksat üçin goýberilen pul üç esseden gowrak artdy. Muňa bir tarapdan, okrugyň partiýa, Sowet organlarynyň respublikanyň hökümetiniň. öňünde meseläni tutanýerli goýmagy kömek eden bolsa, ikinjiden, okrugyň ykdysadyýeti hem ösüş ýoluna düşüp ugrapdy. Pagta, galla we beýleki önümleriň öndürilişi artýardy. 19;34-nji ýylda her gektardan 5 sentnerden pagta alyndy. 1936-njy ýylda 10,4 sentner hasyl ýygnaldy. Pagtanyň jemi mukdary hem degişlilikde 19761 tonna we 44 müň tonna barabar bolupdy. Adamlaryň işe bolan höwesi artýardy. Kolhozlar aýaga galýardy.
Planlar, arzuwlar köpdi. Sement, asfalt zawodlaryny gurmalydy. Pagta arassalaýjy zawodlarynyň sanyny köpeltmelidi. Bu meseleleri çözmek üçin respublikanyň hökümeti hem wada beripdi. Arman...

Orunbasar ALYMANOW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 95 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Orunbasar Alymanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 4
0
4 Dunyagozel   [Материал]
Köp sag bol

0
3 Kitapcy   [Материал]
bandasy - banda (huligançylykly topar),
MK - Merkezi Komitet,
TK(b)P - Türkmenistanyñ Kommunistik (bolşewistik) partiýasy...

0
2 Dunyagozel   [Материал]
bandasy,
MK (-da işleýärdim),
MIK (-niň, başlygy bolýar), "TK(b)P MK (-da işleýärdim")
Sözler näme bolýara wacko

Ata düşünmämsoň ýarsyny okap bildim. Bendä berilýän soraglary başga birine berseler-ä iki aýagyny bir köwşe sokaýmasa. smile

0
1 Gurgencli   [Материал]
Tüweleme eliňiz gözüňiz dert görmesin menden öňürdip bu kitabam elektron görünişine geçiripsiňiz, öňräk menem şu kitaby elektron görünişine geçirsemmikam diýip oýlanyp ýördüm.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: