09:14
Ýaňyltmaçlar

■ GARAGOL HORAZ

Hekgerip gezer horaz,
Tüýs arabozar horaz.
Däne çokmaly bolsa,
Hemmeden ozar horaz.

■ ÇEPBEKEÝ

Çepegiňi çepe geýme,
Çepbekeý!
Sag çepegiň saga,
Çep çepegiň çepe geý!

■ TOPUM

Eýläk togalaganja topum,
Beýläk togalaganja topum.
Togalana-togalana,
Güýmenje bolaganja topum.

■ TOWŞAN

Ýygyp ýörkä ýowşan towşan,
Çal möjege duşan towşan.
Towsan towşan, towsan towşan,
Öýlerine gowşan towşan.

■ OGRY GARGA

Garga gurda garady,
Garry garga garady.
Garga gurdy garbady,
Garry garga gargady.

■ AGAJYGYŇ AÝAJYGY

Agajygyň aýajygy
Görgä goýýar Agajygy:
Ýapa ýarmaşmakçy bolýar,

Depä dyrmaşmakçy bolýar,
Öýden daş gaçmakçy bolýar,
Mydam azaşmakçy bolýar.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 73 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: