07:43
Şowsuz gezelenç

ŞOWSUZ GEZELENÇ
(Bolmadyk, emma bolup biläýjek geň waka)

Piliň gezelenje gidesi geldi.
Peýwagtyna seýil edesi geldi.
Irizdi "Haýwanat bagynda" durmak,
Gerekdi pile-de aýlanmak,
Görmek.

Haýyş etdi sakçysyndan kän gezek:
Üç-dört gezek däldir, belki, on gezek,
Sakçysy söz berip, çykardy ýatdan.
Netije bolmansoň haýyşdan — zatdan,
Piliň sakçysyna geldi gahary:
"Sakçysyzam görüp bor-la şäheri!"
Diýip, garaşdy pil Günüň ýaşarna,
Agşam salkynynyň aralaşarna.

Gün ýaşansoň haýatyny ýykdy pil,
Assa ädip gezelenje çykdy pil.
Ýollaryň ýakasy trotuardy,
Gök telpekli bagy, gür oty bardy.
Hatar jaýlar uzyn otly ýalydy.
Töwerekde adam, maşyn doludy.
Uzak gitmän derrew göze ildi pil,
Sebäbi kiçijik pişik däldi pil.

Şäheri gaplady şowhundyr — gowur:
— Bu niçik zamana,
Niçiksi döwür?!
Pil gezip ýör Aşgabatda!
Pil gezip ýör Aşgabatda!
Pil gezip ýör peýwagtyna,
Ýok ýanynda sakçy — zat-da!

— Eý, habardar bol!
Eý, habardar bol!
Golaýyna barsaň, mynjyradar ol! —

Telefonlar uzyn-uzyn jyrlady,
Til edýänler gyssag ara gürledi:
— Basym geliň!
Basym geliň!
Pil howpunyň öňün alyň!!! —

Milisiýa
"Tiz kömege"
Hem Sirke,
Hatda "Ýangyn söndüriji komanda"…
Garaz, til etdiler çem gelen ýere,
Dowla düşse, şeýdýärler bu zamanda!

Milissioner diýdi: — Graždanin pil!
Rahatlygy pozandygňy pugta bil!
Betlik edip haýatyňy ýykypsyň,
Rugsat alman giň şähere çykypsyň!
Gadyrdan dost, bu boluşyň biderek!
Şu uly göwräňden utanmak gerek! —

Pil yzyna gaýtdy — "Haýwanat baga",
Adamlar durdular goh turuzmaga:
— Ýoldaş milissioner, goýbermäň ony!
Temmi bermek gerek beýle zalyma,
Hiç bolmanda jerimejik tölediň,
Eltägede bölüme!!!
— Piliň sakçysyny suda bermeli!
— Haýatyny bekiräjik gurmaly!
— Ol belki-de guduzlap daş çykandyr,
Haýatyny şonuň üçin ýykandyr,
Görkezmeli ony psihiatra!
Milissioner diýdi: — Hany dagalyň,
Ýoluň ugrun öwürmäliň tetra! —

Bu wakany synlap duran oglanjyk,
Diýdi: "Bolupdyrlar dowulçy, ynjyk.
Ýerliksiz göwnüne degýärler piliň,
Hindistanda erkin gezýär pil, biliň!"

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 75 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Dunyagozel   [Материал]

0
1 Palitra   [Материал]
Bumat gezelenje çykmagyñ özi şowsuzlyk. Oturyñ öýüñizde biggrin

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: