07:50
Gara tut

GARA TUT

Tut bişipdir —
Gara tut.
Dökülip dur ýere tut.
Özi ýeke bolsa-da,
Ýetjek hemmelere tut.

Uzyn-uzyn gollaryn
Aşaga egip iýdik.
Kim okara,
Kim jama,
Kim käsä ýygyp iýdik.

Elimizdir, Ýüzümiz
Gara reňke boýaldy.
Oglanlara hiç welin,
Gyzjagazlar uýaldy.

Bir-birege gülüşdik:
"Masgara-da,
Masgara!"
Hemmämize tudana
Murt ýasapdyr gas-gara.

Hemra ŞIROW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 51 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Palitra   [Материал]
Tuduñ kompody we mürepbesini hemme zatdan eý görýän. Hemmäñize-de şony maslahat beryän. smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: