07:53
Işdäñiz açyk bolsun

IŞDÄÑIZ AÇYK BOLSUN

Gijelerne giç ýatyp,
Ertirlerne ir turdum:
Manydyr, rifma gatyp,
Kän-kän GOŞGY gowurdym.

Temalaryň içinden
Tapyp täzeje tema,
Işdämen iýjeklere,
Bişirdim men POEMA!

Erteki söýýänlere
ERTEKI hem gaýnatdym.
Tagamly bolar ýaly,
Ýalan-ýaşryk kän atdym.

Bişirdim barysyny
POEZIÝA pejinde.
Iýiň, KITAP — saçagyň
Başynajyk geçiň-de!

Soňundan aýdyň maňa:
Men aşpezmi, ýa şahyr?!
Ýa-da hijisem dälmi?!
Bilmegim gerek ahyr!

Işdäňiz açyk bolsun!
Sowatman iýseňiz bor!
Tolgunmak bilen, aşpez —
Ýagny, degişegen AWTOR!

HEMRA ŞIROW

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 100 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 26
0
26 Dunyagozel   [Материал]
@Palitra heýem @Kitapcy agamy iýip bolarmy smile

0
25 Palitra   [Материал]
Işdäm açyk diýip kitapçyñ adminini iýäýme birden biggrin

0
24 Palitra   [Материал]
Señem işdäñ açyk bolsun Dünýä jora smile

0
23 Hаwеrаn   [Материал]
Biziñ her günûmiz front smile

0
22 Dunyagozel   [Материал]
@Ogulgerek biggrin
@Haweran siz näme frota-da gatnaşdyňyzmy?

0
21 Ogulgerek   [Материал]
Has dogan, gyzlar lak ataýmasyn diýip, ýaşyñyzy uly görkezýäñizmi biggrin

0
20 Dunyagozel   [Материал]
Boldy onda atam biggrin

0
19 Hаwеrаn   [Материал]
50 dagy näme, 154 yaşymda men wacko

0
18 Hаwеrаn   [Материал]
Aý daýy diý, dogan diy, sadikdeş diy, klasdaş diy, kursdaş diy, frontdaş diy... keypiñ kelläñde, jigimjan cool biggrin

0
17 Hаwеrаn   [Материал]
Aý men özüm açamog-a jigim, açybam bilemok, kompyuteri gowy bilýäniñ eline beryän açyp ber diyp, ozleri name yazsa yazandyr, okabam goremok anketada name yazylanyny.

0
16 Dunyagozel   [Материал]
Size daýy diýsem gaty görersiňizmi? smile

0
15 Dunyagozel   [Материал]
Niklerňizde hersinde bir maglumat ýazylypdyr) birinde 35 beýlekide 50 ýaş ýazylgy ekeni

0
14 Hаwеrаn   [Материал]
Bar(dy) @HaS, parolyny yatdan çykardym, girip bilemok, şoñ ü.n muny açypdym.

0
13 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy siziň @Hawerandan başgada @Has nikiňiz barmy?

0
12 Dunyagozel   [Материал]
Bu saýt entek maňa köp zat öwretjege meňzeýä smile

0
11 Dunyagozel   [Материал]
Düşünmedimlaý niklerňiziň hersinde bir zat ýazylgy wacko ???

0
10 Hаwеrаn   [Материал]
Moşennik başga, prosentçil (suýthor) başga.. ))

0
9 Dunyagozel   [Материал]
Sag bolsaňyz bolýala

0
8 Dunyagozel   [Материал]
Ýok arkaýyn boluň men moşennik dälä smile

0
7 Hаwеrаn   [Материал]
Türkmeniñki diñe ýazgy bilendir (şolam bir gowy zat). Prosenti yok dämi? biggrin

0
6 Hаwеrаn   [Материал]
Men @Kitapçy, bu nik tema açylýan nik. ))
Açyldym eýýäm, sagaldym smile indi gowy ) (bir aylygy goparyp gitdi diymeseñ).

0
5 Dunyagozel   [Материал]
Waheý ýaraňzokmy @Haweran. Tanaýanlammyza ýazgada berýäs happy

0
4 Hаwеrаn   [Материал]
Bankomatda pul yok şumat, bu aylyk barsy dermana gitdi, awans yokmy, yazyp goyay indiki aya tongue

0
3 Dunyagozel   [Материал]
1 kusok 10 man, 3 kusoga 15 man beräý 50% skidka edýän biggrin

0
2 Kitapcy   [Материал]
Dunyagozel bir kusok iyip bolanokmy mundan wacko

0
1 Dunyagozel   [Материал]
SÖÝGÜNIŇ TAÝÝARLANŞY:

300 gram gep, 2 litr göz ýaş,
1 wagon dawa, 4 kile uruş,
1 gazan azap, 1 çemçe gülki,
Ýarty halta gaýgy…
…Ine size söýgi!!!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: