08:07
Übtüjekler / kindiwanja kyssajyklar - Ýokanç

ÝOKANÇ

On dört-on bäş ýaşlaryndaky iki sany ýetginjek, şäherçäniň orruk-ortarasyndaky täze gurlan söwda merkeziniň öňünde, eltelefonlaryny hatarlap, hatda dükanyň daşyna-da çykaryp, sereşläp goýan satyjynyň gabadynda jedelleşip durdylar.
-A-how, dos, men bu puly kakamdan almak üçin bir ýyl bäri, öýde näme diýseler iki gaýtalatman, öýümiziň ýükçi eşegine dönüp, iki egnimden gum sowrup ýörün. Şonda-da kakam muny maňa gaty gysganyp berdi. Üstesine ejemem: “Alanyňa görä, gowuja zat algyň. Bolgusyz bir zady hilebir zat edip, güjeňläp getiräýseň, ahmal bolaýmagyň! Alanyňy burnuňdan getirerin!” diýip, öliň tabşyrygynam berip goýberdi. Onsoň özümiň-ä alasym gelýäni MI-6 welin, senem maňa eýýäm dinozawrlaň döwründe modadan gaçyp, jylky çykan Samsungy aldyrjak bolup ýatyrsyň…-diýip jahyllaň kepkalysy, ýanyndaka janyndan syzdyrýardy.
Onuň ýoldaşam, hamana täze eltelefonyny özüne satyn alynjak bolýan dek, öz teklibini ynama mynasyp hem tükeniksiz delilleriň uzyn zynjyryna dolap-çolap, bolşundan bäşbeter agraltmaga çytraşýardy.
Şol pille-de, aňyrdan aldyrany bar ýaly myçyp gelýän tigirli oglanjyk, badyny saklap bilmän, olaryň iki ädim beýlesinde duran gymmatbaha ulagyň böwründen süsdi.
“Jark!”
“Çaga tigrinde näme jan bar? Üstesine-de on ýaşly çaganyň aýlaýan çarhy näçe tizligi emele getirip biler?” diýjeksiň, emma tigriň teker-ä bat bilen urlup, syrçasy lowurdap duran, “heniz gylam gyrylmadyk” diýilýän ulagyň öň gapysynyň aşak başyny mazaly içine ýemşertdi. Tigriň demir-dümür böleklerem onuň ýüzüniň reňkini sydyrtdy.
Hälden bäri kimdir birine garaşyp, ulagynyň içinde göwnühoş meýmiräp oturan sürüjiniň heýýaty başyndan uçdy.
Ol göýä, bir ýerlerine köz basylan dek, atylyp ulagdan düşdi-de, bir demde ulagynyň şikes ýeten ýerlerini ysgaşdyryp diýen ýaly çykdy.
Dessine-de, aýak üstüne galyp bilmän buruljyrap ýatan oglanjygyň ezeneginden garbap tutdy. Onuň gözünden-ýüzünden syrygýan gözýaşlara üns bermän, bir silkende ony güjük göterene dönderip, özüniň gahar-gazapdyr ýigrençden ýaňa uçgun syçradaýjak bolýan gözleriniň deňesine ýetirdi. Allajy ýalmawuzyň demine düşen pişik çagasy kimin, tutuş horja göwresi bilen düýrügip, biytgyýar titreýän çagajygyň ýüzüne agzyndan ak köpük syçradyp, paýyşdan-paýyş sögünip ugrady:
-Seňem bir ejeňi nemedip nemedeýin, haramdan bolan haramy! Bü meň gül ýalyjak maşşynymy nädäýdiň-ä? Hä?! Seň bü üflis sypatyň-a indi kakaň seň ejeň bilen bajylaňňy satsa-da meň bilen üzlüşip bilmejege meňzeýä! Äý, bi seň ýalyň kakasam ýokdur-la görseň! Çöpdüýbüsiň-dä…
Gahar-gazapdan ýaňa hum ýaly çişen pyýada, öz-özünden, öz agzyndan çykýan wejera sözlerden, girisindäki etene çagaň ejiz-garawsyzlygyndan hasam beleň alyp, oglanjygy süňkli halta dönderip silkeläp, silke-silke janyny ýere gaçyraýjak bolýana çalym etdi.
Şol pursadam, olaryň beýleräginde duran köneje ulagyň sürüjisine ulag bejerişip duran ussa eşikli, otuz ýaşlaryndaky biri saklanyp bilmedi. Müçesiniň onuňka garanyňda ejizräkdigi zerarly gany depesine uran sürüjiniň eline ýapyşmasa-da, ýöwselrägem bolsa gepläp galdy:
-Äý dos, edil beýdip gatam gazaba münmesene-aý! Allaň işidir. Atdanlykda bolaýan zatdyr-da. Ojagazam etjek bolup eden däldir-le. Ulagyňa-da çyksa, müň ýa-da müň ýarym manat çykar-la! Özüňem şular ýaly garagolja balajyk bolup görensiň-ä-how, dossum?!
-Sen-n-n nämäň-ň-ň-e goş-ş-şul-ý-ý-ýaň-ň-ňeý? Hä-ä?!-diýip ussapisinde ganguýma bolan gözlerini öwren sürüji, haýbatly haşşyldady.
Şol müddet, olaryň bolşuny ünsli synlap duran kepkaly ýetginjek elini kisesine sokdy-da, gaharlanmakdan ýaňa däli öküze dönen sürüjiniň ýakynyna bardy.
-Agam! Şuny al,-diýip ol kisesinden çykaran bir petde puluny sürüjä uzatdy:-Iki müň manat şu. Aňryýany bilenem ulagyňy düzetmäge ýetýä. Ýöne, muny goýber agam! Ýogsa häzir ýüregini ýarýaň…
Oslagsyz teklibe aňk-taňk bolan sürüji, dem salymlyk aljyran ýaly etdi. Ol bir-ä penjesinde ezenegini mäjerläp duran oglanjygyna, birem özüne pul somlaýan jahyla ýaltaklady-da, birdenem: “mundanam ahmal galaýmaýyn” diýýäne çalymdaş, oglanjygy sypdyryp, puly aldy.
Munuň ýaly pişä endik edip gidendigi mese-mälim bildirip duran öwrendikli hereket bilen barmagyny tüýküligine ölläp, göýä biri elinden gaňryp alaýjak ýaly, ala-hasyrdy bolup, pul sanap durşuna, hümürdedi:
-Näme, jigiňmi ýa garyndaşyňmy? Eýle bolsa, esewan bolmaly-da-how, munuň ýaly tüntawyňyza!...
-Jukk,-edip kepkaly ýetginjek egnini gysdy. Soňam:
-Hiç zadymam däl. Ýöne öz jigilem ýaly adamjyk-da bulam!-diýip göwnübir jogap gaýtaryp durşuna, guma bulaşyp, sojap oturan oglanjyga ýerinden turmaga kömek etdi:-Tur jigim, bar tigriňi al-da, öýüňize gaýt!
Ala-başagaý bolup, göz açyp-ýumasy salymda puly sanap çykan sürüji, göwnüýetmezçilik bilen ajymtyk ýylgyrdy. Soňam özüne siňňitli garaýan ussasypatly adama gözüni gypyp, kepkaly ýetginjege görkezmedik kişisiräp, süýem barmagyny öz çekgesine eltip eýläk-beýläk towlady. Soňam gymmatbaha ulagyna ýüklendi.
Biraz köşeşen oglanjygy ýola ataran kepkaly jahylam, özüne nämedir bir zatlar diýişdirip igenýän ýoldaşyna käte baş atyp, keýpsiz halda yzyna öwrüldi.
Şol wagt gözüniň alnynda bolup geçen wakany jyňkyny çykarman dykgat bilen synlap duran orta ýaşlaryndaky satyjy, birdenkä näme üçin şu güne çenli özüne mahsus bolmadyk beýle hereketi edýändigine özem doly düşünmän:
-Hany, aýak çek bakaly, inim!-diýenini duýman galdy.
Ýetginjekler: “Beh, indi bü näme diýjek bolýarka?” diýen terzde biri-birine garanjaklaşyp, kürtdürenlerinde-de, ol öz edýän işine özem haýrana galyp, dükanyň görnüş aýnasynyň öňündäki tekjede goýlan eltelefonlaryň arasyndan kepkaly ýetginjegiň diýýän eltelefonyny aldy. Ony äm-säm bolup duran ýetginjegiň eline tutdurybam, misli özi juda uýat bir etmiş edýän dek ýüzüni boz-ýaz edip, hümürdedi:
-Al, jigi, nesip etsin! Toýuňa ýarasyn. Bahasyny bolsa, indiki ýyl getir, soňky ýyl getir, ýene bäş ýyldan getir, haçan eliň giňände üzlüşseň bolar…
“Ýamanlyk ýokanç” diýýärler…
Ýöne, Hakyň ýaradan bu dünýäsinde deňagramsyz zat ýok. Şonuň üçin, ýagşylygam ýokanç bolmaly. Şeýledigine biz-ä ynanýas.
A siz nähili?!...

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 144 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Gumlygelin   [Материал]
@Bagabat köp sag boluñ terbiýeleýji we täsirli hekaýa üçin.

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Bizem ynanýas Serdar aga.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: