08:00
Bir lukmanyñ koronawirus gündeligi!..

BIR LUKMANYÑ KORONAWIRUS GÜNDELIGI!..

“Bu wirusyñ ne emi bar, ne waksinasy bar... Adamlar reanimasion unitazlarda hossarlaryny görüp bilmän, ýalñyzlykda ölüp gidýärler. Häzirlikçe ýeke-täk çykalga bar, olam - köçä çykmazlyk. Düýn Madridiñ polisiýasy sebäpsiz daşary çykan 800 raýata jerime ýazdy. Gynansak-da, Türkiýäniñem öñünde şeýle ýowuz günler garaşýar. Haýyş edýärin, adamlara köçä çykmazlygy tabşyryñ. Düşünişimçe, käbir jogapkär işgärler ýagdaýyñ nähili howpludygyny bilenoklar.
Madridde kyrk sany oteli hassahana öwrüp, 9 mün näsagy kabul etmäge taýýarlanýarlar. Saglyk ulgamy "Ýeterlik serişdämiz, ýörite abzallarymyz ýok. Muña garamazdan wirusyñ başgalara ýaýramagyna iñ golaý topbagy bolýanam bolsak, adatdan daşary güýç-kuwwatymyzy orta goýup işleýäris" diýip dady-perýat edýär. Saglyk ulgamynda işlän pensionerleriñ elli müñi, täze uçurymlar, talyplar, ýagny, derege ýaraýjak kim bolsa işe çagyrylýar. Ähli jogapkär işgärler ellerinden gelenini edýärler, emma gijä galdylar. Indi olar alaçsyzlyk içre ikiýana çyrpynýarlar. Türkiýe hökümetiniñ bu ajy görnüşi görüp, haýdan-haý radikal profilaktika çärelerini geçirmegi gerek…”


Bu setirleri Ispaniýanyñ paýtagty Madridde ýaşaýan bir okyjym ugradypdyr.

★★★

Ýeri, bizde ýagdaý nähili? Soragymyzyñ jogabyny almak üçin sizi Eskişehir şäheriniñ Osmangazy uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ ýokanç keseller bölümine äkideýin. Çünki 2010-njy ýyldaky "doñuz dümewi" epidemiýasynda bitiren hyzmaty üçin "Döwürdeş žurnalistler" birleşigi (Çağdaş Gazeteciler Derneği) tarapyndan "Saglyk ulgamynda ýylyñ alymy" diýen ada mynasyp görülen halypamyz, Ýokanç keseller we kliniki mikrobiologiýa boýunça hünärmen, professor, medisina ylymlarynyñ doktory Gaýe Usluer şol ýerde işleýär.
Bu ýerde Gaýe mugallym iki mugallym kärdeşi, sekiz assistenti, adatdan daşary güýç-gaýratlaryny sarp edip, näsaglara em edýärler.
Maşgalalary endişeli. Çünki saglyk ulgamynyñ ýaş işgärlerine ýokanç keselleriñ ýolukma ähtimallygy ýokary. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (WHO) saglyk ulgamynyñ işgärlerini epidemolik keseller boýunça gözegçilik astynda saklamaly toparlara goşýar. Muña garamazdan olar gijelerini gündiz edip, hepdäniñ ahyrynda dynç alman dynuwsyz işleýärler. Halypa "Epidiýa dep bolup gidýänçä bize dynç ýok" diýýär!..

★★★

Indi bolsa şol poliklinikada işleýän ýokanç keseller boýunça hünärmen Aly Gümüşiñ "Koronawirus gündeligine" göz aýlalyñ:

“Ir sagat 08:00-da hassahana geldim. Derrew eşiklerimi çalşyryp, hirurgyñ eşigine girdim.
Wagt ýitirmezden palatada ýatanlaryñ we kowid-19-dan şübhelenip ýatanlaryñ kesel taryhy ýöredilýän iş bukjalaryny alyp, işime başladym. Şikaýaty barlary gözden geçirip, seljerme geçirmelilere seljerme geçirdim. Jogapkär ylmy ýobaşçyma geçiren işlerim bilen birlikde şol günki kliniki ýagdaýlary hasabat berdim.

★★★

Wizitden soñ palatada ýatan näsaglaryñ rutin proseduralaryny ýerine ýetirdim.
"Tiz kömekden" gelen çagyryş boýunça baryp, kowid-19 şübhesi bilen ýüz tutan näsaglary gözden geçirdim, etmeli işlerimi etdim. Ylmy ýolbaşçyma-da geñeşip, olary izolýasion palatalara ýerleşdirdim.
Izolýasion palatalarynyñ birinden çykyp, beýlekisine girenimde, maska, ellik we öñlük geýip-çykarmagyñ kynçylygyny ilkinji gezek başdan geçirdim.

★★★

Ikiýana ylgap, şeýle bir işleýärdim welin, göz bilen gaşyñ arasynda sagadyñ nädip 17:00-a ýetenini bilmänem galypdyryn!..
Şol sagatda nobatçylyga geçip, serwisiñ daşyndan gelýän konsultasiýalara taýýýarlanmaga başladym. Beýleki serwislerde ýatan kowid-19 şübheli näsaglar boýunça gelen soraglara jogap berenimden soñ olaryñ ýanlaryna gitdim. Gerek ýerinde ylmy ýolbaşçyma geñeş saldym.
Sagat 19:00 töweregi birnäçe minut sypynyp, naharymy iýdim.
Çünki şol wagt serwisdäki näsaglar kiparlapdy. Başga hili bolanda garnymy doýurmak ýada düşer ýaly däldi.

★★★

21:45-de "Tiz kömekden" täze çagyryş geldi. Men ýene iki näsagy alyp, serwise ýerleşdirdim. Analiz üçin gerdejikler we ganlaryny alyp iş bukjalaryny taýýarladym hem-de etrabyñ Saglygy goraýyş müdirligine tabşyrdym.

★★★

Gije 01:00-da näsaglardan biriniñ dem alşy kynlaşanda, gerekli ähli medisina emlerini etdim. Hernä azabym ýerine düşdi, näsagyñ durnukly ýagdaýa dolanyp gelmegini üpjün etdim...
Ir sagat 05:00-da nobatçy lukman bilen wital maglumatlary boýunça pikir alşanymyzdan soñ berk gözegçilik astyna alynmaly näsaglary kesgitledik.

★★★

Sagat 08-00-da kärdeşlerim işe başladylar.
Serwisiñ lukmanlary bilen bile ähli näsaglara gaýtadan wizit geçirdik.
Kowid-19 şübhesi bilen ýatan näsaglary çykan netijeler bilen tanyşdyrdyk.
Negatiw çykanlara gerekli maslahatlary berenden soñ halypamyzyñ gönükdirmesine laýyklykda hassahanadan çykardyk.

★★★

Sagatlara garşy aldym-berdimli söweş gidýärdi.
Çünki şol wagt "Tiz kömek" täze näsaglary getiripdi...
Olary ýerleşdirip, analiz üçin barlaglaryny aldyk we etrabyñ Saglygy goraýyş müdirligine ugratdyk.

★★★

Şeýdibem sagat ýene 17:00-y tegeledi.
Kirpigimi kirpigime çatman geçiren 33 sagadymyñ soñunda eşiklerimi çalşyrynyp, azajygam bolsa uklap dynjymy almak, maşgalamy görmek we ýene-de näsaglarymyñ…”


★★★

Doktor Aly Gümüş adatdan daşary gujur-gaýratdan doly otuz üç sagadynyñ kyssasyny, hamala adaty bir iş güni ýaly edip "Koronawirus gündeligine" ýazypdyr.
Sag-aman şu belany bir başymyzdan sowalyñ, görersiñiz, ynha, bu gahrymanlaryñ kinofilmleri surata düşüriler, romanlary ýazylar.
Külli adamzat size minnetdardyr, hormatly lukman doganlarym!

Ugur DÜNDAR.

21.03.2020 ý, "Sözcü" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.

Категория: Medisina | Просмотров: 249 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Dündar | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 6
0
6 Palitra   [Материал]
Beterinden beteri bar...

0
5 Palitra   [Материал]
Şonda-da şükür...

0
4 Palitra   [Материал]
Etme beýle pikirler, Bir şarpykda ýykarlar... sad

-1
3 Gökböri   [Материал]
Iller aglamaly bolsa, bizde ýer bagyrtlap möññürmeli, gözümiziñ ýaşyny-da ýandak bilen süpürmeli ýagdaý emele geldi...

-1
2 Gökböri   [Материал]
Günüñizden häzirem şükürlimi, aýal (we erkek) dogan(lar)? sad

0
1 Nurdan   [Материал]
Aglap oturmaly ýagdaý, gaty gynandyryjy. Dünýañ ýüzi abatlyk, salamatlyk bolsin, diýip ýagşy dilegde bolup seresaplylygy elden bermän, Saglygyñ gadyr- gymmatynyñ ähli zatdan ileridigine düşünip şükür etmek galýar bize...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: