16:44
Surat

SURAT

Tapdym-da dürli reňk,
Tapdym-da kagyz,
Çekdim men howlukman,
Owadan şa gyz.

Birden bulaşdy-da
Reňki kagyzyň,
Gaşlary çytylyp
Gitdi şa gyzyň:

"Her ýeten çyrşajak
Meni kagyza.
Surat bolmak
Howply ahyr, şa gyza!

Bir bihepbe
Alaga-da kagyzy,
Ýyrtsa nätjek meni —
Gözel şa gyzy?!

Soňam meniň
Ýeke özüm kagyzda,
Köşk,
Hyzmatkär
Bolmalydyr şa gyza!

Çek olary,
Ýer tapdajyk kagyzdan!
Bilip goýgun,
Oýun bolmaz şa gyzdan!!!"

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 35 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: