16:42
Sary gawun

SARY GAWUN

Sary gawun bişipdir,
Sapagyndan düşüpdir.

Süýjümikä tagamy?!
Çagyraýyn agamy,

Bile dadyp göreli,
Soňra baha bereli.

Herimize bir käse,
Bu — maňa, bu — Ylýasa!

Gawun däl-de, bal eken!
Köp-köp sagja bol, eken!

Hemra ŞIROW.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 71 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 32
0
32 Dunyagozel   [Материал]
Wiýý nikimi üýtgäpdirä @Kitapcy sag bol frontdaş smile

0
31 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy sag boluň

0
30 Kitapcy   [Материал]
Gutly bolsun, gutly mübärek bolsun smile

0
29 Dunyagozel   [Материал]
Urraaa @Nurdan usulyny tapdym köp sag bol öwredeniňe

0
27 Dunyagozel   [Материал]
Diňe режим ввода çyýara sad

0
28 Nurdan   [Материал]
Haa, onda seniñ teliñ şeýle ýazýandyr. Eliñi degir şoña smile

0
26 Dunyagozel   [Материал]
Bolýa çüşş biggrin gaty gürlemeseň ýuwaş gürläniňi eşidenokşaý atam arkaýyn bol) barlabam göreýin hany biggrin biggrin

0
25 Nurdan   [Материал]
Dunya jigimjan, hälem "çüşş eşitmesin admin" diýip pyşyrdap aýtsamam eşidipdir admin, tasdanam ikimizem müdir saýlanypdyk (Hudaý saklasyn D) indi bir eşidäýmesin.
Seret: ilki kopirowat edip al. Soñ goşgyny ýazýan ýeriñ bara ana şoña barmagyñy bas. Şonda rus dilinde (teliñ dili rusçada duran bolsa вставит diýip çykar. Şoña bas. Materialyñ goýular şonda.

0
24 Dunyagozel   [Материал]
Doganlar haýyş etsem maňa nädip materialy wstawid edilýänini giňişleýin düşündiräýiňdä

0
23 Kitapcy   [Материал]
Edil özi cool Tä bir mekirje tilki gelýänçä heziller edýä eşegataly biggrin

0
22 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy hekaýaň yzy şeýlemi?
Haýwanlar ýolbarsy soramana gelýä ýolbarsam olary tutup iýýä happy

0
21 Dunyagozel   [Материал]
@Jürjanly BABA maslahatyň ün köp sag bol

0
20 Kitapcy   [Материал]
Nämäni gaty görmeli? sad

0
19 Kitapcy   [Материал]
Diş-dyrnakdan, penjeden galansoñ, aw edip bilmeýär, onsoñ ýolbars garrapdyr diýip gep ýaýradýar. Aw bolarlyk haýwan janawerlerem näme muña güpbe ynanyp, Ýolbars aganyñ halyny soramaga baryberýärler üstüne biggrin

0
18 Kitapcy   [Материал]
Ilki garraýar, soñ kesellän bolýar wacko

0
17 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy atam gaty gördi öýdýän...
Atam siz üçin täzeden ýörite soraýyn (ýogsam saýty öçüräýmäň) ;-)))

0
16 Jürjanly BABA   [Материал]
Iň gowusy android ulanýan bolsaň Wps office progmamany ýükläp al. Ofis filelerinde işlemek üçin androidde iň gowy programma şol

0
15 Dunyagozel   [Материал]
Ýolbars keselleýämi ýa kesellän bolýamy?

0
14 Nurdan   [Материал]
Dunyasoyunowa, dogurdanam admin atañ gözi kütelşipdir bolmaly, derrewjik üstümize wezipe ýükläp barýa D
Has, yog-eý Hudaý saklasyn, öñki wezipäm özüme ýeterlik.Teswiri gowja okamansyñmy nämemi

0
13 Kitapcy   [Материал]
Ýolbarsyñ garranda kesellän bolşy barada ertekini eşdipmidiñ, jigim Dünýägözel ))

0
12 Dunyagozel   [Материал]
Nurdan köp sag bol adminligem ikimiz bileje ýöredsek naderkä @Kitapcy atamam garrapdyr biggrin

0
11 Kitapcy   [Материал]
@Nurdan baş müdir edip belläýeli onda, agzalara adminiñ deregne jogap berjek bolsañ smile

0
10 Nurdan   [Материал]
Saýta girip ondan soñ bärde göçürjek bolsañ internet peseler ýa yene bir zat tapylar garasaý doñmaga bahana tapylar ýazyp bolynçañ

0
9 Nurdan   [Материал]
Men-a ilki telima ýa-da kompýutere göçürýän. Teliñ zametkasyna sygmasa ia wiitter diýip programma bolmaly şony skaçat et teliñe. Soñam şoña ya-da zametkaña göçüren materialyñy kopýala bumfere. Soñ saýtda mowzuk goş diýenine girde tekst diýen ýere wstawit et. Soñ beýleki düzgünleri berjaý et. Bolany sen näçe uly bolsa da material paýlaşyp bilersiñ. Men-a şeýtýan. )))

0
7 Dunyagozel   [Материал]
Şola bolaýjak ýöne men hekaýany ýazyp bolýançam internet durýada dobawid bolonoga sad

0
8 Nurdan   [Материал]
Dunýasoyunowa adminiñem başgalañam nädip tema goýýanyna bilemok welin men tema açjak bolanymda ulanýan sekretjigimi aýdaýyn saña, ýöne hiç kime aýtma çüşş..adminem eşitmesin d seret:

0
6 Kitapcy   [Материал]
Soñ sizi saýtyñ "Çagalar edebiýaty" bölüminiñ müdiri wezipesine bellesegem bolýa.. smile

0
5 Kitapcy   [Материал]
Dünýägözel, körpelere okap bermelije gowja goşgulary goýýañyz, gowy zat. Ýöne çagalar ü.n ýazlan hekaýajyklary goýsañyz-a hasam gowy bolardy smile

0
3 Dunyagozel   [Материал]
Salam Ataýewa Bägül
Kitapçy.Com-a hoş geldiňiz, sapa geldiňiz, döwletli gapa geldiňiz smile

-1
2 atayewabagul632   [Материал]
Hemra Şirow gowy çagalar ýazyjysy, bulary köpräk sahnalaşdyraýsañ

0
1 atayewabagul632   [Материал]
Privet! Agza bolmak añsat ekeni

-1
4 Мylayym   [Материал]
Bägül, edebiýat saýtymyza hoş geldiñ, gapymyz giñden açyk, saýtymyzyñ goruny baýlaşdyrjak eserlere garaşýas! )

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: