15:38
Ilkinji hat

ILKINJI HAT

Hat ýazdy agam
Eglenmän hijem.
Hemmeden beter
Begendi ejem.

Hatly bukjadan
Suratam çykdy.
Ejem surata
Guwanyp bakdy.

Şaplaşyp duran
Harby eşikli,
Boýly-syratly,
Diýseň gelşikli

Ýylgyryp bakýar
Suratdan agam.
Aňry ýanynda
Görünýär dagam.

Ol daglyk ýerde
Gulluk edýärmiş.
Ýörişlere-de
Tiz-tiz gidýärmiş.

Kemsiz taplaýan
Harby okuwy,
Özleşdirýärmiş
Gowudan-gowy.

Atyşhanada
Bolup görenmiş,
Däriniň ysyn
Alyp görenmiş.

■ AGAM GELDI

Agam geldi gullukdan,
Ylgap öňünden çykdym.
Ol-a gujagny açdy,
Menem boýnuna bökdüm.

Agam maňa ýyldyzly
Papagyny geýdirdi.
Gaýyş kemerin aýryp,
Bilime guşap berdi.

Boýum kiçi diýmesen,
Hakyt esger boldum men.
Hoş habary dessine
Oba buşlap geldim men.

Hemra ŞIROW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Palitra   [Материал]
Buşluk smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: