15:37
SPID we adamzat

SPID we ADAMZAT

SPID jyns gatnaşyklaryna parhsyz garaýanlaryñ janyna howp salýar

SPID keseli döwrümiziñ gorkuly kesellerinuñ biri bolup, ýarym asyra golaý wagt bäri adamzada howp salyp gelýär. Ol eýýäm birnäçe ýurtda birnäçe gezek özüniñ aýylgançlyklaryny görkezdi. SPID barada köp ýazylýar. Russiýanyñ "Техника-молодёжи" žurnaly hem 1989-njy ýyldaky 1-nji sanynda bu ýowuz kesel barada ýokardaky at bilen makalalar toplumyny çap edipdir. Ýurdumyzyñ "Edebiýat we sungat" gazeti özüniñ 1989-njy ýylyñ 10-njy martyndaky sanynda şol makalalaryñ käbirini az-kem gysgaldyp türkmen okyjylaryñ dykgatyna ýetiripdir. Biz hem öz gezegimizde kitapcy.com saýtymyzyñ okyjylaryna peýdaly bolar diýen pikir bilen şol makalany gaýtadan dykgatyñyza ýetirýäris. Makala we onda gozgalan meseleler otuz ýyldan gowrak wagt mundan ozal çap edilenem bolsa, häzirki wagtda birjigem gymmatyny ýitirenok, gaýtam her dürli ýokanç keselleriñ dünýämize howp salýan şu günki günlerinde şular ýaly makalalaryñ gymmaty diýseñ artýar.

* * *

SPID özüniñ ýüze çykan ilkinji ýedi ýylynyñ içinde maşgala, mekdebe, dine, biznese, suda, goşuna, hökümet we dolandyryş organlaryna, garaz, jemgyýetçilik durmuşynyñ ähli taraplaryna diýen ýaly aralaşdy. Indi dünýäde ylmyñ, medisinanyñ, saglygy saklaýyşyñ roluna başga garalyp başlandy.
SPID jyns gatnaşyklary, gan, neşe, ölüm bilen berk bagly, şonuñ üçinem ony adamlaryñ arasyndan aýyrmak kyn. Onun wirusynyñ adama iýmitiñ ýa-da suwuñ, dem alyş organlarynyñ, asgyryp-üsgürmegiñ üsti bilen geçmeýändigini bilsegem, wraçlar orta asyrlarda mergi keseline garşy göreşilendäki ýaly gorag eşiklerini geýýärler. Özünde SPID-iñ wiruslary bar bolan adam işini, dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny ýitirýär. SPID bilen kesellän çagalara döwlet mekdeplerine gatnamagyñ gadagan edilýän halatlary-da bolýar. 1987-nji ýylda dünýäniñ uly awiakompaniýalarynyñ biri bolan şu kesel bilen kesellän ýolagçylary gatnatmakdan boýun towlady. Hatda SPID-den ölenleri ýere tabşyrmagam añsat däl - merhumlary jaýlaýan býurolaryñ hiç biriniñ-de olar bilen iş salşasy gelenok.
SPID wirusly keselleriñ hiç birine meñzeş däl. Adamlaryñ immunodefisit wirusy (AIW) organizmde uzak wagtlap gizlin saklanyp bilýär. Ol soñy bilen herekete geçip, adamyñ ýokanç keselleriñ garşysyna göreşýän immun sistemasyny ýok edýär. Wirusyñ adam organizmindäki gizlin döwri 8-9 ýyla çekip biler, şol wagtyñ özünde-de adam özüni sagat duýmak bilen wiruslary ýaýratmaga ukyplydyr.
Şu wagta çenli AIW-iñ nähili ýollar arkaly ýaýrandygy öwrenildi. Anyk gözlegleriñ netijesinde wiruslaryñ üç ýol bilen ýaýrap biljekdigi anyklanyldy: jyns gatnaşyklary arkaly, gös-göni gana düşmegi (meselem, umumy şprisler ýa-da donor gany) sebäpli, şeýle hem eneden çaga geçmegi netijesinde. SPID bilen kesellän adamlaryñ ölüminiñ arasy dürli-dürlidir. Ösen ýurtlarda şeýle kesellileriñ 50%-i kesel ýüze çykandan 1,5 ýyldan soñ, 80%-i bolsa 3 ýyl aralygynda ölýär.

HOWPUÑ GEOGRAFIÝASY

Ähli kontinentleriñ içinde SPID-iñ iñ köp ýaýran ýeri Afrikadyr. Kongonyñ, Ruandanyñ, Tanzaniýanyñ, Ugandanyñ, Zairiñ we Zambiýanyñ köp şäherlerinde jyns gatnaşyklaryna ukyply adamlaryñ 5-den 20 prosenti eýýäm AIW bilen zäherlendi. Kinşasada (Zair) jelepleriñ 27, Naýrobide (Keniýa) 66, Butarda (Ruanda) 88 prosentiniñ şol wiruslary ýaýradýandygy belli boldy.
Bu şäherleriñ keselhanalaryna girýänleriñ ýarysyna golaýy wirus ýaýradyjylardyr. Çaga dogurmaga ukyply aýal-gyzlaryñ 1-12%-i bu kesel bilen kesellänlerdir. Bu bolsa çaga ölüminiñ iñ azyndan 25% artjakdygyny añladýar. 90-njy ýyllaryñ başlarynda bu afrikan ýurtlarynda SPID zerarly ulularyñ ölümi iki ýa-da üç esse artar.
Aziýa we Ýuwaş okean regionlarynda ýagdaý el-hal gowy. Okeaniýada 1988-nji ýylyñ 1-nji iýunyna çenli SPID-lileriñ diñe 892-si registrirlendi (hasaba alyndy). Onuñam ikisinden başgasy Awstraliýa (813), Täze Zelandiýa (77) degişli. Aziýa ýurtlarynda AIW-iñ ýaýramagynyñ hem-de SPID bilen kesellemegiñ derejesi pes. Hytaýda we Ýaponiýada AIW-na uçran adamlaryñ köpüsi 1986-njy ýyla çenli import ganlaryny kabul edenlerdir.
Ýewropada SPID-iñ epidemiologik ýagdaýy onuñ Gündogary bilen Günbatarynyñ, Demirgazygy bilen Günortasynyñ arasynda dürli-dürli. Kontinentiñ günbatar bölegindäki ýagdaý ABŞ-dan iki ýyl yza galmak bilen ony gaýtalaýar. ABŞ-da bolşy ýaly, bu bölekde hem umumy kesellileriń 90%-i gomoseksualistler hem-de gan damarlaryna ukol edýän neşekeşlerdir. Meselem, Kaloforniýa ştatynda SPID bilen kesellänleriñ 90%-i gomoseksualistler, galan 10%-i bolsa neşekeşlerdir.
Gündogar Ýewropada ýagdaý düýbünden başgaça. Ol ýerde SPID-iñ ýüze çykmasy umumyýewropa möçberi boýunça alanyñda 0,5%-dir. Infeksiýa bu ýere Günbatar Ýewropadan gelýär.
1988-nji ýylyñ 1-nji awgustynda Saglygy saklaýyşyñ Bütindünýä guramasy SPID bilen näsaglamagyñ 108176 halatyny registrirledi. Onuñ 10 müñi 1988-nji ýylyñ birinji ýarymynda ýüze çykdy. Ýöne ähli SPID kesellileriniñ ýüze çykarylmaýandygy hem-dd bu baradaky doly hasabatyñ Saglygy saklaýyşyñ Bütindünýä guramasyna baryp ýetmeýändigi sebäpli SPID-e uçranlaryñ sany planetada 350 müñdür diýlip çak edilýär.
AIW bilen zäherlenmegiñ derejesi barada aýdanymyzda, biz hakykata has ýakyn maglumatlary alyp bileris. ABŞ-nyñ Saglygy saklaýyä federal wedomstwosynyñ maglumatyna görä, ýurtda AIW bilen adamlaryñ 1 milliondan 15 milliona çenlisi zäherlenendir. Ýewropanyñ epidemologlary köne Dünýäde 1987-nji ýylyñ ahyryna çenli zäherlenenleriñ sany 500 müñdür diýip hasap edýärler. Afrikada geçirilen barlaglaryñ (entek doly gutaranok) berýän maglumatyna görä, bu kontinentde 2 milliondan 3 milliona çenli adamyñ organizminde AIW bar. Kanadany we Latyn Amerikasyny hasaba alanyñda, ýer şarynda AIW-ny göterýänler azyndan 5 milliondyr diýip çak etmek bolar.

YLYM NÄMÄNI WADA BERÝÄR?

Epidemiýanyñ ýaýramagyndan görnüşi ýaly bu ölüm getirýän keseli ýeñip geçmek üçin ulu gözlegleriñ gerekdigi belli. Epidemiýanyñ ýüze çykyp ugran döwründen başlap, ylym dünýäsi bu işe girişdi. Iki ýylyñ içinde - 1982-nji ýylyñ ortasyndan 1984-nji ýylyñ birinji ýarymyna çenli bu keseliñ aýratynlyklary, umuman, anyklanyldy. Keseli dörediji - adamyñ immunodefisit wirusyny kesgitlemek başartdy. Gany analizleýän ýörite usul işlenip düzüldi, wirusyñ organizmdäki alamatlary ýüze çykaryldy.
Ýöne şeýle-de bolsa käbir gatnaşyklarda wirus ylymdan "ozdy". Şu wagta çenli biz keseli bejermegi öwrenemzok, onuñ dermanyny tapyp bilemzok, epidemiýa bolsa ýaýraýar.
Meseläniñ häzirki ýagdaýynda köp düşnüksizlik (?) bolsa-da, biz bejermegiñ möhüm usullary we dermanlaru tapylar diýip ynam edip bileris. Esasan-da terapewtik mümkinçilikler begendirýär. Eýýäm SPID bilen kesellänleriñ ömrüni uzaldýan organizmiñ immun sistemasynyñ ýok edilmesi netijesinde döreýän bu howply keswli duýdurýan preparatlar döredildi.
Derman işläp taýýarlamakda-da belli bir öñe gidişlik gazanyldy. Emma meseläniñ iñ bir begenmäge esas berýän ýeri şundan ybarat: hatda däri-dermansyz bejermegiñ usullary elomizde ýok bolsa-da, kesel baradaky şu günki düşünjämizden ugur alyp, epidemiýanyñ ýaýraýşyna berk gözegçilik etmäge biziñ ýagdaýymyz bar. Eýýäm gany analizleýän ýörite usullaryñ kömegi bilen ganlar barlanýar. Mundan başga-da AIW-nyñ adam organizmine geçiş ýoly kesgitlendi. Her bir adam bu keseliñ özüne geçmek howpuny iñ pes derejä çenli azaldyp biler. Eger bu maglumatlar hemmetaraplaýyn adamlaryñ añyna ýetirilse, onda ösen ýurtlaryñ ilatynyñ käbir toparlarynda bolşy ýaly, infeksiýanyñ mundan beýläk ýaýramagy üzül-kesil pese gaçar.

Taýýarlan: Andreý KRASNOPEWSEW.

Категория: Medisina | Просмотров: 150 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Andreý Krasnopewsew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Perhatsabirovv   [Материал]
Elbetde, okadyk

0
1 Jeksparro   [Материал]
,,Spidiñ pidasy'' hekayany okap gören barmy arañyzda?! smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: