18:37
Kirpiniñ partadaş tutunyşy

KIRPINIÑ PARTADAŞ TUTUNYŞY

BIRINJI GÜN: Kirpijik
Towşan bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Towşanjyk tarsa turdy:

— Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

IKINJI GÜN: Kirpijik
Torsuk bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni
Torsuk hem tarsa turdy:

— Başga parta geçjek men!
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

ÜÇÜNJI GÜN: Kirpijik
Tilki bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Tilki hem tarsa turdy:

— Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

DÖRDÜNJI GÜN: Kirpijik
Tawus bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Tawus hem tarsa turdy:

— Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

BÄŞINJI GÜN: Kirpijik
Şagal bilen oturdy.
Tutaga-da böwrüni,
Şagal hem tarsa turdy:

— Başga parta geçjek men,
Eý wäk, çümýär tikeniň!
Tikensizje köýnejik
Tikdirmeli ekeniň!

ALTYNJY GÜN: Kirpijik
Pyşdyl bilen oturdy.
Pyşdyl başgalar ýaly
Ne "Wäk!" diýdi,
Ne turdy.

Tikenleri kirpiniň
Kär etmedi pyşdyla.
Begendiler hemmeler:
Partadaşlar duşdy-la!!!

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 55 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: