18:34
Meniň kelläm

MENIÑ KELLÄM

Diňlän bolup sapagy,
Otursam-da men ümsüm,
Kelläm daşarda meniň —
Daşarda ähli ünsüm.

Sebäbi meniň partam
Ýanaşyk dur äpişgä.
…Syn edýärin itlerden
Gaçyp barýan pişige.

Pişik derrew dyrmaşdy
Tapyp belent agajy.
Itler aşakda galdy,
Ýok itleriň alajy.

"Düşmän oňsaň bor!" diýşip,
Itler haýbat atdylar.
Garaşmakdan irigip,
Öz ugruna gitdiler.

Hanha doňuz-mekejin
Hapa suwa girip ýör.
Ýalpyldadyp kekejin
Horazlar gum dörüp ýör…

Diňlän bolup sapagy
Otursam-da men ümsüm,
Kelläm daşarda meniň —
Daşarda ähli ünsüm.

Kellämiň bu endigi —
Gezmäge gidendigin,
Mugallym derrew duýýar:
— Özüň klasda welin,
Kelläň nirede?! — diýýär.

Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 59 | Добавил: Dunyagozel | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 26
0
26 Kitapcy   [Материал]
Boýuñ öser... ))

0
25 Dunyagozel   [Материал]
Men arkaýynlaý ýöne soraýdym.

0
24 Kitapcy   [Материал]
Jigimjan, uytgederin arkayn bol, şu gunler tolkun pes bolýamy näme bolman dur, sabyr et.

0
23 Dunyagozel   [Материал]
@Kitapcy agam hany meň nikimi üýtgedip berjek diýdiňizä

0
22 Dunyagozel   [Материал]
Mowzuk goşjak bolsam çaltjak ýazyp dobawid etmesem soň durýalaý ýaňy gyzykly ýazan mowzugym biderek boldyda sad

0
21 Dunyagozel   [Материал]
Hää??!…
Nämüçin

0
20 Kitapcy   [Материал]
Azot-fosforly zatlary kän iýme wink

0
19 Dunyagozel   [Материал]
#Kitapcy "Iki aýakly iki günde" diýipdirler biggrin

0
18 Kitapcy   [Материал]
Hany sen sadikde işleýäñiz öýdýän diysem, 15 yaşymda diyipdiñ-ä, haçan talyp bolup yetişdiñ eyyäm smile

0
17 Dunyagozel   [Материал]
Bir talyp ýoldaşymyz juda hor. Kän iýýärem welin, hiç semräýenok. Biz onuň soguljany bardyr diýip pikir edýärdik. Görüp otursak, onuň Oguljany bar eken…

0
16 Dunyagozel   [Материал]
— Zombiler beýni iýýär onuň üçin sen gaýgysyz bolmaly
— Düşünmedim?
— Bilýän biggrin

0
15 Dunyagozel   [Материал]
@Bagabat beýni gemiriji gurçuk bet ekenaý menem ýadyma düşeni ýazaýyn hany biggrin

0
14 Bagabat   [Материал]
Iki sany ogry gepleşýär:
-Saňa näme boldy-aý?
-Äý, düýn bazarda dokumany dartdym-laý...
-Onda näme kelläň saralgy?
-Gassap göräýdi-dä... biggrin

0
13 Bagabat   [Материал]
Ýarygijeden agandan soňra äri süýji ukuda ýatan aýalyny oýarýar-da, onuň eline iki gerdek aspirin bilen bir bulgur suw tutdurýar.
-Bu näme?-diýip alasarmyk ukunyň arasynda aýaly düşünmeýär.
-Kellagyrydan.
-Meniň kelläm agyranok ahyry...
-Hä tutuldyňmy?-diýip äri begençli gygyrýar-da, düşege özüni oklaýar... biggrin

0
12 Bagabat   [Материал]
Iki sany ýarganat dikbaşaşak uçup barýarlar. Biri beýlekisinden soraýar:
-Seniň durmuşyňda iň erbet günüň haýsydy?
-Geçen hepde şunuň ýaly uçup barýarkak içim geçende... biggrin

0
11 Bagabat   [Материал]
Iki sany dost daga gezelenje çykýarlar. Birdenem olaryň biri gorpa gaçýar. Beýlekisi bada-bat elewräp başlaýar-da, gorpa çala eglip dostuny çagyrýar:
-Dost jan, aýagyň abatmy?
-Abat.
-Eliňem abatmy?
-Hawa.
-Kelläň nähili?
-Olam gowy.
-Onda o taýdan bahymrak çyk-da.
-Bu mümkin däl. Men heniz uçup barýan-n-n... biggrin

0
10 Bagabat   [Материал]
Bir ýigit çalak-çulak dälirejek bolup başlapdyr. Ilki bilen onuň gulagyna ses eşidilipdir. Ýigit kellesindäki sese sowal beripdir:
-Alýo, sen kim-aý?
-Beýni gemriji gurçuk.
-O meň kellämde näme işleýäň?
-Aç otyryn. Iýere zat ýok.

0
9 Bagabat   [Материал]
Oglanjyk ejesinden soraýar:
-Eje, näme üçin kakamyň kellesinde juda azajyk saç galypdyr?
-Sebäbi ol iňňän akylly we örän köp pikirlenýär.
-Onda seniň kelläňde näme üçin saç gaty kän? Hä?! biggrin

0
8 Bagabat   [Материал]
Boks boýunça täze türgenleşige başlan ýigit tälimçisine sowal berýär:
-Tälimçi aga, şü boks boýunça näçe wagt türgenleşenimden soňra mende nähili üýtgeşmeler başlar?
-On ikinji gezek kelläňe ýumruk degenden soň kelläň kädä öwrüler-diýip tälimçi jinnek ýalam säginmän jogap berýär.

0
7 Bagabat   [Материал]
Hukuk maslahathanasyna ýüzi göm-gök edilen biri gelýär-de, maslahatça sowal berýär:
-Eger-de men notariusyň görkezen ýerine gol çekmän bäşinji gezegem onuň azap edip ýazan şertnamasyny zaýalasam, onuň kanun boýunça meniň kellämden penjeläp, meniň ýüzümi şol zaýalan şertnamalaryma oýkamaga hukugy barmy? biggrin

0
6 Bagabat   [Материал]
-Näme üçin horazymyz towugy basalanda çüňki bilen onuň kellesine urýar?-diýip oglanjyk kakasyndan soraýar.
-Dagy-duwara özüniň aýlygyny bukmaz ýaly etmek üçin...-diýip aýalynyň aýlygyny gizlän ýerini tapman, kösenip ýören kakasy hüňürdeýär.

0
5 Bagabat   [Материал]
Äri bäbekhanaň öňünde durup, dördünji gatyň penjiresinden özüne garaýan aýalyna gygyrýar:
-Dogrup bolduňmy?
Aýaly jogap berse-de äriniň eşitmejekdigine düşünip, ýylgyrýar-da baş atýar.
-Oglanmy?
Aýaly başyny ýaýkaýar.
-Onda kim?-diýip äri aňk-taňk bolup soraýar:-Adammy bir özi? biggrin

0
4 Bagabat   [Материал]
Oglanjyk bilen ejesi ýöräp barýarka, oglanjyk ejesine depesinde gyl galman düşen adamy görkezýär:
-Eje, seret, ol daýynyň kellesi şyr-takyr...
-Ýuwaş oglum. Birden ol daýy eşidäýmesin.
Oglanjyk gözüni tegeleýär-de, çar-töweregi ýaňlandyryp, güňleç pyşyrdaýar:
-Näme o daýy özüniň şytyr kelle bolup galandygyny bilmeýärmi? biggrin

0
3 Bagabat   [Материал]
Kelle barada henekler:
Aýaly ýaraman başlandan soňra äri howsala düşüp, "Tiz kömege" jaň edýär:
-Alýo, "Tiz kömek", gaýrat ediň-de geläýiň-dä. Aýalymyň kellesi çat açyp gelýär. Gyzgynam bar...
-Beýikmi?
-Ýok-laý, beýik nirden bolsun. Onuň boýy bary-ýogy bir metr altmyş santy. "Tiz kömegiň" zemmerine arkaýynam sygýa... biggrin

0
2 Dunyagozel   [Материал]

0
1 Nurdan   [Материал]
Meniñem kelläm agyryp dur näçe gün bäri, Dünýäsoýunowañ goýýan şadyýanja goşgylaryny okanymda gowulaşyp başlan ýaly bolaýýar birneme smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: