23:46
Tolstoýyñ dünýäsi

TOLSTOÝYÑ DÜNÝÄSI

Ýasnaýa Polýana.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý.
Öz süýtdeş doganlary bilen miras paýlaşmaly bolanda Lew Tolstoýyñ näme üçin paýyna Ýasnaýa Polýananyñ berilmegini haýyş edendigi düşnükli ýaly bolup dur. Lew Nikolaýewiç şol wagtlar on dokuz ýaşyndady. Öñde ömrüñ altmyş üç ýyly bardy. Göwnüñe bolmasa, şonçarak ýaşajakdygyny-da bu adama öñünden mälim bolarly diýip pikir edýärsiñ.
Ýok, Lew Tolstoýyñ atasynyñ Moskwadaky mülküni däl-de, diñe Ýasnaýa Polýananyñ özüne berilmegini haýyş etmelidi. Ol şu ýerdäki ägit dublaryñ arasynda ýaşamalydy, bu rus tokaýynyñ howalasy onuñ öz ruhy kuwwaty bilen, pähim-parasadynyñ çäksizligi bilen sazlaşýardy.
Russiýada entek krepostnoýçylyk düzgüni dowam edýärdi. Ýöne öñde ýigriminji asyr bardy. Lew Tolstoý şol asyryñ hem başky on ýylyny görmelidi.
Adam her näçe akylly bolsa-da, zähmetsiz hiç hili açyş edip bilmez. Graf Tolstoý Zähmet üçin doglupdy. Ykbal oña segsen iki ýaş beripdi. Baryp segseni yzda galdyran, nähoşlan ysgyndan gaçan halyna-da ol öz-özüne igenip, gündeligine şeýle sözleri ýazypdy:

"Iş üçin goýberilen, ýöne işlemän biderek geçirilen bir sagadyñ soñra hiç haçan dolanyp gelmejegini ýadyñda sakla".

Ol entek özüniñ köp zatlar etmelidigi hakynda oýlanýardy. Ýekeje minudy-da biderek gitmedik uzak ömrüñ dowamynda garyp-gasarlara eden sahawaty, dünýä edebiýatynyñ genji-hazynasyna öwrülen ölmez-ýitmez epopeýalary oña az bolup görünýärdi.
Bir ömürde adamzada Tolstoý ýaly köp ýagşylyk eden ynsan köp däl.
Segsen ýaşanda ol entek Ýasnaýa Polýanadady. Patyşa hökümeti genial ýazyjynyñ uly ýubileýiniñ geçirilmegine päsgel bermek üçin elinden gelenini edipdi. Dünýäniñ köp ýurtlarynda bolsa Tolstoýyñ ady arşa göterilip, onuñ segsen ýaşy dabaraly bellenýärdi. Patyşa hökümetiniñ hereketleri bu beýik adama alkyş baryny aýtmaga zelel bererden ejiz bolup çykdy. Ýubileý günleri Ýasnaýa Polýana bilen Tolstoýlaryñ Moskwadaky öýüne minnetdarlyk telegrammalary öz taryhy ykbalynyñ yzyna düşüp Rewolýusiýa barýan Russiýanyñ dört künjeginden yzy üzülmän geldi durdy, geldi durdy. Diñe alkyş hatlary däl, adamlar hem topar-topar bolup geldiler. Kimler belki, ýazyjynyñ öz ýüzüni görmek başardar diýen arzuw bilen, kimler bolsa beýik adamyñ, dem alýan, ýaşaýan jaýynyñ öñünde sähelçe durup gaýtsagam takdyrymyzdan razy diýen niýet bilen geldiler. Patyşa düzgüniniñ Tolstoýy ýigrenýändigine garamazdan, bildirýän beýik söýgüleri üçin özlerini ýanamaklarynyñ mümkindigine garamazdan, olar ýubilýary aç-açan gutlamaga töwekgelçilik etdiler. Peterburgyñ zawodlarynyñ biriniñ işçileri L.N.Tolstoýa iberen gutlagynda şeýle ýazdylar:

"Siziñ ajaýyp ömrüñiziñ segsen ýyllygynyñ gününe genial obrazyñyzyñ öñünde älem-jahanyñ minnetdarlyk başyny egýän wagtynda hem-de adyñyzyñ dünýäniñ diline düşen wagtynda diñe Siziñ Watanyñyz bolmagyñ beýik guwanjy öz paýyna düşen ýurt sizi bogazyna sygdygyndan alkyşlamaga çekinýär. Ýöne sütemiñ-zorlugyñ gara gullary, azatlygyñ, hakykatyñ duşmanlary bizi asmanyñ hem-de zeminiñ ähli jezalary bilen gorkuzsalar-da, biz bu gün dymmak islämizogam, dymmagy başaramyzogam".

Bu ezilen halkyñ sesidi. Halk bu sözler bilen özüni talaýan hem-de depgileýän sütemkärleri genial eserlerinde adamkärçilik gazabynyñ bütin güýji bilen näletlän, paş eden beýik ýazyja minnetdarlyk bildirýärdi.
Graf Tolstoý garyp-gasarlaryñ daban azabyndan maddy baýlygyñ eşretini görýänlere garşy göreşmäge özüniñ ähli eserlerinde ezilen, horlanýan halky çagyryp gelipdi. Şeýlelik bilen-de, ol Russiýda dowam edýän gurluşyñ gaýduwsyz tankytçysy bolupdy. Şuña garamazdan, mälim bolşy ýaly, beýik ýazyjy hiç haçan halky rewolýusion göreşe çagyrmandy, rewolýusiýanyñ zeruryýetdigine, rewolýusiýanyñ gutulgysyzdygyna düşünmändi. Ol adalatsyz gurluşy gan dökmän, ýaraga ýapyşman üýtgedip bolar öýdüpdi. Ol ezýän baýlarda ezilýän adamlara ahyrsoñy rehim duýgusy dörär öýdüpdi. Şu pikirinde-de galypdy. "Durmuşyñ hojaýynlaryna" öwüt-nesihat üsti bilen täsir edip, olarda ynsabyñ oýanmagyna bil baglamagy, şuña jany-teni bilen ynanmagy öz beýik şahsynda ägirt uly ruhy güýji jemlän genial ýazyjynyñ megerem, ýalñyz gowşak tarapydyr, onuñ beýik pähiminiñ, düşünjesiniñ ýetmedik tarapydyr. L.N.Tolstoýyñ ömrüniñ gapma-garşylygy, çylşyrymlygy gös-göni şu ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Tolstoýy çäksiz söýen, oña guwanan, haýran galan, onuñ ägirt döredijiligine beýik baha beren W.I.Lenin öz makalalarynda (Leniniñ türkmen dilinde neşir edilen bu makalalaryny gelejekde saýtymyzyñ okyjylarynyñ dykgatyna ýetireris. -admin.) onuñ şu ejiz tarapyny belläpdi. Geniý diýen beýik ada Tolstoýdan mynasyp kişiniñ ýokdugyny aýdanda, A.M.Gorkiý, Tolstoý ýaly çylşyrymly, Tolstoý ýaly gapma-garşylykly, hemme zatda Tolstoý ýaly gözelligi özünde jemlän adamyñ ýokdugyny hem belläp geçipdi.

Ýasnaýa Polýana.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý.
Tula şäherinden uzakda bolmadyk Ýasnaýa Polýana häzir meniñ göz öñüme gelýär. Şol ýerde ençeme sagatlary geçirmek maña miýesser bolupdy. Ýasnaýa Polýana öñler knýaz Nikolaý Sergeýewiç Wolkonskiniñ mülki eken. Knýaz aradan çykandan soñ bu ýerde tutuşlygyna onuñ otuz üç ýaşly gyzy Mariýa Nikolaýewna miras galýar. Bahym Mariýa Nikolaýewna 1812-nji ýylyñ Watançylyk urşuna gatnaşan, podpolkownik Nikolaý Iliç Tolstoý durmuşa çykýar. Şeýlelikde Tolstoýlar Ýasnaýa Polýana göçüp gelýärler.
Bir seretseñ, Lew Nikolaýewiç Tolstoý hiç bir zada howlukmadyk ýaly bolup görünýär. Ol edebi döredijilige çynlakaý başlamazdan öñ harby gullukda bolupdyr, soñ pedagogoj işi bilen meşgullanýar. L.N.Tolstoý ýazan hekaýalary bilen "Современник" žurnalynyñ redaksiýasyna ilkinji gezek baranda hem ol juda bir ýaş däldi ~ ýigrimi ýedi ýaşly ofiserdi. Tolstoýlaryñ köne tanşy wraç Bersiñ ortanjy gyzyna söz aýtmaga gidende Lew Nikolaýewiç otuzdan añyrrak ätlän adamdy. Soñ Sofiýa bilen Lew Tolstoýyñ arasynda bolup geçen söýgi gürrüñi soñra meşhur "Anna Kareninada" şeýle şahyranalyk hem-de näziklik bilen beýan edildi. Olaryñ ýaşlary deñeçer däldi. Sofiýa ýañy on sekize ýetipdi. Tolstoý bolsa öz söýgülisiniñ tas iki ýaşyny ýaşapdy.
Sofýa Andreýewna öýlenmek bilen Lew Tolstoý özüni bagtly hem-de bütinleý täzelenen adam hasap edipdi. Ömrüniñ ahyrlarynda hut Sofýa Andreýewna bilen mäşiniñ bişişmezligi zerarly, esasan hut şeýle ýagdaý sebäpli L.N.Tolstoý mähriban Ýasnaýa Polýanasyny terk edip gider diýip kimiñ göwnüne geljek? Her näçe beýik geniý bolsa-da, bu ýagdaýy Tolstoýyñ özi hem öñünden göz öñüne getirip bilmedik bolsa gerek. Sofýa Andreýewna uzak ýyllaryñ dowamynda beýik ýazyjynyñ "ody bilen girip, küli bilen çykypdy", onuñ wepaly dosty, ähtibar kömekçisi bolupdy, jany-teni bilen bu beýik adamyñ hyzmatynda durupdy. Emma öz äriniñ gapma-garşylykly, çylşyrymly tebigatyna welin düşünip bilmändi. Elbetde, Lew Tolstoýlaryñ uly maşgalasynyñ durmuşynda hem köp özgerişler bolupdy: ýetişen, ýigit çykan ogullary öýli-işikli bolup, gyzlar durmuşa çykyp, hersi bir ýana gidipdi. Tolstoýyñ körpe söwer dosty Waneçka, beýlekilerden has eý görýän gyzu Maşa aradan çykypdylar.
1910-njy ýylyñ 28-nji awgustynda Lew Tolstoý Ýasnaýa Polýanang hemişelik terk edip, ondan çykyp gitdi. Şondan soñ kän ýaşaman, şol ýylyñ 6-njy noýabrynda bolsa Astapowo demir ýol stansiýasynda dünýäden ötdi. Wesýetine görä, ony Ýasnaýa Polýanada jaýladylar...

Alleýanyñ bir çetindäki mazar tümmeginiñ üstünde gök otlardan başga zat ýok. Ne gümmez bar, ne-de bir demir germew. Beýik ynsan öz mazaryna apaly ýadygärlik oturtmazlygy-da dirikä wesýet edip giden eken. Diñe Ýasnaýa Polýananyñ ýüz ýaşly belent daragtlary şahalaryny aşak egip, mydama mazara tagzym edip durlar.
Bu daragtlaryñ arasynda L.N.Tolstoýyñ pitneli ruhy ýaşaýar.
Bu alleýanyñ ugrunda gezim edýärkäñ, uzyn boýy birneme ýaý beren, eli hasaly, uzyn ezýaka köýneginiñ guşagyndan elini geçiren ak sakgally pähimdar, dünýäniñ dört künjünde tanalýan hem-de okalýan bu beýik pähimdar gapdalyñda nämelerdir bir zat pyşyrdap barýan ýaly bolup duýulýar. Belki, onuñ aýtmaga ýetişmedik gyzyla gaplaýmaly sözleri bir gudrat bilen bu ýerdäki daragtlaryñ ýapraklaryna siñip galandyr?! Belki bu ýagdaý Tolstoýyñ ölmez-ýitmezligini añladýan hakykatdan gelip çykýan psihologik pursat bilen baglanyşyklydyr.
Ýasnaýa Polýananyñ derwezesinden ätläp, sen çeperçilik äleminiñ guwanjyna öwrülen geniniñ dünýäsine aralaşýarsyñ. Tolstoýdan başga at, onuñ kitaplaryndan başga zat ýatdan çykýar.
Men Mekgäni göremok, ýöne Ýasnaýa Polýanany gördüm. Ýasnaýa Polýananyñ adamlarynyñ añyny, pikirini-oýuny özüne dartyş güýjüni görkezýän bir alamat bar: bu ýerde dünýäniñ dürli künjeklerinden gelen myhmanlaryñ yzynyñ üzülmeýändigini gürrüñ berýärler. Ynsanlaryñ ynsan şekilli ýaşamagyny özüniñ idealy hasaplap beýik ýazyjynyñ kitaplary sosial deñsizligiñ, sütemiñ, zulmuñ garşysyna barlyşyksyz göreşini dowam etdirýär. Dünýäde entek ezýänler we ezilýänler bar, ol kitaplaryñ göreşi bes etmäge haky ýok.
Lew Nikolaýewiç Tolstoý beýik ykbally ömrüni tutuşlygyna adamzadyñ hyzmatyna bagyşlady. On sekiz-on dokuz ýaşly ýigitkä, Kazan şäherinde ýaşan wagtlarynda ol öz durmuşynyñ berk prinsiplerini düzdi. Şonda ol özüni gazaply seljerip, özünde juda köp kemçilikleri tapdy. Öz-özüñi derñäp bilmek, öz kemter tarapyñy duýmak hem-de boýun almak diñe mertleriñ başarjak işidir. Tolstoýyñ öz-özünden gazaply tankyt edijiliginden hemme nesilleriñ görelde almaga ukyply bolmaklaryny arzuw edesiñ gelýär.

...Ýasnaýa Polýana bu gün has abadanlaşan, has gözelleşen, has dabaraly görnüşdedir. Ölmez-ýitmez eserleri bilen ak ýürekli adamlaryñ ählisini bagtyýar eden, baýlaşdyran, belende göteren adamyñ huzuryna minnetdarlyk sözlerini aýtmaga baranlar ady şeýle nurana, ýüreklere şeýle ýakyn hem-de mähriban Ýasnaýa Polýanany hyryn-dykyn doldurandyrlar.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 425 | Добавил: НаS | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 2
0
2 San   [Материал]
Tolstoy - ummulmez dunya..

0
1 GençOsman   [Материал]
Ýazyjy diýilse Tolstoý,şahyr diýilse Gurbannazar göz öñme gelýä...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: