08:39
Taryhda ulanylan iniñi tisgindiriji maskalar
TARYHDA ULANYLAN INIÑI TISGINDIRIJI MASKALAR

Geçmişde ýüze dakylýan maskalaryñ (nikaplaryñ, agyz we ýüz örtükleriniñ) köpüsi söweş meýdanynda goranmak maksady bilen ulanylsa-da, birnäçe ýerde geñ galdyryjy ýagdaýda başga maksatlar üçinem ulanylypdyr. Taryhyñ dürli döwürlerinde ulanylan maskalar boýunça ýeke-täk umumylyk bar, olam hemmesiniñ iniñi jümjüldetjek derejede gorkunç görnüşe eýeligidir.

■ Garahassa maskasy

Taryha gyrgyn beren iñ howply keselleriñ biri-de "garahassa" keseliniñ ys arkaly ýokuşýandygyna ynanan lukmanlar özlerini garahassalylardan goramak üçin uzyn çüñkli guşlaryñ ýüzüne meñzäp duran gorkunç maskalary dakynypdyr.

■ "Mikki Maus" gaz maskasy

Ýaponiýanyñ ABŞ-nyñ garşysyna gurnan Pýorl Harbor hüjüminden soñ raýatlar zäherli gazlara garşy gorag maskasyny (protiwogazlar) ulandy. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bu maskalary geýdirmegiñ kyn boljakdygyny gören "Disney" şereketi dessine herekete geçdi we çagalar üçin niýetlenen "Mikki Maus" gaz maskasyny öndürdi. Bu maskadan jemi müñ sany öndürilipdir.

■ Samuraýlaryñ maskasy

Bu maska taryhyñ ezber urşujylary bolan samuraýlaryñ ýüzüni goramak üçin ulanylypdyr. "Mempo" ady berlen bu maskalar hem-ä urşujylaryñ ýüzüni goramak üçin, hemem uruş wagtynda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen ulanylypdyr.

■ Hellouin baýramçylygynda geýilýän maska

Täze ýyl baýramçylygy golaýlanda çagalaryñ we ýetginjekleriñ geýýän dürli görnüşdäki gokrunç maskalaryna çalym edip duran bu maskalar Hellouin baýramçylygynda geýmek üçin ýasalypdyr we geçen asyryñ başlarynda adamlary gorkuzmak üçin ýeterlik bolupdyr. Ýaman ýeri, çagalar Hellouin baýramçylygy golaýlanda boýdan-başa bu maska bürenip köçeme-köçe aýlanypdyrlar.
(Hellouin baýramçylygy gadymy keltlerden galan we Angliýada, Irlandiýada, Şotlandiýada bellenilýän baýramçylykdyr).

■ Wisard

XVI asyrda zenanlar ten aklygyny baýlygyñ nyşany hasaplapdyr. Şonun üçin olar hem tenleriniñ aklygyny hem tenlerini goramak maksady bilen daşary çykanlarynda tutuş ýüzüni tutup duran bu maskany geýip, gorkunç görnüşe giripdirler.

■ Murmillon gladiator maskasy

Murmillon maskaly gladiatorlar Rim imperiýasy döwründe urşa gatnaşan esgerleriñ bir görnüşidir. Söweşjeñ esgerleriñ kellesini goramak üçin ulanan bu maskalaryna gladiatorly kinolarda köp duş gelensiñiz.

■ Gynama maskasy

Angliýada, Uelsde we Şotlandiýada XVI-XVII asyrlarda ulanylan bu maska aýallary jezalandyrmak üçin ulanylypdyr. Aýallara bu maskanyñ dakylmagyna bolsa, doga-jady bilen gyzyklanmalary, gep-gybat etmeleri we ýañralygy sebäp bolupdyr.

■ "Mytgal ýüz" ("Calico Hood")

Kepenlenen meýdiñ gözüne golaý iki ýerinden deşik açylan ýaly keşbi ýatladýan bu gorkunç maska 1842-1929-njy ýyllar aralygynda Awstraliýanyñ howply jenaýatçylar saklanýan türmelerinde ulanyldy. Howply hasaplanylýan tussaglar türmäniñ içinde günüñ dowamynda 23 sagatlap ýeke adamlyk hüjrelerinde oturandan soñra, bary-ýogy bir sagat daşary çykmaga rugsat edilipdir. Tussaglar şol çykan bir sagadynda-da bu maskany dakmaga mejbur bolupdyr.

■ Birinji jahan urşunyñ tank maskasy

Göräýmäge gadymy döwürlere degişli ýaly bolup görünýän bu maska Birinji jahan urşunda ulanylypdyr. Tankçylary daşarky urgulardan goramak üçin ulanylan bu maska orta asyrlardan galan eksponata çalym edýär.

■ Hapysa guluñ maskasy

Megerem maskanyñ bu görnüşi sanawymyzyñ iñ gynandyryjysy bolsa gerek. Ömürboýy gul bolmaga, üstesine-de burunnyklanan göle ýaly maska dakynyp gezmäge mejbur edilen görgüliler... Afrikadan zor bilen Amerika äkidilýän gullardan kesel ýokuşmazlygy üçin olara göläniñ burunnygy şeklindäki maskalar dakylypdyr.

Taýýarlan: Suraý ATAÝEWA.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 549 | Добавил: Medinilla | Теги: Suraý Ataýewa | Рейтинг: 3.3/6
Всего комментариев: 15
0
15 Pazzek   [Mowzuga geç]
Munda galjag-a ýok, ýatan ýeri ýagty, jaýy jennet, ruhy şat, imany hemra bolsun!

0
14 Nurdan   [Mowzuga geç]
Amin

0
13 937303taze   [Mowzuga geç]
Yatan yeri yagty bolsyn...Iman baylygyny bersin...

0
12 Nurdan   [Mowzuga geç]
Sagboluñ dogan, amin.

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
Imany hemra bolsun, bendäniň! Ýatan ýeri ýagty bolsun! Ýakynlaryna-da Alla rahmet etsin!
Soňky döwür ýürek keselem gaty köpelipdir...

0
10 Nurdan   [Mowzuga geç]
Amin sagboluñ Mylaýym.

Diagnozy infarkt miokarda

0
9 Мylayym   [Mowzuga geç]
Suraýyň dünýe bilen hoşlaşmagyna näme sebäp bolduka? Onuň aramyzdan gitmegine gynanjymyň çägi ýok. Nurdan, eger ol seniň ýakynyň bolsa, gynanjymyzy kabul et, uýam! Alla oňa rehmet etsin. Ýakynlarynyň ýüreklerine giňlik bersin! Ýatan ýeri ýagty bolsun!

0
8 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Gürgençli, aýby ýok doganjygym, ýalñyş düşüneniñize düşündim

0
7 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Suraý Ataýewa hakyndaky ajy habary eşidip gaty gynandym.Emma, ýalan habardyr diýip umyt etdim.
Jaýy jennet bolsun.

0
6 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Wi hakyky habardymy o sad men mowzugyň açylan wagtynada seretmändirin. Bagyşlarsyňyz sad

0
5 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Wirus, tanaýadyñyzmy Suraýy?

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
hawa Medinilla aýryldy.şu gün 43 gün

0
3 Artogrul   [Mowzuga geç]
@Suray näme ayryldymy?

0
2 Wirus   [Mowzuga geç]
Yatan yeriñ yagty bolsun, Suraý jigim.

0
1   [Mowzuga geç]
Mennagy bilemokdym maskalaryñam taryhy barlugny sad

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]