19:15
Ýar ojagy / hekaýa
ÝAR OJAGY

"Seň yşkyňda ömür baky perwana,
Bu dünýä bir ýana, senem bir ýana,
Täleýim, goý, dartybersin her ýana,
Maña gaýry yşk oduna köýme ýok."

G.Ezizow.

Ýüregim gysdy-da, gijara gezelenje çykdym. Bir gapdalym elektrik yşyklaryna lowurdaşyp asman bilen bäsleşip oturan gözel ymaratlar. Beýleki tarapymda şaýol uzalyp ýatyr. Ýanýol bilen günorta tarap haýaljak ädimläp barýaryn. Asmanam, ýerem, hatda eginleşip oturan çynarlaryň üstem gar. Inini–boýuny alyp ýetişmedik çynarlarlar ak gülleri penjesinde göterip, magşugyna garaşyp duran ýetginjege çalym edýär, uzakdan synlasaň weli ýapraklary düşürilen gowaçalaryň ak hanalaryna-da meňzeýär. Şäherimizi etekläp oturan baýyrlaram ak ýapynjasyny egnine atypdyr-da, akja gara, döşüni gerip, parahat dem alyp ýatyr. Heý, bir wagt mahmal ýaly howada asmandan akja gar perleriniň ýelek ýaly gaýyp düşüşini synlap görüpmidiňiz?! Görseňiz-le! Her pasylyň öz gözelligi bar-da. Akja tozgalaryň arasynda ýylpyldaşýan elektirik çyrajyklaryny synlap, edil ertekiler dünýäsine düşen ýaly daş-töweregime höwesli garap gidip otyryn. Her kim dynç almaga çykypdyr. Ýan – ýoldan kim ýokaryk gidip barýar, kim aşak düşüp gelýär. Kim garşysyndaky gar bilen ýelmäp gülüp keýipden çykýar. Deňimden goltuklaşyp iki sany ýaş juwan geçip barýar. Olar goşaja gumryny ýadyma saldy. Bagtyýarlykdan keşpleri gül öwsüp duran iki juwan töweregiň gözelligine deňje şärik bolup haýaljak ädimläp baryşlaryna, şadyýan ýigit eglip gyza nämelerdir gürrüň berýär. Ol hezil edip gülýär. Olary synlap hem guwandym gözellige guwanmazlyk mümkin däl. Özümem bu ajaýyp ýollardan ýap – ýaňy geçipdimä. 
Men töweregimdäki her bir zada guwanyp, şol synlap barýaryn. bu şadyýan adamlary gunduza meňzeş ak meýdanlary peşgeş beren ak gijeler, ak telpekli çynarlary, ak serpaýly baýyrlary, çal başly goja dagy ýaran eden ak gijeler, men ýene siz bilen. Siz gussa gaplan kalbyma, gurşan bedenime gurp berdiňiz. Ýöne men ak tozgaly ajaýyp asmany, dür sepilen ýodalary, ýene sanlyja ýyldan goç ýigide meňzäp, saýa berjek çynarlary ýene Ýakubym bilen synlarmykam. Bu ajaýyp ýodalardan onuň bilen ýene ätlärmikäm?! Mermere beslenip oturan bu ajaýyp şäherimize, ol menden beter has aşyk. Onuň bilen ykbalymy baglap, dynç alyş günleri bu gözel şähere gezelenje çykmadyk günlerimiz seýrekdir.
Ýakup ikimiziň eginleşip şu ýoldan geçenimiz dek düýn ýalydy. Ol çynarlara meňzäp üstüme abanyp saldamly ädimläp barşyna, daş-töweregiň gözelligine, ýan – ýoluň gyrasyna düzülen güllere, depämizde asman bilen bäsleşýän baglara çenli nazaryny aýlap, guşlaryň owazyna durup-durup diň salýardy. „Kelläňdäki pikirlerden saplan, töweregiňe nazar aýla-da, diňlesene, bu owazy Güljemal!” diýip, ýylgyrýardy. Söwer ýaryň boý – syratyna guwanyp, onuň mährine çoýunyp, tebigatyň hatda gizlenip ýatan täsinliklerini hem inçelik bilen duýmak neneňsi täsin?! 
Dünýä gözel, Ýakubam gapdaljygymda saldamly ädimläp, şol gözelligi goşalandyryp gidip otyrdy. Şol pursat kalbymy heýjana salýan duýgularyma berlip, özümem gül açyp töweregime şöhle saçyp barýan ýalydym. Men Ýakubyň syratly keşbini synlap, guwanyp gelýän şekilimi – Ýakupda özümiň barlygymyň nähili täsir galdyrýandygy bilen işim ýok, şol şekilleriň bolmanda onuň bir bölejigini özümde-de duýýardym. Hyýalymda öňem uzyn saçlarymam topugyma düşüpdir. Gözlerime kölege berip duran kirpigimem häzir ozalkysyndan uzalan ýaly. Bedenime  syrlaşyp duran ýukajyk  köýnegim ýuwaşja pasyrdaýar.
Şonda ol: „Güljemal, bu gözellikleri duýup, olara guwanyp ýaşamak arzuw edilýän bagt-da. Bularyň hemmesini adamlar, biri-biri üçin döredýär” diýipdi. 
Men haýaljak ädimläp gidip otyryn. Kalbyma duýdansyz giren ýatlamalar häzir maňa edil şu pursat bilen ýaşamaga maý bermedi, hamala diýersiň, Ýakup edil gapdaljygymdan ýöräp gürrüň berip gelýän ýaly, onuň sesi-de gulagyma geldi. 
„Sen meni gaty horladyň Güljemal! Seni bir gezek görmek üçin obaňyza gidip sagatlap oturardym. Birde görsem, birde görüp bilmän keýpsiz gaýdardym. Bir gezek Geldi kakamlar gelin edinende, ýoluň ugrunda ulagyň içinde aýnadan synlap oturanymy görmediň. Seniň şol günki sallanyp ýöräp gelşiňi tebigy bolşunda hiç häsiýetlendirip biljek däl. Şol gün saňa has ýakyn bardym. Iki gyz bolup eginleşipjik toýdan çykyp gaýtdyňyz. Ikiňizem haýaljak ädimläp gelýärsiňiz. Egniňde lowurdap duran gyzyl atlaz köýnegiň bardy. Saçlaryňy diýsene, lap edip aýtdygym  däl, men heniz beýle saçy görmändim, ol iki gulaç dagy bardy özem. Olar sen ätläniňde iki ýana tolkun atýardy. Aýagyňda garaja köwşüň bardy. Dogrymy aýtsam, ikiňizem şol wagt ýaňy açylan gunça çalym edýärdiňiz. Ýok-la şol bolup gelşiňiz, ýigit gözi bilen synlasaň, täsin bir gudrata meňzeýärdi. Gün şöhlesine  lowurdaýan gursakçaň ýalkymy pamykdanam ak näzijek ýüzüňe düşüp, edil äleme nur paýlap barýan ýalydyň. Joraň saňa ýuwaşjadan nämelerdir bir zatlar gürrüň berýärdi. Sen wagtal-wagtal oňa seredip adajadan gülýärdiň. Şol wagt men maňlaýymdan gapy açjagyňy bilsemem, ulagdan düşäge-de, seni bagryma basaýasym geldi. Ýöne, beýle edäýsem seniň garaňy dagy-duwara görmejegime akylym ýetip durdy.
Şol wagtky keşbiň häzirem gözümiň öňünden gidenok. Ýadyňa düşýärmi, Güljemal, bir gezek ikimiz pete-pet geldik. Şonda seni ýörite görmäge barypdym. Ýöne sen öýňüzde ýok ekeniň. Sen ýönelige alnyňdan çykmadygymy duýduň. Duýduň-da, bada ýoluň ol tarapyna geçdiň. Menem geçdim. Ýöne şol bolup ýörşüm, maňada beýle ýeňil düşýändir öýtme! Her näçe mertsirän  bolsamam, seni görsem aljyraýaryn. Geplesemem agzym gyşaryp barýan ýaly. Seni şeýle ýakyndan heniz synlamandym, Güljemal, nähili owadan gözleriň bar eken?! Men ony üstüne kölege berip duran uzyn-uzyn kirpikleriňdenem gabandym. Sen gabak astyndan maňa bir garap goýberdiň-de, sowlup geçiberdiň. Adyňy tutdum. Aýak çekdiň.
— Güljemal bagyşla, öýňüzde adam tapmadym. Orazmyrat kakamlar gelin edinýärler. Şoňa sizem çagyrdylar – diýdim. Olaryň toý edýäni hakykatdy. Ýöne olar meni çakylykçy ibermändiler. „Haçan?” diýip sorasaň, durubermelidim. Sen başyňy atdyň-da, gidiberdiň. Uzakdan gelen öýe çagyrylýandyr weli, sen şol asylly  däbe eýerip, iň bärkisi „öýden oturam” diýmediň. Yzyňdan seredip-seredip galdym. Soň ikimiz şol toýda duşuşdyk. Biz goňşy stolda oturdyk. Toýa-da kömekleşmän, şol gün men seni synlap keýpden çykdym. Synlanýandygyňy duýduň. Başyňy dagy galdyrsaň nädersiň. Ýöne menem bir zady weli  aňdym.  Şol oturşyňa menem nazaryňdan sypmadym. Özüme duýdurmaýandyryn öýdüp ýalňyşdyň, nazaryň bilen suratymy aldyň. Heý, senden ünsüni sowman oturan adam muny duýmazmy?! 
Ahyrda ejem size gatnap başlady. Garyndaşam bolsak „şähere gyz berjek däl” diýip, ejeň bekine tutdy. Baý köse-dä. Bizem el çekerli däl. Hernä özüň kömege ýetäýdiň, Güljemalym!”
Güljemal ýatlamalar bilen gümra bolup ýoňsuz ýoly geçenini soň duýup galdy. 
„Saňa nä dow çaldy. Ýakup” diýip, ol uludan demini aldy. Seň bolup ýörşüň hiç akylyma syganok. Iki ýyl ýaşaşyp, ýekeje gezek biri-birimiziň ýüzümize gaňrylyp seretmedik. Soňky döwürler bir hili düňle ýaly bolduň ýördüň. Biz bilen bolmadyň. Öýe giç gelmäni çykardyň. Igensegem gatyrgandyň. Bir gün bolsa alaga-da gelmediňem. Şol gün welin, ömürylla  ýadymdan çykmaz. Ejeň ikimiz daň  atýança çirim etmän çykdyk. Til kakdyk. El telefonyňy öçüren ekeniň. Ertesi ir bilen işiňe telefon etdim. Özüň galdyrdyň, sesiňi eşitdim-de bir agyzam gürlemän telefony öçürdim. Nirede bolanyňy näme üçin gelmändigiňi soramaga bognum ysmady. Ine, şeýdip bizden daşlaşdyňda gidiberdiň. Bu kellä sygjak zatmy? 
Bir zady boýnuma aljak, Ýakup, saňa razylyk bermän, özümem köp ýaýdanyp gezdim. Seni küýsäp ölüp-öçüp gapyňdan ätledim diýsem ýalançy. Ýogsam, sizi ýyllap gatnatmazdym. Ýöne başga ýigitde nazarymam eglenmedi. Gatnap ýazgynlyk bermän soň saňa ümrükdim. Onsoňam syratyňam gözeilginçdi-dä Ýakup! Sen ol görmegiň bilen  näçe gözleri eglänsiň! Bir wagt enem janyň birine gürrüň berip: „Söýgi nikadan soňam başlanýandyr” diýen sözem hakydamda. Ony näme üçin beýle diýip, aýdanyna şol wagt düşünmedim. Saňa sataşyp düşündim, Ýakup.
Döwletli ojagyňa aýak basypdyryn-da. Ýumşak häsiýetiň, ýakyp-ýandyryp barýan mähriň bilen şeýle bir özüňe bagladyň welin, irde-giçde şol ýüpüň bagy inçeler öýdüp hyýalyma-da getirip bilmedim „Güljemalym” diýýärdiň. Ýartyja käse çaýy aýry içip bilmän, „Güljemal, geläýsene, tükedäýsene şol işleriňi!” diýip çagyrar oturardyň. Seniň söýşüňem, ezizleýşiňem üýtgeşikdi. Hiç kelç-külç däldiň. Şol ýakymlylygyň, yhlasyň bilen, meni bagryňa basman, hyýalymda giň gujagyňa sözsüzem dolýardym. Sen hereketsiz, sözsüz, özüňi alyp barşyň, hiç kimiňkä meňzemeýän yakymly nazaryň bilen özüňe bendi etdiň.
Ine, indem gözüm gapyda. Göwnüme ýylgyryp giräýjek ýaly bolup dursuň. Begenç janam gapy açylsa  düwdenekläp  ylgap barýar. 
Bir gezek unaş bişirdim. Ony ejeňem gowy görýär-ä. Dogrymy aýtjak, men ony üç okara guýupdyryn. Getirip saçaga goýup, geçip oturdym welin, ejeň geňirgäp, ýüzüme seretdi. Şol gün ol aş ne onuň, ne-de meniň  bogazymdan geçdi.
Binamys-da men. Kä halatlarda özüme erkim ýetenok. Sesiňe-de zar boldum. Telim gezek saňa til kakmaga hyýal edip, telefony galdyrýan, goýýan, ýene galdyrýan. Özüň keseden synlap duran ýaly-da müýnürgeýän. Kiçelip-kiçelip bir gysym bolýaryn. Ahyrda bir gün ýüregime daş baglap, alaga-da salgyňy aýladym. Ellerim sandyr-sandyr  edýär. Galdyrmadyň. Ýa telefonyňy öçüripsiň, ýogsa-da salgyňy üýtgedipsiň. Uludan demimi alyp seslendim. „Eý Alla jan, men ne günlere düşüp ýörün, sabyr ber, güýç ber maňa, eziz Allam”.
Bir gün Begenç janyň gyzgyny kyrka ýetdi. Bolan zatlary ýatlasam özüm üýşenýärin. Ony  bagryma basyp, içerde elewräp  ýörşüme „jan bala, sen bir bizi  taşlap gitme” diýip samraberipdirin. Kakaň pahyr ýogalanda, ol bu ojakda kakamyň ornuny tutupdy. Köşeşer ýerde köşeşmämsoň, sen meni aýallaryň arasyndan daşaryk çagyrdypdyň. „Sen mertdiň-ä  Güljemal, hany köşeş!” diýipdiň. Gussamy paýlaşar ýaly şol wagt arkadagym bar eken. Ýüregiňden tutsa, hany mertlik galýarmy? Özümden beter kükrek gerýän ejeň al-petimden aldy: 
— Nämeler samraýaň diliňden haýyr aç  başy agyryp, baldyry syzlamazam bir çaga bolarmy?”
„Tiz kömekden” öňürti namys etsemem, iş telefonyňa ýapyşdym. Galdyrdyň. Tolgunyp hem kiçelip  Begenç janyň  näsaglandygyny  zordan düşündirdim. Sesiňi  çykarman telefonyňy öçürdiň. Birneme derdim ýeňlän ýaly, bolup iki gözümi gapa dikdim. Begenç jan beren dermanymam gaýtardy, hasam aljyrap „Tiz kömegi ” çagyrdym. Bada geldi. Balajygymyzyň öýkenine sowuk degipdir. Lukman hassahana alyp gitmekçi boldy. Göwnemedim. Öýde bejertmegi makul bildim. Sebäbi seniň geleriňe umyt bilen garaşdym. Sanjym edilensoň, Begenç janyň gyzgyny birneme gowşady. Az-kem özüme geldim. Sen weli iki naçary ýoluňa garadyp gelmediň! Şol pursat düşen ýagdaýymy gowusy ýatlamaýyn. Öňem ýaňy özüme gelipdim. Sessiz agladym. Ýürek aglasa, elhenç bolýan eken. Şuny welin, tä ömrüm ötýänçä unutmaryn. Baladan ilerde-de  adam bar eken.
Begenç jan başyny galdyrýança, okuwa-da gidip bilmedim. Diňe şondan soň synaglara taýýarlanyp başladym. Gije-gündiz okadyp, uniwersitete salanam özüň dälmidiň Ýakup?! Gutartman howlugyp gidiberdiň. 
Bolsa-da il-günüň,dost-ýaryň arasynda bolmak derdiňi ýeňledýän eken. Başyňa iş düşende adamlar direge öwrülýän eken. 
Şol günden soň sen yzyňa dolanarsyň diýen inçe umydymam dartylyp-dartylyp  kirşe döndi. Hudaýa müňde bir şükür, il- gün, dost-ýar gussamy paýlaşdy. Ýöne şol günler men öz durmuşymy terezä salyp, has düýpli oýlandym. Özümiň ýalňyz ýaşamaly boljakdygym hakydamdan çykmady. Bu pikir barha böwrüme sanjy boldy. Ondan eýmendim. Gaýa-gopuz ýok ýerden ýalňyz ýaşamak. Ojagyň iki bolup çekmeli ýüküni ýalňyz özüň çekmek, çagaň atalyka „atasyz” diýdirmek iň ýamany şu. Eýsem ýalňyz ýaşamanam bilerin. Biwepa wepaly boljak bolup, onuň ýurduny saklamanam bilerin. Emma bir ýürege iki adam ýerleşermi? Wagtal-wagtal oturyp oýlanýaryn. Seni özümden daşlaşdyran sebäbi agtarýaryn. „Nirede näme hata goýberdimkäm?” diýip, beýnime agram salýaryn.
Hiç zat ýadyma düşenok. Ýazykly bolsam ýazykly diýip, aýdýardyň-a. Men gizlänimde näme, özüm-ä göremok, ýöne seni ýat bilen görsem nähili ýagdaýa düşjegimi göz öňüne-de getirip bilemok. Men ýalňyz, adamlar köplük. Biri görmese, biri görýär. Seniň bilen bir kärhanada işleýän aýallaryň biri ýat aýal bilen tirkeşip ýöreniňi ejeňe aýdypdyr. Ejeňe ol „ýalandyr” diýip nädip ynandyraýyn. Öýe gelmän ýabany ýatyp-turup ýörseň. Sen onuň ýalňyzy-da. Seň üçin menden müýnürgeýär. Daşynda her näçe hozanak bolsamam, ejeň wagtal-wagtal erbet gama batýar. Meniňem näme, bir aýagym uniwersitetde. Onsoň ejeň ýüregi nädip gysmasyn, ýogsam ol juda mert. Wah, ejeňi diňe seniň ykbalyň horlanok-da, gapdalynda bizem bar-da. Şeýle ýagdaýda ýüregim gyýym-gyýym bolýar. Sebäbi ol sessiz aglaýar. Men özümi juda müýnli duýýaryn. Özümde bir hata gözläp, ýene şol bir pikirlerimi dörjeläp başlaýan. 
Bir gün men ejeňe dözmän, alagada: „Enesi, bolmasa men öýmüze ötägideýin” diýdim. Ejeň juda ynjady, sebäbi ejem namys edip, alyp gitjek bolanda-da, ol juda gaty görüpdi. 
— Senem git, gelnim, hudaýa şükür, hossarym ýetik, il-günümem bar. Keýpiňiz kelläňizde, nirede özüňizi bagtly saýsaňyz ýaşaberiň! Ýöne kişiň maşgalasyna talaň salýan näkesi yzyna tirkäp gelse, oglumam bolsa, gapydan goýbermen – diýdi. 
Men aýdanyma puşman etdim:
— Enesi, men bu sözi size dözmän diýdim. 
— Beýle zady maňa oýundanam aýtmagyn! Otursaň, şu ojak seniňkidir, Begenç janyňkydyr, balam! „Ojak diýilýän zat mukaddesdir” diýerdi kakam pahyr. Oňa ätlän bende-de imanly bolup, şol ojagyň ody bilen girip, küli bilen çyksyn. Gelen ojagyndan tazykmasyn” diýerdi. Seniň ýaly maşgala onuň ýüzi düşmez-le. Başyňy dik tutup gezgin, gelnim, sen muňa mynasypsyň. Ol senden ynjap, ýa saňa göwni ýetmän giden däldir. Hudaý tutýandyr ony. 
Wagtal-wagtal men göwnüme sen hemişeki bolşuň ýaly ýylgyryp gapydan giräýjek ýaly işige seredýärin. Şeýdip, öz-özümi aldaýaryn. Begenç janyň häsiýetem özüňe meňzeýär. Gülküjigem, garaja gözlerini güldürip ýüzüme seredişem, mähirlidigem, hatda öýkelekligem. Ýöne ol akyllyja, ejesini taşlap gitmez.
Durmuşda bü, Alla ömür berse, uzak ýola saňa wepaly, ýürekdeş mährem ýaryň boljakdym. Ýakup öýden çyksamam, gözlerim diňe seni gözleýär. Namys edip öz etimi özüm iýýärin. Nirä ýöresem, nirä barsam seniň bilen tirkeşipjik gezen ýerlerim. Seniň höwes edip synlaýan ymaratlaryňam, bag-bakjalaryňam, hatda Aşgabady gujagyna alyp oturan daglaram öňki ýerinde. Diňe sen ýok. Ýöne bir zady aýdaýyn, küýsän wagtym olarda seň didaryňy görýärin. Seň mähriňi duýup az-kem köşeşýärin. Senem olaryň janlyja bir bölegi ahyryn. Sen nädip meni unudyp bildiň?! Bir zady bilýän, men şu ojakda otursam, yzyňa kesekini tirkäp gelip, namysymy depelemejegiňe ynanýaryn. Muňa ejeňem ýol bermez. Birden-birdenem tamam çykmansoň senden oýuma gelmeýän zatlara-da garaşýaryn. 
Ýakup seni oňa baglaýan, akylyňa boýun egmeýän güýçli duýgy bolmaly. Ýogsam menden daşlaşsaňam, käbäňden, Begenç jandan uzaklaşmazdyň. Yzyma göz aýlaýan welin, toýumyz tutulýança, ýüregiňi eliňe alyp obamyzdan çykmadyň! „Ýiti gyzyl tiz solar” bolaýdymyka? Bu meselede sen bisabyr ekeniň. Elbetde, tebigatyňda şeýle häsiýet bardyr-da. Ýa seniň maňa bolan duýgyň ýaşlykda kä halatlarda bolýan hälki bir geldi-geçer imrinmelimikä? Şol wagt seniň gözleriň maňa ýalan sözläýdimikä? Seniň bolup ýörşüň kellä sygar ýaly zat däl-ä! Ýogsam, balasy sähel ýüzüni sallasa, ölüp-öçüp barýan ata onuň agyrlygyny eşider-de gelmezmi? Bir zada akylym haýran. Sende irde-giçde akyl kemterlik eder oý etmeýärdim. Ýogsam agyram bolanda duýgusynyň yzyna düşüp gidibermek mert ýigidiň işimidir. Bu ata-baba ýek ýigrenilýän häsiýet ahyryn. Bolýar, sen meni ýat hasap edäý, ýalňyz käbesini, balasyny, mukaddes ata ýurduny terk edip gidibermek paýhasly adama mahsusmydyr. Bizsizem, il-günüň ýüzüne seretmäge utanjak dälmi? Saňa ar-namys gerek dämi, Ýakup. Ony duýgyňa daňyp nädip ile çykjak. Ýa ol duýgyň saňa jylawyny çekdirenokmy? Men seni beýle tanamokdym, Ýakup. Sen irde-giçde öz wyždanyň öňünde hasabat berersiň. Muny men seni tanamsoň aýdýaryn. Bu saňa ýeňil-ä düşmez.
Pikirlerimiň ýumagyny çöşläp barşyma kimdir biri yzymy yzarlaýan ýaly duýgy mende peýda boldy. Men töweregime garanjakladym hiç kime gözim düşmän soň, bir sellem aýaklaryma dynç bermek üçin gülleriň arasyndaky oturgyçda paket goýup dyzymy epdim. Şol pursat ýerden çykan ýaly bolup garşymda garaýagyzdan gaşlak, ýüzünde nurmämmetden düşnügem bolmadyk inedördül daýaw aýal gelip daýandy. Ol içimden geçip barýan nazaryny dikip durşuna:
— Sen Güljemal bolsaň gerek? – diýdi. Men onuň sesi turbadan çykandyr oý etdim. 
Oňa aňalyp oturşyma, „Hawa, men Güljemal” diýip, özümi dyngysyz synlaýan aýala gypynyçsyz gjogap berdim. Özüm welin onuň soragynam, ýüzüme garajygyny dikip durşunam halamadym. Ol ýadan bolmaga çemeli, hasylap ölem bolsa ünsem bermän, gapdalymda çökdi. Soň meniň bilen iki agyz gürrüňiniň bardygyny çintgedi.
— Aýdyberiň, diňleýän, ýöne men sizi tanamadym-la! – diýdim.
— At oýnatmasana gelin baý, kim tanamasa-da meni sen tanamaly. Pugta diňle-de, aklyň ýetdigiçe many al! Ýöne şol akyl sende ýabygorlugyrak bolan soň, hetjikläp oturşym. At tutuşyp oturmaly. Özümiz-ä ärimiz „sen gerek däl” diýip, taşlap gidensoň, hondan bärisiräp onuň ojagyny saklap oturmaga namys ederdik. Şoň üçrübem abraýyň barka, meň aýdanlarymy bek belle-de, şol öýden goşuňy saýla! Sen çykmasaň, oňa iki bolup girmäge ýaýdanylýar. Ol biriniň ýeke dikrary. Käbesini taşlap, uzagyndan başga ojakdan örmäge namys edýär. Ol bir düşünjeli adam. Duýmadyksyran bolup, köpbilmişsiräp otursaň, ejesem saňa „git” diýip bilenok. 
Ine, saňa aýtjak zatlarym şular. Senem ony duýaňok.
Men ýerimden galdym.
— Men düşünjelem, düşünjesizem bolsam, maşgala durmuşyma kesekä burnuny sokmaga ýol bermen. Kim çykmaly, kim çykmaly däl, şol ojakdan diňe onuň özi bilen çözerin. Men uzakdan kesekleşmäni halamok. Gaýraty bolsa namartlamasyn-da özi gelsin. Gorkmasyn, alyp galmarys. 
— Näme diýsene gelin, maňa aýtdyrjak bolup durma, ol ikimiz bir adam. Meň pikirim oň pikiri. Onsaňam pikir etme, men bir ar-namysa düşünmeýän aýal däldirin, ikimize „men” diýen molla nika gyýdy.
— Siz oňa ýatmy ýa ýakyn, oň bilen işim ýok. 
Ol meniň pikirimi soňlatmaga goýmady. Iki tarapy kesilen agaç ýaly inedördül „piýada” togalanyp oturgyçdan ýykylman zordan düşdi. 
— Men saňa düşnükli edip aýdan bolsam gerek, gelin baý. Entek sylagyň barka düşünip, düşünmediksirän bolsaň, onda sylamanam bileris. Ýola düşenem bolsam yzyma gaňryldymda:
— Sylamadyk ýagdaýyňyzda näme etjegiňizi bir eşideýin – diýdim.
— Ony şol wagt görübereris – diýdi.
— Onda senem kelläňde şygyrdyň, arly-namysly bolsaň, diňle – diýdim. 
— Ol ojak bilen meniň bagrym badaşdy. Ol ojakda käbämiň ornumy tutan adam otyr, ojagyň eýesi – balam otyr. Ol ojaga seň aýagyň düşmez. Ol meň üçin keramatly ojak. „Ogurlyk eden uýalmaz, üstüne gelen uýalar” diýipdir ata-babalarymyz. Toba.
Men bu aýal bilen bagly ýakymsyz duşuşygymy Ýakubyň ejesinden gizledim. Mende şol gün gezelençden galan ýakymly täsirlere talaň saldy diýmesem, näme üçindir onuň „haýbaty” batly gelen tüweleý ýaly üstümden geçip gitdi. Sebäbi men onuň özüne-de, sözüne-de ynanmadym.
Uniwersitetiň dördünji kursuny tamamlap ýördüm. Il-ulusyň çagajyklaryna bilim-terbiýe berjek günlerimem uzakda däl. Onsoň men diňe Begenç janyma guwanyp ýörmeli bolmaryn. Gamsyz-gaýgysyz, ruhubelent çagalaryň dünýäsine düşseň, ruhuň täzelenip bagtyýarlykdan özüňem ganat baglap asmanda gaýar ýörersiň. Şonsuzam Ýakubyň ýoklugy bilen öwrenişmesegem, öňki ýaly öýe sygman gussa çekip ýöremzok. Gaýnym bilen hasam ysnyşdym. Megerem, Ýakubyň ýumşak häsiýeti oňa käbesinden geçendir, gaýnenem gaty mähriban. Şol mähir Begenç jana-da maňa-da ýetýär, ol-a enesi nirä gitse, ýörese, tigirlenip yzyna düşüp ýör. Käýarym ejem dagy, joralarym gelip gidýär, özümiz barýas. Boýnuma aljak, onda-da kämahal, Ýakup howlynyň gapysyndan girip gelýän ýaly, öýde bolanymda gapa gözümi aýlaýaryn. 
Bir gezek gözlerime ynanmadym. Gijara Ýakubyň howla girip gelýänini aýnadan gördüm. Ol saldamly basyp ýüzüni aşak salyp gelýär. 
Bedenim gowşap, ysgynym gaçdy. Şonda-da doňup durun. Ol giren ýerinde howlymyzyň gapysyndan eýwana çenli gelýän üzüm dalbarymyzyň iki tarapyna ekilen bägülleri synlap durdy. Olary gelin bolup gelenimde ikimiz oturdypdyk. Nahalyny dosty beripdi. Gabat garşysynda jaýymyzyň daşyny jähekläp oturan baglaryň depesindäki guşlar Ýakuby garşylap heşelle kakýan ýaly, hor bolup saýraýardylar. Ol diňşirgendi. Uzak aýralykdan soň mähriban ata ýurduna gelen adamyň bolşy ýaly, howlymyzy şol synlady durdy. Ol horlanypdyr. 
Ýakubyň jaýa tarap ýönelenini gördüm-de, eýwanda sataşmazlyk üçin, gaýnenemiň bolýan jaýyna girdim. Onuň gapdalynda oýnap oturan Begenç jany hasyr-husur goltugyma aldym. Şol wagt näme üçin şeýdenimi özümem düşündirip biljek däl. Bada eýwana çykdym. Ýakup eýýäm eýwana giren eken. Bizi gördü-de, birhili özüni ýitirdi. Onuň gözleri maňa bakardan ejiz geldimi, ýa ony islemedimi, başga tarapa gönükdi. „Gurgun otyrmysyňyz” diýip eşidiler-eşidilmez aýtdy-da, Begenç jana elini uzatdy.
Ol ýadyrgap, kellejigini döşümde gizledi. Ýakup birhili boldy, sesini çykarman ejesiniň otagyna girdi. Men bir zat hakydama geldi-de, Begenç jany enesiniň gapysyndan goýberip, özüm aşhana girdim, öňki endigim boýunça derrew noýba atardym. Hamyr etdim-de, aşyň jazyny taýýarlap, bada aş kesdim. Özümem gider oý edip howlugýaryn. Öler jany unaş. Onuň bilen deň bolmadym. Emma bir seretsem, çykyp barýar, men özümi yhlasy ýüzüne urlan adam ýaly duýdum. Başga biri bolsa etmezdi. Men namys etsemem şeýle etdim. Sebäp diýseň, ol Ýakup! 
Dagy men gapydan girende şerraýlyk edip gygyraýynmy? Beýle häsiýet tebigatymda ýok. Onsoňam beýtsem, diňe gözden düşerin. Özümi ýigrendirerin. Öňümde käbäsi otyr. Gelse, kowup bilmen, gelmese-de, jany sag bolsun! Ol ömrümiň iň ajaýyp pursatlaryna şärik boldy. Men onuň mährine çoýundym. Yzyndan seredip durşuma, hyýalymda onuň bilen gürleşdim. 
Bu ojak seniň üçin mukaddes, Ýakup. Bu ojak kyblaň ataň, käbäň eneň ojagy. Bu ojakda dünýä inip ösüp ulaldyň. Bu ojakda ikimiziň ykbalymyz birleşdi, Begenç jan dünýä indi. Ilden utanmasaň şu ojakdan tapan mähriňi başga ýerden tapsaň başyň dik bolsun! Ogully ýigidiň yzy ýitmez. Ýöne seniň häzirki bolup gelşiň başga ojakda togtajaga meňzänok. Ýöne indi meň öňümde öňki mertebäň bolarmyka? 

Şirinjemal GELDIÝEWA.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 521 | Добавил: Нawеran | Теги: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Мährijemal   [Mowzuga geç]
Говы китап

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: