00:53
Dünýewi döwlet, din we gomoseksualizm
DÜNÝEWI DÖWLET, DIN we GOMOSEKSUALIZM

Bir tarapda dünýä bilen integrasiýanyñ içindäki täze eýýamlaryñ ýaşaýyş-durmuş düşünjesi we kadalary, başga bir tarapda özümizi dahylly duýýan medeniýetimiziñ gymmatlyklary. Bu ýagdaý wagtal-wagtal intellektual gatlagymyzyñ tutumynda-da, din-döwlet gatnaşyklarynda-da ýiti çekişmeleri döredýär we bölünişikleri körükleýär. Edil Dini geñeşligiñ zynany we beçebazlary ýazgaryp eden çykyşyndan soñky turan gowurlarda bolşy ýaly. Aslynda birsydyrgyn mantyk bilen dünýewi döwletde raýatlyk hukuklary bilen Dini işler ministriniñ çykyşyny aýyl-saýyl etmek kyn däl. Sebäbi dini fetwalar döwlet-raýatlyk gatnaşyklary bilen gyzyklanmaýar. Dini işler ministrligi yslamyñ hakykatlaryny aýtmaga borçludyr, bu babatda dünýewilik ýörelgesine eýerip döwlet hem dine goşulmaýar. Beýleki bir tarapdan dünýewi-demokratik hukuk döwleti her bir raýatyna deñ göz bilen garaýar, bu ýagdaýda-da diniñ döwlete goşulmaga haky ýok.

DİN WE WYŽDAN AZATLYGY

Gomoseksualizm we zyna üç uly dinde-de haramdyr. Dini işler ministri Aly Erbaşyñ bu barada aýdan sözlerine garşy Ankara we Izmir şäherleriniñ aklawjylar palatasy: “Dini ynançlaryñ meselä bolan garaýşy şeýle, ministriñ aýdýany edil şu ýerde dogry, emma jemgyýetimizde şeýle adamlaryñ az däldigi hakykat, haýsydyr bir ynanjyñ hatyrasyna şeýle adamlary ýazgarmak hukuk döwletinde dogry däl” diýen görnüşde dillenen bolsadylar, hem-ä öz nukdaýnazarlaryndan dogry bolardy, hemem şunça goh turmazdy. Dinleriñ meselä bolan garaýşyna “gadym zamanlaryñ añyrsyndan ýañlanan ses” diýip ýañsa almaklary din we wyždan azatlygyna düýbünden ters gelýär.
Galyberse-de, dini fetwalaryñ döwlet ygtyýarlylaryny täsirine almak, işlerine goşulmak, olary oñlamak ýaly artykmaçlugy ýokdur. Has takygy, işiñ düýp özeninde yslam dininiñ maksady-da muny göz öñüne tutmaýar. Fetwalary hukuk namalaryny kanunylaşdyrmak maksady bilen ulanmak döwletiñ düýp ýörelgelerine ters gelşi ýaly, yslamyñ maksadyna-da tersdir. Yslamyñ kitaby Kuran hem kanun çykaryja däl-de, şahsyñ özüne ýüzlenýär, döwlete däl-de, ynsana serenjam berýär.

LUT KOWMY

Beýleki bir tarapdan dünýä taryhyna seredende, onlarça gezek gezek bolup tebigy heläkçilikleriñ, köpçülikleýin keselleriñ ýa-da dürli ýykgynçylyklaryñ sebäbi hökmünde - käte din adamlarynyñ aýdyşy ýaly, käte dürli syýasy sebäplerden ötri, käte-de garaşylman durka gelen belany kabullanyp bilmänsoñ günäkär tapyp ar alma hyjuwyna düşüp, günäkär ýagdaýa düşenler görkezilipdir.
Linç - diniñ adyndan edilende kanunylaşdyrylypdyr. Şeýle-de bolsa, yslam, meselesinde jenaýat alamatlary bolmadyk günäleriñ jezasyny bu dünýäde ýa-da ölümden soñra hut Allanyñ özi tarapyndan berilýändigini ündeýär. Lut kowmunyñ mysalynda bolşy ýaly, Alla bir kowmy heläk edýän bolsa, şol kowum boýdan-başa günä batgasyna batan bolmaly. Lut kowmy azgynlyga, gomosekualizme, köpçülikleýin jynsy gatnaşyklara, açgözlülige, näşükürlige ýykgyn edýän, birem bütin bulary etmeýändensiräp ahlakly görünjek bolýan adamlaryñ toplumydy.
Susan Neiman "Ahlak boşlugy" ("Ahlaki Açıklık") kitabynda: “Sodomlylaryñ (Lut kowmunyñ) eden günälerini ýigrenmek üçin hökman fundamentalist (düýpden dinçi) bolmak gerek däl. Bärde esasy gep beçebazlykda ýa-da zynada däl, gep gäbiazan halkyñ ýagşy gylykly Lutuñ öýüne gelen iki myhman erkege köpçülikleýin ýanaşmak bolmalaryndadyr” diýýär.
Azgynlygyñ ýetjek derejesine ýeten kowum hut Alla tarapyn heläkçilige sezewar edilipdir.

DINI IŞLER MINISTRLIGI WE PARALLEL TOPARLANMALAR

Aklawjylar kollegiýasynyñ bolşuna Diniñ dünýewi döwletiñ düzümine bolmagyny islemeýänleriñ garşylygy hökmünde-de düşünip bolar. Şu hususda diniñ jemgyýete gyra süýşürip bolmajak derejede ugur-ýol görkezýändigini we hut şonuñ üçinem dünýewiligiñ esasy strukturalarynyñ biri hökmünde Dini işler ulgamynyñ öñe saýlanýandygyny unutmazlyk gerek. Halk köpçüliginiñ aglabasy dine garaşly jemgyýetler elmydama-da ruhany ýolbaşçylara mätäçlik duýup gelipdiler.
Döwletiñ gözegçiliginde bolmadyk dini awtoritarlar döwletiñ we jemgyýetiñ içinde shizmalaşmaga (bölünşik döretmäge) şert döredip biljek güýç merkezleri bolup durýar. Özüñiz görüp dursuñyz, käbir yslam ýurtlary biri-birleriniñ metjitlerini bombalaýan tarykatlardan we dini jemagatlardan doly. Şonuñ üçinem ykrar edilmäge degişli ýeke-täk kanuny jemagat metjit jemagatydyr. Bu jemagar Dini işleriñ, Dini işlerem döwletiñ gözegçiligi astynda bolmalydyr. Başga hili bolan ýagdaýynda din içinde din, döwlet içinde döwlet döredýändir. Türkiýe ýakyn taryhynda FETÖ mysalynda muny açyk-aýdyñ başyndan geçirdi.
Soralmaly sowal belli: FETÖ we ş.m. dini toparlanmalar gol-pudak ýaýradyp, çar tarapa köküni uranda, Dini işler ministrligi halka olaryñ kimdigini tanatmakda näme üçin ejiz ýagdaýa düşdi hem-de gaýdyp şolar ýaly peläketleriñ döremezligi üçin näme işleri etdi?

Aýşe SUJU.

04.05.2020 ý, "Sözcü" gazeti.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Категория: Publisistika | Просмотров: 179 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]