15:26
"Gorkmen"...
"GORKMEN"

Ýeri, şundanam bir ýaşaýyş bormy?!
Alnyñda - howp,
Ardyñda gorp,
                         gork,
                                   gork,
                                             gork!
Gorky, senden bir zat çykar ýaly yş barmy?
Heý, yş bormy?!
Gork!
Gork!
Düşdüñ şeýle künjegine dünýäniñ,
Gork,
          gork,
                    gork. Görýärsiñ
Gorkmaýanlañ nä günlere düşýänin!
Gorkmaýanlañ gözi ýokdur, telbedir,
Olar ömrün soñlar dälihanada.
Päliñ azyp, çykmaweri ýola bir,
Ýoldan çyksañ, duşýañ gäbi azana.

Jañ etseñ gork - diñleýändir KGB,
Oýlansañ gork - ýazýandyrlar pikiriñ.
Atomyñ üstünde dursa bu dünýä,
Señ ykbalyñ üstündedir pitigiñ!

Myrla, edil myrlaýşy dek pişigiñ,
Kollektiwe ýaran, başlyga ýaran.
Başlyk däle ýaran, ýogsa ol satar.
Profkoma ýaran,
Partkoma ýaran
Raýkoma,
Obkoma - ählisi hatar!

Ornuñdan gork - haramzada almasyn,
Ogluñdan gork - dost bolmasyn pidula.
Gelniñden gork - öýe myhman gelende,
Hüñürdäp ýüzüñi ýere salmasyn!
Gork!
          Gork!
                    Gork!

"Tok-tok" diýmän,
"gork-gork" diýýär towuklar,
"Hork-hork" diýmän,
"gork-gork" edýär mekejin.
Sen nä! Gorkýar MK-äñ sekretary-da,
Başa geýip hüýpüpigiñ kekejin.

Gork!
          Gork!
                     Gork!
Ýakyndan gork, ýatdan gork!
Garrydan gork, ýaşdan gork!
Toý-tomgudan, ýasdan gork!
Atasyna aýat okatdy diýip,
Bir hudaýsyz ýazaýmasyn arzany.
Goý atañy profsoýuz jaýlasyn!
Gork!
          Gork!
                    Gork!
Hudaýdan-da gork,
Birden-ikä olam bar bolaýmasyn!..

Çar ýanyñ howp,
Bar ýanyñ gorp,
Eger-de ýaşajak bolsañ gorkusyz
Gork!
          Gork!
                    Gork!

Ogluña, kowmuña gorkmany öwret,
Ziñkildäp dur emeldarlar asgyrsa.
Gorkynyñ üstünde gurulan döwlet
Halkyn saklaýandyr gorky astynda!
Dünýäde güýç ýokdur gorkudan rüstem.
Nä günlere duçar bolduñ türkmen sen?
Türkmen däl-de,
                               "Gorkmen" sen!

1982 ý.

Nobatguly REJEPOW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 507 | Добавил: Injener | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 6
0
6 Baba Ve Piç   [Mowzuga geç]
Piç !

0
5 Adalat19   [Mowzuga geç]
Aý garaz goşgyda aýdylşy ýaly türkmen entegem gorkmalyda? ))))

0
4 Adalat19   [Mowzuga geç]
Seňkä azajyk ynansa bolýar....meň diýýänim wopşe fantastika....

0
3 Owwayev   [Mowzuga geç]
Internetdir-dä, näme ýazsaň göterýä diýip kelläňe gelenni şagladyp oturmaly diýlen zadam ýok. "Şaglatmak" işliginiň öňüne "taraşlap" diýen bir sözüň goşulýandygynam ýatdan çykarmaly däl.

0
2 Owwayev   [Mowzuga geç]
Obamyzyň köçesinde aždarha gördüm, 77 kelleli özem bir görseň-ä adam dilinde gürleýär, bir görseňem guş bolup saýraýar, bir görseňem eşek bolup aňňyrýar... Nätdi? Ikisi hem deňeçerräk boldumy?!

0
1 Adalat19   [Mowzuga geç]
Edaramyzyň agzyny transport polisiýa saklaýar, menem bir gün işe barýan. Ýanym bilen bir oglan aýagny agsap barýar. Agsaýan oglany görüp ýaňky polisiýa oglanyň daşyndan ylgaýar. Näme boldy diýip soraýar, eger biri bir zat eden bolsa üstinden arz edäýelidä dos diýýär.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: