03:35
Köneürgenç türkmen döwletiniñ beýik serkerdesi
KÖNEÜRGENÇ TÜRKMEN DÖWLETINIÑ BEÝIK SERKERDESI

Meşhur «Çingiz han» eseriniň awtory W.Ýançewskiý: «Sizi Jelaleddiniň obrazy näme üçin şeýle gyzyklandyrýar?» diýen sowala «Men «Çingiz han» powestini ýazyp ýörkäm, gündogar sene ýazgylaryny okap, gorkaklyk, dönüklik, sowgat-serpaýdyr tabynlyk arkaly mongol gylyjyndan aman sypmak isleýänleriň arasyndan duşmandan heder etmän, olar bilen söweşe okdurylan gahrymanlary gözledim. Horezm şasynyň ogly Jelaleddin şeýle gahrymanlardandy» diýip jogap berýär.
Dogrudan hem, türkmen taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiziň biri, Köneürgenç türkmenleriniň iň soňky hökümdary, döwrüniň iň görnükli serkerdesi Soltan Jelaleddin Meňburun özüniň ýyldyrym ýaly gysga, emma ýalkymly ömri bilen türki taýpalaryň aňynda edermen hem erkinligi söýýän gerçek hökmünde hemişelik galdy. Mongollara taý gelip, öz ýurduny akylly-başly dolandyran hem goran soltan Jelaleddiniň şöhratly ömür ýoly, onuň döwleti adalatly dolandyryşy barada birnäçe taryhy we edebi eserler ýazylypdyr. Hatda özüniň duşmany bolsa-da, Çingiz hanyň: «Han-ha, görüň atasynyň ogly şeýle bolmalydyr!» diýen sözleri hem, Jelaleddiniň neneňsi batyr gerçek bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.



Muhammet Horezmşanyň ogly, beýik serkerde, soltan Jelaleddin Meňburun 1220-1231-nji ýyllarda Köneürgenç türkmen döwletine hökümdarlyk edipdir. Taryhy maglumatlarda: «Ol ýüzünde nepis belgi bolan — meňli doguldy. Şu sebäpden hem oňa «Meňburun» diýip lakam berdiler» diýen setirler bar. Merkezi Aziýa mongollar çozup gelen döwründe, ol eýýäm döwletiň uly welaýatlarynyň birini — Garjystany (häzirki Owganystanyň demirgazyk bölegini) dolandyryp ýören häkim bolupdyr. Jelaleddin özünden öňki horezmşalardan tapawutlylykda, Merwde däl-de, Gürgenjiň özünde okap, oňat bilim alypdyr, öz ene dili bolan türkmen dilinden başga-da, pars dilini suwara bilipdir. Meşhur alymlar K.d' Ossonyň (1779-1851) we J.A.Boýluň maglumatlaryna görä, Jelaleddin özüniň häsiýeti we daşky sypaty boýunça «generala ýa-da hökümdara däl-de, türkmen urşujy esgerine has meňzeş bolupdyr we öz goşuny bilen «yslamyň we mongollaryň arasyndaky diwary» döredipdir».
Mongollaryň Horezm döwletine aralaşmaklary bilen, Soltan Muhammet Horezmşa mongollardan aman sypyp, soňky deminde Gürgen derýasynyň deňze guýýan ýeriniň golaýyndaky Aşyrada barypdyr we şol döwürde öýkenini sowukladyp, agyr keselläpdir. Ömrüniň iň soňky günlerinde onuň ogly Jelaleddiniň dargap barýan ýurda hökümdar bellenişi barada asly nusaýly Muhammet an-Nesewi şeýle diýip ýazypdyr: «Haçan-da adada soltanyň keseli agyrlaşan mahaly, ol öz ejesiniň mongollara ýesir düşendigini eşidipdir. Şondan soň, ol Jelaleddini we adada öz ýany bilen bolup ýören iki ogluny — Ozlag şany we Ak şany ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: «Hökümetiň durky dargady, döwletiň sütünleri gowşady we ýumruldy. Bu duşmanyň maksady aýan boldy: ol dyrnagy we dişi bilen ýurda berk ýapyşdy. Ondan meniň arymy almagy diňe oglum Jelaleddin Meňburun başarar. Ine, şonuň üçin hem men ony tagtyň mirasdüşeri edip belleýärin. Siziň ikiňiz hem oňa doly gulak asmalysyňyz we onuň bilen bir ýoldan gitmelisiňiz». Bu sözleri aýdyp, ol öz eli bilen gylyjyny Jelaleddiniň biline baglady. Şondan soň, ol bary-ýogy birnäçe gün ýaşady we Allanyň öňünde öz amanadyny tabşyrdy».
Jelaleddin ýurduň hökümdarlygyna bellenenden soň, Aşyradadan deňziň üsti bilen gämide ýüzüp, Ürgenje barypdyr. Taryhçy H.Kurbanow bu wakany: «Horezmşanyň ogly Horezme ugraýar» diýip atlandyrypdyr. Mirasdüşerligiň Jelaleddin Meňburna berlendigini eşiden halk ony örän begençli we uly umyt bilen garşylapdyr, çünki olar Jelaleddini gaýduwsyz serkerde hem-de adalatly şa hasaplapdyrlar.
Taryhy maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, şol mahallar onuň ýanynda bary-ýogy ýetmişe golaý atly esgeri bar eken. Paýtagtda doganlary Ozlag şanyň we Ak şanyň mundan birnäçe gün öň atasynyň beren pendine ygrarlyk etmän, tersine dildüwşüp, özüni öldürjek bolýandyklaryny eşidip, ol gyssagly ýagdaýda 300 sany atly goşun toplap, şäherden çykyp gaýdýar. Doganlary bilen Horezme tarap ugran Jelaleddine Gürgenje baryp, häkimiýeti öz eline almak nesip etmändir. Paýtagtda gypjak serdarlarynyň gozgalaň turzandygyny eşiden soltan atynyň jylawyny Horasana tarap öwrüpdir. Az wagtyň içinde ol Garagumuň içinden geçip, Nusaýyň töwereginde ygyp ýören 700 sany mongol esgeriniň üstüne duýdansyz çozupdyr we olary ýok edipdir. Bu söweş uly ähmiýete eýe bolup, ol ýerli adamlarda, bu ganym duşman nähili derejede güýçli we aýylganç bolsa-da, onuň bilen göreşip boljak eken diýen ynamy döredipdir. Aňrybaş pajygaly döwürde, elbetde, soltan Jelaleddiniň döwletiň ylmy we medeni meseleleri bilen meşgullanmaga ýeterlik mümkinçiligi bolmandyr. Şeýle-de bolsa, bu ugurda onuň eden käbir işlerini ýatlap geçmek mümkin.
Nusaýly taryhçy Beýik Soltan Jelaleddiniň hut şahsy mürzesi bolan Muhammet an-Nesewiniň berýän maglumatyna görä, ol Yspyhan şäherinde kakasy Muhammet Horezmşa üçin ägirt uly we depesi altyn çaýylan gümmezli kaşaň medrese gurdurmakçy bolupdyr. Bu pikir onda heniz Yspyhana gelmänkä döräpdir. Soň bu ýere Muhammet Horezmşanyň jesedi getirilip, täzeden jaýlanmaly eken. Soltan Jelaleddin medresäni gurmagy kakasynyň we özüniň hökümdarlyk eden döwürlerinde döwletiň «görnükli magaryfçysy» bolan Mukarrab etdin Muhammet ibn Ybraýym al-Pälwan al-Horezmä tabşyrypdyr we bu desga üçin oňa otuz müň dinar pul beripdir. Şeýle-de soltan Jelaleddin Yragyň özüne tabyn böleginiň wezirini medresäniň gurluşygyny tamamlamak üçin gerek bolan goşmaça serişdeleri goýberip durmaga borçly edipdir. «Ol medresäniň ähli enjamlaryny altyndan taýýarlamagy buýurdy. Al-Mukarrab bu işi berjaý etmek üçin Yspyhana geldi we medresäniň gurluşygyna başlady. Men bu ýere dört aýdan soň geldim we onuň diwarynyň adamboýy galdyrylandygyny gördüm» diýip, bu barada an-Nesewi öz ýazgylarynda beýan edýär.
Meýilleşdirilişine görä, bu medrese Yspyhanyň şol döwürdäki ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň iň esasylarynyň biri bolmaly eken. Onda ybadat we okuw otaglary bilen bir hatarda kitaphana hem göz öňünde tutulypdyr. 1228-nji ýylda bu gurluşygyň ýolbaşçysy ýogalypdyr. Soltan Jelaleddin Hindistanda mongollara garşy taýýarlyk görüp ýören döwründe Bagdat halyfy oňa «hakan» ýagny (beýik han) derejesini beripdir. Jelaleddin Azerbaýjana gelende bolsa halyf oňa «Şahanşa» derejesini beripdir.
Soltan Jelaleddin 1231-nji ýylda Azerbaýjanda mongollara garşy göreşip ýörkä, haýynlyk bilen duýdansyz ýagdaýda özüniň duşmany tarapyndan öldürilipdir. Şu aralykda bu medresäniň gurluşygynyň nähili derejä ýetirilendigi we onuň soňky döwürlerdäki ykbaly barada taryhy çeşmelerde maglumat berilmändir...
Görşümiz ýaly, ençeme dünýä belli taryhçy alymlaryň bellemeklerine görä, Köneürgenç türkmenleriniň döwleti dünýä taryhyna, medeniýetine uly goşant goşan döwletleriň biridir. Jelaleddin Meňburun bolsa gahrymançylygy we edermenligi bilen duşmanynyň hem öwgüsine mynasyp bolan beýik türkmen serkerdesidir.

Rejep JOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 163 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Rejep Jommyýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 dovletmyratnurmedov   [Mowzuga geç]
Men Ýan.W "Jelaleddin" kitabyny okanymda gaty mert adamdygyny bildim. Jelalleddin Oguzhanyň Begdili agtygyndan gaýdan begdili türkmen tiresinden. Häzir begdililer Siriýadaky türkmenleriň düzüminde hem bar. Meger olar Soltan Jelaleddin şehit bolan soňra ýanyndaky galan nökerler göçüp baran bolaýmasa.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]