21:54
Men geçmişe alyp gitjek başymy...
MEN GEÇMIŞE ALYP GITJEK BAŞYMY...

"Goýber geçmiş, geljegime gideýin..."
Azat Nurgeldiýew.


Goýber!
Kakyp durma, el-aýagyma,
Goýber!
Böwet bolma meniñ ýoluma.
Ümdüzine tutan umga deý mundan
Başbozar täleýiñ syýyndan tutup,
Nazaryñ kaklyşan jelegaýlary
hatybizar kylyp,
Gaçaýyn senden!
Gideýin, barybir ümürli erte,
Su:njak bolup dursa näbelli ykbal.
Kim bilip dur,
Öñümdäki öwrümde,
Ýeñinde pyçagny gizlän bir betpäl
Böwrümden sokjakmy,
Arkamdan urjak...
Ýogsa-da, eý geljek-näbelli geljek,
Erte ykbalyma,
Çagalaryma,
Munda durar ýaly näm berip biljek?
Internetmi,
Uçýan awtoulagmy?
Lazerli ýaragmy,
Robot urşumy?
Ýa-da kesek atyp del saýýaralyñ
ketegine,
Soñam ýow yglan edip
Meni ugratmakmy ultra jeñlere?
Aýtsana pyglyñy,
Jahyl hyrşyñy?!..
Ýol bentlemäñ hajaty ýok, barybir
Gitmäñ alajyny taparyn senden.
Garañky geçmişiñ çañly gatyna
Sumat bolup gidenimi gowy görýän
Señ näbelli wadalarña garaşyp
Germesatan halda şeýdip durandan...
Iýip robotlaryñ metal şarpygyn
(Beýnimizem gün geldikçe çürüşip)
Ölüm howply ýokanç dertleñ wirusyn
Içime siñdirip duraryn öýtme.
Syraryn şöhratly düýnleñ serpigin!
Soñlandyryp ençe-ençe eýýamy
Täze eýýamlaryñ gapysyn açan
Ata-babalarmyñ ýaşan döwrüne
Giderin!
Meñburnyñ, Alparslanlaryñ
Goramaga çadyrynyñ daşyny!
Goýber, geljek,
Sende hiç zat göremok.
Men geçmişe alyp gitjek başymy!

Has TÜRKMEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 386 | Добавил: Нawеran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.7/7
Всего комментариев: 42
0
42 Haweran   [Mowzuga geç]
Şular ýaly gereksiz sanaşmalar başga agzalaryñ pikirini aýtmagyna päsgelçilik berýär.

0
41 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Selbiň çüki bar eken

0
40 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Гасыгыма эл етиреними дуйман галыпдырын (еринде экен, гачып галып олам сенин онунден чыкандыр ойтдум).
Селби Шасенем ким?
Махым ханым мени танамадынмы? Биз онденем таныш-а. Мен шо-ол Мойсепит сердар-да. Эрин Тахыра комек эден бегзада. )

0
39 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Selbi?!
Şasenem?!
Boldy boldy jedele girjek däl.

0
38 Moýsepit   [Mowzuga geç]
нэмечин шахырлар сенин говнун ислеглери боюнча язмалы? Хер кимин оз языш стили болар-да. Дунйэде 7 миллиард адам бар. Херсининем бири биринден айры дунйэси, айры дуйгусы, айры пикири бар. Сенин халамаяныны башгалар халап билер. Гечин они аягы ялы хер тесвир язанын гапдалындан чыкжак болуп дурма. Мен башда оз пикирими айтдым. Сенем айдып гечибермели экен. Сенин билйэн задыны иллерем билйэ.

0
36 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Ýasamalygyny nireden bilýäñiz?Gurbannazaryñ gowulygy ûndeýän goşgularyna ýasama diýip bolarmy?!
Söýûñ çagañyzy söýmekden armañ
Säherler oýanyp öpüñ bir salym
ýa da
Säher turup syl ýüzüñe çagañy...
...Sada bolsun ogulyñyz gyzyñyz.
Söýûñ meni ýûrek söýgi kûýseýär.
Ýa da Nobatguly agañ :
Haýyşym kalbyñy arassa sakla...
Ýa da Kakamyrat halypañ:
Dünýä halas bolýar ýetdim ýetdimde
Özûn oklap şol adamlañ ýûregne
Menä şu setirlerde we şuña meñzeş mûñlerçe setirlerde ýasamalyk göremok.
Eger "adam şekilli ýigrenişini" beýan eden bolsa "adam şekilli söýüşinem" görkezsin okyja.

0
37 Moýsepit   [Mowzuga geç]
А гыз нэме мыдам илин пикирине дава тутян? Я нэме шумат менин пикириме гирип чыкдынмы Гурбанназар я Нобатгулы барада айдя дийп пал атяныз? Гурбанназары окасан окансын. Нобатгулыны долы окадынмы? Нобат шахырда ярамазлыга болан йигренч ве хас жайдар гахар газап Хас шахырынкыдан хас коп ерде ве хас гуйчли янланян болаймасын?

0
34 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Bar elbetde.Ýöne her goşgyda şolara ýigrenç döretmegiñ deregine käbir goşgularynda ajaýyplyklardan söz açsa ýa-da gowulyga çagyrsa niçik bolar?

0
35 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Бар болса, менин учин-а коп шахырын кичи дилден барде чыкян ясама чагырышларындан шулар ялы чуннур йигренже, гахар газаба югрулан эсерлер тасирли окуляр. Адам шекилли йигренип билмесен соенинем адам шекилли сойип билмерсин.

1
32 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Birem şu wagta çenli şu şahyrdan okan goşgularymda diñe negatif duýgular.Hä bir gezek "Men geldimde" gowy duýgular bardy.Bolany şol.Galanynda diñe närazylyk gördûm.Arasynda "şükûrlerinem" dile getirse,okyjyda gowy duýgular oýarsa.Goşguda çagalarym diýýär.Çagalar,agzybir maşgala.Nähili gowy zat!Hemme kişä ýetdirýän bagt dälä şol.Çagalary uly bolsa mekdebe kiçi bolsa çagalar bagyna eltişini gûrrüñ edip berse ýa da şolar bilen baglanyşyklyja gyzyklyja wakalar.Çagalaryñ arasynda bolsaña häli şindi bir "waka"ýûze çykyp dur.Özûmä çagalarynyñ elinden tutup çagalar bagyna getirýän kakalary görsem begenýän,buýsanýan.Çagalary bilen şeýle gyzyklanýandyklaryna guwanýan.Garaz,şonuñ ýaly pursatlaryñ suratyny çekse şu ûytgeşik beýan ediş stili bilen.
Meñ maslahat bermäge çakymam ýok elbetde.Diñe tankydam boldy welin aýtman durup bilmedim.

0
33 Moýsepit   [Mowzuga geç]
Обвинитель (гаралавжы) - суд процесинде аклавжынын гаршысына чыкыш эдйэн ялы болуп горунсе-де, жебир чекенин горагчысы (аклавжысы) диййэлер. Сизе негатив горунйэн шахырын пикирлеринде сизин буйсанасыныз гелйэн гозеллиги харлаянлара йигренч йокмы?

0
31 bbaygeldiyew   [Mowzuga geç]
Su:njak bolup dursa näbelli ykbal.
Kim bilip dur,
Öñümdäki öwrümde,
Ýeñinde pyçagny gizlän bir betpäl
Böwrümden sokjakmy,
Arkamdan urjak...
Ýogsa-da, eý geljek-näbelli geljek,
Erte ykbalyma,
Çagalaryma,
Munda durar ýaly näm berip biljek?
Internetmi,
Uçýan awtoulagmy?
Lazerli ýaragmy,
Robot urşumy?
Ýa-da kesek atyp del saýýaralyñ
ketegine,
Soñam ýow yglan edip
Meni ugratmakmy ultra jeñlere?
Aýtsana pyglyñy,
Jahyl hyrşyñy?!..

Seýrekliklerden ybarat setirler.diýseň haladym,ýadymda ebedileşmäge ukyply.MINNETDAR

0
30 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Aý bilmedim men ä.Birhili şu şahyry ilki okamda meñ üçin bir "Amerika" açylypdy.Sebäbi şu beýan edişi hiç şahyrda da görmändim.Öz ýüreginden gelen ýol diýip pikir edipdim.Dünýä edebiýatynda bar bolsa biljek däl şu stil.Şonuñ üçinem gutlanmaga,"berekellasynyñ" ýetirilmegine mynasyp diýip çaklapdym.Ýöne edil häzirä birhili şol öwrenişenje söýgüli şahyrlarymyñ stiline dolandym.Şolary kûýsänime de düşündim.Ähtimal men täzeçillige öwrenişibilmeýän yzagalak adamdyryn.Ýa da täzelik diýip hasap eden zadym meñ üçin adaty zada öwrûlensoñ gözümdäki gadyry gaçandyr.Garaz,bir zada boldy.

0
29 Мylayym   [Mowzuga geç]
Medinille, men ýaňsylamadym, uýam. Haweran oýuna düşünýän adam.

0
28 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Sheyle shygyrlar ruhy ahwalaty real hakykat bilen baglap duryar cakymca.

0
27 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Beyleki shahyr (Has Turkmen ) jemgiyetiñ gecmishdaki hem shu gunki yagdayyny deñeshdirip, ondan cykaryan parh-tapawutly otrissatel netijesiniñ bazasynda, icki ahmyrly hyjuwyna bas gelman, guycli udar ( urgy ) bilen eylan pikirini zarply beyan edyan shygyr doredyar. Ozalda-ahyrda ynsap,wyjdan, adamkarcilik galypynda ymykly yerleman, dialektiki osushuñ ( hasiyet babatda ) gurbany ( dogrusy,guly,bendesi ) bolup baryan ynsanyyetiñ ahwal derejesi shahyryñ ( Has Turkmeniñ ) goz aytymyna gelyar. Shu gunuñ ,,peyzajyndan" duynki gunuñ ,,manzarasyny" ybaly gorkezyan nuktaynazar oña ( shahyra ) gelejegiñ pal-taleyini hatasyz acyp beryar.
Sagdyn netijeler,real syn etmeler shu basymly shygryñ doremegine sebap bolupdyr meniñce. Goshgylaryñ ikisem ajayyp.

0
26 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Bir mazmunuñ gapma-garshy gornushuni beyan edyan iki shygyr. Gecmishiñ ahmyrly hem pushmanly, okuncli we guzaply taraplaryny goz oñunde tutan shahyr (Azat ) gelejegiñ yagshy bolmagyna tamaly garap,sheyle -de gecmishiñ nagile halynaynsanyyetiñ sebap bolushuny añlap, indiki dowurleriñ utopik gornushde bolmagyny arzuw edyar hem-de shygryñ ritm akymyny endigan alyp gidyar.

0
25 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Mamunyñ Beýtul-Hikmasy... Gowy yeri-hä salgy berdiñ, Serdar aga ))

1
24 Raziýe_Soltan   [Mowzuga geç]
Gecmise gitmane howuklamagyn deregine biz sowremenny bolmany bes etsek nadyar?! Hazir ozine dogry gelmeyan gep aytsan aljak jogabyn:"mena seni sowremennymyka diyipdin azrak dusunjeli bolay 21 asyrda yasayas" diyyaler... onson hemmamiz sol tabletly telefonly oyunjak durmusa owrenismek ucin elimizden gelenini ediberyasda...

0
23 Akbar   [Mowzuga geç]
beh gumlygelin ol goren dusune hayran boldym.ozuna tasirinden cykyp bilyan dalsin.

0
22 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Olañ ady we kimdigi aýan bolmady.Olañ kimdigini bilesim gelip diñe "Goşa mazar" diýip yzlaýan...
Meñ üçin düýşlerde nähilidir birhili,bize aýan bolmadyk hakykat bar...

0
21 Мylayym   [Mowzuga geç]
Haweran, göwnüňe zat alaýmagyn, degişip aýdandyryn. Ýöne, ol-a asyr aşyp, yza gaýtmak eken, öz ömrümiň yzyna-da gaňrylmak islemeýän..( Sebäbi, geçeni geçdi, öňe ýöräsim gelýä...

0
20 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Dogrudyr.
Men dört-bäş ýyllykda düýşümde bir mazar gördüm.Ol Baýram-Alydamyka diýýän.Ol sary çägelikde duran goşa mazardy.Ol iki mazaryñ çep tarapkysynyñ üsti açylyp onda ýatany dolulygna gördüm.Ol demir sowutly,murtlary pişge ýaly örän daýaw serkerdedi...Şol düýşümdäki mazar hiç hakydamdan gidenok.Huşumda tapyp göresim gelýä.Ýöne...heniz tapyp bilemok.

0
19 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Köplenç Baýram-Ala zyýarata gitsem mende geçmişe gidip bolsady diýen pikir köp döreýär...
Köne galañ üstüne çykyp,şäheriñ birmahalky gülläp ösen döwrüni göz öñüme getirip hyýalymda geçmişe gidip gelýänem käte...

0
18 Camilla   [Mowzuga geç]
goşgu gowymyş, ýöne nirä giderseñ-de, internet ýa-da robatlar bolmasyn ýa gelişen çagdan git geçmişe pikirlerin, düşünjelerin, senligin nirde olsanda seniñ bilen gider.

0
17 Bagabat   [Mowzuga geç]
Gadymy Dünýäde hakyky şahyryň on müň esgere taýdygy hakynda ynanç bolupdyr. Sebäbi şahyryň halkyň göwnüni awlamagyň hötdesinden gelen birje oýnam şygry, duşmanlara on müň esgeriň ýetirýän zyýanyny ýetiripdir.

1
16 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Gylyçdan ötgür dil bilen goramaly bolsa has gowy goragçy bolar diýip umyt edýän.

0
15 Bagabat   [Mowzuga geç]
Belkem, ondanam irräge düşüp, Halypa Mamunyň Beýt-al-Hikmasynda ornaşardy, bizem onuň döredijiligini öwrenerdik... :)

0
14 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ol, ýazýan şygyrlaryndan çen tutsaň-a Ferdöwsi, Omar Haýýam, Enweri dagy bilen täze kapyýalar, täze şygyr formalary, täze sazlaşyklar hem garaýyşlar barada çekişme baryny gurasa gerek :)

0
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
Has Türkmen 10-njy asyra dagy düşse, megerem, täze bir alternatiw taryhy şaha dörärdi :)

1
12 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Saklamasana @Mylaýym
Has Türkmen ýaly goraýjy tapsalar demir egin-baş nämemiş olar üçin.

0
11 Мylayym   [Mowzuga geç]
Seniň goşgularyň çuňlugyna çümmek üçin Summar derýasyny ýüzüp geçmelidi. Bu gezek azajyk howlugyp ýazypsyň öýdýän, köpden bäri eliňe galam almanlygyňy aňsaň bolýa.

0
10 Мylayym   [Mowzuga geç]
Durawer, nirä barýan, Has türkmen? Hany sende Gyrat, hany demir tordan ýasalan başy gupbaly başatgyç, döş galkan, hany ýanyp duran çalgyr gylyç sende? Meňliburun bilen Alp Arslanlaryň ýanyna çadyr goraýjysy bolubam-a ýeňsiz batnik bilen jinsyly baryp bolmaz. Demir eşik geýnip baraýyn diýseňem-ä ol eşikler satylanok. Özlerinde-de şu mahala çenli saklanyp galany barmydyr, ýokmudyr, ýogsam baraýsaň, sen gelipsiň diýib-ä begenerdiler...
Seni görmezden eýýäm, şol eşikde gözöňüne getirmekligiň nähili gyzyklydygyny bir bilsediň... )))

1
9 ers-mers   [Mowzuga geç]
Yok Bagabat, gowy düşündiriş berdiñ dost

0
8 Raziya sultan   [Mowzuga geç]
Has Turkmenin sonky gosgulary onkileri yaly tasir edenok. Ya bizin gozumiz owrenisdi ya da sahyr edil onkileri yaly agirt eserlerin ustinde islemesini bes etdi. Bu gosgy varada aydamda bolsa hazirkizaman oyunjak durmusy gaty gowy suratlandyrypdyr. Ahli zad hatda adam durmusy hem oyunjaga owrulip barya...

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Antiutopik" däl-de "antifuturistik" diýseň dogry bolaýjak ýaly, @ers-mers. Sebäbi bu goşgy utopiýa, ýagny hyýaly ajaýyp jemgyýet baradaky paşmajak arzuwyň gussasy ýa-da garşylyknamasy däl-de, nämälim geljekden howatyrlanmany, öz çagalaryna näme garaşýandygy hakynda aladany, real durmuşyň we geljegiň tukatlygyndan, geçmişiň gahrymançylykly eýýamyna gitmek höwesini özünde jemleýän ýaly. Iňlis pelsepeçisi Tomas Mor tarapyndan dolanyşyga girizilen "utopiýa" adalgasy bolsa, gadymy grekçeden terjime edilende "ýagşy mekan"diýmegi aňladýarmyka diýýärin. Ýöne, köpbilmişlik edýär diýip hasap etmäweri. Bu ugurdan kän çorba sowadyp, nazaryýetden okadýan talapkär mugallymyň ikiligi bilen hemişe "bukuldym" oýnamaga mejbur bolup gezendigim üçin kelläme ornaşyp galypdyr.

0
6 ers-mers   [Mowzuga geç]
Antiutopik äheñli goşgy diyseñem boljak.

0
5 ers-mers   [Mowzuga geç]
"Nazaryñ kaklyşan jelegaýlar"... owadan añlatma.
"Soñlandyryp ençe-ençe eýýamy, Täze eýýamlaryñ gapysyn açan" - "Çag açyp çag kapatan" Fatih Soltan Mämmede yşarat edýär. Berekella!

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Birhili, robotlar, ultrauruşlar hakdaky setirlerden "Warhammer 40000" göz öňüme gelip gitdi

0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Men seniň göz öňünde tutan geljegiň hakynda pikir etmändim. Menem beýle geljege gidesim gelenok. Elbetde men geçmiş diýibem ýaşlygymy göz öňünde tutmandym, kimiň ýaşlygyny taşlap gidesi gelýär. Gynansakda biziň ýaşlygymyz bizi taşlap gidýär. Geçmiş diýip meniň göz öňünde tutan zadym, biziň ýaşlygymyza birnäçe taryhy çeçiş döwürleri düşdi, belli bir ýola ugrugyp bilmedik. Häzirem ýol tapyp bilmän ýörşümiz, Iki jahan awarasy bolup ýörşüm. Men seniň göz öňünde tutan geljegimiziň, ýagny adamlaryň robotlaşmagynyň öz tebigy duýgularyny ýitirmezlikleriniň tarapdary. Ýöne gynansakda seniň goşgyň has realistik häsiýete eýe. Gynansakda diýýänimi göwnüňe alaýmaweri. Ýöne biz bilen pikirdeş adamlar, esasanam ýaşlaryň bardygy begendirýär. Men pikirimi jemläp bilmedim, bagyşla. Ýöne birinji ýazan teswirimde hemme aýtjak zadymy ýazypdym, ýöne internetiň pesligi şol pikirimi goýmaga päsgelçilik döretdi. Pikirem bir uçansoň ylham ýaly tutdurmaýan guşlardan.

0
2 Gumlygelin   [Mowzuga geç]
Geçmişe gidesi gelýän diñe men däl ekenim...

0
1 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Men ýaňy gowy teswir ýazdym welin gitmedi, belki bähbidedir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]