15:48
Dönüklik / hekaýa
DÖNÜKLIK

Öňünde keçäni dyrmalap oturyşyna, çagalaryna eşitdirmezlik üçin pyşyrdamagyň bäri ýanynda ýetişibildiginden gürleýär:
-Bir zada düşün, özüňe sütem edip, ýaşaşmak islemeýän adamyň bilen ölseňem ýaşaşyp bolmaýar. “Çagalaryň hatyrasyna” diýip, özüňe zor salyp ýaşaşmagyň hötdesinden geläýen ýagdaýyňda-da, bü eýýäm ýaşaýyş bolman, tükeniksiz ezýet, jebri-jepa bolar. Şonuň üçinem saňa-da gowy bolar şeýtsek, çagalara-da, maňa-da…
Sypatynyň pisini aşyryp, şol gepläp otyr, gepläp otyr…
Ol bolsa, ýaňy bu öňünde başyny aşak salyp oturan öz gepine başlan dessine, bir demde nem galman gurap, bir nokada seredişlerine doňup galan gözlerini onuň arkasyndaky diwar aýnasyna dikip, onda görünýän öz şekilini synlaýar.
Ýaňy kyrk ýaşanam bolsa, eýýäm gasyn atyp, reňňi solan ýüzi, uzak wagta çeken keselçilikden soň suwy galman, sykylyp kakan kaddy-kamaty…
Hany, şol ýigrimi ýyl mundan ozal, bir bölek guba gaz kibi kowçum tutuşyp toýa barýan boýdaşlarynyň arasynda jakgyldap gülende, külli ýigit ähliniň nazaryny özünde ägindirýän, akja garyň üstüne naryň şiresi sepilen dek gülgüne ýaňaklary…
Gyrmyzy öwşüni gözüň ak ýagyny iýip gelýän, pökgüje, pisse dodaklary…
Terpenende göreniň ýüregini ersdirýän badam gabaklary…
Nepis-näzik galam gaşlary, ok kirpikleri…
Alma gözleriniň hyjuw bilen lowurdap, her bakany jadylap, özüne ýüpsüz örkläp goýýan ahramy garaýyşy…
Ýüpek köýnegi içre owsunyp, tyrsyldap-tözlenip duran, juwan hyjuwy bilen joş urýan, ter bedeni…
Hiç haýsy galmady…
Barysyny ýyllar-ýeller, gaýgy-aladalar, keselbent çagalary aldyrman-ýoldurman ulaltjak bolup hars urlan günler-aýlar, öňkülerinden has agyr geçen soňky göwreliliginiň yz ýany tapynan agyr hassalygy ýuwutdy…
Onsoňam…
Onsoňam, şol zatlaryň barysyny, ine şu, öňünde ýüzüni sallap, myňňyldap oturana bagyş etdi.
Sarp etdi.
Siňdirdi.
Iýdirdi. Geýdirdi. Ýuwdy-artdy. Yzly-yzyna iki gyz bilen iki ogul dogrup berdi. Saçlaryny sübse edip, ellerini kesewä dönderip, ojagynyň ody bilen girip, küli bilen çykdy…
Ol bolsa…
Ýeri, saňa şundan başga, ýene-de näme ýetmedi, meýdi ýanan meýdi ýanmyş?!...
Emma, içi-bagry tütäp, agzyny açsa dahanyndan ot syçrajak bolup dursa-da, ol ýuman agzynam açmady.
Hemme zady içine salmaga endik eden zenan gaýraty bilen, özüne zor saldy-da, gözüne ýaş aýlaman saklandy. Ýene-de bolanja erkini bir ýere çugdamlap, şu öňünde oturan, hut ýaňy ol gepe başlamanka-da özüniň äri hasaplaýan kişisini diňlemäge çytraşdy.
Emma bolmady.
Ol onuň hümürdisini şol bir wagtyň özünde eşidýärem-eşidmeýärem…
-Düşün, meniň seni halys keşdim çekmeýär…-diýip ol, göýä, astyna ýazylan keçä gürrüň berýän dek, pessaý hymy-symy etmegini dowam edýär:-Seni gördügim aňrym-bärime gelýär. Onsoňam…
Ol kynlyk bilen ýuwdunýar-da, ýene-de gepini dowam edýär:
-Men iki ýyl bäri başga biri bilen ýaşaşyp ýörün. Ondan oglumam boldy. Eýýäm bir ýaşynda. Şonuň üçinem, men özüme-de, size-de, ol maşgalama-da sütem edip, iki jahanyň owarrasy bolup, bäri bilen aňrynyň arasynda jöwlan urup, janserek bolup ýörenimden, seniň bilen ymykly birýüzli edeli diýýän. Aýrylyşaly. Çagalary bolsa alada etme, hor etmerin. Sebäp diýseň, olaram menden önen…Ikimiz-ä näme, ikimiz-dä. Ýöne olaryň bu zatlarda jinnek ýalam günäsi ýok. Şonuň üçinem olar kösenmez. Seniňem gerek-ýaragyňa hemaýat eder duraryn…Elimiň ýetdiginden…
Edil ýarym sagat mundan ozalam özüne şeýle mähriban bolan, özüniň ýeriň ýüzünde ýeke-täk howandary, penakäri diýip hasaplan adamy şol gepläp otyr, gepläp otyr…
Eý Allam! Senden ýekeje dilegi, goý şu oturan sesini kessin-de, öýden çykyp gitsin! Goý, hiç zat geplemän, hiç zat soraman, diňe çyksyn-da gitsin…
Gümlama gitsin, özge heleýiniň ýanyna gitsin, täterimiň teýine gitsin, ýa-da ondanam aňyrraklardaky bir ýerlere sumat bolsun…
Diňe şu wagt şu taýdan ýok bolup gitse bolýar, Eziz Allam!
Oňa öz düşündirişi, öz sözleri bilen çekip-çydar ýaly bolmadyk, tükeniksiz ezýeti ýuwutdyryp oturman, diňe şu ýerden gitse bolany…
Eziz Allam, nädip şunuň bilen dagam geçen şunça ýyllaryň içinde bilelikde ýaşadyka?
Nädip, onuň şu derejede çüýrükligini, haram keýpi üçin özüne şunça ýyl wepaly hyzmat eden başdaş-a beýle-de dursun, hatda öz bagryndan önen çagalarynyň üstündenem ätlemäge ukyply haýwantaklygyny aňman, onuň demi bilen demli bolup, onuň bagty bilen özüni bagtyýar duýup gezdikä?
Kellesinde ajy pikirler tüweleý turuzýan hatyn, şol bir oturyşyny üýtgetmän, özi bilen ýigrimi ýyl bäri bir düşekden örse-de, şu güne çenli nätanyş bolan, bu gaşynda oturan bigänäni, göz astyndan birlaý synlady-da, birdenem onuň bolup oturyşyny aňlatmak üçin hälden bäri kösenip tapmaýan sözüni tapdy.
Dönüklik!
Hawa, hawa, hakykatdanam ol dönük!
Sebäbi hemme dönüklerem haýsydyr bir şahsy bähbitleri üçin – gara janyny halas etmek, köpräk pul gazanmak, dynnym ýalyjagam kösenmän ýaşamak ýaly matlaplaryny amal etmek üçin, dönüklige ýüz urýarlar. Bu hem şonuň ýaly…
Şu oýlanmasyndan soň hatyn, birdenkä köşeşdi. Başyny galdyryp, öňünde oturan keseki adama merdemsi bakdy-da:
-Başym başlaryna sadaga, çagalaryň hatyrasyna, git şu ýerden! Bar, hiç zat gepleme-de, hiç zat düşündirme-de, diňe çyk-da, git! Biziňem, bokurdagymyzy deşen Alladyr! Nesibämizi ýetirer bir ýerden, Özi! Senem, bizem öz maňlaýymyzdakyny göreris. Bar, Alla ýaryň! Bir aýtjagym, bihuda ýere çagalary ynjytmasaň bolýar...
Öz ojagynda bigänä öwrülen adam, ýene-de nämedir bir zatlar aýtjak bolýan dek, bogazynyň ýumry etini eýläk-beýläk ýöredip, sähel salym durdy-durdy-da, ahyrynam kelam agyz geplemän, çykyp gitdi...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 251 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 11
0
10 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu Serdar daýyñ hekaýalarynda zenan duýgusyny neneñsi ussatlyk bilen açyp görkezýändigini "Gelin kürtesi"hekaýasynda da görüpdim.Bulam şeýle gowy bolupdyr.Galamyñyz ýiti bolsun!

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
"Diňe özüne ýagşy dileg edilse, jogap ýazýa!" diýmäweri, @Hyýalkeş! Ýöne, çagalykdan endik bolup galypdyr, "Arma!" diýseler, hökman "Bar bol!" diýip jogap bermeli. Ýa-da "Harmanyňa bereket!" diýseler, "Ömrüň uzak bolsun!" diýmeli.
Şonuň üçinem, taňryýalkasyn! Ömrüň uzak bolsun:-).

0
9 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bäh...kyn ýagdaý. Plan diýip bolanok. Aýaly edil şo wagt jowranyp, adamsynyň damagyny çalaýasy gelendir. Ýöne munda duýgular diňe birtaraplaýyn berlipdir, ýagny diňe başdaşynyň içýangyny. Kakamyrat agaň "Ejemiň aglan güni" hekaýasynda biriniň "ikinjisiniň" hem duýgulary açylyp görkezilipdir. Ony okasaň, oň diýýänem dogry ýaly. Aý, ýöne ýaman kyn mesele şü zatlar.

0
8 Nowgül   [Mowzuga geç]
Görgüli sad Dönük diýseň dönük eken

0
7 jumagylyjovao   [Mowzuga geç]
Adam barynyň gaharyny getiribilipdir bu hekaýa. Üstünlik, @Bagabat!

2
6 ezizh764   [Mowzuga geç]
Haý bi gaýrat diýsä...

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Hekaýa barada aýdanda, sýužeti, temasy häzir döwrüñ iñ janagyryly problemasyna öwrüldi. Döwrüñ problemalaryndan söz açýan eserler wagty gelende şol döwrüñ çeper hronikasy bolup galýandygy ü.n şeýle wawwaly temalara köpräk ýüzlenmeli.

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Äri (ullakan byçgy) bilen kessek näder
Paltalasañ çalt dynarsyñ. Äriläp gynap gynap bölekleseñ gowy bor ))

-1
3 Akjemal   [Mowzuga geç]
Daş etsin gòni yuzune gelip seydiyayseler sad gynansakda durmusda bolyan yagday. zenanyn duygylarny ceper beyan edipdir

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ilki atsak näder, soñ bölekläýsene wacko

0
1 Bagabat   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: