17:07
The material has been deleted by the copyright holder.
The material has been deleted by the copyright holder.
Просмотров: 228 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 23
0
23 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@22eziz764, bu göçme manyda zäherli, howply, wirus diyip düşünseñ bolar durar...

0
22 ezizh764   [Mowzuga geç]
@Haweran, kejdum-akrep(parsća)-içýan(türkmenće)
Ićýan diýilmegi hem zäher hökmündemikä diýýän..

0
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bähh, şu "Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,
Her kejdum tiwe dek bir-birge deger..."
setirindäki kejdum alymlañam köpüsu bilýän däldir (biziñ tanaýan magtymgulyşynaslarymyz-a şol sözi çözüp bilmediler) welin, kejdumyñ manysy koronawirus bolup bilermikä? wacko wink smile

0
20 ezizh764   [Mowzuga geç]
HARAP EÝLÄR
Mü'min bolan müñkür bolmaz sözüme,
Jepbar bu jahany, gör, harap eýlär.
Çoh närseler geler-geçer gözüme,
Bu dünýäni bet-bet kär harap eýlär.

Işi rowaç tapar bet iş tutanyñ,
Dilegi duş gelmez hak diýip ýatanyñ,
Ýer ýüzünde bolar güýç-güýç ýeteniñ,
Jahany zulum ile zor harap eýlär.

Ylma uýmaz, alymlary jet bolar,
Ýok işler ýol bolar, bar iş bet bolar,
Şerigat nist bolar, bet iş set bolar,
Ülkäni bir niçe töwr harap eýlär.

Balhy bogaz derdi, Nişapury-daş,
Amman şährin derýa, Basrany-ataş,
Medinäni açlyk, Mekkäni-hebeş,
Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.

Rum şährin eýleýir sagyka harap,
Ýemeni hulaç ýykar, Mosulny-agrap,
Kufäni jöwenek Bagdat şährin-ab,
Reý ülkesin dilnip, ýer harap eýlär.

Sözüme gulak biýr akyl, hemişe,
Termize tagun düşer, renj şähri-Kişe,
Öwlady-Sufýanda ady Gumyşa,
Ispyhany sahyp kär harap eýlär.

Samarkandy kybty ýygylar, bek basar,
Buhar şährin nan gytlygy türk basar,
Sarahsy mergi bozar, Merwi rik basar,
Şirazy türk, çogan mur harap eýlär.

Kaşgary, Hotany käfir hind eger,
Hytaýa asmandan kejdumlar ýagar,
Her kejdum tiwe dek bir-birge deger,
Hindistany ahu-zar harap eýlär.

Aden şahy etgeç Lahora azmy,
Gaýdyp ýurdun tapmaz, dagmy ýa düzmi,
Aby-Jeýhun harap eýlär Horezmi,
Etrapda her mülk, kim, bar-harap eýlär.

Darganyñ şährine gökden ses geler,
Ol bir ýowuz sesdir, eşiden öler,
Bulgaryñ şährini ol ors alar,
Orsy Deçjal bile nar harap eýlär.

Magtymguly, her kim diñlese jandan,
Bu işler öñ geler ahyrzamandan,
Mäti ýerden çykar, Isa asmandan,
Deçjaly ol iki är harap eýlär.

0
19 Jeksparro   [Mowzuga geç]
@Bagdat, şu şermende @Haweranyñam temalaryny agzaweri arasynda linklerini goyup biggrin hahaa

0
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ymam Buharynyñ "Sahyhynda" okapdym öýdýän ýalñyşmasam, her bir musulman öz durmuşynda, ruhy dünýäsinde "hijret" etmezden, kämil musulman bolup bilmez diýip. Nuhuñ kyssasy-da edil şol hikmeti gaýtalaýar. Adam öz pisliklerini peslikde - suwuñ astyna taşlap, dagyñ depesine -kämillige dyrmaşmasa, halas bolup bilmez.

0
17 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ýalany her dürli reñke boýap owadanlap bolar. Emma hiç bir ýalana şunça manyny, şunça filosofiýany, şunça simwolizmi, şunça hikmeti, syry ýükläp bolmasa gerek.

0
16 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ateist-materialistleriñ şu zatlary toslama rowaýat hasaplaýşyna oturyp-oturyp haýran galýaryn. Pygamberleriñ ömür beýanlaryny we olar baradaky rowaýatlary näçe okasañam ireñok, gaýtam her okanyñda bir many çykýar. Heý-de ýalan zatlar şunça hikmetleri öz synasynda gizlärmi? Onda-da müñlerçe ýyllap... Başga filosofiýa küýsetmeýär şu Adam ata, Nuh, Idris, Ybraýym, Lut, Ýunus, Ýakup, Ýusup, Musa, Isa... ýaly pygamberleriñ ömri hakyndaky rowaýatlary okasañ...

0
14 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Pesler - öz pesliginde, batgalygynda galar we heläk bolup giderler.
Dagyñ depesi - kämillik, ruhy kämillik, bu - adamyñ ýetmeli derejesi, eger muña ymtylmasañ, pygamberiñ oglu-da bolsañ heläk bolarsyñ. Nuh pygamberiñ bir oglunyñ öz boýunyñ uzynlygyna buýsanyp gämä münmezligi we heläk bolmagy-da şoña yşarat edýär. Görşümiz ýaly adamy heläkçilige eltýän ýene bir faktorlaryñ biri-de tekepbirlik. Diñe şu epizod hem adamzada birgiden signallary berýär:
Kakañ Nuh pygamberem bolsa, ogluñ Ybraýym pygamberem bolsa, iniñ Muhammet pygamberem bolsa... Allanyñ emirlerine uýmasañ başyña injek bela-beterlere yşarat edýär.

0
13 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Adamzat häzir simwoliki we filosofiki manyda alanyñda görkezen alty punktyñdaky ýaly ýagdaýda dur...

0
11 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
10 Antiwirus   [Mowzuga geç]
"Üç pygamber" diýen ýukajyk kitapçada hem Nuh pygamber barada halkymyzyñ arasynda aýdylyp gelinýän gyzykly rowaýatlar bar.

0
9 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Tasdan "meñkiler näme hasap dälmi?" diýip gygyrýaýdym, aýny wagty görkezdiñ linkleri, agam biggrin

0
7 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
6 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
5 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

0
4 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Bolmanda şol düzen makalama Nuh pygamber hakynda diýen bolsam gowy bolardy...

1
3 Bagabat   [Mowzuga geç]
The material has been deleted by the copyright holder.

1
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ynha, Jekgi, bolmanda şeýdip rowaýat toplan bolsañ körabraý ederdiñ wink

0
1 Jeksparro   [Mowzuga geç]
Zähmetiñ ýerine düşüpdir agam, minnetdar..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]